Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatda ýangyç-energetika pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň daýanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda-da ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.
Aslynda, ählumumy ösüşiň diňe bir ykdysady jähetleri babatda däl-de, eýsem, halkara syýasy gatnaşyklarda-da uglewodorod çig mallaryň dolandyrylyşynyň, esasan hem, eksportynyň kähalatlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerine öwrülmek mümkinçiligi aradan aýrylmaýar. Şoňa görä-de, uglewodorod çig mallary we olardan öndürilýän önümler strategik ähmiýeti bilen aýratyn tapawutlanýar.
Nebitgaz bilen üpjünçilik ykdysady howpsuzlyk bilen bagly ugur hasaplanýar we uglewodorod çig mallaryny eksport edýän ýurtlar üçin hem, sarp ediji ýurtlar üçin hem ýangyjyň dünýä bazaryndaky ýagdaýy, global ykdysadyýetiň ösüş derejesi uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeler hakda durup geçmek bilen, dünýäde bolup geçýän ýagdaýlar sebäpli energetika bazarynda emele gelen durnuksyzlyga ünsi çekdi. Milli Liderimiz nebit önümleriniň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.
Häzirki günlere çenli milli Liderimiziň energetika syýasaty netijesinde bu pudagyň kuwwatlyklary has artdyryldy we uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagynyň binýatlaýyn esaslaryny ösdürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Ylmyň, tehnologiýanyň yzygiderli ösýän şertlerinde, nebitgaz toplumynyň önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri-de milli ykdysadyýeti ösdürmegiň gün tertibinde durýar. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň zerurlygyny nygtaýar.
Nebitgaz toplumynyň möhüm önümçilik düzümleri Balkan, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda möhüm ykdysady pudaklar hökmünde hereket edýärler we bu toplumyň çygryna girýän uglewodorod çig mallaryny gazyp çykarmak, gaýtadan işlemek, önümleri daşamak, ýerlemek, gaz geçirijileriň içerki we eksport ulgamlarynyň işini ýola goýmak, maýa goýumlaryny özleşdirip, täze ýangyç ýataklaryny ýüze çykarmak, bu pudagy maliýe taýdan dolandyrmak ýaly, köpugurly ykdysady işi netijeli alyp barmak üçin her ugur boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň zerurlygy öz-özünden düşnüklidir. Bu işlere sanly ulgamyň, ösen tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy netijesinde, hünärmenlere bildirilýän talap hem ýokarlanýar. Ýangyç-energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelmegi, ýurdumyzda bu ugurda halkara taslamalaryň amala aşyrylmagy pudagyň hünärmenleriniň täze neslini ýetişdirmegi talap edýär. Şunda diňe bir önümçiligi dolandyrmakda däl-de, dünýä ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika ugrunyň ösüşlerini seljermäge ukyply, daşary ýurt dillerini bilýän giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir» diýip belleýär. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti esasy ylym ojaklarynyň biridir. Ýeri gelende belläp geçsek, bu ýokary okuw mekdebine nebitgaz pudagynyň görnükli halypalarynyň biri, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde köp ýyl zähmet çeken, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmeginde-de uly hyzmatlary bitiren Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky teklibi orta atmak bilen, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetde-de Watanyň öňünde uly hyzmat bitiren şahsyýetleriň hormatynyň uludygyny äşgär etdi. Munuň özi ýangyç-energetika pudagynda zähmet çekýän müňlerçe hünärmenlere, işçilere goýulýan hormat-sarpanyň alamatydyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň nebitgaz senagatynyň täze ösüşlerine badalga bolan möhüm wakalar bilen başlandygyny belläp geçmek zerurdyr. Esasan hem, halkara energetika hyzmatdaşlygynda möhüm ädimler ädildi. Ilki bilen, şu ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyşyny bellemek zerurdyr. Bu desganyň maksady «Malaý» gaz käniniň tebigy gaz goruny has netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Maglumatlarda Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz ibermek boýunça esasy gaz geçiriji desgalaryň ýerleşýän ýeri bolan «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäk bilen «Malaý» gaz känini birleşdirýän 188 kilometrlik gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny artdyrmakda täze gaz gysyjy desganyň ähmiýeti barada aýdylýar. Bu desgada gurlan iki sany önümçilik sehleriniň biriniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden ybarat bolsa, ikinji seh «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir. Desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümi bolan kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumynyň 6-sy oturdylypdyr.
2009-njy ýylyň dekabrynda açylan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça häzire çenli 290 milliard kub metr tebigy gazyň ugradylandygy baradaky maglumat bu gaz magistralynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýetini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolan tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky işleriň şu ýylyň başyndan bäri has ilerleýändigini hem belläp geçmek möhümdir. TOPH gaz geçirijisi bilen baglanyşykly gepleşikleriň, çäreleriň işjeňleşýändigi köpleriň, şol hatarda daşary ýurtly bilermenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystanyň Prezidentiniň wideogörnüş arkaly gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda amala aşyrylan demir ýol, elektrik energiýasy, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilip, bu desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dabarada Mohammad Aşraf Ganiniň: «Bu gün ulanylmaga berilýän desgalaryň hem sebit hyzmatdaşlygy, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähmiýeti uly bolup durýar, biz TOPH we TOP taslamalaryny Owganystanda 2021-nji ýylyň awgustynda açmaga taýýardyrys» diýip bellemegi uly gyzyklanma döretdi. Owgan Lideriniň bu babatda ynamly pikirleri orta atmagynyň esasy kepilleriniň biri hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň has işjeňleşýänligi bilen baglydyr. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 8—9-njy ýanwarynda Kabul şäherine sapary mahaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021—2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna hem-de şol ýerde geçirilen Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparynyň 6-njy mejlisinde degişli teswirlemelere gol çekilmegi hem subut edýär.
Şu ýylyň 7-nji fewralynda «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary hem-de şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan iri halkara taslamalarynyň ygtybarly şertleri hakda duşuşyklarda öňe sürlen garaýyşlar dünýäniň köp ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. «Biz halkymyzyň abadançylygyna we ýurduň ösüşine ýardam bermäge çalşyp, ähli taslamalaryň goragyny üpjün edýäris» diýip, bu hereketiň wekilleri beýannama bilen çykyş etdiler.
Bu diplomatik çäreler hormatly Prezidentimiziň Owganystan babatyndaky hoşniýetlilik bilen alyp barýan syýasatynyň oňyn we anyk netijesidir.
Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny ylalaşykly özleşdirmekde ilerleýän döwletara hyzmatdaşlyk hem milli Liderimiziň Azerbaýjan Respublikasy bilen köpýyllyk gatnaşyklarynda möhüm ädimleriň biridir. Aşgabatda 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzinde «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde barlamak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Bu waka iki döwlet üçin hem ykdysady taýdan bähbitli işiň başyny başlamak bilen birlikde, sebitde durnuklylygy gorap saklamagyň möhüm faktory hökmünde örän uly syýasy ähmiýeti bilen taryha girdi.
Şeýlelikde, mähriban Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde eziz Diýarymyzyň taryhynyň altyn sahypalaryny parahatçylykdan, ylalaşykdan, düşünişmekden we dostlukdan gözbaş alýan beýik işler bilen baýlaşdyrýar.
Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.