Habarlar
Kerki howa menzili: işler gyzgalaňly barýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan il-ýurt bähbitli binalaryň, desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berler. Şolaryň arasynda Kerki şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurulýan howa menzili aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň paýtagtyny gündogar künjek bilen baglanyşdyrjak bu howa menzili örän çalt depginler bilen ösüp-özgerip barýan sebitiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý halkara awtoulag ýolunyň başlanýan ýeri hasaplanýan bu sebit beýleki döwletler üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýerli howa gatnawlarynyň täze ugurlaryny açyp, howa menzillerini gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bellenilýär.
Kerki howa menzili 1947-nji ýylda açylyp, tä 2004-nji ýylyň dekabr aýyna çenli hereket edipdi. Aşgabat — Kerki aralygyna gatnaýan şol wagtky «Ýak-40» uçarlarynyň uçuş möhleti tamamlanandan soňra, bu gatnaw togtadylýar we uçar menziliniň işi-de bes edilýär. Sebäbi Kerkiniň şol döwürdäki uçar menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy-da, ini-de häzirki zaman uçarlaryna niýetlenmändi.
Täze howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy ähli görnüşdäki uçarlary kabul edip we ugradyp bilýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menzilinde ýolagçylar üçin-de, işgärler üçin-de ähli amatlyklar döredilipdir. Umumy meýdany 1730 inedördül metr bolan ýolagçylar terminalynda garbanyşhana, «Tiz kömek» gullugy, kassalar, ýolagçylary bellige alyş nokatlary, ýük bölümi, gazet-žurnal we sowgatlyk önümler satylýan dükanlar göz öňüne tutulypdyr. Ýolagçylar terminalynda ýörite wideogözegçilik ulgamy oturdylyp, onda ähli bölümleriň işi, ýolagçylara hyzmat edilişi we beýlekiler howpsuzlyk gullugy tarapyndan gözegçilikde saklanar.
— Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurulýan her bir binanyň milli öwüşgine baý bolmalydygyny nygtaýar. Şundan ugur alyp, biz häzir howa menziliniň baş binasynyň daşyny bezeg plitalary bilen örtmek işine girişdik. Uçjak bolup, ganatyny gerip duran ak guwy ýatladýan baş binanyň öňünde milli öwüşginli bezegleri köpräk ulanmakçy. Beýikligi 28,8 metre ýetýän dispetçer gullugynyň diňi-de haly gölleri bilen bezeler. Esasy gurluşyk işlerini tamamladyk. Indi diňe daşary ýurtlardan getirilip, binada ornaşdyryljak enjamlary gurnamak işi galdy — diýip, «Gündogdy» hususy gurluşyk kärhanasynyň baş inženeri Gylyçmyrat Ataýew gürrüň berýär.
Hawa, 200 gektar meýdanda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Howa menzili üçin zerur kömekçi desgalaryň-da birnäçesi guruldy. Elektrik toguny paýlaýjy kuwwatly desga olaryň ählisini elektrik togy bilen üpjün eder. Daş-töweregi bezeg agaçlary, güller bilen örtülmeli ajaýyp bina şu ýylyň baharynda görküne geler.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek desga Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýerli howa gatnawlarynyň binalarynyň üstüni ýene-de bir täze howa menzili bilen ýetirer. Bu bolsa agentligiň ýolagçy gatnatmak baradaky görkezijileriniň ýokarlanmagyny üpjün eder. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler, goý, ýurdumyzyň abraý-mertebesini mundan-da zyýada etsin!
Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».


 https://metbugat.gov.tm/blog?id=2334

06.02.2021
Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üstünlikli berjaý edilýär. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetde hususy pudagy goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeläp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr.

Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa öz gezeginde öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň, olary hil taýdan kämilleşdirmegiň, nyrhlary önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak arkaly pese düşürmegiň esasy tizlik beriji serişdesi bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge kuwwatly ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmeginde türkmen telekeçileriniň hyzmaty uludyr. Olar ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmekde we haryt bolçulygyny kemala getirmek işlerinde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýar.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, hususyýetçileriň ilat üçin täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzakmöhletli karz serişdeleri arkaly üpjün etmek işleri toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Döwletimiz telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamyň ýurduň jemi içerki önümçiliginde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar.

Telekeçiler soňky ýyllarda yhlasly işjeňligi bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga we işlerini döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýarlar. Hususan-da, bu gün türkmen telekeçileri azyk senagatynyň köpugurly pudaklaryny işjeň giňeldýärler. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň işiniň işjeňleşdirilmegi bilen, täze iş orunlary döredilýär, önüm öndürilişiniň görnüşleri we möçberleri artýar.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti döretmek döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudaklaryny tehnologik taýdan ösdürmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm orun degişlidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň netijeli hem-de sazlaşykly ösüşi, hususy başlangyçlaryň öňe sürülmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import çärelerini geçirmegiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli salgyt we karz ulgamlary onuň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, içerki bazarlary ýerli önümçiligiň ýokary hilli harytlary bilen üpjün etmek, eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak, hususy telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet maksatnamasynda birnäçe toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutuldy. Ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerine, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna garaşylýar. Maliýe-ykdysady we bank ulgamlaryndaky düýpli düzümleýin özgertmeleriň geçirilmeginde, şeýle hem bazar ykdysady şertlerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda uly işler üstünlikli amal edilýär.

Döwletimiziň import strategiýasyny amala aşyrmakda telekeçilige möhüm ähmiýet berilmegini birnäçe sebäpler bilen delillendirip bolar. Birinjiden, häzirki döwürde hususy kärhanalar ýurdumyzda jemi hereket edýän kärhanalaryň dörtden üç bölegini düzýär. Bu maglumat hususyýetçilik ulgamynyň täze gymmaty döretmekde egsilmez çeşmedigini, ykdysady garaşsyzlygy üpjün etmegiň netijeli ýoly bolan bu syýasaty üstünlikli amala aşyrmakda onuň kuwwatly güýç bolup durýandygyny görkezýär. Ikinjiden, telekeçilik işi özüniň içki mazmuny boýunça ykdysadyýetde bolup geçýän özgerişliklere çalt seslenmek we tiz uýgunlaşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Hut şu aýratynlyklar importyň ornuny tutýan önümçilikleri gysga wagtda döretmäge mümkinçilik bermek bilen, ýurdumyzyň içinde öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. Ahyrky netijede, şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna getirýär.

Türkmenistanda işewür düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär, häzirki zaman söwda toplumlary, dükanlar, dürli hyzmat ediş desgalary gurulýar. Bu söwda we bazar hyzmatlaryny ösdürmekde hususy işewürligiň aýgytly ornuny ýüze çykarýar. Telekeçiler gurluşyk serişdeleri, metal önümleri, durmuş himiýasy, elektrik enjamlary, mebeller, keramika we plastmassa önümleri hem-de beýlekiler ýaly ozal daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek önümleri öndürmekde üstünlik gazanýarlar.

Kiçi we orta işewürlik ýurduň eksportyny ösdürmek boýunça hem uly mümkinçilige eýedir. Milli ykdysadyýetimizde öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary hilli, görnüşleri we bezeg aýratynlyklary boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan pes bolmadyk önümleriň sanawy has-da giňeýär. Ýurdumyzyň içerki bazarlary we daşarky bazarlary süýt we süýt önümleri, towuk eti, ýumurtga, balyk we balyk önümleri, pomidor, hyýar, üzüm, mal eti, şöhlat önümleri, miwe şireleriniň we alkogolsyz içgileriň dürli görnüşleri, süýji-köke, bakja önümleri bilen üstünlikli üpjün edilýär.

