Sazlaşykly ösüşleriň binýady

Sanlylaşdyrma milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm ugur bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan parasatly başlangyjydyr. Milli Liderimiz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly, ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da güýçlendirmegi, halkymyzyň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda zerur işler güýçli depginde durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy öwretmek maksady bilen, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde degişli dersler girizildi. Munuň özi talyp ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrümiziň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi babatda uly mümkinçilikleri hödürleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde talyp ýaşlaryň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okaýan talyp ýaşlar hem saýlap alan hünärleri boýunça ýokary hilli bilim alýarlar. Geçilýän okuw sapaklary geljekki hünärmenleriň täze tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini alyp barmagyna, öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilýär.

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup, halkymyzyň durmuş derejesini barha ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de ylmyň täze gazananlaryny peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň uglewodorod baýlyklaryndan has-da netijeli peýdalanmak wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Şol wezipeleri durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hem-de döredijilikli işlemegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şeýle hünärmenleri kemala getirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda sanly ulgamyň gazananlary işjeň peýdalanylýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Altyn MYRADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25103