Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.
Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyran hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde alabaý itleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan ediljek alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmegi bilen baglylykda, ýeňijä gowşuryljak medalyň taýýarlanan şekil taslamalaryny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Şekil taslamalarda sekizburçlugyň içinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy aýlaw görnüşde ýerine ýetirilipdir we onuň aşagynda 2021 diýen ýyl ýazgysy ýerleşdirilipdir. Medalyň ýüz tarapyndaky bu görnüşleriň merkezini alabaýyň şekili bezeýär.
Medalyň arka tarapynda aýlaw görnüşde “Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy” diýen ýazgy bar. Onuň merkezinde bolsa Ýer togalagynyň şekiliniň ýüzünde türkmen alabaýynyň kellesi — bu assosiasiýanyň nyşany ýerleşdirilipdir. Medal alajalar bilen berkidiler.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda, toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, olara baha berjek emin agzalarynyň oturjak ýeriniň taslamalarynyň üstünde işlenilişi barada habar berildi.
Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, taslamalar taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermek ileri tutulýar, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmegine aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasymyzyň gymmatlygy bolan alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän möhüm orny barada durup geçdi.
Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli ilkinji gezek geçiriljek baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, onuň örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz hödürlenen taslamalara, hususan-da, alabaý itleriniň bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasynyň taslamasyna käbir düzedişlerini girizip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, ony halkara talaplara laýyk getirmek üçin has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gyş döwründe talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, bu senäni dabaralandyrmagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldilen ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlik binasynda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynda milli Liderimiziň beren görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Şükür bagşynyň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlikde we onuň töwereginde bagy-bossanlyklaryň döredilip, abadanlaşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylmalydygyna wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň ünsüni çekdi. Bu ýeriň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmegini gazanmak, şol sanda medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin hemme şertleriň döredilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, amala aşyrylýan gurluşyk işleri şol bir wagtda halkara ülňülere, şol sanda hil, estetiki we ekologiýa babatdaky talaplara doly laýyk gelmelidir.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz täze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we “Aşgabat” diýip atlandyrmak teklip edilen täze toplumyň bezeginde milli nagyşlaryň görnüşleriniň we ýazgylarynyň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu toplumyň ady bilen baglanyşykly hödürlenen taslama şekiline birnäçe düzedişleri girizip, onuň gözellik, ykjamlylyk we amatlylyk, yşyklarynyň öwüşginlilik ýaly ugurlary özünde jemlemegi bilen bagly meseleleri göz öňünde tutmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy merkezi bolup durýar. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, şeýle hem döwletimiziň bilim we medeni merkezidir.
Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.
Şu ýyl biz şanly senäni — Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek — dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz diplomatiýanyň we Bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmünde hem Aşgabadyň abraýynyň barha artýandygyny nygtap, bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň, şeýle hem paýtagtymyzda dürli halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýerleşdirilendigini belledi.
Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça çäreleri guramak barada tabşyryk berdi.
Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Hökümet toparyny döretmegi, bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çäreleriň meýilnamasynda “Ak şäherim Aşgabat” monumentinde toý dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.
Şeýle hem şäheriň seýilgählerinde baýramçylyk çärelerini guramak, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, sergileri, taryhy-rejelemek işlerini geçirmek meýilleşdirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda şanly sene mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Aşgabat barada wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalary we desgalary açyp, ulanmaga bermek bilen bagly dabaralary degişli derejede geçirmeli. Dürli sport ýaryşlaryny, aýlawda at çapyşyklaryny guramaly. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary bolan öýleri ulanmaga bermeli. Şol şanly senäni baýramçylyk feýerwerkini geçirmek bilen tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny belläp geçmek boýunça toparyň düzümini we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetine seretmäge bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de göni wideoaragatnaşyga çagyrylan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen dowam etdi.
Wise-premýer täze guruljak Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binagärlik taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu desgany gurmak boýunça öňde goýlan wezipeler we onuň niýetlenen ugurlary barada habar berdi.
Täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, Aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.
Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.
Bu merkez bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.
Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän nobatdaky saglygy goraýyş desgasy — Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasy boýunça hasabat berdi. Onuň ýerleşjek ýeri hem milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, oýlanyşykly saýlanyp alyndy.
Bu taslama bilen baglylykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow taslamanyň amala aşyrylmagy babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa lukmançylyk edarasynyň öňünde durýan wezipeler barada hasabat berdi. Hususan-da, 7 gatly merkeziň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň meýdançasynda 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär.
Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzüminde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden we operasiýadan soň uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde dikeltmek üçin aýratyn binalarda ýerleşdirilen bölümler, okuw hem-de kömekçi-hojalyk bölümleri göz öňünde tutulýar.
Bu merkezde derman serişdelerini ulanmazdan, häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylar. Merkezde edilýän hyzmatlar dürli keseller bilen kesellän näsaglaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, ýaşaýyş hiliniň gowulanmagyna we işe ukyplylygynyň dikeldilmegine oňyn täsir eder. Şonuň bilen bir hatarda, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde lukmanlaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, täze guruljak saglygy goraýyş desgasynyň ýerleşjek ýerindäki beýleki desgalar bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny, binalarynyň owadan bolmalydygyny belledi. Täze desga ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilip, onuň bellenen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagy üpjün edilmelidir. Ol ýerde ýüz tutýan näsaglar üçin ähli amatly şertler döredilmelidir.
