Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda energetika pudagynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady barha kuwwatlanýar. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi bu ulgamyň döwrebap desgalarynyň üstüni ýetirdi.
Toplum Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji Sanayi we Tiсaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlup, 2,99 gektar meýdany eýeleýär. Onda zähmet çekjek 120-den gowrak hünärmen bilen iňlis dilinden okuw sapaklary, «General Eleсtriс» kompaniýasynyň daşary ýurtda ýerleşýän hyzmat ediş merkezleri bilen onlaýn sapaklary şeýle-de beýleki hyzmat ediş merkezlerinde nazary we amaly okuwlar geçirildi. Olaryň tejribeleriniň artdyrylmagy bu merkezde önümçiligiň hiç-hili bökdençsiz dowam etjekdigini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesensoň, merkeziň dolandyryş binasynyň mejlisler zalynda gutlag sözi bilen çykyş etdi. Dabara gatnaşanlar energetika pudagynyň ösüşleri bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa etmek bilen, mundan buýana-da energetika pudagynyň önümçiliginiň has-da ilerlejekdigine göz ýetirdiler.
Topluma ýokary hilli, ekologik taýdan durnukly we öňdebaryjy tehnologiýaly merkez hökmünde laýyklyk sertifikatlarynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa goraglylygynyň üns merkezinde saklanýandygyny aýdyň görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite gulluk awtoulaglarynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy täze merkezde zähmet çekjek hünärmenleriň buýsanjyny artdyrdy.
«Zenan kalby».