«Bir penjire»: täze gözýetimler

Häzirki zaman ykdysadyýetiniň innowasion ýol bilen ösüşini şertlendirýän sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ulgam köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralaryna-da sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmek işleri tapgyrlaýyn ýerine ýetirilip, onda köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkeziniň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Gulluk tarapyndan milli maglumat merkeziniň ýerine ýetirmeli wezipelerini kämilleşdirmek, gözegçilik etmek, utgaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda gol çeken Buýrugy esasynda baglaşylan «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021 — 2023-nji ýyllara niýetlenen Taslama resminamasynda özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak arkaly «Bir penjire» ulgamynyň netijeli işe girizilmegini üpjün etmek import we eksport amallary amala aşyrylanda, gözegçilige gatnaşýan döwlet gözegçilik edaralarynyň arasyndaky özara işleri berkitmek, gümrük taýdan resmileşdirme işleri amala aşyrylanda, pudagara töwekgelçilik dolandyrylyşyny girizmek bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu toparyň düzümi, Düzgünnamasy tassyklanyldy hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly, ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply döwrebap ykdysadyýeti ösdürmekde aýratyn möhümdir.

«Bir penjire» ulgamynyň wezipeleýin artykmaçlygy gyzyklanma bildirýän ähli döwlet edaralarynyň ýerine ýetirýän eksport-import amallary bilen baglanyşykly işleriň amatly we awtomatlaşdyrylan görnüşini üpjün etmek, pudagara dolandyrylyşyň ygtybarly mümkinçiliklerinde eksportdyr import üçin elektron ygtyýarnamalary, şahadatnamalary we rugsat berýän resminamalary almak üçin elektron arzalary bermek, ýygyndylary elektron usulda tölemek, olara doly gözegçiligi amala aşyrmak, kadalaşdyryjy we habar berýän maglumatlaryňdyr elektron resminamalaryň bitewi merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek, elektron girişiň «Bir penjire» portalyny döretmek, «ASYCUDA World» bilen «Bir penjiräniň» aýry düzüm bölekleriniň, elektron resminamalar bilen elektron gümrük deklarasiýalarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet gümrük gullugyna «Bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy halkara söwda, eksporty höweslendirmek, ilatyň saglygyny, şeýle hem daşky gurşawy goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ileri tutulýan ugurlarda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamlarynyň birnäçesiniň ýola goýulmagyna ýardam berer.

Häzirki döwürde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta geçelgelerinde ýollary birleşdirýän yklymyň möhüm ulag merkezleri döredilýär. Ýurdumyzda kämil infrastrukturaly üstaşyr ulag geçelgeleri kemala getirilýär. Üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynda, halkara söwdany ösdürmek üçin oňyn şertleriň döredilmeginde «Bir penjire» ulgamy möhüm ähmiýete eýedir. Ol pudagara hyzmatdaşlygyň hem-de dessin maglumat alyşmagyň döwrebap görnüşleriniň elýeterli bolmagynda amatly şertleri döredýär. Özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde uzak aralykdan maglumatlary geçirmek, olara gözegçiligi ýola goýmak, gümrük resmileşdirmesi üçin zerur resminamalaryň sanyny azaltmak, ýerine ýetiriji ýa-da beýleki edaranyň çözgüdiniň netijelerini ylalaşmak we beýleki hyzmatlary bir ýerde jemlemek, harytlaryň eksportdyr import edilmegi bilen baglylykda, ähli tölegleri elektron görnüşde tölemek ulgamyň häsiýetli aýratynlyklarydyr.

«ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy «Bir penjiräniň» ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagynda amatly şertleri döretmek bilen, oňa binýat bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda ulgamyň işini ugrukdyrmak maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda bilelikdäki taslama resminama, şeýle hem 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalary höweslendirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy häzirki wagtda gümrük edaralarynda doly işe girizilip, onuň kömegi bilen gümrük resmileşdirme işleri elektron görnüşde amala aşyrylýar.

Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işini döwrebaplaşdyrmakda bimöçber goldaw-hemaýatlary berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!

Şöhrat MÜLKIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25472