Innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet

Döwür ösýär, özgerýär. Adamyň durmuşy kämillige, köneden täzä, has anyk aýdylanda, ýönekeýlikden döwrebaplyga tarap barha öňe ümzük atýar. Şonuň bilen birlikde, şeýle döwürde ýaşamak üçin onuň adamyň öňünde goýýan talaplary hem artýar. Adam gündelik iş-aladalary, şahsy zerurlyklary, maşgala garamaty ýaly köp sanly hysyrdylarynyň her biri üçin aýratyn wagt tapyp, olaryň hemmesine-de ýetişmeli. Munuň üçin ol özüniň iň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan wagtyny tygşytly we rejeli, netijeli peýdalanyp bilmegi başarmaly. Wagt häzirki zaman dünýäsiniň barha ösýän bazar ykdysadyýeti, maglumatlardyr bähbitleriň sansyz köpdürlüligi şertlerinde öz gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Durmuş tejribesi bilen muňa kemsiz düşünýän adam welin, hemişe ondan ýerlikli peýdalanmagyň, täzeçilligiň, ösüşleriň gözleginde. Döreden «akyl önümleri» bolan sanly tehnologiýalar häzirki zaman dünýäsinde agzalan hysyrdylaryň ählisine-de ýetişmegi üçin adamyň iň dessin hem ygtybarly kömekçilerine öwrülýär.

Eýsem-de, sanly tehnologiýalaryň bir adamyň durmuşyndaky orny, zerurlygy şeýle köptaraply bolsa, olaryň tutuş halkyň, jemgyýetiň, döwletiň durmuşyndaky ähmiýetiniň näderejede uludygy öz-özünden düşnüklidir. Adamzat indi maglumatlar jemgyýetinde, innowasiýalar eýýamynda ýaşaýar. Dessinlik, tizlik, habarlylyk, bökdençsiz, ýokary derejeli sanly aragatnaşyk ýaly görkezijiler şu eýýamyň, şu döwrüň aýratynlyklaryny, ösüşiniň hilini düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde haýsydyr bir ýurduň ösüşine baha berilmeli bolanda, ilkinji nobatda, şol ýurtda ylymly-bilimli, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalar, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylyşy, ykdysadyýetiň pudaklarynda olardan netijeli peýdalanylyşy göz öňünde tutulýar. Biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň hut özüniň bu ugra içgin üns bermegi bilen, zerur bolan ähli şertler döredilip, tapgyrlaýyn hem toplumlaýyn maksatnamalar boýunça sanly ykdysadyýete geçmek babatda düýpli işler, özgertmeler durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» 2020 — 2023-nji ýyllara niýetlenilen ikinji tapgyry dowam edýär. Ozalky tapgyrda Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, synag taslamalaryny saýlap almak, bu ugurda aýratyn çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýurdumyzyň mümkinçiliklerini we ähli pudaklaryň taýýarlygyny, sanly ykdysadyýete geçmegiň we ony ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny seljermek hem-de kämilleşdirmek, bäsleşikleri yglan etmek, hyzmatdaşlary saýlap almak hem-de şertnamalary baglaşmak, maýa goýum gurşawyny emele getirmek, taslamalary maliýeleşdirmek üçin merkezleşdirilen we ýerli býujetleri emele getirmek ýaly wezipeler ýerine ýetirildi. Häzirki tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek ýaly wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň bu tapgyrynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri bir ýerde jemlenen, köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek, ulgamyň işini döwrebap derejede ýola goýmak babatdaky işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde köp sanly möhüm döwlet resminamalary bilen bir hatarda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmek hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak esasy maksat hökmünde kesgitlenilen bu resminamada bellenilen wezipeleri, esasan, sanly üpjünçilik ulgamyny ösdürmek; ilata sanly hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek; adam maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak, innowasion ösüş institutlaryny döretmek, sanly ekoulgamy özgertmegiň hasabyna döwletiň ösüşiniň depginini has-da güýçlendirmek; ýurduň ykdysadyýetine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek ýaly dört ugur boýunça ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylar hem-de kämilleşdiriler. Saglygy goraýyş, bilim, syýahatçylyk, jemagat hojalygy, bank, ätiýaçlandyryş, aragatnaşyk, ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we ulag hyzmatlarynyň, häkimlikleriň, döwlet statistikasynyň we beýleki edaralaryň hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly çalt hem kämil derejede ýerine ýetirilmeginiň netijesinde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş depginleri, bäsdeşlige ukyplylygy görnetin ýokarlandyrylar.

Hormatly Prezidentimiz: «Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge ýardam eder» diýip belleýär. Şonuň üçin milli Liderimiz ýurdumyzda sanly bilim we sanly ykdysadyýet ulgamlaryny ösdürmäge örän uly ähmiýet berýär. Sanly ulgama çalt we netijeli geçmek, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan işjeň peýdalanmak dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlarda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmaga, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ösüşini artdyrmaga, ösen we öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ähli ugurlarda ornaşdyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini, ilatyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň hem-de uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlarynyň netijesinde, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler, ilkinji nobatda, halkyň bähbidinden ugur alýar. Ýurdumyzda innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler, nesip bolsa, ýakyn geljekde has uly ösüşleri gazanmaga ýardam berjek täze, döwrebap mümkinçilikleri döreder.

Aýmyrat PIRJIKOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/24618