Şonuň bilen birlikde, täze saglygy goraýyş desgasy iň kämil lukmançylyk enjamlary we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen desgalaryň şekil taslamalaryny tassyklap, olary gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek barada görkezme berdi.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna we olaryň öňüni almaga gözegçilik etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ministr Türkmenistanyň bellige alan “Sputnik V” sanjymynyň ähmiýeti barada aýdyp, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG tarapyndan ykrar edilen derman serişdelerini we sanjymlaryny bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we ýokary derejeli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar.
Döwlet Baştutanymyz keselleriň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň barşynda üç halkalaýyn düzgüniň berk berjaý edilişini hem-de agyz-burun örtükleriniň halkara kadalara laýyk gelmegini hem-de bellenilen möhletine çenli ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de bu babatda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmak barada tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyza hem-de daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.
Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow hem-de Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň, şol sanda gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak işlerini talabalaýyk geçirmegiň, şeýle hem ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme doly taýýar etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, häkime degişli tabşyryklar berildi. Hususan-da, milli Liderimiz welaýatyň pagta öndürijileriniň zerur bolan gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagy barada degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak barada döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligine, ekin meýdanlarynyň üpjünçiligine gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlary hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň möwsüme doly taýýarlanylmagy barada häkime tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi, şeýle hem etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen “Türkmeniň ak öýi» binasynyň, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Kerki howa menziliniň hem-de Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, desgalaryň gurluşygynyň iş depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere we häkime gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde we bellenen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19479?type=feed
Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda häzirki zaman harby tehnikalaryna aýawly çemeleşmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwlet serişdeleriniň hasabyna olar üçin iň häzirki zaman uçarlary, dikuçarlary, gämiler, harby we ýörite tehnikalar satyn alynýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň ygtyýarynda bar bolan harby tehnikalardan ýokary derejeli baş alyp çykýan, öz işine ökde ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Bu tehnikalaryň we enjamlaryň ulanylan görnüşleri babatda kadalaşdyryjy namalara gaýtadan seretmegiň wajypdygy, zerurlyk bolsa, olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça zerur işleri geçirmek bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bar bolan harby tehnikalary kesgitlenen düzgüne laýyklykda peýdalanmak, bu ugurda düzgün bozmalaryň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde Milli goşunyň düzümlerinde häzirki wagtda amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada hasabat berildi.
Şeýle hem Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenilýän Watan goragçylarynyň güni hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa IIM-niň edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Hasabatyň çäklerinde bellenilişi ýaly, ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzyň umumybilim berýän we ýokary okuw mekdeplerinde ýol hereketiniň düzgünleri boýunça giňişleýin wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dürli ugurlarda, şol sanda Döwlet serhet gullugynda geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow prokuror barlaglarynyň netijeleri boýunça degişli Permana gol çekip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ş.Durdyýewi Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşatdy. Şeýle hem ol degişli Permana laýyklykda, general-maýor harby adyndan podpolkownik harby adyna çenli peseldildi.
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary — baş karargähiň serkerdesi I.Ilamanowa we Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary A.Çaryýewe berk käýinç yglan edildi hem-de olara ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu işler häzirki taryhy eýýamyň talaplary nazara alnyp, umumy ykrar edilen halkara ülňülere laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek we halkymyzyň döredijilikli zähmeti, bagtyýar durmuşy üçin möhüm şert bolup durýan parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri B.Muhamedow dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de pugtalandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek ugrunda 2021-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini umumylaşdyryp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri utgaşdyrmak boýunça amala aşyran işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmak, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini we olaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, edermen pederlerimiziň şöhratly harby däplerini döwrebap derejede dowam edýän harby gullukçylary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama amala aşyrylýar.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilýändigini belledi. Häzirki döwürde giňden we dabaraly bellenilýän bu baýram ýurdumyzyň edermen harby gullukçylaryna we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän hormatyň, olar hakyndaky yzygiderli aladanyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes harby kasama wepaly Watan goragçylary döwlet Garaşsyzlygyny, serhet eldegrilmesizligini we konstitusion gurluşy goraýarlar. Şunlukda, kanunçylyk we hukuk tertibi, adamlaryň we her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň kanuny bähbitleriniň, şeýle hem jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitleriniň goragy üpjün edilýär.
Watan goragçylarynyň halkymyzyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, hemişe päk ýürek bilen gulluk borçlaryny ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz degişli Permanlara gol çekdi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýratyn tapawutlanan işgärlerine hormatly derejeler berildi.
Döwletimiziň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin adalat ministri B.Muhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi” diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem oňa ýustisiýanyň uly geňeşçisi hünär derejesi berildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda degişli Permanlara gol çekdi. Oňa laýyklykda, podpolkownik Ý.Nuryýew Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenilip, Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem oňa polkownik harby ady dakyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, polkownik M.Agageldiýew Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
Milli Liderimiz döwletimiziň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, maýor M.Hudaýkulyýewe podpolkownik harby adyny dakdy we degişli Permana gol çekdi.
Mejlisiň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Permanlara gol çekdi, oňa laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň birtopary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy, şeýle hem olaryň birtoparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.
Dabaranyň ahyrynda milli Liderimiz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglananlary hem-de täze harby atlara we derejelere mynasyp bolanlary tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini nygtady.
Biz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary hakynda hemişe alada edýäris. Olaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny we ähli harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen gulluklarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19343?type=feed
Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär.