Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Ahal welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan sebitiň täze döwrebap edara ediş merkezi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz “akylly” şäheriň ägirt uly taslamasyny durmuşa geçirmäge, ýagny maglumat hem-de kommunikasion tehnologiýalaryň esasynda onuň düzümini döretmäge aýratyn ünsi çekdi. Şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar. Sözüň doly manysynda, munuň özi bitewi aň-paýhas ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Oňa ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli ähli maglumatlaryň jemlenmegini görkezýär. Degişli gulluklar şol maglumatlara eýe bolmak bilen, energiýanyň paýlanylyşyny gowulandyrmaga, zir-zibilleriň ýygnanylmagyny ýeňilleşdirmäge, ýolda bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna, hatda howanyň hiliniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik alýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şäher giňişliginiň şeýle gurluşy raýatlarymyzyň has amatly, oňaýly hem-de howpsuz durmuşy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, raýatlaryň bu işlere gatnaşmagy “akylly” şäheriň möhüm ugry bolup durýar. Raýatlar aň-paýhas ulgamy arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hiline, olaryň geriminiň giňeldilmegine ýardam edip bilerler. Mysal üçin, olar ykjam aragatnaşygy ulanyp, işlemeýän ýolyşyklary ýa-da duralgada ýerleriň ýetmezçiligi baradaky maglumatlary iberip bilerler. Şondan soň şäheriň degişli edaralary bu meseleleri çözmegiň ugruna çykarlar. Zir-zibil gaplary özleriniň doldurylandygy baradaky habary jemagat gullugyna iberip biler. Munuň özi «akylly» şäherleriň işleýşiniň usullarynyň bir bölegidir. Mundan başga-da, köp sanly degişli gurallar bardyr. Başgaça aýdylanda, bu şäheriň ýaşaýjylary öz töwereklerinde isleýişleri ýaly amatly gurşawy döredip, şäheri ösdürip bilerler. Simsiz tehnologiýalar, sensor görkezijiler, internet ulgamy ulanylýan häzirki döwürde munuň özi hyýalbentlik däl-de, täzeçe şäherleşmekdir, bu täzeçillikler ylmy-tehnologiýa ösüşleri, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, sanly ykdysadyýetiň hem-de bilimler jemgyýetiniň döredilmegi bilen biziň durmuşymyza ornaşýar.
“Akylly” ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda ornaşdyryldy. Ýöne Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi giň gerimli sanly ulgamy öz içine alýan ilkinji şäher bolar. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda bu giň gerimli gurluşyk meýdançasynda 15 müňden gowrak hünärmeniň işleýändigini belläp, olaryň tejribesiniň Aşgabat-sitiniň gurluşygynda ulanylyp bilinjekdigini aýtdy. Şol ýerde hem “akylly” şäheriň konsepsiýasy durmuşa geçiriler.
Şeýlelikde, adamlaryň bähbidine hyzmat edýän innowasion ulgamlar ýurdumyzda şäher gurluşygynyň durnukly ösmegi üçin tehnologik çemeleşmeleriň esasyny döredýär. Milli Liderimiz bu işi döwlet hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegine, olaryň jemgyýetçilik bilen maglumatlarynyň alyşmagyny gowulandyrmaga gönükdirýär.
“Akylly” şäheriň esasy ugurlarynyň biri ekologiýa başlangyçlary bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze desgalary bilen tanyşlygynyň barşynda bu meselä aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde gurulýandygyny aýdyp, bu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmagyň wajypdygyny belledi.
Döwür bilen aýakdaş gitmekde ekologiýa, durmuş we ykdysady taýdan durnuklylyk möhüm şert bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy Gün tertibini kabul etmek boýunça BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda çykyş edip, daşky gurşawy goramak barada alada etmezden, döwletleriň hem-de dünýäniň halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşiniň gazanyp bolmajakdygyny aýtdy. Aşgabadyň häzirki abadan we arassa keşbi Türkmenistanda kämil ekologiýa medeniýetiniň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalykdyr.
Aşgabadyň bu günki bezemen, amatly we abadan keşbi Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri üçin nusga bolmaga mynasyp ekologiýa medeniýetini kemala getirmek tapgyryna girişendiginiň anyk görkezijisidir.
