Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan egirme-dokma senedi iň gadymy senetleriň biridir. Ençeme müňýyllyklar geçse-de, gelin-gyzlarymyzyň bu el hünäri özüniň aýratynlygyny, millilik häsiýetini saklap gelýär. Bilşimiz ýaly, ene-mamalarymyz sada zähmet gurallarynyň kömegi bilen ýüpekden, ýüňden, pagtadan dünýäde deňi-taýy bolmadyk matalary dokapdyrlar. Häzirki döwürde hem ýüpekden dokalýan matalar bilen bir hatarda düýe ýüňünden dokalan agarçäkmenlik matalary hili boýunça meşhurlyk gazanyp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.
Geçirilen gözleg işleriniň netijesinde Sumbar derýasynyň orta akymlaryndaky giçki bürünç eýýamyna degişli galalarda ýüňi işläp taýýarlaýan egriji gurallaryň tapylmagy hakykatdan hem gadymyýetde aýallaryň ik egirmek bilen meşgullanandyklaryny delillendirýär. Ol ýerde tapylan bürünçden ýasalan zähmet gurallarynda mata bölejikleriniň yzlarynyň bolmagy bolsa, Günorta Türkmenistanyň gadymy ilatynyň dokma dokandyklaryna şaýatlyk edýär.
Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşan taryhçy Gerodotyň: «Ol ýeriň tokaýlarynda (häzirki Türkmenistanyň çäklerinde) şeýle bir ýaprak bilen örtülen agaç bar. Şol agajyň ýapragyny owadanlap we suw bilen garyp ýasalýan boýagdan olar geýimlere nagyş salýarlar. Nagyşlaryň reňki dökülmeýär, solmaýar, ol mata bilen deň könelýär» diýen sözlerine esaslanyp, ata-babalarymyzyň dokmaçylyk bilen bir hatarda boýagçylyk sungatyny hem kämilleşdirendiklerine göz ýetirmek mümkin. Gadymy Merwde gyzyl, gök reňkli nah, ýüpek, ýüň sapaklarynyň tapylmagy b.e öňki II-I müňýyllyklarda nagyş-bezeg sungatynyň ýokary derejede ösendiginiň, hili ýokary derejeli boýaglaryň çyga, Günüň şöhlesine, howa şertlerine çydamly, berk hem durnukly bolandygyny aňladýar.
Bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmäge, ösdürmäge, kämilleşdirmäge ata-babalarymyzyň baý mirasy bolan dokmaçylygy, onuň reňk öwüşginlerini, gadymy nusgalaryny dikeltmäge giň ýol açyldy. Ykdysadyýetimiziň öňde barýan pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň kämilleşmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilip, pagta arassalaýjy, ony ýüplük görnüşinde egriji fabriklerinden başlap, ýokary hilli egin-eşikleri öndürýän zawod-fabrikleriň uly toplumy gurlup, ulanylmaga berildi.
Häzirki wagtda Türkiýäniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň gatnaşmagynda pudagyň täze senagat desgalarynyň tutuş bir tapgyry guruldy we gurulmagyny dowam edýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze gurlup, ulanylmaga berlen dokma toplumy aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Pagtany gaýtadan işleýji pudagy ösdürmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda tebigy ýüpekden önüm öndürmegiň täze tehnologiýaly enjamlaryny ornaşdyrmak bilen panbarhat matalaryň dürli görnüşlerini öndürmäge, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän haly fabriginde täze nusgaly dürli reňkdäki halylary öndürmäge, häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny kemala getirmäge uly mümkinçilikler döredildi. Bu pudaga degişli kärhanalaryň ählisiniň-de öndürýän önümleriniň dünýä bazarlarynda geçginli haryda öwrülmegi bolsa, gadymy senedimiziň dowamaty dowam bolup, halkymyzyň milliliginiň dünýä ýaýylýandygyny delillendirýär.
Goý, geçmişden miras galan gymmatlyklarymyzy sarpalap, olary geljekki nesillere ýetirmek üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ogulsoltan BABAÝEWA,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.