Telekeçiler we hususyýetçiler ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen önümleri öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Bu kärhanalaryň esasy bölegi gurluşyk materiallaryny, ýagny, çagyl we ýuwlan çägäni, keramiki we gazbeton kerpiçleri, mermer plitalary, polietilen turbalary, ýylylyk izolýasiýa harytlaryny we ýüzlerçe beýleki önümleri öndürýän kärhanalardyr. Türkmen telekeçileri halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýarlar. Geçirilýän halkara söwda sergileri daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmekde hem-de öndürijileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýär. Döwlet bähbitli geçirilýän bu çäreleriň netijesinde daşary ýurtly işewürler bilen tejribe alyşmaklyga uly mümkinçilikler döreýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan şähergurluşygyna işjeň gatnaşyp, durmuş-medeni maksatly desgalaryň onlarçasyny gurýarlar.

Goý, ata Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarýan, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ali KULIÝEW,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň esasy hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20123

06.02.2021
Telekeçilikde müşderiniň we hiliň ähmiýeti (Ýaş telekeçilere maslahatlar)

«Daewoo» şereketini esaslandyran Kim Wu-Çonguň maslahatlary

■ Müşderiniň ynamyny gazanmakda satyjynyň müşderä berýän ünsi ilkinji orunda durýar. Şonuň üçin hem müşderini özüňe çekmekde hünärine ökde satyjylar hökmandyr.

■ Müşderi bir şereket bilen näçe köp işleşdigiçe, şonça-da şol şereketiň müşderiniň gözündäki gymmaty artýar. Hemişelik müşderiler şereketiň wagtyny tygşytlaýar, harytlaryň bahasy meselesinde az çekeleşýär we özi bilen täze müşderileri getirýär.

■ Müşderä hödürlenilýän hyzmat we harytlaryň hili ýokary bolmalydyr. Çünki harydyň bahasy tiz ýatdan çykýar. Emma hili welin hiç unudylmaýar.

■ Müşderi şereket üçin iň gymmatly adamdyr. Eger-de bir şereketiň müşderisi az bolsa, onda şol şereket müşderi bilen işleşmekde nogsanlyk goýberýändir.

■ Müşderi bilen nähili işleşmelidigini bilmek ýeterlik däl. Ony durmuşa geçirmek möhümdir.

■ Müşderä berilýän üns şereketiň geljegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

■ Müşderi şereket üçin ýat adam däl-de, onuň bir bölegidir.

■ Müşderi bilen jedelleşmek şereketiň abraýyny pese gaçyrýar. Çünki jedelde siziňki dogry bolsa-da, zyýana galjak ýene sizsiňiz.

■ Müşderi ýolbaşçydyr. Çünki aýlygymyzy şol töleýändir.

■ Müşderiniňki hemişe dogry bolsa, hem şereket, hem-de müşderi öser.

■ Müşderilere güler ýüz beriň. Olar güler ýüzli hünärmenler bilen işleşmegi halaýandyrlar.

■ Müşderiniň talaplaryny ýerine ýetirmäge çalşyň. Çünki müşderiniň talaby şereketiň kämilleşmegine ýol açýar.

■ Uzak möhletleýin girdeji üçin gysga wagtlyk çykdajylardan gaçmaň!

■ Hil ýokarlandygyça, şereketiň çykdajysy azalýandyr. Hiliň gowulanmagy az çykdaja we ýokary önümçilige ýol açýar. Çykadyjynyň az bolmagy bilen harytlaryň bahasy hem arzanlaýar. Arzan baha müşderiniň ruhuny göterýär. Alyjynyň köp bolmagy şereketiň bazar paýyny artdyrýar.

■ Futbolda pökgini derwezä salmak üçin bir oýunçynyň ýeterlik bolmaýşy ýaly, telekeçilikde hem hiliň we girdejiniň ýokarlanmagynda ähli işgärleriň, şol sanda müşderileriň-de hyzmaty uludyr.

■ Harydyň bahasy bilen däl-de, hili bilen gyzyklanyň. Çünki hil müşderiniň keýpini göterer.

■ Hil telekeçiligiň ahlagydyr. Eger-de ynsany bezeýän onuň ahlagy bolsa, şereketi bezeýän hem onuň öndürýän önümleriniň hilidir.

■ Hilde iň soňky sepgit bolmaly däldir. Ol hemişe ýokarlandyrylmalydyr.

■ Hil girdeji gazanmakda iň az çykdajyly we iň ygtybarly ýoldur.

■ Hil bolmasa, harydyň bahasy hiç zatdyr. Müşderi harydy bir gezek alar. Soň golaýyna barmaz.

Taýýarlan Şageldi ÝABANOW,

«Nesil».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20129

06.02.2021
Ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Diýarymyzda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeler halk hojalygyny doly sanlylaşdyrmaga we ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edilýär we maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, telekeçiligi we ätiýaçlandyryşy ösdürmek ýaly düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysadyýeti ösdürmek işiniň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýokary derejede ösdürilýär. Degişli ugurdaky işler ýurdumyzda hereket edýän kanunlara laýyklykda netijeli alnyp barylýar. Bu iş bilen bagly bar bolan kanunlar esasynda Türkmenistanda meýletin we hökmany ätiýaçlandyryşyň görnüşleri kesgitlenendir.

Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işiniň we hyzmatlarynyň ösdürilmegi halkymyza döredilýän ajaýyp durmuş ýeňillikleri ýaly mümkinçiliklerde öz beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanda saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen bagly döwlet hyzmatlaryny görkezmek bolar. Öz nobatynda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň bu görnüşi halkymyza köp babatlarda oňaýly şertleri döredýär. Olar şypahanalarda, hassahanalarda saglyklaryny dikeldenlerinde, dermanhanalardan derman serişdelerini alanlarynda köp ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň ösdürilmeginiň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertine oňaýly täsir edýändigine güwä geçýär.

Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini has-da ösdürmekligiň ileri tutulýandygy ylym-bilim ulgamynda hem has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryna bu babatda sapaklaryň okadylmagy degişli ugry döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek ugrunda-da işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ylymly-bilimli hünärmenler hökmünde ýetişmegi bolsa, milli ykdysadyýetimizi geljekde has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Güljan ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20136

06.02.2021
Gurluşyk we senagat toplumynyň işini kämilleşdirmek möhüm döwlet wezipesidir

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Ilki bilen gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmik ýagdaýynyň nazara alnyp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň giňden belleniljekdigini, aýratyn-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenmelidigini belläp, şu mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr häzir Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini yzygiderli ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Iş maslahatynda energetika ministri Ç.Purçekow ýolbaşçylyk edýän pudagynda hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi hem-de elektrik energiýasynyň önümçiligi, desgalaryň netijeli işi we olara edilýän hyzmatlar boýunça bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýolbaşçylyk edýän konserni tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we konserniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak, görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow geçen ýylda ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini özgertmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda ýokary derejesine laýyk gelýän abadanlaşdyrylyşy we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda institutda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň gowy milli we halkara tejribeleri nazara alyp, ylym-bilim ulgamynyň depginini ösdürmek hem-de düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri möhüm ugur hökmünde kesgitläp, institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, ýaşlary okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary hünärli ýaş işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gara ýollaryň gurluşygynda ulanylýan, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly meseläni öwrenmek boýunça rektora birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow institutda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, institutyň okuw maksatnamasyna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we rektora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleriň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin maksatnamalaýyn hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de kärhanalaryň düşewüntliligi, olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin has tijenip, tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyny nygtady.

Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly ulgamlar giňden ornaşdyrylmalydyr. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň oňat peýda berýän, has netijeli usullary ulanylmalydyr. Bu önümçiliklere daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman, makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20113

05.02.2021
Sanly tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Milli Liderimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky hem “Owerdraft karty” atly bank kartynyň üsti bilen, kiçi möçberli karzlary bermegiň we gaýtarmagyň şertlerini kesgitläp, gündelik sarp ediş harytlary satyn alnanda, raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda, onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirýär. Bu hyzmat nagt däl hasaplaşyklarda müşderiniň hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, müşderiniň hasabyny kesgitlenen çäklerde karzlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda, bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, karzy gaýtadan bellenilen çäk boýunça ulanmak mümkinçiligi döreýär.

