Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil syýasaty ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň hereketlendirijisidir

Watanymyzyň taryhynda täze parlament düzümi bolan Halk Maslahatyna üstünlikli geçirilen ilkinji saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli we döwletimiziň demokratik, hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, hakyky halk häkimiýet ýörelgeleriniň tassyklanmagyna gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu edara milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine işläp taýýarlan hem-de amala aşyrýan durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň jemlerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, ähli sebitlerde we paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip, ykrar edildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda geçirilen ses bermeleriň netijeleri hakyndaky Teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam, jemi 48 adam saýlanyldy. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar.

Biraz öňe gidip aýtsak, 30-njy martda döwlet Baştutanymyza wekilçilikli guramanyň täze palatasyna agzalygyň şahsyýetnamasy gowşuryldy.

Milli Liderimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalaryň ilkinji saýlawlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolandygyny nygtap, saýlawlary guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi we saýlawçylaryň belent ynamynyň özüni Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek meseleleri Hökümet mejlisinde garalan ýene-de bir möhüm mesele boldy. Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki döwrüň şygaryna gabat gelýändigini bellemek gerek. Ösüşe we parahatçylyga bolan gyzyklanmalar onuň esasyny düzýär hem-de şöhratly pederlerimiziň belent we gymmatly wesýetleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ýuridik tarap hökmünde haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gaznanyň Tertipnamasy, düzümi we işgär birligi tassyklanyldy. Ony Aşgabatdaky Türkmenistanyň Halkara Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirmek kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özüniň zähmet hakyndan bu haýyr-sahawat gaznasyna ilkinji pul serişdesini geçirýändigini habar berdi. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermäge gyzyklanma bildirýän watandaşlarymyz we daşary ýurt raýatlary bu gazna öz gazanjyndan pul serişdelerini geçirip bilerler.

Şol gün Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Merkezi bankda haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pulundaky hasaby açyldy. Onuň serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk we bilim hyzmatlary, çagalaryň doly derejeli dynç alşy we beýleki hajatlary üçin gönükdiriler.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde welaýatlarda, Aşgabat şäherinde bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy.

Oňa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti, Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türk geňeşiniň baş sekretary Bagdat Amreýew gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän köpugurly döwletara gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş etmek bilen, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwletara derejede, sebit we halkara görnüşde guralýan netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we daşky gurşawy goramak ýaly üç ugra aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag we ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda halkara derejedäki gepleşikleriň çäginde, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde olary ara alyp maslahatlaşmak üçin döwletimizde amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ýola goýulýan dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýet, ylym we bilim ugurlaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň geriminiň giňeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we foruma gatnaşyjy döwletleriň belli şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň we medeniýet işgärleriniň eserlerini dünýäde ýaýratmak we wagyz etmek boýunça degişli işleri geçirmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleriniň ünsüni tutuş dünýäde ýeňil bolmadyk synaga öwrülen we çynlakaý wehim salýan täze görnüşli koronawirus ýokanjy ýaly möhüm meselä çekdi. Ony ýeňip geçmek üçin dünýä bileleşiginiň ägirt uly tagallalary zerur bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türki dilli ýurtlar bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe topladylar we geljekde bu ýurtlaryň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde bu ugurda zerur işleri ýerine ýetirmekleri wajyp bolup durýar.

Foruma gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary, öz gezeklerinde, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde we dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak meseleleriniň zerurdygyny nygtadylar we Merkezi Aziýada çäk taýdan amatly ýerleşen hem-de ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna ýolbaşçylyk edýän orunbasarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de öňde boljak şanly seneleriň taýýarlyk derejesine garaldy.

Milli Liderimiz öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, gowaça ekişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, ak ekinlere we beýleki ekinlere ideg etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Pile taýýarlamak, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň ýazky möwsümini bellenen möhletlerde tamamlamak, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işlerine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Gurluşyklarda ekologiýa taýdan arassa serişdeler netijeli peýdalanylmalydyr we işler kesgitlenen tertipnama laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça hökümet toparyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi hem-de onuň düzümi we düzgünnamasy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirdi.

Saparyň dowamynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň işleriniň çäklerinde, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklary, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Iş mejlisiniň jemleri boýunça dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara we pudagara resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda “Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini (2005 ý.) ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ylalaşyga»; “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Teswirnama”; “Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ähtnama”; “Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; «Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Döwlet ýöriteleşdirilen Russiýa eksport-import bankynyň (paýdarlar jemgyýetiniň) arasyndaky Ähtnama” bar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we bilim boýunça Geňeşiň başlygynyň orunbasary D.Medwedew bilen duşuşdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda kesgitlenen binýatlyk ýörelgeleri nazara almak bilen, howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Şolaryň dowamynda dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Onuň gün tertibine sebit we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlaryndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen baglanyşykly meseleler toplumy girizildi.

Russiýanyň iri sebitleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugrudyr. Şunda, Astrahan welaýaty bilen ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugy esasynda geçen hepdede bu sebite Türkmenistanda öndürilen önümler ugradyldy. Munuň özi häzirki çylşyrymly pursatda ýakyn goňşularymyza edilýän goldawyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasynyň we iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň guramagynda geçirilen ýörite web maslahat oba hojalygy pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

Fransiýanyň 35-e golaý iri kompaniýalarynyň wekilleri bu ugurdaky eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda goňşy ýurduň iri sebitleriniň resmi wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi.

Aşgabatda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” ady bilen halkara maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler we Bilim ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy guradylar.

Umumy mejlisde Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň diplomatlary we alymlary çykyş etdiler.

Çykyşlar Muhammet Baýram han Türkmeniň ömrüne degişli taryhy-edebi maglumatlara, edebi, pelsepewi, ynsanperwer dünýägaraýyşlary öz içine alýan döredijiliginiň aýratynlyklaryna, XVI asyrda Gündogaryň iri döwletleriniň biri bolan Beýik Mogollar döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna bagyşlandy.

Baýram han Türkmen Beýik Mogollar döwletini dolandyrmak işine gatnaşyp, özüni diňe bir beýik serkerde hökmünde däl, eýsem, türkmen dilinde 350 sany şahyrana eseri, pars dilinde bolsa 600-den gowrak gazallary, rubagylary, kasydalary döredip, baý döredijilik mirasy bolan şahyr hökmünde tanalýar. Onuň ylmyň dürli ugurlary, şol sanda astronomiýa, lukmançylyk, hukuk ulgamyndaky eserleri bu şahsyýetiň düşünjesiniň örän giňdigini aýdyň edýär.

Çykyşlaryň köpüsi Baýram hanyň halkara gatnaşyklar boýunça diplomatik, pelsepe garaýyşlaryna, medeni diplomatiýasyna, ýaş nesillerde watansöýüjilik we ýokary ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemek ýörelgelerine bagyşlandy.

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan senesine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Olar ekişe, howa şertlerine laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk başladylar.

Şu ýyl welaýat boýunça 155 müň gektara gowaça ekiler. Şondan 275 müň tonna “ak altyn” ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekiş döwründe ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2 müň 20-den gowragy, beýleki döwrebap tehnikalar ulanylar.

Dürli pursatlara baý bolan geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmek, milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ulgamyny nazarlaýan giň möçberli başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň beýanyna öwrüldi.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25071?type=feed