Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Häzirki wagtda döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygyna garamazdan, gynansak-da, heniz pudakda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler köp diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şulardan ugur alnyp, şu günki iş maslahatynyň dowamynda pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ministrlik boýunça önümçilik meýilnamasy 113,7 göterim, şol sanda pagta süýümini öndürmegiň meýilnamasy 103,2 göterim, ösümlik ýagy, şeker we un öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 151,4 göterim, et önümleri boýunça meýilnama 102,2 göterim, süýt we süýt önümleri boýunça meýilnama 102,1 göterim berjaý edildi.

Şeýle hem ministrlik tarapyndan önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak arkaly ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen içerki sarp edijileri üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Pudagyň ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermek, bu işlere hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işleri geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda geçirilýän işlerde kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depginini saklamagyň esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilatymyzyň zerur azyk harytlaryna islegini doly derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, oba hojalyk pudagyna ählitaraplaýyn goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýdyp, bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 104,5 göterim hem-de potrat işleri boýunça meýilnama 114,7 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda goşmaça suw gorlaryny toplamak maksady bilen täze suw howdanlaryny gurmak hem-de bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suw hojalygy pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de suw gorlaryny aýawly saklamagyň we peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmek bilen gös-göni baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz ekinleri suw bilen zerur möçberde üpjün etmek boýunça wezipeler ýerine ýetirilende, satyn alynýan kuwwatly tehnikalary netijeli ulanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pudagyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça eziz Diýarymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Şonuň bilen birlikde, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we atçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ylmy-barlag edaralary döredilýär hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar.

Döwlet birleşiginiň garamagyndaky atçylyk toplumlarynda hem-de athanalarda saklanylýan atlaryň baş sanyny köpeltmek we olary talabalaýyk idetmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, idedilýän atlary zerur ot-iýmler bilen üpjün etmek maksady bilen, döwlet birleşigine degişli ekerançylyk meýdanlarynda ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hakyky gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ýyndam ahalteke bedewlerimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işlere hem-de tohum atlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça görülýän çärelere nägilelik bildirip, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna alnyp barylýan ylmy-seçgi işlerini kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, seçgi-tohumçylygy kämilleşdirmek, atlary zerur iýmler bilen üpjün etmek barada degişli tabşyryklar berildi.

Bu işler Ahalteke atçylyk ylmy merkeziniň işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy esasda guralmalydyr diýip, milli Liderimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa şu ýokary okuw mekdebindäki weterinariýa fakultetiniň alymlarynyň hem bu işe işjeň goşulmagy barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, dagyň hoştap howasy, onuň eteginden akyp geçýän arassa çeşme suwy bilen kemala gelen ahalteke bedewleriniň sagdynlygy we kaddy-kamatynyň gözelligi babatda deňi-taýynyň ýokdugyny nygtady. Şeýle aýratynlyklary bilen, bu bedewleri has-da kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Muňa mysal hökmünde gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleriniň ösüp-örňän mekanynda ynsan gylykly bedewler üçin hem binalaryň gurulmagynyň bellenilendigini nygtap bolar.

Şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy watany hökmünde meşhur bolan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi gurulýar.

Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele getirer, bu bolsa, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň 20-ä golaý reňk öwüşginleriniň bardygyna aýratyn ünsi çekdi. Olaryň her biri hem öz gözelligi bilen haýran galdyrýar. Munuň özi atlaryň tapawutly genetikasy bilen baglanyşyklydyr. Bu işi has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz okuw-usulyýet we ylmy-barlag işleri boýunça meýilnamany işläp taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda atçylygyň birnäçe sport görnüşleriniň, şol sanda at çapyşyklarynyň, konkur, marafon ýaryşlarynyň giňden ýaýrandygyny hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, atly ýöriş mekdebiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, ahalteke bedewleriniň tapawutly aýratynlyklaryny has-da ýüze çykarmaga hem-de gazanýan görkezijilerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen şeýle ýaryşlaryň geçirilişiniň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Atçylyk ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda zerur pugta binýat döredildi. Bu ugurdaky işler ylym bilen aýakdaş gitmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl Mary welaýatynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna hemmetaraplaýyn we ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde işleriň ýagdaýy, ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän möwsümleýin işler, şol sanda gowaçanyň, gök önümleriň, ýeralmanyň we soganyň ýazky ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki gurallary, ýerleri ekişe taýýarlamak, şeýle hem degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, şol sanda ýerleri sürmek we tekizlemek işlerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa ideg etmek, hususan-da, olary mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny bermek boýunça işleriň depginini güýçlendirmek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýeralmanyň, soganyň we gök-bakjanyň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaça, ýeralma we sogan ekmek üçin bölünip berlen ýerleri tekizlemek we sürmek, ekiş möwsümine oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, tohum taýýarlamak bilen birlikde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça görülýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk hojalyklarynda alnyp barylýan ähli işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini nygtady.

Hususan-da, gowaça ekmek üçin bölünip berlen ýerleri ekişe taýýarlamak, şol ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlamak hem-de maýsalara ösüş suwuny tutmak we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja önümleriniň hasyllylygyny artdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, olaryň ekişiniň bellenilen agrotehniki möhletlere pugta laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatda 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de şu ýyl geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ekinlere ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Oba hojalyk tehnikalary we gurallary ekişiň guramaçylykly geçirilmegine doly taýýar edildi. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen, ýerler kesgitlenip, zerur bolan tohumlary hem-de meýdanlary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, depginli zähmet çekmegi dowam etmek bilen, öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de doly berjaý etmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Daşoguz welaýatynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekinleriň görnüşlerini döretmekde, welaýatyň ylmy edaralary bilen degişli işleri alyp barmagy ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Aral meselesine ünsi çekip, onuň ýaramaz täsirleriniň öňüni almagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridigini nygtady. Bu mesele Merkezi Aziýanyň çäginden hem çykýar, ony çözmek üçin ähli tagallalar edilýär, halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekde ulgamlaýyn döwletara gatnaşyklar ýola goýulýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan yzygiderli işler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, BMG tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Aral meselesi boýunça ylmy-amaly işleri dowam etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda iş maslahatyna gatnaşýan degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şüdügär sürüminde ulanylýan pluglaryň berk bolmagyny gazanmak üçin ýeriň dykyzlygyna laýyklykda taýýarlanylmagynyň wajypdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyrmalarynyň zerurdygyna ünsi çekip, rektorlara anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen ýyl tehniki-ykdysady görkezijilerde gazanylan netijeler hem-de şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde geçen ýyl welaýatyň etraplary boýunça bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi habar berildi.

Şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanda sürüm, tekizlemek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişinde işlediljek tehnikalar, ulanyljak oba hojalyk gurallary abatlanyp möwsüme taýýar edildi. Gowaça ekişi üçin gerek bolan ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylýandygy, mallaryň baş sanyny köpeltmek we olardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda gazanylan görkezijileri has-da artdyrmak üçin mundan beýläk-de gaýratly zähmet çekmelidigini belledi. Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen gelmek Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň esasy maksadyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri — ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri bellenen meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gazanylan netijeler bilen çäklenmän, mundan beýläk-de öndürijilikli zähmet çekmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory A.Gapurowyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlarynyň oba hojalyk toplumyna goşýan goşandyny artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bular barada nygtamak bilen, Türkmenistanda innowasion esasda obasenagat toplumynyň inžener-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleriniň çözülýändigini, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalaryň satyn alynýandygyny belledi.

Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Olar ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesi bilen birlikde, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup durýar.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary, iň oňat dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler geçirilmelidir.

Bu ugurda alym hünärmenler ylmy taýdan esaslandyrylan usullary netijeli ulanmak arkaly degişli derejede goşantlaryny goşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz birnäçe tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda geçirilýän möwsümleýin meýdan işleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary berjaý etmek boýunça meýilnama 113,7 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,5 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,1 göterim ýerine ýetirildi.

Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär hem-de olar önüm öndürijilere paýlanyp berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ugurda geçirilýän işleriň depginini güýçlendirmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Munuň özi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiz gazanylan netijelere nägilelik bildirip, degişli ugurda özgertmeleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de obasenagat toplumyny ösüşiň innowasion ýoluna — sanly ulgama yzygiderli geçirmegiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny artdyrmaga, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmäge mümkinçilik berýän ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, bu pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň has netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin onuň durnukly ykdysady ýagdaýynyň saklanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň üns merkezinde durmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň oba hojalyk toplumynyň işini gowulandyrmak üçin örän köp we tutanýerli işlemelidigini aýtdy.

Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwaty doly peýdalanylmalydyr. Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamlary ornaşdyryp, oba hojalyk toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligi ýokarlandyrylmalydyr. Bu ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna hem degişlidir. Önümçilige daşary ýurt maýa goýumlary has köp çekilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljermegi tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, azyk senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümçilikleriň doly kuwwatynda we bökdençsiz işlemegi üpjün edilmelidir.

Oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljerip, artykmaç çykdajylary aýyrmaly. Önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Wise-premýere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we enjamlaryny hususy bölegiň we daýhan hojalyklarynyň satyn almaklaryny guramak üçin degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklar berildi.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ähli welaýatlarda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagy üpjün etmek, olary rejeli peýdalanmak we goramak, ekologik, ykdysady we serişde mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmek möhümdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan naýbaşy tohumlary satyn almak arkaly bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýurdumyzda öndürmegiň gerimini giňeltmek barada tabşyryk berip, geljekde daşyndan tohum satyn almagy çäklendirmeli diýip aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, atçylyk hojalyklarynyň ot-iým we beýleki önümler bilen üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylmalydyr, toplumyň edara-kärhanalarynyň ot-iým öndürmegi ýola goýulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk maksatly ekin meýdanlarynyň we örüleriň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny gazanmak, halkara tejribeden ugur alyp, ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy ösdürmek üçin zerur işleri geçirmek, bu ugurda usuly-gollanmalary taýýarlamak bilen bagly tabşyryklary berdi.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşlerini we öndürilýän möçberlerini artdyrmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde daşary ýurt pulunda satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz azyk we oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan import harytlarynyň, çig mallaryň, himiki we sarp ediş serişdeleriň, ätiýaçlyk şaýlarynyň amatly bahalardan satyn alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Olaryň sebitdäki ýurtlar üçin hereket edýän bahalardan ýokary bolmazlygy gazanylmalydyr. Harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr.

Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz zerur bolan döwrebap enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak hem-de degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli döretmek üçin alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mallaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak, olar üçin ygtybarly ot-iým binýadyny we täze kaşarlary gurmak, weterinariýa kömegini gowulandyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam etmek bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa birnäçe tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, halkara tejribeden ugur alyp, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrylmalydyr. Suw tygşytlaýjy (damjalaýyn, ýagyş ýagdyrma, akabalary betonlama) usullary giňden ulanylmalydyr.

Import harytlarynyň, tehnikalaryň, ätiýaçlyk şaýlaryň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny we sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň dogry boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan daşary ýurt pulunda satyn alynýan suw hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmek, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça çäreleri görmek barada tabşyryklar berdi.

Suw serişdelerini tygşytly ulanyp, ilatly ýerleriň we oba hojalygynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa käýinç yglan etdi.

Ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge uly üns berip, onuň gadymy däplerini dikeltmeli diýip, döwlet Baştutanymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy A.Berdiýewe atçylyk sport toplumlarynyň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerden peýdalanmak boýunça seljermeleri geçirmegi hem-de teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Atçylyk hojalyklarynyň zerurlyklary üçin ot-iým üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmaly. Bu hojalyklaryň öz mümkinçilikleri bilen ot-iým öndürmek arkaly döwlet serişdelerini tygşytlamaly diýip, milli Liderimiz atlary köpeltmek, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimlerine oba hojalyk pudagynda özgertmeleri geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek üçin ýeriň hakyky eýesi tapylmalydyr hem-de önümçilige öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylmalydyr.

Şu ýyl gowaçanyň ýokary hasylyny öndürmek üçin, ýaz ekişine gowy taýýarlyk görülmelidir. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirilmelidir, gowaça ekişini we ideg işleri bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin, oba hojalyk tehnikalary we gurallary, gowaça tohumlary möwsüme doly taýýarlanylmalydyr.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz ilaty özümizde öndürilen ýeralma, gök-bakja we miwe önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin şu ýyl ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy.

Bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi we ösüş suwuny tutmagy agrotehniki möhletlerde hem-de talabalaýyk geçirmek, bu ugurda etraplarda alnyp barylýan işleri gündelik seljermek, bugdaý meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almak, haşal otlara garşy öz wagtynda göreş çärelerini geçirmek babatda degişli görkezmeler berildi.

Howdanlarda suw toplamak, suwy netijeli peýdalanmak, şeýle hem suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işlerini geçirip, suw tygşytlaýjy döwrebap usullary önümçilige giňden ornaşdyrmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl agrosenagat toplumynyň aýry-aýry kärhanalarynda önümçilik kuwwatlyklarynyň ýeterlik ulanylmandygyny belledi. Mysal üçin, un öndürýän kärhanalarda önümçilik kuwwaty 52,4 göterim, pagta arassalaýjy kärhanalarda 64 göterim, çörek bişirýän kärhanalarda 67,6 göterim, ýag öndürýän kärhanalarda 29,1 göterim ulanyldy.

2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýylda un, ösümlik ýagyny, et, ýumurtga öndürmek we dowarlaryň baş sanyny artdyrmak pese düşdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. Oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmak, guşçulygy, et-süýt önümçiligini, azyk we beýleki pudaklary ösdürmegi üpjün etmek zerur bolup durýar. Agrosenagat toplumynyň azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleri görmeli hem-de şertleri döretmeli.