“Karz almak baradaky ýüztutma” atly internet tory arkaly, bankyň internet salgylanmasynyň üsti bilen fiziki şahslara berilýän karzlara isleg bildirýän müşderilere onlaýn tertipde arzalary tabşyrmak mümkinçiligi döredilýär. Internet sahypasynda ýerleşdirilen salgylanmanyň üsti bilen karz almaga isleg bildiren fiziki şahslaryň ýüztutmalaryny kabul etmek ýola goýulýar.

Onlaýn tertipde arza tabşyrmak üçin müşderiden goşmaça programma üpjünçiligini gurnamak talap edilmeýär we bu ulgamda karz amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berilmeýär. Bankyň internet sahypasynda ýerleşdirilen salgylanmanyň kadaly işjeňligi we onda müşderileriň karz almak baradaky ýüztutmalarydyr maglumatlarynyň dogry ýerleşdirilmeginiň üpjün edilmegi zerurdyr.

Karz edaralary tarapyndan şeýle hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny döretmäge ýardam berip, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga hem şert döredýär.

Mergen KURTOW.

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Karz amallary müdirligi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20077

05.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, bu toplumyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugurda gazanylýan netijeler we pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň kepilini üpjün edýär. Döwletimiz bu pudaklaryň ösüşine möhüm üns berýär we oňa ägirt uly maliýe serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem döwrebap kärhanalar gurulýar we öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar. Milli Liderimiz amala aşyrylýan giň möçberli çärelere garamazdan, bu ulgamda käbir kemçiliklere ýol berilýändigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmeýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Ilki bilen gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginleri, binalary öz wagtynda ulanmaga bermek we gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Gurluşyk pudagynda 180-den gowrak kadalaşdyryjy tehniki namalar hereket edýär we olar bellenen tertibe laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmik ýagdaýynyň nazara alnyp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Halkara tejribeden ugur alyp, gurluşyk-gurnama hem-de abatlaýyş işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Maýa goýum taslamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilmelidir hem-de desgalaryň hiline we öz wagtynda ulanmaga berilmegine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabatyny dowam etdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň görnüşleri görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň giňden belleniljekdigini, aýratyn-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenmelidigini belläp, şu mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,9 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe sement zawodlary tarapyndan 1 million 940 müň 626 tonna sement öndürildi.

Keramzit öndürmek boýunça meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi we 100,2 göterim ösüş gazanyldy.

Sozulan metal öndürmek boýunça meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi we 101,6 göterim ösüş gazanyldy.

Gurluşyk aýnasy boýunça meýilnama 101,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş 100,1 göterime deň boldy.

Gurnama beton önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem ministr häzir Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljekdigini, munuň üçin toplumyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini yzygiderli güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi.

Mundan başga-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna itergi bermek maksady bilen, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy” düzüldi.

Şeýle hem ministrlikde elektron resminama dolanyşygy taýýarlanyldy hem-de degişli edaralar bilen ylalaşyldy. Häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň 27-siniň arasynda elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy hem-de ministrligiň web-saýty taýýarlanyldy we internet torunda ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini yzygiderli ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili, toplumyň enjamlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlygy bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Iş maslahaty energetika ministri Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatymyzy we senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Energetika ministrligi boýunça geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124 göterim berjaý edildi. Senagat önümçiligi boýunça meýilnama bolsa 128,3 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe elektrik energiýasynyň önümçiligi boýunça meýilnama 108,4 göterim berjaý edildi hem-de 120,2 göterim ösüş gazanyldy.

2020-nji ýylda elektrik energiýasyny eksport etmegiň meýilnamasy iki esseden gowrak berjaý edildi.

Şeýle hem ministr Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde onuň türkmen böleginiň, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energiýa ulgamynyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşyklarynyň batly depginde dowam edýändigi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini nygtady. Pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alnyp, giň möçberli taslamalara laýyklykda, kuwwatly elektrik beketleriniň gurluşygy we olaryň bellenen möhletde ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, elektrik energiýasynyň önümçiligi, desgalaryň netijeli işi we olara edilýän hyzmatlar boýunça bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýolbaşçylyk edýän konserni tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda täze gurulýan himiýa zawodlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze we ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, himiýa önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 132,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş 160,5 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe konsern boýunça mineral dökünleri öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim berjaý edilip, 137,1 göterim ösüş gazanyldy.

Konsern boýunça tehniki ýody öndürmegiň meýilnamasy 123,2 göterime, tehniki uglerodyň öndürilişi 113,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hereket edýän önümçiliklerini tehniki we ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmak, könelen önümçilikleri düýpli abatlamak, döwrebaplaşdyrmak, durkuny täzelemek hem-de öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşleriniň möçberlerini artdyrmak, eksporta niýetlenen we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan beýleki himiýa önümleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Häzir Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde kiçi göwrümli, dürli görnüşli himiýa önümlerini öndürýän birnäçe önümçilikleri ýola goýmak boýunça hem işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we konserniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak, görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, konserniň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini içgin öwrenmek barada tabşyryklar berildi.

Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow geçen ýylda ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin ähmiýetli şanly wakalara we döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamynda gazanylan üstünliklere baý boldy.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak mermerli Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, ilatyň durmuş derejesi ýokary halkara görkezijilere we talaplara laýyk getirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde täze desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna dürli maksatly binalaryň 22-siniň açylyş dabaralary boldy. Geçen ýylda paýtagtymyzda 1984 maşgala niýetlenen ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.

Munuň özi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini özgertmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda ýokary derejesine laýyk gelýän abadanlaşdyrylyşy we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işlere gözegçiligi güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanow “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen, 2020-nji ýylda institutda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan döwlet we milli maksatnamalaryndan hem-de milli bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek institutyň ýerine ýetirýän işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýaşlara ýokary hilli, dünýä derejesine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, institutyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak wajyp wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Ylmyň ýokary gazananlaryny we okatmagyň täzeçil usullaryny yzygiderli ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyna degişli pudaklaýyn kärhanalar üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, talyplar degişli düzümlerde önümçilik tejribesini geçýärler. Institutda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, institutyň sanly bilim portaly we web-saýty döredildi. Olarda professor-mugallymlaryň okuw dersleri boýunça taýýarlan gollanmalary, wideoýazgylary ýerleşdirildi.

Şeýle hem talyplaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ylmy we taslama işlerine çekilmegine, okuw ulgamyna ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri hem-de ýaş alymlary taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary bilen pugta aragatnaşyk ýola goýuldy.

Dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek maksady bilen, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak maksady bilen, ylalaşyklar we ähtnamalar baglaşylýar.

Institutyň talyplary dünýäniň ösen tehnologiýalaryny işjeň özleşdirip, BIM tehnologiýasynyň REVIT programma üpjünçiligini işläp düzdüler we onuň esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň ylmy taýdan esaslandyrylan şekil taslamasyny taýýarladylar hem-de olary degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlediler. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binalar toplumynyň binagärlik keşbiniň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň şekil taslamalary taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň gowy milli we halkara tejribeleri nazara alyp, ylym-bilim ulgamynyň depginini ösdürmek hem-de düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri möhüm ugur hökmünde kesgitläp, institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, ýaşlary okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary hünärli ýaş işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gara ýollaryň gurluşygynda ulanylýan, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly meseläni öwrenmek boýunça rektora birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow institutda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bu ýokary okuw mekdebinde 18 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem üç taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylyp, olaryň birinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar. 2020-nji ýylda institutyň talyplary halkara Internet ders bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 46 baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, institutyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, okuw gollanmalary döwrebaplaşdyryldy. Okuw kitaplarynyň 6-sy neşir edildi we üç sany programma üpjünçiligine awtorlyk şahadatnamalary berildi.

