Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025 –nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek işlerini alyp barýar. Bu möhüm işiň gözbaşynda bolsa 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara serginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üçtaraplaýyn taslama resminamasynyň baglanyşylmagy durýar.
Bu taslama esasynda eksport-import amallaryna gatnaşýan döwlet edaralarynyň özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak arkaly «Bir penjire» ulgamynyň netijeli girizilmegi üpjün ediler. Taslamanyň çäginde eksport-import amallaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşmeleriniň arasynda elektron resminama dolanyşygy ýola goýlar. Şunuň netijesinde «Bir penjire» ulgamynyň işe ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini, halkara söwdasyny ösdürmäge has giň ýol açar.
Ýurdumyzda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak üçin degişli şertleri döredýän we onuň üçin platforma bolup durýan «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy gümrük edaralarynda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly işe girizildi. Bu taslamanyň maksady edarada özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek arkaly «Bir penjire» ulgamynyň netijeliligini üpjün etmekden Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen import we eksport düzgünlerinde amala aşyrylanda, gözegçilige gatnaşýan döwlet gözegçilik edaralarynyň arasyndaky özara işi berkitmekden, ygtyýarnamalaryň, güwänamalaryň we rugsatnamalaryň integrirlenen monitoringini we gözegçiligini ýola goýmakdan, gümrük taýdan resmileşdirme işleri amala aşyrylanda, pudagara töwekgelçilik dolandyrylyşy girizmekden, Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady integrasiýasyndaky we halkara söwdasyndaky mümkinçilikleri berkitmekden ybarat.
2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen-owgan dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan iri üç sany taslamanyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň sebitiň ulag-logistika merkezine öwrülendiginiň anyk subutnamasydyr.
2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bagtyýarlyk döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» atly 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topar döredildi hem-de bu toparyň düzümi, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Bu taslama, esasan, harytlar daşary ýurtlara çykarylanda we ýurda getirilýän taraplar üçin açyk we öňünden kesgitläp boljak söwda gurşawyny hem-de işewürlik, maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň «Mynasyp iş we ykdysady ösüş» atly maksadyna, şeýle hem gümrük we serhedi goramaga jogapkär beýleki döwlet gözegçilik edaralarynyň iş mümkinçiliklerini berkitmek hem-de sebit integrasiýasyny höweslendirmek arkaly «Parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralar» atly maksadyna ýetmäge gönükdirilendir.
Garaşsyz Diýarymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belent zähmet üstünliklerine beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda amala aşyrýan döwrebap özgertmeleri, mähriban halkynyň bagtyýar geljegini nazarlaýan beýik tutumly işleri üçin hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.
Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.