2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl guş etini ýurdumyza daşyndan getirmek 6,9 göterim, ýumurtga boýunça 85,8 göterim, ösümlik ýagy boýunça hem 93,2 göterim artdy.

Dünýä ykdysadyýetindäki bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, içerki bazary azyk harytlary bilen üpjün etmegi gowulandyrmaly, azyk önümlerini ýurdumyzda öndürmegiň möçberini artdyrmaly, bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz agrosenagat toplumynda netijeli dolandyryşyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna çykdajylary azaltmak boýunça teklipleri taýýarlamagy hem-de ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öri meýdanlaryny we oba hojalyk maksatly sürümli ýerleri netijeli we maksadalaýyk ulanmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Oňyn halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de tohumçylygy ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr. Ýer kadastryny taýýarlamak tamamlanylmalydyr. Dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça usuly gollanmalar taýýarlanylmalydyr.

Hususy pudagyň we daýhan birleşikleriniň oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we şaýlaryny satyn almagyny guramak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden peýdalanyp, ulanylýan suw serişdeleriniň doly hasaba alynmagyny üpjün etmek, halkara tejribesinden ugur alyp, uly akabalary, howdanlary, kölleri ulanmagyň iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, olara şu günki maslahatda ylmy babatda hem meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolaryň esasynda geljekde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öz hünärine ökde ýaşlary taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa oba hojalyk toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň ulanylyşyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik öwrenmek, çykdajylaryň düzümini seljerip, ýer, suw, öri meýdanlary üçin tölegleriň öz wagtynda we doly möçberde gelip gowuşmagy boýunça zerur çäreleri geçirmek babatda görkezmeler berildi.

Şunuň bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19996?type=feed

04.02.2021
Innowasion ösüş — döwrüň talaby

«Akylly telefonlar», «akylly sagatlar», «akylly öý», «akylly şäher» düşünjeleri häzirki wagtda gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki zaman adamyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu ugurdaky işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ähli ulgamlar we pudaklar özgerdilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmek bilen, sanlylaşdyrmak işleriniň gerimi giňeldilýär.

Gurluşyk pudagynda hem-de ýaşaýyş-jemagat hojalygynda sanly özgertmeler tapgyrlaýyn esasda we dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Bu özgertmeler binalaryň hem-de desgalaryň taslamasyny düzmegiň, olary gurmagyň hem-de ulanmagyň netijeliligini artdyrmaga, ilatly ýerleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we bu ulgamda hödürlenilýän hyzmatlaryň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, innowasiýalar diňe ornaşdyrylan tehnologiýalar däl-de, eýsem, olary yzygiderli täzelemek işi bolup durýar. Innowasion ykdysadyýeti ornaşdyrýan Diýarymyzyň gurluşyk pudagynda täze tehnologiýalar peýdalanylýar hem-de serişde tygşytlamagyň talaplary we ölçegleri ýurdumyzyň bazarynyň aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy bu işleriň durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen bu ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» atly intellektual ulgam ornaşdyryldy. Buýsandyrýan ýeri, bu taslama türkmen talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar tarapyndan düzülen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilen «akylly öý» taslamasynda ähli elektrik enjamlaryny uzak aralykdan, mysal üçin, smartfon ýa-da ses buýrugy arkaly dolandyrmak mümkin. Ulanyjy diňe bir ykjam telefonda ýazmak arkaly belli bir buýruklary bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň kömegi arkaly özüniň elektrik abzallary bilen «gürleşip» bilýär. Ýörite işlenip düzülen üpjünçilik programmasy işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär we dolandyrylýan enjamlaryň ählisiniň häsiýetnamalary barada giňişleýin maglumat berýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamy yşyklandyryşa, ýyladyşa, howany çalyşmaga we sowatmaga, howpsuzlyga gözegçiligi we olary dolandyrmagy özünde jemleýär.

Häzirki döwürde gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan hem ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň biridir. Özboluşly desgalary bilen Ginnesiň meşhur rekordlar kitabyna on bir gezek girizilen Aşgabat tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezidir. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlykdygyny görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek — dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi. Şu ýyl, nesip bolsa, 25-nji maýda biz Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçeris.

Ogulbike MÄMIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19775

04.02.2021
Işleri talabalaýyk ýola goýmak möhümdir

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2-nji fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de, nebitiň bahasy üýtgäp dur. Hormatly Prezidentimiz, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi. Şunda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ilki bilen Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy çykyş edip, milli Liderimize tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmekde amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlyklary nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdiler. Hasabatlarda nebite, gaza, gaz kondensatyna geljegi bar bolan guýulary taýýarlamak maksady bilen, käbir meýdançalarda 2D we 3D geofiziki gözleg işleriniň geçirilýändigi barada hem aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, ýurdumyzyň nebit senagatynyň öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidigini belledi, tabşyryklary berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktorynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy. Öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin toplumyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory öz hasabatynda häzirki wagtda uniwersitetiň 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hünärmenleriň 23 ugur boýunça taýýarlanylýandygyny hem-de bäş ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlarynyň alnyp barylýandygyny, şu okuw ýylynda uniwersitete 1480 talybyň, magistratura bolsa 15 talybyň kabul edilendigini aýratyn nygtady. Şeýle hem rektor nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, güwälendirmek, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy barada habar berdi. Bu ýokary okuw mekdebinde ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna «Sanly ykdysadyýet» sapagy girizildi.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýere, HNGU-nyň rektoryna ýüzlenip, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi. Şoňa görä, uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamak wajypdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «СNPС», «Dragon Oil», «Hyundai», «LG», «Lukoýl», «ARETI» we beýleki köp sanly abraýly kompaniýalaryň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer topluma ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Pudakda işleriň geçiriliş derejesine nägilelik bildirip, milli Liderimiz nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça çykarmagyň möçberiniň peselýändigini belläp, bu görkezijileri gowulandyrmak, nebitgaz guýularyny düýpli bejermek, durkuny täzelemek, iş depginini ýokarlandyrmak işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, nebiti bazar nyrhlary boýunça satyn almak we ony ykdysady taýdan bähbitli şertlerde gaýtadan işlemek hem-de öndürilen nebit önümlerini eksporta iberip, ondan goşmaça girdeji almak meseleleri oňyn çözülmelidir. Uglewodorod serişdelerini gazyp çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça çykdajylaryň hem-de önümiň özüne düşýän nyrhynyň artýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu görkezijileri peseltmek ugrunda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiz maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere bu ugurdaky degişli edara-kärhanalaryň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokuroryna toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi. Iş maslahatynyň jemini jemläp, döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň tutanýerli işlemelidigini aýtdy. Nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çeşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipler taýýarlanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19966

04.02.2021
Dost-doganlyga daýanýan beýik başlangyçlar

­Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary arkaly goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Iň ýakyn goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyza esaslanýan täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bir günüň dowamynda birbada dört sany desganyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwary türkmen-owgan dostlugynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýene bir sene boldy. Şol gün Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanandygy mynasybetli dabara mähriban Arkadagymyz bilen goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşyp, onlaýn arkaly bu şanly gün mynasybetli birek-biregi gadyrly gutlap aýdan sözleri, iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň has irki döwürlerden bäri dowam edip gelýändigini ýene bir gezek subut etdi.