Rektor häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilendigini habar berdi.

Şeýlelikde, Döwlet energetika institutynda “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde täze tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek taslamasy amala aşyrylýar. Şeýle hem institutda Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar merkezi döredildi. Institutyň professor-mugallymlar düzüminiň gatnaşmagynda onlaýn forumlar we halkara maslahatlar geçirilýär. Bilim ulgamyna okatmagyň täze usullary we maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Soňky ýyllarda bu ugurda baý tejribe toplanyldy. Bu bolsa ýaşlaryň bilim derejesini we olaryň döredijilik işini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu ugra häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy wajypdyr.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, institutyň okuw maksatnamasyna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek meselelerini nazara alyp, energetika pudagynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak zerur bolup durýar. Şeýle hem institutyň işini sanly ulgama geçirmek, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýurdumyzyň gurluşyk hem-de senagat toplumynda önümçilik we iş meýilnamasy 118,4 göterim berjaý edilip, 122,5 göterim ösüş gazanyldy.

Şeýle hem hasabat döwründe gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň görkezijileri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleriň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Gurluşyk-senagat toplumynyň işi wajyp durmuş-ykdysady wezipeleriň çözgüdine, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda onuň ösüşine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin maksatnamalaýyn hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de kärhanalaryň düşewüntliligi, olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin has tijenip, tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyny nygtady. Munuň üçin toplumyň bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli peýdalanmak zerurdyr.

Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly ulgamlar giňden ornaşdyrylmalydyr. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň oňat peýda berýän, has netijeli usullary ulanylmalydyr. Bu önümçiliklere daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe gurluşyk we senagat toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik hem-de hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmak, önümçilikleriň doly kuwwatynda we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz toplumyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljermek we artykmaç (zerur bolmadyk) çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan senagat, energetika we himiýa pudaklaryna uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny belledi.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, importyň ornuny tutýan ýerli senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak wajypdyr.

Öndürilýän harytlar üçin täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan erkin ýörgünli daşary ýurt pulundaky serişdeleri artdyrmak möhümdir.

Milli Liderimiz ýurdumyzda gurluşygy köp ýyllardan bäri tamamlanman duran we häzirki döwürde alnyp barylýan desgalary seljerip, olaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Wise-premýere Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamak, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gullugynyň hem-de edara ediş düzümleriniň işini talabalaýyk guramak, ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň tölegleriniň hasaplaşygynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyry boýunça maýa goýum taslamasyny, bahasy we maliýeleşdiriş çeşmeleri boýunça teklipleri gyssagly taýýarlamagy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ulanmaga berilmeli desgalarda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleriniň ýokary hil ölçeglerine hem-de möhlet tertibine laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa ýüzlenip, halkara tejribeden ugur alyp, gurluşykda nyrh emele getirmegi kämilleşdirmegiň, gurluşyk-gurnama hem-de abatlaýyş işleriniň bahalarynyň esaslandyrylan bolmagyny gazanmagyň, maýa goýum taslamalarynda bäsleşigi üpjün etmek boýunça çäreleri gyssagly durmuşa geçirmegiň hem-de gurluşyklaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.

Ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy meýilleşdirilýän senagat we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Ilatly ýerlerde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak hem-de ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin döredilen ýer gaznalary boýunça Baş meýilnamalary taýýarlamagyň depginini güýçlendirmek, welaýatlarda hem-de etrap-şäherlerde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem ýurdumyzda gurluşygy köp ýyllardan bäri tamamlanman duran we häzirki döwürde alnyp barylýan desgalary seljerip, olaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowa önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak, ýurdumyzda importyň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk harytlary bilen üpjünçiligi gowulandyrmak, şeýle hem elektron senagatynda täze önümleriň önümçiligini döretmegi dowam etmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan gurulmagy göz öňünde tutulan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de beýleki maksatnamalarda we meýilnamalarda göz öňünde tutulan desgalaryň ýerli gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz energetika ministri Ç.Purçekowyň öňünde hem birnäçe anyk wezipeleri goýdy. Oňa energiýa üpjünçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin durkuny täzelemek arkaly önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, gazturbinaly enjamlarda, elektrik beketlerinde we geçirijilerde öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirip, ätiýaçlyk şaýlary hem-de sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligi hemişe üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik maksatly import harytlarynyň, çig malyň, ätiýaçlyk şaýlaryň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny gazanmagyň möhümdigini belläp, bu harytlar satyn alnanda, önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.

Energetika ministrine energetika pudagynda ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligi gowulandyrmak tabşyryldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak, tehniki möhlet tertibine laýyklykda, olaryň öz wagtynda durkuny täzeläp, önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak barada görkezmeler berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürýän toplumy taslama kuwwatyna ýetirmek üçin çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Hazar we Gumdag şäherlerinde tehniki ýod, brom, Esenguly we Bereket etraplarynda ýod öndürýän zawodlary gurmak boýunça bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz döwlet konserniniň ýolbaşçysyna önümçilik maksatly import harytlarynyň, çig malyň, ätiýaçlyk şaýlaryň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny üpjün etmegi, harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda duz gorlarynyň baý ýataklarynyň bardygyny göz öňünde tutup, nahar we tehniki duzuň önümçiligini has-da kämilleşdirmek hem-de önümiň hilini gowulandyrmak bilen eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz himiýa pudagynda ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligi gowulandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatyň ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, binalary we seýilgähleri gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Şunda şäherde ilatyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hyzmatlar ulgamyny talabalaýyk guramak üçin zerur işleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şäher häkimine şäherdäki bilim, medeniýet, dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň, döwlet gorundaky ýaşaýyş jaýlarynyň talabalaýyk saklanmagyna berk gözegçilik etmek, paýtagtda abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini hem-de ilata awtoulag hyzmatlarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini hem berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowa, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarowa gurluşyk, senagat we energetika pudaklary üçin ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini halkara ülňülere laýyklykda ýokarlandyrmak barada tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetler hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigini nygtady.

Professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Gurluşyk we energetika pudagynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmeli. Dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, bu işlere daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini hem çekmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda anyk teklipleri bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy önümçilik merkezinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleri esasynda energogurnawlar hünäri boýunça aspiranturany açmagy tabşyrdy.

Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna bilim ulgamynda gazanylan milli tejribelere we dünýä ylmynyň soňky gazananlaryna laýyklykda, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyryp durmak, inžener-tehniki ugurly hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimi okuw işine giňden ornaşdyryp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de gurluşyk we senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni 2019 — 2025-nji ýyllarda gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny taýýarlamak we nyrh emele getiriş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan 24 sany çäräniň geçen ýyl diňe biriniň ýerine ýetirilendigine çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara tejribe esasynda bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy. Mundan başga-da, maýa goýum taslamalarynyň ýokary bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün etmek boýunça çäreler geçirilmelidir. Milli Liderimiz gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleriniň bahasynyň esaslandyrylmalydygyny hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi barada durup geçip, 2020-nji ýylda onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylandygyny belledi. Mysal üçin, «Tejenkarbamid» zawodynda bu görkeziji 53,7, «Marykarbamid» zawodynda 62,5 göterime, «Maryazot» önümçilik birleşiginde bolsa bary-ýogy 23 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň geçen ýyl boýunça ýaramaz netijeleri gazanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz elektrik energiýasy ulgamynyň işi bilen bagly meselelere geçip, bu ýerde elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatlyklaryň 44,8 göterim ulanylandygyny belledi hem-de pudaklaryň kärhanalarynda önümçilik kuwwatlygynyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Döwletimiz senagat, energetika we himiýa pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryny goýdy. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz bu kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady.

Önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegi üpjün edilmelidir. Import önümleriniň ornuny tutýan ýerli senagat we gurluşyk harytlarynyň üpjünçiligi artdyrylmalydyr. Innowasion tehnologiýalary we ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanýan önümçilik kärhanalaryny döretmek arkaly senagatyň düzümi kämilleşdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli, uly islegden peýdalanýan täze önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň dowam etdirilmelidigine, durkuny täzelemek arkaly hereket edýän kärhanalaryň döwrebap ýagdaýa getirilmelidigine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň elektrik stansiýalarynda oturdylan 36 sany gazturbinaly enjamlaryň diňe 2-si düýpli abatlanypdyr, ýene 2-sinde bolsa, abatlaýyş işleri dowam edýär. Şeýle hem 9 sany gazturbinaly enjamda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns berilmelidir. Bu enjamlar we elektrik geçiriji ulgamlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de sarp ediş serişdeleri wagtynda satyn alynmalydyr.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz sarp edilen elektrik energiýasy boýunça hasaplaşyklary geçirmek üçin elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de Oba milli maksatnamalary we kabul edilen beýleki maksatnamalardyr meýilnamalar boýunça gurulýan desgalaryňdyr binalaryň ýerli gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça hem zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde aýna we aýna önümleriniň daşary ýurtdan getirilýändigini, walýutada çykdajy edilýändigini belläp, Türkmen aýna önümleri kärhanasynyň önümçilik kuwwatyny we önümleriniň görnüşini köpeltmek, eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly binalary hem-de desgalary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hormatyna ulanmaga bermek üçin, olaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Energetika pudagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmaly, elektrik energetikasy ulgamyny ösdürmeli we hereket edýän elektrik beketlerini döwrebaplaşdyryp, olaryň täzelerini gurmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle hem ýurdumyzy elektrikleşdirmegi doly tamamlamaly, elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaly. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak boýunça hem öňde uly işleriň durýandygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz wise-premýer G.Müşşikowa ýüzlenip, gurluşyk we senagat toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Toplumda pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyny belläp, çykdajylaryň düzümini seljerip, şu ýyl göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlarynyň hem-de gurulýan desgalaryň netijeli hem-de belli bir maksatly maliýeleşdirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, pudagyň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen resminamalara gol çekjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň meseleleri hakyndaky», «Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakyndaky» we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň meseleleri hakyndaky» Kararlara gol çekip, resminamalary ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi.

Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň owadan şekilleri täze dynç alyş zolagyny has-da ösdürmegiň geljegi barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan, bezeginiň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan kottej toplumlarynyň 10-sy bar. Şonuň bilen bir hatarda, edara ediş binasyny, lukmançylyk we söwda-hyzmat ediş merkezlerini, polisiýanyň we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bölümini, 500 orunlyk 2 sany awtoduralgany, seýilgähleri, köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin meýdançalary, beýleki degişli desgalary gurmak hem-de zerur inžener-tehniki we ýol düzümini döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman, makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bu künjegiň tebigaty bilen özboluşly sazlaşygy döretmelidir.

Döwlet Baştutanymyz täze gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalar baradaky gürrüňi dowam edip, olaryň gurluşygynda bolşy ýaly, binagärlik aýratynlygynda, kottej jaýlaryň ýaşaýyş üçin amatlylyk derejesinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň we nou-haularyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdeleri içgin saýlap almak meselelerine aýratyn üns bermegi nygtady. Şolar ekologiýa hem-de bezeg meselelerine laýyk gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20081?type=feed

05.02.2021
Hususyýetçilik ösüş ýolunda

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşlerine, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasaty amala aşyrmak bilen, ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen birlikde, halkyň çuňňur ruhy we döredijilik güýji netijeli işlere gönükdirilýär. Netijede, düýpli durmuş-ykdysady özgertmelerde, demokratiýany ýaýbaňlandyrmakda, kanunçylygy berkitmekde, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, döwletiň, jemgyýetiň we adamlaryň jebisligini gazanmakda uly üstünlikler gazanylýar.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ösdürmek döwlet tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa maliýe-ykdysady ulgamyň durnukly ösdürilmegi boýunça işleriň ýokary depginler bilen dowam etdirilmegini, ykdysady ulgamyň kanunçylyk namalarynyň yzygiderli seljerilmegini we kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen binýatlaýyn kadalara laýyklykda, döwletimiziň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar; döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Mundan başga-da, her bir adamyň hususy eýeçilik hukugynyň kanun bilen goralýandygy, her bir adamyň eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydygy barada Esasy Kanunymyzda berkidilen binýatlaýyn konstitusion kadalar raýat kanunçylygy, şol sanda telekeçilik gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegi bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalar üçin esas goýujy kadalar bolup hyzmat edýär.

Telekeçilik işi — munuň özi raýat we telekeçilik hukugynda esasy düşünjeleriň biri bolup, Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan iş hasaplanýar.

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň bazar ykdysadyýeti ulgamyna geçmeginiň üstünlikli amala aşyrylýan, kiçi we orta telekeçiligiň ösmeginiň toplumlaýyn goldanylýan hem-de ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň emele getirilmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslarynyň barha pugtalandyrylýan şertlerinde, hukuklaryň we bähbitleriň goraglylygynyň zerurlygy we ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan öz aralarynda, şeýle-de döwlet edaralary, daşary ýurtly şahslar bilen haryt dolanyşygy, hyzmatlar, maýa goýum we beýleki dolanyşygy çäklendirilmedik ugurlar boýunça şertnamalar baglaşylanda, olary ýerine ýetirmegiň, ýerine ýetirmegi üpjün etmegiň, bes etmegiň, ýerine ýetirmekden ýüz döndermegiň, bozulan hukuklary goramagyň, jedelleri çözmegiň hem-de baglaşylýan şertnamanyň görnüşiniň aýratynlyklaryna baglylykda islendik wajyp ýagdaýlaryň jikme-jik düzgünleşdirilmegi, olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň we goraglylygynyň esasy şerti bolup hyzmat edýär. Şonuň bilen birlikde, telekeçilik ulgamynda ýüze çykýan gatnaşyklarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygymyzyň ähli ugurlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň kuwwatly ösüşi üçin giň şertleriň döredilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

Amangeldi ALLABERENOW,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20021

05.02.2021
Elektron neşirleri wagtyňyzy tygşytlar

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, onuň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça beren görkezmelerine laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «türkmenmetbugat.gov.tm» saýty açyldy. Açylmagyna köp wagt geçmändigine garamazdan, bu saýta onlaýn-abuna ýazylýan ildeşlerimiziň sany gün-günden artýar. Elbetde, bu ýagdaý halkymyzyň internet sowatlylygynyň, habardyr maglumata bolan isleginiň, okamak endiginiň kämilleşýändiginiň nyşanydyr.

«Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen gysgaça tanyşdyrsak, «türkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy, ýagny, elektron neşiri üç dilde hereket edýär. «Türkmenmetbugat» internet neşirinde birbada 30-a golaý gazet-žurnaly onlaýn usulynda okap bolýar. Gazet-žurnallaryň elektron abunaçysy bolmak isleýänler kompýuteriň üsti bilen ýa-da «Play Market» we «App Store» internet dükanlaryndan «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyny telefonlaryna, planşetlerine ýüklemek bilen ýazylyp bilerler.

Elektron neşirlerine abuna ýazylmak üçin, ilki bilen, kompýuterde «Türkmenmetbugat» internet sahypasyna girip ýa-da ýüklenip alnan ýörite programmany açyp, bellenilen ýere özi baradaky maglumatlary (Ady, familiýasy, işleýän edarasy...) ýerleşdirmeli. Soňra «Dowam et» buýrugyny basyp, sahypanyň ýüzünde bukja saýlamaly. Ondan soňra «töleg et» bölümi çykýar we abunaçy özüne gerekli töleg görnüşini saýlap alýar.

