Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda düýpli bazar özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bazar özgertmeleri diňe jemgyýetçilik önümçiligini senagatlaşdyrmaga gönükdirilmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň ösüş ugurlarynyň sazlaşdyrylmagynyň wajyp guralyny hem esaslandyrýar. Ýurdumyzda maýa goýum çekmek mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmeklik işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna ykdysadyýetimizde maliýe serişdelerini amatly paýlamak, şeýle hem durnukly esasda uzakmöhletli maýa goýumlaryny çekmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Milli Lidermiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek babatynda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biri hem bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek maksady bilen paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmatly kagyzlar bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek babatynda anyk çäreleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Gymmatly kagyzlar bazarynyň ösmegi üçin bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilen hukuk binýady kemala getirildi.

Milli ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet gymmatly kagyzlar bazaryny kadalaşdyrýar. Jemgyýetde maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen ähli mümkin bolan şertler we mümkinçilikler giňden ulanylýar.

Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna kem-kemden geçmegi, onuň netijesinde eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagy gymmatly kagyzlaryň dolanyşyga girizilmegine itergi berdi. Döwletimizde gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallary düzgünleşdirmek boýunça halkara derejesine laýyk gelýän kanunçylyk hukuk binýadyny döretmek maksady bilen degişli kanunçylyk namalaryna birnäçe goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», 1999-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakynda» düzgünnama kabul edildi.

2014-nji ýylda kabul edilen «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Kanunda Türkmenistanyň çäklerinde dolanyşykda bolup biljek gymmatly kagyzlaryň görnüşleri, gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylar, olaryň iş çygyrlary, gymmatly kagyzlary dolanyşyga goýbermegiň, olaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibi kesgitlenen.

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» aýrylmaz bölegi hökmünde gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň esasy maksady maýa goýumlaryny çekmegiň netijeli usulyny döretmek, maýany bir ýere jemlemek we ony ykdysadyýetiň pudaklarynyň hem-de hojalygy ýöredijileriň arasynda gaýtadan rejeli paýlamak bolup durýar.

Ýurdumyzda kagyzlar bazarynyň işläp başlamagy bilen, maýalaýyn serişdeleri işjeň ulanýan tarap bolup kärhanalar, telekeçiler çykyş edýärler. Maliýe bazarynyň ösdürilmeginiň zerurlygy öz-özünden däl-de, eýsem, göni önümçiligiň aýratynlyklaryndan we talaplaryndan gelip çykýar. Döwletiň edara görnüşli taraplarynyň paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi, paýnamalaryň dolanyşyga goýberilmegi bir tarapdan edara-kärhanalaryň girdejisiniň artmagyna we raýatlaryň goşmaça girdeji gazanmagyna şertleri döredip, beýleki tarapdan ýurduň içerki maliýe ýagdaýynyň durnuklylygyna oňyn täsir edýär we ykdysady görkezijileriň düýpli gowulanmagyna şert döredýär. Şeýle-de, milli maliýe ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge we düýpli özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmäge itergi berýär.

Ýurdumyzyň gazna bazary milli maliýe bazaryň esasy bölegi bolmak bilen, eýeçiligiň täzeden netijeli paýlanmagyna we milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegine ygtybarly binýat bolýar. Şunda gazna bazarynyň netijeli işi maýa goýum goruny emele getirmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny guramak babatynda alnyp barylýan belent tutumly işleri goldap, olara goşant goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy bilen täze gurulýan senagat desgalarynyň sany hem ýylsaýyn artýar. Şonuň bilen bir hatarda, welaýatlarymyzyň ählisinde täze etraplar, şäherçelerdir obalar emele getirildi. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpgöter özgerýär, olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, medeniýet köşkleri we beýleki durmuş-ykdysady önümçilik desgalary gurulýar. Türkmen döwletiniň üstünlikli ösüşini üpjün etmäge uly ýardam edýän iri senagat kärhanalaryny gurmak, ýagny dünýä bazarlarynda ýokary bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürýän önümçilik kärhanalaryny kemala getirmek işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli amala aşyryldy.

Goý, ata Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Serdar GURDOW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik bölüminiň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24925