Elbetde, Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň açylmagy, bu iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny, halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy üpjün etmäge mümkinçilik döreder. Bu taslama 5 döwletiň arasyndaky «Lapis Lazuly» ulag geçelgesini demir ýol ulgamy arkaly berkitmäge-de ýardam eder. Bu taslamalar yklym derejesinde ykdysady, senagat we söwdany ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän çalt ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlary we hyzmatlary çykarmak üçin mümkinçilikleri açar. Demir ýoly çekmekden başga-da, 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary we beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy. Bu bolsa ýoluň işe girizilmegi bilen daşalýan ýükleriň möçberiniň birinji ýylda 20 göterim, ikinji ýylda 50 göterim artjakdygyny görkezýär. Şol gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine Türkmenistanyň eksport önümleri guýlan ýük kerweni ýola düşdi.

Açylyp ulanylmaga berlen Kerki — Şibirgan ugry boýunça kuwwaty 500 kilowolt bolan elektrik geçirijiniň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny ulanýan amallaryň sany owgan döwleti boýunça 9 milliona çenli artar. Bu elektrik energiýasy birinji nobatda Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberiler. Ikinji tapgyrda — 2022-nji ýylyň başyna bolsa Puli — Humri we Kabul şäherlerine eltiler.

Mundan başga-da, taryhy wakalara beslenen dabaranyň dowamynda ulanylmaga berlen Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň täze tapgyryna nobatdaky badalga boldy. Iki döwletiň maglumat ulgamyny täze tapgyra çykarjak bu ulgam, Türkmenistandan Owganystana uzalyp gidýän optiki-süýümli ulgamlaryň ilkinjisi däldir, ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, ozal Akina — Turgundy ulgamy hem birikdirildi. Şeýlelikde, bu optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky esasy maglumatlar köprüsini emele getirer.

Görşümiz ýaly, iki goňşy döwletiň uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirjek bu taryhy desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi, mähriban Arkadagymyzyň ulag we energetika diplomatiýasynyň hakykat ýüzünde amala aşýandygynyň halkara derejesindäki ýene bir subutnamasydyr.

Biz hem şeýle ägirt uly taslamalary amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da belende göterýän milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň hemişe dik bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Baýmuhammet ORAZSÄHEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19952

04.02.2021
Nebitgaz pudagynyň möhüm wezipeleri

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanylmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar döredilip, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig mal we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de, nebitiň bahasy hem üýtgäp dur.

Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberiniň ösüşini saklamak, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalarynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.

Şonda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy.

Milli Liderimiz nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, şolaryň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz toplumy bilen bilelikde gaz we nebit çykaryjy kärhanalarynyň, geologiýa-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çemeleşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipler meýilnamalaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19935

04.02.2021
Ýazgytdan ýalkawly adam

(Oçerk)

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Paltaş aganyň çaýyň özi ýaly lezzetli gürrüňinden soň, fabrigiň içine girip görmäge-de howlugýarsyň. Bu ýumşy bitirmäge deşliden tegelek ýüzli, «Tüýs kakasyna meňzäp dur» diýdirýän Serdar ilgezik bolýar. Ol ýolugra Paltaş aganyň 2005-nji ýylda hormatly dynç alşa çykyp, «Düýe garrasa köşegine eýerer» edip, jemgyýetiň ähli işini-jogapkärçiligini boýnuna dakandygyny ýarym degişme bilen ýaňzydýar. Soňam Hytaýyň 4 kompaniýasy, şeýle-de, Russiýanyň «Belkazyn», Germaniýanyň «Begarad», «Poliklip», Ukrainanyň «Polipak», Slowakiýanyň «Swidink» kompaniýalary bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny, sebäbi şöhlat hem et önümleri üçin getirilen enjamlardyr tehnologiýalaryň şol döwletleriň kompaniýalarynyňkydygyny aýdýar.

...Men her gezek ýurdumyzda geçirilýän sergilerde «Bereketli» söwda belgili şöhlat hem et önümleriniň ýanynyň hemişe köp adamly bolýandygyny, bu harytlaryň satylýan dükanlarynyň hemişe alyjylydygyny ýatladym.

...2010-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hojalyk jemgyýetine baryp, işler bilen içgin tanyşdy, degerli maslahatlary berdi. Şowly-gerimli işlemek üçinem ýörite Karar esasynda 1 gektar ýer bölünip berildi. Dessine ol ýerde şöhlat hem-de et önümlerini öndürjek zawodyň gurluşygyna girişildi. Häzir doly güýjünde işleýän kärhana şöhlat önümleriniň, elin mal etinden hem-de guş etinden milli tagamlaryň, dürli önümleriň 65 görnüşini hödürleýär. «Arkaç», «Hazar», «Arkadag», «Änew», «Altyn şapak» ýaly döwrebap atlandyrylan önümleriň hyrydary ýetik. Soňky wagtlarda bolsa ýurdumyzdaky iri şahly mallary ösdürip ýetişdirýän telekeçiler bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Indi 2008-nji ýyldan bäri, «Bereketli» şöhlat hem et önümleri hili babatda ýurdumyzda kerwenbaşy hasaplanýar. Hatda halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolnandygy hakdaky Hormat hatlarydyr degişli güwänamalar hem bar.

Önümçilikde gaplanýan gök hem gara çaýyň görnüşi häzir 25-e ýetdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki 25 dükan «Bereketliniň» dürli önümleridir çaýlaryny ýokary hyzmat bilen ilata hödürleýär.

Birden göwnüme gelen sowalyň jogabyny Serdardan eşidesim geldi:

— Telekeçilikde esasy mesele baýamakmy ýa-da abraý almakmy?

Ol jogaby çöp döwlen ýaly etdi:

— Şuny ýaňy dädemden soramalydyňyz-da weli. Aýtjak bolýanym, dädem hemişe: «Abraýy pul bilen satyn alyp bolýan däldir. Berk biliň, ömrüňize ýörelge ediniň: telekeçilige baýlyk hökmünde garamaň! Halka hyzmat edip alan alkyşyňyz ýaly zat bolmaz» diýýär.

Soňra Serdar dünýäniň köp ýurtlarynda — Ukrainada, Russiýada, Hindistanda, Awstriýada, Belarusda, Ýaponiýada iş saparlarynda bolandygyny ýatlady. Öz ugrundan hünär kämilligi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sietl şäherinde, Germaniýanyň Berlin şäherinde ýörite guralan okuwlara gatnaşypdyr. Elbetde, dünýäni gezseň gözüň açylan ýaly bolýanlygy gadymy hakykat. Şeýle-de, Braziliýa, Şwesiýa, Türkiýe, Germaniýa, Rumyniýa ýaly, et önümçiliginde ýüzlerçe ýyllyk tejribesi bolan ýurtlar, dürli döwletleriň tehnologik taýdan kämil kompaniýalary bilenem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýlan.