Elektron neşirine abunaçy bolan islendik kärde zähmet çekýän we dürli ýaşdaky raýatlarymyz elýeter, amatly bolan elektron neşirini islän ýerinde, islän wagty açyp görüp, ýurdumyzda neşir edilýän gazetdir žurnallaryň islendigini okap, tanşyp bilerler. Iň esasysy bolsa, okyjylaryň abuna ýazylmagy üçin abuna ýazylyşyk möwsümine garaşmagyň hem-de gidip ýazylmagyň geregi ýok. Munuň üçin «Türkmenmetbugat» elektron neşirinden peýdalanyp ýa-da ýörite taýýarlanylan mobil goşundysyny ýükläp alyp, ykjam telefonyňyzdaky TMCELL hasabyňyzdan we bank kartlaryňyzdan nagt däl görnüşde töleg geçirip, ýazylmak ýeterlik.

«Türkmenmetbugat» elektron neşiriniň ýene-de bir artykmaç tarapy — onuň üsti bilen eziz diýarymyzda neşir edilýän döwürleýin neşirlerden başga-da, ýurdumyzyň medeniýet toplumyna degişli bolan web-saýtlaryň 6-syna, ýagny «tdh.gov.tm», «metbugat.gov.tm», «medeniýet.gov.tm», «turkmentv.gov.tm» «turkmenistan.gov.tm», «turkmenteatrlary.gov.tm» salgyly internet saýtlaryna girmäge bolan mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.

Mundan başga-da, «Türkmenmetbugat»-da gazet-žurnallardaky habardyr makalalaryň elektron görnüşi bilen birlikde, olaryň pdf nusgalary hem ýerleşdirilýär. Bu bolsa neşirleriň asyl nusgasy bilen tanyşmaga, materiallaryň ählisini bir ülňüde gözden geçirmäge mümkinçilik berýär. «Türkmenmetbugat»-yň «Syýasat», «Ykdysadyýet», «Medeniýet», «Tehnologiýa»... ýaly köp sanly rubrikalary bolsa maglumaty tiz tapmak üçin gysga ýoly salgy berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän paýhasly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda «Adalat» gazeti ýurdumyzyň milli kanunçylygynda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işler baradaky täsirli makalalary, gyzykly habarlary yzygiderli çap edýär. Ata Watanymyzyň hukuk ulgamyna degişli wakalary elektron neşiriň üsti bilen dessin okamak bolsa has-da ähmiýetli we gyzykly. «Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen wagtyňyz tygşytly, dünýägaraýşyňyz giň bolar. Elektron neşirlerimize ýazylmaga howlugyň, eziz ildeşler!


«Adalat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20016

05.02.2021
Energetika diplomatiýasynyň ösüş ugurlary

Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebit we bütindünýä ähmiýetli energetika ulgamyndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Bitarap Watanymyz dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Döwrüň derwaýys meseleleri boýunça döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlary we teklipleri sebitleýin hem-de ählumumy derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň amatly mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çemeleşmegi aýratyn bellärliklidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz toplumynda gaýragoýulmasyz wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleriň hatarynda ýurdumyz üstaşyr magistral turba geçirijilerini döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi we oňa gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagy döwletiň ykdysady kuwwatynyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp bolup, Baş Assambleýanyň kabul eden birnäçe Rezolýusiýalarynda berkidildi.

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwletimiz üçin uly ähmiýeti bolan bu täze desganyň açylmagy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Çünki gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu ulgamda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda özara bähbitli hem-de köpugurly taslamalary durmuşa geçirýän kuwwatlyk döwlet hökmünde aýratyn işjeňlik görkezýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan —Pakistan —Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar. Gözbaşyny «Galkynyş» gaz käninden alyp gaýdýan TOPH gaz geçirijisiniň möhüm ähmiýeti hem onuň bir wagtda üç döwletiň ilatly nokatlarynyň «mawy ýangyja» bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, sebitiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, Günorta Aziýa sebitinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge hem şert döredýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň energetika howpsuzlygynyň dürli jähetlerini berkitmäge gönükdirilen, dünýä jemgyýetçiliginiň we iri halkara guramalarynyň goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlary bu günki günde ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň umumadamzat ähmiýetli tagallalary dünýä döwletleriniň bähbitleriniň sazlaşmagyna we utgaşmagyna esaslanýan syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň bilelikdäki ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça täze mümkinçilikleriň açylmagyna ýardam edýär.

Energetika ulgamyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ilerlemegini maksat edinýän Türkmenistan BMG-de, Halkara Energetika Hartiýasynda anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Häzirki wagtda halkara energiýa akymlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy, energiýa serişdeleriniň hukuk taýdan goraglylygy wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda umumy hem-de köpugurly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, energiýa serişdelerini iberýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň anyk we üýtgewsiz ýörelgelerini ýola goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz energiýa serişdeleriniň halkara üstaşyr geçirilmeginiň deňhukuklylyk, adalatlylyk esasynda amala aşyrylmalydygyna, onuň ykdysady taýdan bähbitli, täjirçilik babatda esaslandyrylan bolmalydygyna ynam bildirýär.

Ýangyç iberiji, ony üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň ählisi üçin häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda hemmeleriň bähbitlerini sazlaşdyrmak möhüm bolup durýar. Ol wezipeleriň esasanda energiýa üpjünçiliginiň tehnogen, ekologiýa, tebigy-geologiýa, maliýe-ykdysady howpsuzlygy bilen baglanyşyklydygy dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Şoňa görä-de, energiýa howpsuzlygynyň toplumlaýyn häsiýeti, onuň dünýä döwletleriniň ykdysady howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolup durýandygy kesgitlenýär. Çünki islendik döwletiň ykdysadyýetiniň hereket etmeginiň, şonuň ýaly-da ýaşaýyş-durmuş maksatly ulgamlarynyň ösüşiniň netijeliligini üpjün edýän desgalaryň bökdençsiz işlemegi ilkinji nobatda energiýa üpjünçiligi bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçin hem energiýa serişdeleriniň dürli görnüşleri üçin niýetlenilen geçirijileriň howpsuzlygyny gazanmak meselesine gönüden-göni bütindünýä ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Energiýa howpsuzlygynyň bitewi ulgamyny emele getirmekde köptaraplaýyn diplomatik işlere ähmiýet berýän ýurdumyz bu ugurda anyk maksatlara gönükdirilen strategiýanyň we daşary syýasatyň mümkin bolan serişdelerini ýerlikli ulanýar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan dünýä döwletleriniň bähbidine «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär, durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynyň halkara derejesinde ygtybarlylygynyň hem-de durnuklylygynyň üpjün edilmegini ileri tutýar. Munuň özi, sebit we yklymara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge, geoykdysady giňişligiň strategik ösüşini bahalandyrmagyň döwrebap çemeleşmelerini hem-de dünýä halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşine hyzmat edýän gatnaşyklarynyň oňyn nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

