Eziz Diýar bagtyýarlyga beslenýär

Bagtyýar halkymyzyň her bir güni täze ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşiň esasyny düzýän nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz dünýäde ösüşleriň ýurdy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde uly abraý-mertebä eýe boldy. Bu hakykat biziň her birimiziň ýüreklerimizi joşdurýar.

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir türkmen halkynyň berkararlygyň eýesidigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy bolan halkymyz üçin bagtyýarlyk düşünjesiniň çuňňur many-mazmuny eşretli durmuşyň güwäsi bolup aýdyň ýüze çykýar. Dünýä parahatçylyk nuruny çaýýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler, hususan-da, ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmäge, innowasiýalaryň binýadynda we goldawy esasynda senagat pudagyny berkitmäge we giňeltmäge, bar bolan senagat kärhanalaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem täze senagat kärhanalary döredilip, hususy senagat kärhanalary goldanylýar. Eksporta iberilýän senagat önümleriniň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýaly ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes ýörelgelerimiz häzirki döwürde döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ykdysady ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşy bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň bagtyýarlyk döwrümizde has-da ösdürilýändiginiň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Sagdyn jemgyýetiň esasyny, elbetde, ruhy we ahlak gymmatlyklary özünde jemlemegi başarýan kämil şahsyýetler, ýagny ýurt raýatlary düzýär. Gahryman Arkadagymyz bu möhüm ugry hemişe üns merkezinde saklaýar. Şonuň netijesinde milli Liderimiz ösen ykdysadyýeti, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýörelgesinden ugur alyp, bu ugurda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleri netijesinde ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleriň düýpli kämilleşdirilmelidigini belleýär. Bu tagallalar diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem sagdyn jemgyýetiň doly kemala gelmeginde möhüm bolup durýar. Şeýle hem ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň esasyny düzýär.

Watanymyzyň ähli ugurlary öz içine alýan ösüş depgini günsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, ähli pudaklaryň düşewüntliligini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli artdyrylmagy, bu ugurda amal edilýän uly işler bilen bagly öňdengörüjilikli we oýlanyşykly iňňän sagdyn syýasat biziň ähli ösüşlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň süňňüni düzýär. Ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran, täze ykdysady ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli hem-de aýdyň maksatly işlerinde watansöýüjiligiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent nusgasyny görýäris. Bu ata Watanymyzyň älemi haýrana goýýan ösüşleriň mekanydygyna güwä geçýär.

Ýurt gülleýär, agzybir, zähmetsöýer halkymyz döredýär, gurýar. Şeýle belent tutumlar we il-ýurt bähbitli işler aýratyn ruhubelentligi döredip, geljege bolan ynamy artdyrýar. Ruhubelentlik bilen ynam bolsa ähli ösüşlerimiziň we ata Watanymyzda eýelenýän täze sepgitleriň gönezligidir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji iň esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir» diýip parasatlylyk bilen belleýär. Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, çekýän zähmetimiziň ömrümiziň hem döwrümiziň bezegi-zynatydygyny, günsaýyn uly özgerişliklere beslenýän ata Watanymyzyň daýanjy-kuwwatydygyny duýup ýaşamak uly bagtdyr.

Şirin BATYROWA,

Daşoguz şäherindäki 14-nji orta mekdebiň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24395