Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy dünýäde giňden wagyz edilýär

Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň we fransuz hünärmenleriniň Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanyp geçirilen wideoduşuşygy bu ugurdaky wezipeleri çözmegiň ýolundaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. 

                                                                   

Halkara ylmy bileleşigiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalara gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmündäki abraýyny barha artdyrýar, ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige has doly açylýar. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bar. Olar dünýäde giňden ykrar edildi. 

                                                                   

Biziň topragymyzda dünýäde ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň bolandygyny kesgitleýän Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýadygärlikleri bar. Nusaý, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Sarahs, Abiwerd taryhy-medeni ýadygärlikleri, Gökdepe galasy açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bezeglideräniň gaýadaky şekilleri, Abiwerdiň, Sarahsyň binagärlik toplumlary we Amyderýanyň kenaryndaky gadymy döwre degişli desgalar dünýä bellidir. 

                                                                   

Köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Ulugdepe şäheriniň taryhy ýadygärliklerinde gyzykly açyşlar edildi. Türkmen we fransuz arheologlary bu ýerde senetçiligiň ösendigini alamatlandyrýan köp sanly tapyndylary ýüze çykardylar. Şäheriň bazarlarynda dokmaçylaryň, demirçi ussalaryň, küýzegärleriň dürli görnüşli önümleri, çeperçilik taýdan bezegli sowgatlyklar taýýarlanyş aýratynlygy we ussalaryň ukyby bilen tapawutlanypdyr. 

                                                                   

Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ýerleşýän meýdany 15 gektara barabar bolup, onuň merkezinde 30 metr belentlikdäki depe ýerleşýär. Bu ýerde neolit döwrüne degişli ýaşaýşyň yzlary tapyldy. Ulugdepäniň has ösen döwri biziň eýýamymyzdan öňki 5000 — 4000-nji ýyllara gabat gelip, irki mis asyrynda bu ýerde suwarymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanylypdyr. Ýaşaýyş bolan ýerler hökmünde kesgitlenen künjekde köp sanly toýun peçler ýüze çykaryldy. Olar bu ýerde senetçiligiň sazlaşykly ösdürilendigini görkezýär. Pöwrize daşyndan we beýleki gymmat daşlardan ýasalan ykjam monjuklar bu şäherde söwda gatnaşyklarynyň ösendigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklaryndan ybarat iri möçberli sergileri guramakda oňyn tejribe toplandy. 2016-njy ýylda ABŞ-nyň iri “Metropoliten” sungat muzeýinde “Köşk dünýäsi we älem: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly serginiň geçirilendigini bellemek gerek. Sergide ilkinji gezek ýurdumyzyň gadymy muzeý gymmatlyklary — Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Köneürgenjiň muzeýiniň gymmatlyklary görkezildi. Şonda sergä gatnaşyjylara irki asyrlara degişli gymmat bahaly daşlardan, metaldan, piliň süňkünden ýasalan ýokary çeperçilikli önümler, küýzegärleriň zähmetinden kemal tapan dürli görnüşli küýzeler, heýkeller, ussatlyk bilen taýýarlanylan syrçaly gaplar görkezildi, bu gymmatlyklar Goňurdepäniň we Marguşyň oturymly ýerleriniň ýaşaýjylarynyň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. 

                                                                   

2018-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň muzeýinde türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeni köklerine şaýatlyk edýän önümler tanyşdyryldy. Berliniň Täze muzeýinde “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” ady bilen guralan sergide, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde we Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorn muzeýinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary görkezildi. Olar daşary ýurtda ilkinji gezek görkezilen gymmatlyklarymyza öwrüldi. Şol sanda ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň 220-ä golaýy görkezildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň muzeý gaznalarynyň gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda görkezilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýändiginiň aýdyň netijesidir. Şeýle sergileriň baş maksady milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýä wagyz etmekden, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmek, goramak we dikeltmek babatda tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm üns berilýär. 

                                                                   

Türkmenistanda medeni gymmatlyklaryň degişli derejede saklanylmagyna gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli medeniýetiň işini kämilleşdirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek boýunça işler dowam eder, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi, taryhy-medeni mirasyň desgalaryny abat saklamak hem-de öwrenmek boýunça zerur çäreler görler. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýän desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça işler geçiriler. “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylmagyna ýardam eder. Resminamada göz öňünde tutulan çäreler daşary döwletleriň we Diýarymyzyň syýahatçylarynyň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine hem-de beýleki gözel ýerlerine gelmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 

                                                                   

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, baý medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenilmegini hem-de geljek nesillere ýetirilmegini, dünýäde giňden wagyz edilmegini şertlendirer. Bu işe toplumlaýyn, düýpli ylmy çemeleşmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň we hünärmenleriniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda milletiň taryhy-medeni mirasynyň gymmatlyklary saklanýan iri medeni merkezler bolan muzeýlere möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, özboluşly däpleri, Watanymyzyň taryhy eýýamda ýeten derejesi örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Taryhy ýadygärlikler we türkmen topragynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar dünýäniň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Munuň özi taryhy ýadygärlikleri öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýol açýar. 

                                                                                                           

(TDH)