Ekologiýa medeniýeti, hakykatdan-da, ählumumy ruhy gymmatlyklary hem-de ahlak ýörelgelerini, dünýägaraýyşlary, toplumlaýyn döwlet çärelerini, ykdysady gurallary, hukuk kadalaryny, durmuş düzümlerini öz gerimine alýar. Häzirki wagtda aň-paýhas ulgamlarynyň uly mümkinçilikleri peýdalanylýar.
“Akylly” şäheriň wezipeleri özüne energiýa üpjünçiligini (mysal üçin, ýollar adamsyz bolanda, öçügsi ýagty saçýan köçe yşyklandyryjylaryny) birleşdirýär. Şeýle tehnologiýalar bizde elektrobuslary ornaşdyrmagyň hem-de ekologiýa taýdan arassa gaz benzininiň ulanylmagynyň hasabyna zyýanly zyňyndylary azaltmaga hem-de arassaçylyk kadalaryna gözegçilik etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda elektromobilleri ulanmak hem-de “akylly» awtoparklary gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda dünýä tejribesinde ýol we ýangyn howpsuzlygy ulgamlarynda, şäherde arassaçylygy saklamakda, şeýle hem Gün batareýalaryny we ýel generatorlaryny ulanmakda innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygyny belledi. Bularyň ählisine howanyň üýtgemegine we onuň hapalanmagyna garşy ählumumy göreşde mynasyp goşant hökmünde baha bermek bolar.
Aralykdan bilim bermek, telelukmançylyk hem-de intellektual saglygy goraýyş üçin-de uly mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz durmuş syýasatynda bu meselä aýratyn üns berýär.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “akylly” şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmakda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berýär.
Singapur şäher-döwleti “akylly” şäherleri döretmekde öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Şol ýerde internet kameralary jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyga, bellige alnan ulag serişdeleriniň hereketine doly gözegçilik edýär. Singapurda şeýle hem energiýanyň sarp edilişine, suwuň dolandyrylyşyna, adamlaryň saglygynyň üpjün edilişine gözegçilik edýän ulgam bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň awgustynda Singapur Respublikasyna bolan saparynyň barşynda ýurduň iri kompaniýalaryny Aşgabat-siti bilen baglanyşykly ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge hem-de şäher hojalygyny dolandyrmak ulgamyna IT tehnologiýalary ornaşdyrmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň gurluşyklaryny ösdürmäge, sanly ulgamlary, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça merkezleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Şol merkezler ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmelidir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn özgertmeler ýoluna düşüp, “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi şäher medeniýetiniň täze nusgasyna öwrülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda sanly ulgamlary peýdalanmak babatda anyk wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşi üçin onlaýn serişdeleri we elektron hyzmatlary ulanmagyň ähmiýetini nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwlet hyzmatlarynyň bitewi internet portaly döredildi. Ol “bir penjire” awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyndan ybaratdyr. Ýurdumyzyň programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryny hem-de maglumat-oýlap tapyş işini höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýalar, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi işewürlik, “akylly” şäher ugurlary boýunça “Sanly çözgüt — 2021” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi.
Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň sanly gün tertibi bilen yglan edildi. Häzirki wagtda bu ulgam tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ol gündelik durmuşa hem-de işe giňden ornaşdyrylýar, kommunikasiýanyň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Şeýle giň gerimli özgerişlikler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryşyň usullary peýda bolýar. Biz ýurdumyzyň bu babatda döwür hem-de tehnologik ösüş bilen aýakdaş gitmegine uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, maglumatlary bermek ulgamyny, kommunikasiýalar düzümini ösdürmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda iş dolandyryş ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy babatda milli Liderimiz häkimliklere hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralaryna bu işi aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň üçin oba ýerlerinde hem internete elýeterliligi üpjün etmek, degişli düzümi taýýarlamak hem-de maglumat baradaky hyzmatlary giňeltmek zerur bolup durýar.
Şeýlelikde, intellektual birikdirme ulgamlarynyň döredilmegi şäher çäklerimiz üçin köp amatlyklary döredip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, çig mal, tehniki, işgärler serişdelerini, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Bu wezipeleriň netijeli çözülmegi Hökümetiň, hususy ulgamyň we ýaşaýjylaryň bitewi çemeleşmesine baglydyr. Munuň özi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “akylly” şäher konsepsiýasynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sanly binagärligidir.
(TDH).