* * *

Ömrüň kethudalyk menziline gadam goýan Paltaş aganyň mahal-mahal iç gepledip, kalbynda dörän sowallara özüniň jogap beräýme gylygy bar. Bu, elbetde, ömrüň öňündäki hasabata meňzemänem duranok.

— Işiňizden närazy wagtlaryňyz bolýarmy?

— Durmuşam edil deňiz ýaly, onda daşgynam bar, gaýtgynam. Bişowluga uçraňda, paltaň daşa degende, eliň sowajak ýalam edýär. Ýöne şonda töwekgellik hem giňgöwrümlilik gerek. «Bolmady» diýip, yza tesmek asgynlamak bolýar. Ylaýta-da, telekeçilikde. Ýadaňda-da tutan işiňe ýapyşyp, galjaň, garadangaýtmaz bolmaly. «Edenim şowlamady» diýip, umytdan düşmeli däl, «Almaý gitmez, demir donly Görogly» bolmaly.

— Wagt bilen «hasap-hesibiňiz» nähili? Ol sizi gyssaýarmy ýa-da tersinemi?

— Bütin ömrüm gyssanmaçlyk bilen geçdi diýsem dogry bolar. Göwnüme, men wagtyň içi bilen ýöräp däl-de, ylgap barýan ýaly. Şonda-da garynjanyňky ýaly ýetişiksiz günde. Ýöne sabyr-takada-da gulluk edýärin. Magtymguly atamyz aýdypdyr-a: «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýip. Wagty hemişe umytly geçirmeli. Ýöne oňarsaň, şu günki işiňi ertä goýmajak bolmaly.

— Ömrüň haýsy pursatlarynda özüňizi hakyky dynç alan ýaly duýýarsyňyz?

— Tutan işimi ahyrlamda.

Ine, segseniň onuny gulaçlaýan adamyň ömür ýörelgesi! Onsoň, şahyr aýtmyşlaýyn, «Ýaşlaň arasynda garrylar gerek» diýip, hiňleniberesiň gelmezmi?!

Paltaş aganyň diliniň senasy Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri. Köňül telwasy hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçileri üçin açyp goýan ak ýolunda abraý gazanmak, milli Liderimiziň tagalladyr aladalaryna halal zähmet, başarnyk, dünýä derejeli harytlardyr önümleri öndürmek bilen jogap bermek.

Ömrüň adyňa alkyş getirse, diýmek, seniň ýazgytdan ýalkawly adam boldugyň!

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

ýazyjy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19826

03.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de, nebitiň bahasy hem üýtgäp dur.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberiniň ösüşini saklamak, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.

Şunda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ilki bilen Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berildi.

Konserniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, “mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýerine ýetirilýän işler, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmekde amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatda işleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, şolary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ylmyň ýokary gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň pudagyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek we önümçilige häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, hem-de geljegi uly täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak we ýüze çykarmak, şolary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan çig malyň mukdaryny artdyrmak ugrunda ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmak, onuň düzümlerine innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň depgininiň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Ýurdumyzyň nebit senagaty öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidir. Bu Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz pudagyň öňünde durýan önümçilik wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň degişli düzümleriň maliýe-ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmaga bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna oňat täsirini ýetirjekdigini aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol işler nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan mineral serişdeleriň, agyz suwunyň täze ýataklaryny hem-de beýleki tebigy serişdeleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Hasabatda nebite, gaza we gaz kondensatyna geljegi bar bolan guýulary taýýarlamak maksady bilen, käbir meýdançalarda 2D we 3D geofiziki gözleg işleriniň geçirilýändigi barada hem aýdyldy. Ozal bar bolan maglumatlary täzeden seljermegiň netijesinde ýüze çykarylan känlerde hem-de meýdançalarda gözleg guýularyny burawlamak amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz döwlet korporasiýasynyň işine häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary esasynda täzeçil usullary ornaşdyrmagyň pudagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, şu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewiň hasabaty bilen dowam etdi.

TNGIZT-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky uzak möhletleýin maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, uglewodorod çig malyny netijeli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin toplumyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz öňde nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, şolaryň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, TNGIZT-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Ş.Abdrahmanowa söz berdi. Rektor Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň derejesini ýokary halkara görkezijilere laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda uniwersitetiň 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hünärmenler 23 ugur boýunça taýýarlanylýar hem-de bäş ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlary alnyp barylýar. Şu okuw ýylynda uniwersitete 1480 talyp, magistratura bolsa, 15 talyp kabul edildi.

Şeýle hem rektor nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, güwälendirmek, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Uniwersitetleriň Halkara bileleşiginiň agzasy Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ýörite sapaklary guramak, tejribe alyşmak işleriniň ýola goýlandygy we sanly ulgam arkaly tejribe sapaklarynyň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Bu ýokary okuw mekdebinde ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” sapagy girizildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowy çagyrdy hem-de wise-premýere we HNGU-nyň rektoryna ýüzlenip, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi.

Uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamak wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetler hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr.

Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça merkezi döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «СNPС», «Dragon Oil», «Hyudai», «LG», «Lukoýl», «ARETI» we beýleki köp sanly abraýly kompaniýalaryň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň nebitgaz boýunça öňdebaryjy, ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmakda, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça bilimleri alyşmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň talyplary, mugallymlary we ylmy işgärleri halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmalydyrlar.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, nebite hem-de gaza baý täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Wise-premýer nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan täze görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudakda işleriň geçiriliş derejesine nägilelik bildirip, nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça çykarmagyň möçberiniň peselýändigini belläp, bu görkezijileri gowulandyrmak, nebitgaz guýularyny düýpli bejermek, durkuny täzelemek, iş depginini ýokarlandyrmak işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmak, nebitiň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň tassyklanylan ätiýaçlyklarynyň möçberini köpeltmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyna göni hem-de gytaklaýyn daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümlerini we nebitgazhimiýa önümlerini ýerlemek üçin täze eksport ugurlaryny özleşdirmek, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önüm paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde gazylyp çykarylýan çig nebitiň möçberiniň hasabyna ýetiljek taslama kuwwatlygynyň ulanylmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, nebiti bazar nyrhlary boýunça satyn almak we ony ykdysady taýdan bähbitli şertlerde gaýtadan işlemek hem-de öndürilen nebit önümlerini eksporta iberip, ondan goşmaça girdeji almak meseleleri oňyn çözülmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iň döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hereket edýändigine, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamagyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, bu pudakda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini hem-de olary taýýarlamagyň derejesiniň pesdigini belläp, munuň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini gazyp çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça çykdajylaryň hem-de önümiň özüne düşýän nyrhynyň artýandygyny belläp, bu görkezijileri peseltmek ugrunda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ylmy-barlag, tebigy gaz instituty üçin ýokary tehnologiýaly barlaghanalary bolan häzirki zaman toplumynyň gurlandygyna garamazdan, nebitgaz pudagynda ylmy işleriň ýeterlik derejede geçirilmeýändigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz nebitgaz pudagynda halkara tejribä esaslanyp, henize çenli harytlary, degişli işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça bäsleşikleri geçirmäge niýetlenen elektron görnüşli bäsleşik meýdançasynyň açylmaýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden berk talap etdi.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa nebitgaz toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe bu toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň tutanýerli işlemelidigini aýtdy. Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwaty netijeli peýdalanylmalydyr.

Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän konserni boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin berk käýinç yglan etdi.

Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýewe hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewe berk käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdürmek we giňeltmek boýunça öňde durýan wezipelere iş maslahatyna gatnaşýan ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de şolary ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, önümçilikleriň doly kuwwatynda hem-de bökdençsiz işledilmegi üpjün edilmelidir. Şunda önümçiligi dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilmelidir.

Şeýle hem nebitgaz toplumyndaky edara-kärhanalarda çykdajylaryň düzümini seljermek we zerur bolmadyk çykdajylary aradan aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işlerine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr.

Döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini nazarda tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligi we girdejililigi artdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda eksport maksatly satylýan nebit önümleriniň bahalarynyň bäsleşik esasynda ýokary bolmagy gazanylmalydyr. “NAPEСO” milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň gerimini giňeldip, täze ýataklary özleşdirmek işlerine çekmelidir.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegi gazanylmalydyr. Önümçiligiň üznüksizligini üpjün etmek üçin olaryň goşmaça himiki reaktiwler, ätiýaçlyk şaýlar bilen öz wagtynda üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da, dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz öndürilýän önümleriň ýerlenilýän möçberini, hususan-da, erkin ýörgünli daşary ýurt puluna ýerlenilýän möçberini artdyrmak arkaly gelip gowuşýan maliýe serişdelerini köpeltmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljermegi we olaryň sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmagy, ýangyç-energetika toplumy üçin harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda, hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň tebigy gazy çykarmagynyň möçberiniň peselmeginiň sebäpleri seljerilmelidir we bu depgini kadaly ýagdaýda saklamak üçin dessin zerur çäreler görülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit çykarmakda döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmak arkaly çykarylýan çig nebitiň mukdaryny ýokarlandyrmak, nebit çykarylýan guýulary abatlamak we durkuny täzelemek işlerini öz wagtynda geçirmek, çig nebitiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bökdençsiz ugradylmagyny gazanmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz önümçilik ulgamlarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagyň zerurdygyny ýene bir ýola belläp, nebiti düýpli gaýtadan işlemegi üpjün edip, çykarylýan nebit we nebithimiýa önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeleýiş we düýpli abatlaýyş işleri öz wagtynda geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz pudagyň serişde binýadyny berkitmek meseleleri barada aýdyp, geologiýa-gözleg, seýsmiki hem-de buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, tebigy gazyň, çig nebitiň we gaz kondensatynyň gorlaryny kesgitlemekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň, şol sanda 3D ölçegli usullaryň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamyň edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini tizleşdirmegi, täze ýataklaryň üstüni açmak we özleşdirmek boýunça zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet konsernleriniň we korporasiýanyň işinde ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ussat mugallymlaryň maslahatlaryndan netijeli peýdalanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa ýüzlenip, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy, algy-bergileri, daşary ýurt pulundaky bergilerini tükellemegi tabşyrdy. Çykdajylaryň düzümi, karzlaryň gaýtarylyşy, kuwwatlyklaryň ulanylyşy we iş depgininiň peselmeginiň sebäpleri jikme-jik seljerilip, bu meseleler gözegçilikde saklanylmalydyr.

Nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çeşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipleri taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19832?type=feed

03.02.2021
Işeňňiriň işi ileri

Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek baradaky tagallalaryndan ugur alnyp döredilen we bu gün üstünlikli işleri alyp barýan önümçilikleriň hatarynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumy guwanç bilen agzalmaga mynasypdyr. 2019-njy ýylda tapgyrlaýyn açylyp, işe girizilen ýyladyşhana toplumynyň işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, ýyladyşhana toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşanymyzda aýdyň göz ýetirdik.

Ýyladyşhana toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 34 gektar bolup, şonuň 30 gektary hasyl ýetişdirmäge niýetlenendir. Galan böleginde mejlisler jaýy, naharhana, dynç alyş otagy, kömekçi otaglar, şeýle-de ýyladyşhana toplumynyň işini utgaşykly alyp barmaga niýetlenen otaglar ýerleşýär. Toplum işe girizilen gününden bäri ol ýerde pomidoryň dürli görnüşleri ýetişdirilip gelinýär. Ýyladyşhana toplumynyň işi bilen tanyşlygyň barşynda hünärmen Magtymguly Orazgeldiýew bize önümçilik işiniň ýola goýluşy dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Onuň aýdyşy ýaly, ýyladyşhanada işler möwsümleýin alnyp barylýar. Ol ýerde ýetişdirilýän ekinden 9 aýlap hasyl alynýar, soňra 3 aýlap arassaçylyk we täze hasyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Önümçilik işinde pomidoryň ilat arasynda, galyberse-de daşary bazarda uly isleg bildirilýän görnüşlerini ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berlen ilkinji ýylynda ol ýerde pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Soňabaka täze-täze görnüşleri synag edildi. Häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynda pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilýär. Pomidoryň agzalan görnüşlerinden geçen ýylda ýokary hasyl alyndy. Bu görnüşli pomidorlar ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, ýyladyşhana toplumynyň bölümlerinde pomidoryň 11 görnüşi synag edilýär. Olar görnüş aýratynlygy esasynda aýratyn bölümlerde ýetişdirilýär.

Şu günler ýyladyşhana toplumynyň bölümlerinde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Birkemsiz ýetişen hasyly ýygnamak, olary ýöriteleşdirilen ulaglar bilen bellenilen ýere daşamak we hil barlagyndan geçirmek bilen birlikde, ekine ideg etmek boýunça işler utgaşykly ýerine ýetirilýär. Hasyly ýygnamakda köp sanly ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýändigini görüp has-da begenýärsiň. Bu ýerde ýygyma gatnaşýan gelin-gyzlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar şitilleri oturtmakdan başlap, täze hasyl ýetişýänçä we ýygylýança ähli işlere işjeň gatnaşýandyklary, öz işlerinden lezzet alýandyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Ýeri gelende, ýyladyşhanada pomidor şitilleri oturdylandan soňra, ideg işleriniň ählisi awtomatiki usulda amala aşyrylýandygyny, ýyladyşhananyň howa ulgamynyň, ýagny ýylylygynyň, çyglylygynyň, kömürturşy gazynyň, ýagtylygynyň öňdebaryjy tilsimatlar arkaly awtomatiki usulda sazlanýandygy bellärliklidir.