Gurban MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20013

05.02.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

2.MALIÝE-YKDYSADY TOPLUM

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan häzirki wagt dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçen hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna beslenen 2020-nji ýylda ykdysady ulgamda gazanylan makroykdysady görkezijileriň we möhüm wakalaryň seljermeleri yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň oýlanyşykly häsiýete eýedigi bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny düýpli özgertmegiň, sanly ulgama geçmegiň öz wagtynda amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi, täzeçil başlangyçlary höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Bu ugurlar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde çykyş edýär. Milli Liderimiz öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin dünýäde emele gelýän çylşyrymly ykdysady we maliýe ýagdaýlarynyň ulgamlaýyn we esasly öwrenilmegine daýanyp, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ileri tutulýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň we iş maslahatlarynyň dowamynda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni dünýäde we sebitde çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, durnukly ösüş depginlerini saklamagyň möhümdigine çekdi. Şunda Hökümetiň mejlislerinde bellenilen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de tassyklanylan meýilnamalara öz wagtynda düzedişleri girizmek esasy talaplaryň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsirini peseltmek we milli ykdysadyýetimizi 2020-2021-nji ýyllarda durnukly ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň hem-de ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy Türkmenistanda dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylandygyny bellemek gerek. Bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi COVID-19-yň pudaklaryň ösmegine we degişlilikde, makroykdysady görkezijilere ýaramaz täsirlerini peseltmäge mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça garalýan döwürde görlen ähli anyk çäreler Watanymyzyň ösüşine ýardam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, türkmen halky 2020-nji ýylda joşgunly zähmeti bilen milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmagy başardy, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine döwlet derejesinde möhüm başlangyçlaryň ençemesine badalga berildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 30-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde milli Liderimiz, umuman, 2020-nji ýylyň hemmeler üçin örän kynçylykly bolandygyny, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalaryň köp bolup geçendigini nygtady. Ýöne, muňa garamazdan, biz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň gowy, ýagny 5,9 göterim derejede bolmagyna garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk zähmet haky, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 10 göterimden gowrak artdy.

Ýurdumyz boýunça umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan iri desgalaryň 45-si ulanylmaga tabşyryldy.

Ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň döredilmegini ýatlap geçmek gerek. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek hem-de ähli pudaklara IT-ulgamlary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen kabul edildi.

Agzalan döwrüň dowamynda eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarmagyň mukdaryny artdyrmak, hususy ulgamy goldamak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bu bolsa, öz nobatynda, çig mallaryň, serişdeleriň, azyk we azyk däl harytlaryň daşary ýurtlardan getirilmegini ep-esli azaltmaga ýardam etdi.

Milli Liderimiziň geçen ýylyň 31-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň strategiýasynyň tassyklanylmagy möhüm ädimleriň biri boldy. Onuň amala aşyrylmagy häzirki zaman sanly ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak, Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak arkaly ýurdumyzda lomaý söwda bazarynyň has-da ösdürilmegini, şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny we “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge ýardam bermegi nazarlaýar.

Bu barada gürrüňi dowam edip, 28-nji fewralda tassyklanylan, Türkmenistanyň çäklerine getirilende we ýurdumyzyň çäklerinden çykarylanda, gümrük paçlary tölenilmeli birnäçe degişli harytlaryň sanawynyň hem-de gümrük paçlarynyň möçberleriniň ähmiýetini bellemek gerek. Bu çäre, ilkinji nobatda, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we söwda dolanyşygyny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem fewral aýynyň başynda halk hojalyk toplumynyň ýokary ösüş depginlerini saklamaga, Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, ylma-bilime we täzelenişe daýanýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň kabul edilendigini nygtamak zerurdyr. Bu resminama laýyklykda amala aşyrylan çäreler pudaklar we eýeçiligiň görnüşleri boýunça ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny üpjün etdi.

Milli manadyň durnuklylygyny saklamak, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek hem-de bank kepillikleriniň ygtybarlylygyny artdyrmak üçin hukuk gurallaryny peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlendi. Bu ulgamyň edaralarynyň üstüne pul dolanyşygyny düzgünleşdirmek, maliýe serişdelerini jemlemek we täzeden paýlamak, hojalyk edaralarynyň arasynda özara hasaplaşyklaryň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek, pudaklara, işewür düzümlere we ilata karz bermek wezipeleri ýüklendi.

Bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça häzirki wagtda geçirilýän işler döwlet strategiýasynda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, şeýle hem telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejililigini we düşewüntliligini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr.

Geçen ýyl bank işiniň netijeliligini we ygtybarlylygyny has-da artdyrmak, dünýä tejribesi esasynda hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamynyň karzlaşdyrylyşyny ösdürmek, kiçi önümçilikleri höweslendirmek, karz serişdeleriniň elýeterliligini kemala getirmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, esasy maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bank işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny halkara ölçeglere kybap getirmek maksady bilen görlen çäreleri bellemek gerek.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk görkezmeleri boýunça görlen çäreleriň netijesinde, 2020-nji ýyl elektron banking düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank önümleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi bilen ünsi çekdi. Munuň mysaly hökmünde “Altyn asyr”, “Millikart”, “Maşgala”, “Goýum bank karty” diýen kartlar hem-de “Internet-bank”, “Mobile-bank”, “Galtaşyksyz töleg” ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sanynyň artandygyny agzap bolar.

Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar we ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrikenergiýa), polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň “Visa” we “MasterCard” halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.

Hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we ýerlerde elýeterli bolmagy banklar bilen müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny üpjün etdi. Şeýle hem makroykdysady görkezijilere laýyklykda, manadyň daşary ýurt pullaryna bolan gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygyny bellemek gerek.

Geçen ýylyň netijelerine syn bermek bilen, güwälendirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçmek möhümdir. Bu mesele soňky ýyllarda döwletleriň arasyndaky söwda, önümçilik gatnaşyklary bilen baglylykda, esasy meseleleri çözmekde, şeýle hem hil standartlary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalaşdyrmakda wajyp orny eýeleýär.

Dünýäniň işewürlik ulgamyndaky häzirki zaman ýagdaýlary oňa gatnaşyjylaryň hojalyk-ykdysady işleriniň gurallarynyň döwrüň anyk ýagdaýlaryna kybap getirilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçiligi uly bolan müşderiler we hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmegiň oýlanyşykly strategiýasyny ýola goýmaga örän uly üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maliýe-ykdysady toplumynyň edaralarynyň öňünde ileri tutulýan meýilnamalar hökmünde kesgitledi.

Şu babatda geçen ýylyň 26-njy martynda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanylan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň sanawyny ýatlap geçmek gerek. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik taraplary daşary ýurtlaryň ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýärler.

Dünýä tejribesindäki ýagdaýlara görä, bazar gatnaşyklary şertlerinde käbir raýatlaryň we umuman, guramalaryň hem-de jemgyýetleriň bähbitlerine täsir edýän ykdysady, hukuk we durmuş ulgamlarynyň hakyky aýrylmaz bölegi ätiýaçlandyryş bolup durýar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ätiýaçlandyryş ulgamyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda goýdy. Bu meseläniň üstünlikli çözülmeginiň aýdyň subutnamasy hökmünde 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy baradaky düzgünnamany hem-de onuň merkezi edarasynyň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekmegini görkezmek bolar. Resminama bu ulgamdaky işleri kämilleşdirmek, şahsy we ýuridik taraplaryň emläk, hususy we raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň esasy ugry täzeçil tehnologiýalary giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Bu bolsa Watanymyzyň uzak möhletleýin geljegini nazara alyp, kuwwatly binýadyny kemala getirýän durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin aýrylmaz şert bolup hyzmat edýär.

2020-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentarileriň öňünde çykyş edip, döwletimizi depginli ösdürmegiň, şonuň bilen birlikde, sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň hasabyna şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aýyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Şunda maglumat-kommunikasiýa hyzmatlaryny, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we durnuklylygynyň kämilleşdirilmegine maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine hem-de adamyň akyl-paýhas mümkinçiliginiň doly amala aşyrylmagyna aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitledi. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň Mejlisi “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdi. Resminama bu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulyp, 2020-nji ýylyň dowamynda geçirilen işleriň möhümdigini bellemek gerek.

