Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu bolsa döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösüşi üpjün edýän döwletdiginiň baş görkezijisi bolup durýar. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durnukly ösüş, ykdysady kuwwatlylyk birsyhly ösýär, geljek üçin ösüşiň tapgyrlary meýilnamalaýyn alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri giň möçberli öňdebaryjy özgertmelere beslenýär. Ýurdumyz Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň agzasy bolmak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täsirli gurallary işläp taýýarlamaga, geljek üçin ykdysady ulgamy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge saldamly goşant goşýar.

Ýurdy ösdürmekde ykdysadyýeti meýilnamalaşdyrmagyň maksatnamalaýyn görnüşi gowy netijeleriň gazanylmagyna täsir edýär. Ösüş meýilnamasynyň bellibir maksatly görnüşi esasy ileri tutulýan ugurlary, tapgyrlary, serişdeleri we usullary kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň özenini durmuş-ykdysady ölçegleri giňeltmek, demografik we ekologik görkezijileri gowulandyrmak, welaýatlaryň ilatynyň durmuşyny, önümçiligiň pudaklarynyň ösüşini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler düzýär.

Ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine möhüm orun degişlidir. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys wezipeleriň biridir. Bu ulgam has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmak, býujeti taýýarlamak, maglumatlaryň netijeliligini, takyklygyny we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmak maksatlaryny nazarlaýar. Innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallary býujet işine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli maglumatlaryň alşylmagyny aňsatlaşdyrýar, tizleşdirýär we howpsuzlygyny üpjün edýär.

Sanly usullar milli maliýe ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Mejlisler geçirilende, sanly goldaw, pudaklaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maliýe-ykdysady işleriniň jemlerini beýan edýän seljerme hem-de hasaplaşyk maglumatlarynyň örän uly mukdaryny hödürlemekde hem bu ulgam işjeň ulanylýar. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilkibaşky hasaba alyş resminamalary hem-de buhgalterçilik hasabatynyň görkezijisi kagyz görnüşinde bolşy ýaly, elektron göterijide hem düzülip bilinýär we olaryň iki görnüşi-de deň hukuk güýjüne eýedir.

Maliýe-ykdysady ulgamy sanlylaşdyrmak boýunça işler tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär, işiň dürli ugurlaryna elektron ulgamlary ornaşdyrylýar. Halkara maliýe edaralary, guramalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli onlaýn okuw maslahatlary, duşuşyklary, iş maslahatlary, okuwlary geçirilýär.

Sanly ulgama geçmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugur ykdysady we durmuş ösüşi üçin köp mümkinçilik döredýär. Sanly ulgama geçilende, pudaklaryň mümkinçilikleri giňeýär, sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlary durnukly ösüş babatda birnäçe maksatlara ýetmäge gönüden-göni täsir edýär.

Ykdysady ösüş bilen bilelikde halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasat yzygiderli alnyp barylýar. Döwletimizde ilatyň kepillendirilen durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwletli başlangyçlary ýola goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Jahan GURBANOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25212