Pomidoryň «Merlis» görnüşiniň ýetişdirilýän bölüminde bolanymyzda, hasylyň ýygymynyň gyzgalaňly alnyp barylýan pursatlaryna şaýat bolduk. Hünärmen bu görnüşli pomidoryň ýetişdirilişiniň aýratynlygy hakda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, pomidoryň bu görnüşiniň şitilleri ýetişdirilip, ekilenden soňra, 90 günden hasyl berip başlaýar. Pomidoryň bu görnüşi deň häsiýetli ýylylygy we suwaryş şertlerini talap edýär. Ol özüniň özboluşly tagamy we daşky görnüşi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. «Merlis» görnüşli pomidoryň gektary 400 tonna çenli hasyl bermäge ukyplydyr.

Ýyladyşhana toplumynda emeli ýagtylandyryş ulgamynyň synag edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu ulgam ýyladyşhananyň belli bir böleginde ornaşdyrylypdyr. Howanyň ýapyk, ýagny günüň şöhlesiniň az wagty, esasan-da, gyş paslynda ýyladyşhanada önümçiligiň ýokary bolmagyna onuň täsiri uludyr. Bu usul hasyllylygyň ýokary bolmagyna itergi berýär. Hünärmen Mekan Annageldiýewiň aýtmagyna görä, ýyladyşhananyň beýleki ýerlerinden her şitilden 38—40 hoşa hasyl alynýan bolsa, emeli ýagtylandyryş ulgamynyň ornaşdyrylan böleginden 45 hoşa çenli hasyl alynýar. Munuň özi bu öňdebaryjy usulyň önümçilik işine ýetirýän esasy täsirleriniň biridir.

Ýyladyşhana toplumynda işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň bilelikdäki tagallasy bilen ýetişdirilýän tagamy, ýokumlylygy bilen alamatlanýan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pomidor hasyly ildeşlerimiziň saçagyna bereket, ak bazarlarymyza bezeg goşýar. Hasylyň bir bölegi daşarky sarp edijilere ugradylýar. Geçen şanly ýylymyzda ýyladyşhana toplumynyň önümleri «Mahmal» haryt nyşany bilen Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna eksport edildi. Üstümizdäki möwsümde ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri ýokary görnüşli pomidoryň 12,5 müň tonnasyny ýygnap almak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgady bilen barmagy belent maksat tutunýarlar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: ýyladyşhana toplumynyň işinden pursatlar. Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19814

03.02.2021
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ösüş arkaly Parahatçylyk!» şygary has-da giň gerim alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä tejribeleri bilen sazlaşýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary giňden ulanylyşa girizilýär. Bu sanly ulgam babatda-da şeýledir.

Täzeçillik – döwrüň, jemgyýetiň talaby. Asuda Watanymyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzdaky ösüşler bilen baglydyr. Bu günki gün ösen tehnologiýalar arkaly ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ylmy-tehniki, önümçilik hem-de telekeçilik işleriniň goşulyşmagyny göz öňünde tutýar. Sanly tehnologiýalar babatda umumy pikir ýöredilende, onda olar ykdysady ösüşiň tizligini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär. Şeýle tehnologiýalaryň ykdysadyýete düýpli aralaşmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen birlikde, bazar giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary milli ykdysadyýete ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2020–— 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–— 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hereket edip, olarda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işlerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary we gurallary kesgitlenendir.

Milli ykdysadyýetde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilim ulgamy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky ýörite Konsepsiýanyň esasy maksady-da ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hil derejesini bolsa ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Biz geljegi-miz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys».

Ýurdumyzda ähli pudaklaryň sanlaşdyrylmagy, ilkinji nobatda ýaşaýşymyza täzeçilligiň ornaşdyrylmagyna esas bolýar. Ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegi elektron senagatynyň we senagatlaşdyrmagyň görkezijileriniň ýokarlanmagy, bazar gatnaşyklarynyň hem-de il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagy bilen baglydyr.

Sanly ulgam her bir pudakda amatlylygy we oňaýlylygy döredýär. Şeýle bolansoň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, guramalarda täzeçillik hem-de öz işleriniň usullaryny kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Wagt hem serişde tygşytlylygy sanly ulgamdaky esasy aýratynlyklaryň biridir. Gysga wagtda adamzadyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly tehnologiýa, sanly ykdysadyýet döredýän giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ösüşiň bu aýratynlygynyň ýaşlaryň aňyna ornaşmagy we öwrenýän hünärlerinde ondan giňden peýdalanmaklary üçin ýeterlik derejede bilimli bolmagy, tejribe toplamagy zerurdyr. Şonuň üçin hem ýaş hünärmenleriň hünär derejeleriniň has-da ýokarlanmagyna, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýşa eýe bolmaklaryna aýratyn üns berilýär.

Ylmyň we tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösýän zamanynda ýaş nesilleriň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň biridir. Munuň özi, innowasiýa taýdan ösüşe tarap ugur alynýan, her bir pudakda ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda geljekde-de işleriň rowaçlanmagyna giň ýol açýar.

Ýagmyr BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19818

03.02.2021
Ösüşli menziller

Her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini agzybirlikde, jebislikde, bir başa bakmakda görýän türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişlikleriň mekanynda agzybir ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan baky Bitarap Diýarymyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň zähmetsöýer halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna täsir ediji häsiýete eýe boldy.

Türkmenistanda senagat toplumlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini şertlendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär. Ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod işe girizildi. «Mawy ýangyçdan» öndürilýän ECO-93 benzinini dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.

Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Şol sebäpli ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak ugruny işjeň amala aşyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen birlikde, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin häzirki zaman tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçil pikirlenýän, dünýä dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Örän gysga wagtyň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklary ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine getirýär. Şonuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyz batly gadamlar bilen ösüşleriň belentliklerine tarap barýar. Ata Watanymyzy ösüşiň aýdyň ýolunda kuwwatly ýurda öwüren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Myrat TÄÇMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19815

03.02.2021
Ykdysadyýet

Täze hususy kärhana gurlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri mahabatlandyrmaga mätäç däl. Kärhana plastik aýnalary, demir we agaçdan ýasalan gapylary, ýaşaýyş hem-de ofis jaýlaryna niýetlenen mebelleri ýasamaga, myhmanhana we aşhana otaglary üçin niýetlenen beýleki önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýar.

Içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümlere bolan islegiň barha artýandygyny nazara alyp, «Hilal» hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde täze önümçiligi ýola goýmagy we özüniň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmagy meýilleşdirýär. Kärhana öz güýji bilen ýakyn geljekde welaýat merkezinde mebelleriň dürli görnüşlerini çykarmaga ýöriteleşdirilen täze kärhanany gurmagy göz öňünde tutýar. Onuň gurluşygy üçin 2 gektar ýer bölünip berildi. Kuwwatlylygy ýylda 2000 jübüt önüm öndürmäge niýetlenen bu kärhana ýokary hilli tehnologiýalary ulanmak esasynda gurlar. Täze önümçilik dolulygyna diýen ýaly awtomatlaşdyrylar.

