2020-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iň oňat etraby – Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ykdysady-medeni durmuşyndan edebi söhbet
Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezi şäherine gurşaw berip oturan etrapda dürli milletleriň wekilleri bagtyýarlyk döwrümize buýsanyp, agzybirlikde zähmet çekýärler. Etrabyň ýaşaýjylary topraga yhlasly hyzmat etmegiň, ýerden ýokary hasyl almagyň, halal işläp, halal baýamagyň asylly nusgasyny görkezýärler. Etrabyň iň çetki obalarynda hem häzirki zaman şähergurluşygyna kybap gelýän binalaryň, durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň hatary artýar.
Bu ýerde uzak möhlete kärendesine ýer alyp, ak bugdaýyň, ak pagtanyň bereketli hasylyny öndürýän, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna önjeýli goşant goşýan zenanlaryň köplügi has-da guwandyrýar.
Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giňden durmuşa geçirilýän Milli maksatnamanyň çäklerinde bu etrabyň obalary günsaýyn gözelleşýär, etrap merkezi ösýär, özgerýär. Birmahallar ilkinji bazaryň döredilmegi bilen baglylykda, Täzebazar diýlip atlandyrylan Nyýazow şäheriniň gözel keşbinde bu nusgalyk işleriň şuglasy nurlanýar. Şäher häzirki wagtda uly gurluşyklaryň hem tutumly işleriň, arassa yhlaslaryň, ak arzuwlaryň wysal bolýan merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan hem-de mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Bagtyýar zaman obasy döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk gelýän nusgalyk işleriň biri boldy. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Iri ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň umumy tutýan meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde jemi 1496 maşgala niýetlenen 70 sany dört gatly jaýlar gurlar.
Geçen ýyl etrap boýunça 31 müň 862 tonna bugdaý hasyly ýygnaldy. Ak bagta deňelýän ak pagtanyň öndürilişinde has ýokary netijeler gazanyldy. Etrabyň ussat pagtaçylary döwlet harmanyna 41 müň 536 tonna «ak altyn» tabşyrdylar. Oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, oňa öňdebaryjy tejribeleriň we ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, agrotehniki çäreleriň kadaly we ýokary hilli berjaý edilmegi, ekin dolanyşygynyň girizilmegi, pudagyň gerek möçberde tohum, mineral dökünler bilen üpjün edilmegi, daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleriniň geçirilmegi bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegine oňaýly täsir etdi. Şeýle ajaýyp netijeleriň gazanylmagynda daýhançylyk kesbine berlen gelin-gyzlaryň mynasyp paýynyň bardygy buýsandyrýar. Etrapdaky «Altyn gala» we «Altyn tug» hususy kärhanalaryna degişli bolan döwrebap ýyladyşhanalarda ýylyň ähli pasyllarynda pomidoryň, ýertudananyň we bolgar burçunyň bol hasyly ýetişdirilýär.
Ajaýyp zamanamyzda günsaýyn gözelleşýän etrap täze tutumlaryň, uly maksatly işleriň iň bir gyzgalaňly hem-de joşgunly alnyp barylýan künjegine öwrüldi. Bu ýerde bilim, medeni ojaklaryň döwrebap binalary, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda etrapdaky mekdepleriň 62-sinde ýaş nesillere kämil bilim, çagalar baglarynyň 9-synda körpelere terbiýe berilýär. Etrapda saglygyň girewi bolan bedenterbiýäni hem sporty ösdürmek, sagdyn-durmuş ýörelgelerini durmuşa giňden ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Täze gurlup, ulanylmaga berlen 3 sany sport mekdebi, 2 sany sport desgasy ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin döwrebap merkezlere öwrüldi. Bu ýerde hereket edýän 10 sany medeniýet öýüniň 4-si gurlup, ulanylmaga berildi. Şäherdäki merkezi hassahanada, oba saglyk öýleriniň 46-synda we saglyk merkezlerinde ilatyň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça lukmançylyk işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzy gurşap alan döredijilikli zähmetiň, egsilmez eşretleriň ruhunda özgerýän S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň döwletli ojaklarynda bagtyýarlyk joşup, barça gowulyklardan nesibeli adamlaryň kalbyna mähir çaýýar, bu ajaýyplyklar olaryň jebislikde, täze döwre buýsanmak duýgusyna ganat berýär.
Amanmyrat SAPAROW,
žurnalist.