Ösüşiň innowasion ugry — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary nobatdaky gezek beýanyny tapdy. Şol ugurlar ýurdumyzyň innowasion taýdan ösüşini has-da güýçlendirmekden, sanly ykdysadyýete geçmekden, telekeçiligi ösdürmekden, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakdan, netijeli halkara hyzmatdaşlykdan, ekologiýa abadançylygyny saklamakdan, mähriban halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny aýawly saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.

22-nji martda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelmegi ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary bilen gabat geldi. Akhan atly bedewini döwlet Baştutanymyzyň hut özi seýisläp ýetişdirdi.

Hormatly Prezidentimiz bu habary uly şatlyk bilen kabul edip, Akhanyň nesline Aşgabat diýip at goýdy hem-de asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere laýyklykda, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.

Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamyny joşduryp, “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny döretmäge ruhlandyrdy. Bu goşgy milli Liderimiziň ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna bagyşlap döredýän “Aşgabat” atly täze kitabynyň şahyrana bezegine öwrüldi.

Merkezi Aziýanyň merjen şäherine bolan söýgini wasp edýän şahyrana setirler döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazy esasynda ajaýyp aýdyma öwrüldi. Aýdymyň ilkinji gezek ýerine ýetirilmegi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen milli atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp guralan dabaranyň waspnamasyna öwrüldi.

24-nji martda hormatly Prezidentimiz iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan sil suwuny sowujy akabalarda we suw toplaýjy desgalarda, durky täzelenýän we döwrebaplaşdyrylýan tebigy suw akabalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem şu ýerde Magtymguly Pyragynyň belent heýkeli oturdyljak meýdanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalardyr çyzgylar bilen tanşyp, olara degişli düzedişleri girizdi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda, häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerini, milli binagärlik aýratynlyklaryny, ýeriň aýratynlygyny göz öňünde tutup, tebigaty goraýyş strategiýasyna aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Ekologiýa ugry hem şäheriň bu künjeginde umumy uzynlygy 52 kilometre barabar bolan sil suwlaryny sowujy akabalary gurmak boýunça işleriň möhüm düzüm bölegidir. Bu desgalar jemlenýän sil we ýagyn suwlaryny bir bitewi ugra birikdirip, “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap gidýän akaba ibermäge niýetlenendir. Degişli akabalaryň ugrunda suw toplaýjy desgalaryň 10-a golaýy bina edildi.

Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça şeýle giň gerimli wezipeleriň çözülmegi Garagumda maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryň çägini giňeltmek we balykçylyk bilen meşgullanmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Gurluşykda tehnikalaryň 900-si ulanylýar, şolardan 100 tehnika gurluşygy ýerine ýetirýän Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetine degişli bolup, galan 800 tehnika ýurdumyzyň şahsy taraplaryna degişlidir. Işler öňdebaryjy tejribe hem-de şunuň ýaly möhüm desgalary gurmakda halkymyzyň köpasyrlyk tejribesi göz öňünde tutulyp alnyp barylýar.

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr. Ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenen bu ýyladyşhanalar häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar bilen enjamlaşdyryldy. Olaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny döredildi.

Ähli ýyladyşhanalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzdan täze oba hojalyk tehnikalaryny — bütin dünýä meşhur “John Deere” traktorlaryny sowgat aldylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyladyşhana toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, oba hojalygyndaky özgertmeleri kämilleşdirmäge, bu ugurdaky işleri döwrebap usullar bilen guramaga, pudaga hususy haryt öndürijileri giňden çekmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Hususy haryt öndürijilere oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, 400 gektardan gowrak meýdanda ýyladyşhanalary gysga möhletlerde gurup, ulanyşa tabşyrdylar. Bu bolsa gök önümleriň importyny ep-esli azaltmaga hem-de degişli önümleriň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Döwlet Baştutanymyz önümçiligi dolandyrmak işini sanlylaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, sanly ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň arasynda onlaýn aragatnaşygy ýola goýmalydygyny, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýyladyşhana hojalyklary boýunça merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmelidigini belledi.

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garalan meseleleriň hatarynda şypahana-dynç alyş pudagyny ösdürmek, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, täzeçil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek baradaky meseleler boldy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Kararlara gol çekip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollanmalaryň bahalaryny, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklady.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we häkimlikleriň hasabynda durýan birnäçe edaralary hususy taraplara geçirmek hakynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda taýýarlanylan tekliplere garady. Şunuň bilen baglylykda, ynançly dolandyrmak guralynyň netijeli peýdalanylmagynyň döwletimize serişdeleri tygşytlamaga, ilatly ýerlerde häzirki zaman düzüminiň döredilmegine, telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna, şol bir wagtyň özünde harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Gowaça ekişi hem-de güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça görülýän çäreler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň we daýhan birleşikleriniň ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmegi üçin, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak, pagtaçylary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça hemme çäreleriň görülýändigi habar berildi.

Bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda gallaçy kärendeçiler ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ekinlere ösüş suwuny tutmak işlerini dowam edýärler.

Welaýatlarda alymlar we tejribeli hünärmenler ýerli öndürijilere öňdebaryjy ylmy tejribeleri peýdalanmak, önümçilige bugdaýyň, şol sanda ýeralmanyň, bakja hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak meseleleri boýunça maslahatlary berýärler. Mundan başga-da, degişli ylmy-usuly gollanmalar taýýarlanylýar.

Şeýle hem Hökümetiň mejlisinde gurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça işler barada gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurdaş düzümleriň sazlaşykly özara hereketini hem-de dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna degişli gözegçiligi üpjün etmek üçin Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek baradaky meseleleriň üstünde düýpli işlemek barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz 8-9-njy aprelde maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklibe garap, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň zerurlyklaryna hemişelik esasda seljerme geçirmegiň, ulag-kommunikasiýa toplumynda iş alyp barýan türkmen telekeçileriniň önümçiligine öňdebaryjy tejribäni hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şäherara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda, gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, ýolagçy awtobuslaryny we ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipler öwrenildi. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatlaryndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil ulagynyň tehniki binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk ölçeglerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny aýdyp, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek üçin degişli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy marty — 2-nji apreli aralygynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi, onuň jemleri esasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Halkara wakalara geçmek bilen, geçen hepdede Daşary işler ministrliginde onlaýn tertibinde türkmen hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Onuň dowamynda abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy, “Itochi Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Türkmenistana ýer gazýan hem-de awtoulag tehnikasyny ibermäge gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy hem-de Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşiginiň wideogörnüşde geçirilen “Parlamentariler üçin maslahat” atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Onda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerine garaldy.

24-nji martda Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň, “Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2021 — 2023-nji ýyllarda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” taslamalary hödürlenildi.

Mundan başga-da, kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy namalary kämilleşdirmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, migrasiýa, dine uýmak azatlygy we beýleki ulgamlarda adam hukuklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň ýanynda iş toparyny döretmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşylmaga hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

Milli Liderimiziň haýyşy boýunça hormatly ýaşulular bereketli topraga tohum sepip, ekişe ak pata berdiler. Şu ýyl gowaça ekmek üçin bölünip berlen 620 müň gektar meýdandan ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Geçen hepde möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi bilen tamamlandy. Iki palataly Milli Geňeşiň döredilmegi ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze möhüm tapgyryň başlanýandygyny, demokratik özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu ulgamyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy döwlet gurluşynyň möhüm wezipesi hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary türkmen döwletiniň binýadynyň mundan beýläk-de üstünlikli pugtalandyrylýandygynyň, halkara abraýynyň belende göterilýändiginiň, ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ähli başlangyçlarynyň baş maksadynyň — mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen özgertmeleriniň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24435?type=feed