Hususan-da, 21-nji fewralda milli Liderimiziň kabul eden Kararynyň ähmiýetini nygtamak möhümdir. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edara-kärhanalara we guramalara, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan hususy telekeçi-şahsy taraplara elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny bellenen tertipde döretmegi üpjün etmek tabşyryldy. Işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmek bellenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek hem-de ony 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli işe girizmek tabşyryldy.

Ýokarda agzalan resminamalaryň çäklerinde 2020-nji ýylda meýilleşdirilen ähli işler üstünlikli ýerine ýetirildi.

Içeri syýasatymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygaryndan ugur alnyp, adam mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna maýa goýumlarynyň goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Şundan ugur alnyp, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýär.

Häzirki wagtda jemgyýetiň akyl-paýhas mümkinçiliginiň amala aşyrylmagyna, bilim berlişiniň, ylmy barlaglaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, işçi güýjüniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlar ykdysady ösüşiň depginlerini saklamaga uly täsir edýär.

Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu babatda Türkmenistanda 2018 — 2020-nji ýyllarda ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmek ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamasynda ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen wezipeleri çözmegiň çäklerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Durmuş ulgamyndaky ähmiýetli çäreleriň hatarynda geçen ýylyň 9-njy oktýabrynda gol çekilen Permany belläp geçmek ýerlikli bolar. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy.

Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri telekeçiligi ösdürmekden ybaratdyr. Milli Liderimiziň kiçi we orta işewürligi ýeňillikli karzlaşdyrmaga berýän hemmetaraplaýyn goldawy we başlangyçlary netijesinde, bu ulgam Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösüşe tarap kuwwatly itergä eýe boldy. Munuň mysaly hökmünde soňky ýyllarda hususy ulgamyň wekilleriniň ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyny görkezmek bolar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň ýokary tehnologiýaly önümçilige maýa goýmaklary, bazaryň üýtgeýşine dessine uýgunlaşmagy, täze pudaklary özleşdirmegi arkaly ýerine ýetirýän giň gerimli işleri azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň mukdarynyň artmagyna getirýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi şeýle hem öndürilýän harytlaryň hiliniň ýokary bolmagyna, olaryň bahalarynyň elýeterli bolmagyna, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär.

Işewürleriň 20 müňden gowragyny özünde jemleýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününden bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň düzüminde ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň paýy ep-esli artyp, bu görkeziji 2020-nji ýylda ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, 60 göterimden gowraga barabar boldy.

Diýarymyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň 2020-nji ýylyň mart aýynda geçirilen sergisi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny hem-de welaýatlaryny täzeçil we sazlaşykly ösdürmekde, döwrebap önümçilikleri döretmekde, eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda türkmen işewürleriniň eýeleýän ornuny aýdyň görkezdi. Bu forumyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyndaky tapgyry Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli özgertmelerine daýanýan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hususy ulgamyň goşýan goşandynyň giň gerimliligi bilen baglylykda, aýratyn mazmuna eýe boldy.

2020-nji ýylyň fewralynda milli Liderimiziň gol çeken Karary bu ugurda ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna telekeçileriň — şahsy we ýuridik taraplaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin OPEK halkara ösüş gaznasy bilen karz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmäge, kiçi we orta işewürligi goldamaga, hususy telekeçilige maliýe taýdan goldaw bermäge gönükdirilendir.

2020-nji ýylda möhüm ugurlaryň hatarynda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek arkaly döwlet eýeçiligindäki desgalary azaltmak boýunça işler işjeňleşdirildi. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri giňeltmek maksady bilen, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalarynda eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri amala aşyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ösüşlere beslenen özgertmeleriniň aýrylmaz bölegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Şonda kesgitlenen wezipeleriň amala aşyrylmagy welaýatlarda önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy-serişde mümkinçilikleriniň has-da artdyrylmagyna ýardam berýär.

Garalýan döwürde ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlary, köp sanly mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynyň binalary, inženerçilik desgalary ulanylyşa tabşyryldy. Mundan başga-da, häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan, giň gerimliligi bilen tapawutlanýan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 2020-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine beslendi. Bu şöhratly sene mynasybetli geçen ýylyň dekabrynda halkara sergi geçirilip, ol 12 gün dowam etdi. Giň gerimli gözden geçiriliş Garaşsyz Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigini nygtady.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň esasy ugurlarynyň biri abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. Ýurdumyz bu ugurdaky strategiýany yzygiderli amala aşyryp, özüniň maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de esasy önümçilik gaznalaryny tehnologiýa taýdan täzelemäge, düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge iri maýa goýumlary çekmek bilen, esasy maliýe guramalary bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar.

Ykdysady topluma girýän ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda ýurdumyzyň banklary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, wideomaslahatlar görnüşinde işewür gepleşikleri geçirmek arkaly netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin anyk çäreleri gördüler. Maýa goýum ulgamynda, ilkinji nobatda, dünýäniň we sebitiň esasy banklary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwletimiziň köptaraply ykdysady kuwwatynyň amala aşyrylmagyny, onuň mundan beýläkki depginli ösüşini üpjün edýär.

Abraýly maliýe düzümleriniň ýurdumyza iri maýa goýumlaryny gönükdirmäge bolan gyzyklanmalarydyr ymtylmalary ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana ýokary ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

2020-nji ýylyň iýul aýynda ýurdumyza Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, daşary söwdada onuň eýeleýän ornuny berkitmäge, köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmäge, daşary ýurt maýalarynyň has-da köp gelmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Ol üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasynyň taýýarlanylmagyna hem degişlidir.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň, ikitaraplaýyn işewürlik geňeşmeleriniň işleri hem-de yzygiderli esasda geçirilýän maslahatlar, halkara sergiler hem daşary ýurtlaryň maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagyna ýardam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gazanylan degişli ylalaşyklar, Türkmenistan bilen birnäçe döwletleriň arasynda baglaşylan Ähtnamalar ähli ulgamlarda we ugurlarda dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli uzak möhletleýin gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Synymyzyň ahyrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde 2021-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny makullamak hakynda kabul edilen Kararyny belläp geçmek gerek. Şonda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe örän uly özgertmeleri başdan geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerine çykýandygy bellenilýär.

Ýurdumyzdaky häzirki tapgyr jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze pudaklary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna ykdysadyýetiň düzüminiň kämilleşdirilmegi, şeýle hem hususy ulgamyň giňden ösdürilmegi bilen häsiýetlenýär. Jemgyýetde demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek we gazanylan üstünlikleri ygtybarly berkitmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Şöhratly senäni — halkara jemgyýetçilik tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny dabaraly bellän ýurdumyz häzirki wagtda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýetde, syýasatda, ylymda we bilimde, saglygy goraýyş ulgamynda, medeniýetde, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyna oňyn täsir edip, geljege bolan ynamy artdyrýar. Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara we sebit ähmiýetli iri möçberli hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ýokary ösüş depginlerini saklamaga maliýe serişdeleriniň uly möçberiniň gönükdirilendigini agzap bolar.

Maliýe-ykdysady ulgamda 2020-nji ýylyň netijelerini jemläp, toplanan oňyn milli tejribä hem-de ägirt uly gazanylan üstünliklere daýanyp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynda gülläp ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda öňe tarap nobatdaky möhüm ädimleri ätjekdigini pugta ynam bilen nygtap bolar. Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş maksady her bir türkmenistanlynyň bähbitlerini üpjün etmekden ybarat bolan durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýär.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19988

04.02.2021
Täze sepgitleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, welaýatlaryň «ak altyn» ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Milli Liderimiz welaýatlaryň etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň abat ýagdaýda saklanylmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygy barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtanyň ýokary hil taýdan işlenilmegini hem-de ekiş möwsümi üçin zerur bolan gowaça tohumlarynyň taýýarlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz galla kärhanalarynda azyklyk bugdaýyň talabalaýyk saklanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýokary hilli un, çörek we çörek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegi tabşyrdy.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19936

04.02.2021