Hünärmenleri okatmak we olaryň gatyşyk hünärleri ele almaklary ýaly meseleler hem öňünden çözüldi. Telekeçiligi ösdürmek boýunça berilýän döwlet goldawy hususy önüm öndürijileriň önümleriniň göwrümini we görnüşlerini artdyrmaklaryna, hilini ýokarlandyrmaklaryna giň mümkinçilikleri açýar. Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi häzirki zaman ülňüli mebel önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça öňde goýlan umumydöwlet wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer. Geljekde hereket edip başlajak täze önümçiligiň ilaty iş bilen üpjün etmekde, welaýatymyzyň ykdysady ösüşinde örän uly ähmiýeti bolar.

* * *

Giň gerimli gurluşyklar

Welaýatymyzyň ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösüşinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherinde ýerleşýän demir-beton önümleri kärhanasynyň möhüm orny bar. Soňky ýyllarda kärhana diňe bir jaý gurluşygy üçin zerur bolan demir-beton gurnamalaryny öndürmän, eýsem gurluşyk işlerini-de amala aşyrýar. Onuň hünärmenleri häzirki wagtda welaýat merkezinde kerpiçden we iri panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda tutanýerlilik görkezýärler. Mundan başga-da, etraplaryň birnäçesiniň çäginde kärhananyň hünärmenleriniň tagallasy bilen, döwrebap taslamalar boýunça kottej jaýlary-da gurulýar. Şonda agzalan kärhananyň bu işlere ýerli telekeçilik düzümlerini höwes bilen çekýändigini-de bellemek gerek. Mysal üçin, hususy kärhanalaryň ençemesi bäş otagly, bir gatly, amatlylygy gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga tabşyrmakda yhlaslylyk görkezdiler. Olara mysal edip, Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň çägindäki täze jaýlary görkezmek bolýar. Şonuň ýaly jaýlaryň dördüsi demir-beton önümleri kärhanasynyň hyzmatdaşlary tarapyndan Akdepe şäherinde hem-de iki gatly kottej jaýlarynyň üçüsi Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň merkezinde gurlup, ulanylmaga berildi.

Daşoguz şäherindäki demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň mundan birnäçe ýyl öň durky täzelenildi, täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Olaryň ygtybarly ulanylmagy ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümlere bolsa gurluşyk pudagynda, jemagat hojalygynda we beýleki ugurlarda isleg barha artýar.

Öre HOJAÝEW,

öz habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19765

02.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.

Häkim alnyp barylýan işler barada hasabat berip, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi.

Häkimiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berşi ýaly, welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi, dänäniň bereketli hasylyny almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin bildirilýän talaplara laýyklykda işler alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini habar berdi.

Mundan başga-da Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň “ak altyn” ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem häkime ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa günbatar sebitde obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda degişli işleriň durmuşa geçirilişi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda yzygiderli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.

Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, şeýle hem bugdaýa ideg edilişini, hususan-da, bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek hem-de azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalar edilýär.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin bellenilen işleri ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn çäreler görülýär.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Milli Liderimize ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edilişi boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi we şunuň bilen baglanyşykly ähli çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilýän ähli işleriň doly möçberde ýerine ýetirilmegini gazanmagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk işlerini tamamlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşynyň we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmek baradaky meselelere aýratyn üns berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, hususan-da, ýerleriň sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur bolan tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek hem-de azyk üpjünçiligini artdyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek üçin hemme çäreleriň görülýändigi habar berildi.

Mundan başga-da ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli esasda geçirilýändigi barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna gönükdirilen degişli anyk çäreler amala aşyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýdan işleri geçirilende, agrotehniki kadalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň we hökmany ýagdaýda welaýatyň toprak-howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk we öz wagtynda taýýarlamagyň, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtap, tehnikalar we zerur bolan oba hojalyk gurallaryny doly derejede taýýarlamagy, pagta öndürijileri saýlama tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy, munuň özi öňde boljak möwsümi bellenen möhletde we ýokary hil derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryna bildirilýän talaplara laýyklykda ideg edilmegi dowam etdirilmelidir. Bu bolsa bugdaýyň ýokary hasylyny almaga hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönüden-göni hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ekerançylygyň baý milli tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyryp, işjeň peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, bu ugurda Türkmen oba hojalyk institutynyň alymlary bilen bilelikde işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz alymlaryň oba hojalyk ekinleri, aýratyn hem, ýeralma boýunça işläp, bu azyklyk önümiň hilini, önümliligini we ýokumlylygyny artdyrmaga aýratyn üns bermekleriniň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şol ekiniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde bu institutyň hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagynyň zerurdygy barada aýdyp, degişli görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak zerurdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmagy maksat edinilýän dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi.

Welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada hem häkime tabşyryk berildi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Sebitde ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar, dänäniň bereketli hasylyny öndürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri geçirilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigi habar berildi.

Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen tertibe laýyklykda tamamlanmagy üçin hemme zerur işler geçirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi jemledi hem-de agrotehnikanyň bellenen kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeli meýdan işleriniň guralyşyna örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Munuň özi, ilkinji nobatda, güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegine, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine degişlidir. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyryp, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu wezipeleri ýerine ýetirmekde alymlar bilen bilelikde işlemegi tabşyryp, amaly tarapdan netije berjek ylmy taýdan esaslandyrylan işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bina edilýän desgalardaky, ilkinji nobatda, şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, welaýatda ekiş geçirilen meýdanlarda maýsalara ideg işleri bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylýar, bugdaý ýetişdirilýän meýdanlaryň iýmitlendirilmegi agrotehniki kadalara pugta laýyklykda alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, möwsümleýin işleri öz wagtynda geçirmegiň, ekerançylary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň özenidigini nygtady.

Şunda güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg etmek, gowaça, gök-bakja ekinlerini we ýeralma ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň degişli derejede taýýarlanylmagy, bu çäreleriň agrotehniki kadalara laýyk gelmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tehnikalary we gurallary öňde boljak ekiş möwsümine doly taýýarlamak, pagtaçylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, işleri agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk we elektrik energiýasy bilen zerur derejede üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.

Wise-premýer alnyp barlan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek babatda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de degişli gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlardaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň abat ýagdaýda saklanylmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygy barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta çig malynyň ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini hem-de ekiş möwsümi üçin zerur bolan gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz galla kärhanalarynda azyklyk bugdaýyň talabalaýyk saklanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýokary hilli un, çörek we çörek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň geçen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna bolşy ýaly, wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem her pudak boýunça alnyp barylýan işleriň seljerilmeginiň tabşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň öňde boljak giňişleýin mejlisine degişli hasabaty taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere ýene-de bir gezek görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19789?type=feed

02.02.2021