Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça ylmy esasda amala aşyrylýan işler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna aýratyn bezeg berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň, halk hojalygynyň durnukly ösýän şertlerinde amatly daşky gurşawy, türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi hem bu syýasatyň miwesidir.
Aralyň guramagy netijesinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etmek üçin, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy taýýarlandy. Aral sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlary kesgitlendi. Bu Konsepsiýa ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri üpjün etmek, suw serişdelerini dolandyrmagyň we peýdalanmagyň ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek, biodürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar. Aral sebitinde ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmak, oba hojalygyny ösdürmek we ýerden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak bilen bir hatarda ýörite senagat zolagyny döretmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmagy bu Konsepsiýanyň esasy aýratynlygydyr. Onuň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Türkmen oba hojalyk institutynda hem meýilnamalaýyn işler göz öňünde tutulýar.
Aral meselesi bilen bagly wezipelerden ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary-da «Altyn asyr» Türkmen kölüniň akaba suwlaryny ulanyp, duza durnukly ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek», «Duza çydamly ösümlikleri (galofitleri) we süýji buýany ösdürip ýetişdirmek arkaly şorlaşan ýerleri özleşdirmek» hem-de «Zeýkeş suwlaryny ulanmak arkaly şorlaşan ýerlerde şalyny ösdürip ýetişdirmek» ýaly ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahaly ekiler. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler Aralyň zyýanly täsirini peseltmekde, çölleşmäge garşy göreşmekde, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda uly ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, howa şertlerine laýyklykda, 31-nji martda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda demirgazyk welaýatda 155 müň gektara gowaça ekilip, «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende bellesek, agaçlardan gorag zolaklarynyň döredilmegi oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almaga ýardam edýär. 2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolanynda, hormatly Prezidentimiz giň ekin meýdanlarynyň gyrasynda ösüp oturan tut agaçlaryny synlap, agaçlaryň ekin meýdanlarynyň golaýynda oturdylmagynyň bugdaýy, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýelden goraýandygyna hem-de suwaryş akabalarynyň kenarlarynyň berk bolmagyna ýardam edýändigine we daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň kadaly bolmagyny üpjün edýändigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagy ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň öňünde wezipe edip goýýar. Olary amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Maldarçylykda öri meýdan dolanyşygyny alyp barmak, ot-iýmlik agaç-gyrymsy ösümliklerden öri meýdanlarynyň gorag zolaklaryny döretmek, örüde bakylýan maldarçylygy ösdürmek ýaly derwaýys işlere giň gerim berilýär. Obasenagat toplumynyň inžener-tehniki kuwwaty artdyrylyp, innowasion tehnologiýaly enjamlar, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan wideoşekilli iş maslahatlarynda obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri has-da ýaýbaňlandyrmaga aýratyn üns berip, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini talabalaýyk geçirmek hakynda berýän tabşyryklary we döredýän şertleri zähmetsöýer daýhanlarymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň kabul edýän çözgütlerinden ruhlanýan pudagyň işgärleri tehniki hyzmatlar we suw mineral dökünlerdir tohum, himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Özleri hakdaky edilýän aladalaryň hözirini görýän daýhanlarymyz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýärler.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna ylmyň öňdebaryjy gazananlary ekerançylygyň baý milli tejribesi bilen utgaşdyrylyp ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdebimiziň alymlary ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary bilen bilelikde işleýärler. Professor-mugallymlarymyz ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylygy ösdürmek, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy-usuly gollanmalary taýýarlap, welaýatyň zähmetkeş daýhanlaryna hödürleýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalykçy alymlaryň oba hojalyk ekinlerini, aýratyn hem, ýeralmany ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek boýunça işläp, bu azyklyk önümiň hilini, önümliligini we ýokumlylygyny artdyrmaga aýratyn üns bermeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky görkezmelerine laýyklykda, institutyň degişli kafedralarynda ýeralmany ylmy esasda ösdürip ýetişdirmegiň usulyýet esaslary işlenip düzüldi. Institutyň agromeýdançasynda, okuw-tejribe hojalygynda bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bilim ojagymyzda «Oba hojalygynyň seçgisi we tohumçylygy», «Ýyladyşhana hojalygy» ýaly täze açylan hünärler boýunça talyplara döwrebap bilim berlip, olar hem ylmy-barlag işlerine çekilýär.
Adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen, dünýä nusgalyk, beýik başlangyçlary öňe sürýän, milli bilim ulgamyny innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürmek boýunça giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Allaberdi GAPUROW, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.