Pul hakda täsin maglumatlar

■ Banknotlar bilen jinsiniň arasynda nähili umumy tapawudyň bardygyny bilýärsiňizmi? «Kagyz pul» diýilse-de, ol kagyzdan däl-de, edil jinsi ýaly pagtadan ýasalýar. Munuň üçin pagtadan uzak wagtlyk ulanyşa durnukly ýörite material taýýarlanylýar.

■ Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň şaýy puluna «kopeýka» diýilýär. «Kopeýka» sözi Iwan IV Groznynyň döwründe döreýär. Şol wagtlar knýazyň eli naýzaly keşbi şekillendirilen kümüş şaýylyklar zikgelenýän eken. Şondan bäri hem halkyň arasynda «kopeýka» sözi ýörgünli bolup galypdyr.

■ Birwagt Meksikada ýaşan indeýler-astekler pul hökmünde kakaonyň dänesini ulanypdyrlar. Bu milli «pul birliginiň» ýasama görnüşleri hem ýüze çykypdyr: boş däneler gumdan ýa-da laýdan doldurylypdyr.

■ ABŞ-da iň ýörgünli pul birligi 1 we 20 dollardyr. Beýleki ýurtlarda bolsa 100 dollar ýörgünlidir.

■ Hümmetine garamazdan, 1 banknotyň agramy, takmynan, 1 gramdyr.

■ Adaty şaýy pul Londonda ýerleşýän meşhur Big-Ben sagadynyň hereketini sazlamaga ukyplydyr. Eger sagat öňe gitse, sagadyň baş goraýjysy çarha hümmeti 1 pense deň bolan şaýy pul salyp, hereketi azaldýar.

■ Angliýada hümmeti 1 million funt sterlinge barabar bolan pul birligi hereket edýär. Ýöne ony elinde saklan adam juda az. Sebäbi bu banknot diňe bankara hasaplaşyklar üçin niýetlenendir.

■ Russiýada köne pullardan ruberoid, ýagny ýerzemini ýa-da binýady çygdan goramak üçin örtük ýasaýarlar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, puldan ýasalan bu gurluşyk materialy has uzak wagt hyzmat edýär. Germaniýada bolsa köne puldan dökün ýasaýan täze tehnologiýa oýlanyp tapyldy.

■ Dünýäde iň giň ýaýran puluň ady frankdyr. Häzir 34 ýurduň milli walýutasy frank adyny göterýär. Dünýäniň 27 döwletinde bolsa «dollar» atly banknotlar hereket edýär.

■ Ýaponiýada çagalaryň ýygnan metal pullaryndan «parahatçylygyň jaňlary» ýasaldy. Olaryň biri Nýu-Ýorkda oturdyldy.

■ Dominikan Respublikasynda pullary çeküw daşy hökmünde ulanýarlar. Düşünişmezlik ýüze çykmaz ýaly, mysal üçin, hümmeti 10 sente deň bolan şaýy pulda «1 gram» diýip ýazgy goýýarlar.

■ Dünýäde iň meşhur banknot hümmeti 500 ýewro deň bolan banknotdyr. Şonuň üçin hem geçen ýyl bu pul birligi iki esse köp çykaryldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jahan JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24533