Ýylylyk islendik ekin üçin esasy gerekli şertleriň biri. Şonuň üçin hem «ýyladyşhana» sözi diňe bir ekine däl-de, kalbyňa-da ýylylyk paýlaýar. Ynha, 25-nji martda Çärjew etrabynyň çäginde «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň täze ýyladyşhanasynyň açylyş dabarasynda hem şol ýylylyk hemmeleriň kalbyna nur çaýdy. Şol gün uly toý bilen welaýatymyzda ýene bir iri oba hojalyk taslamasy döredildi. Bu toýuň jümmüşinde bolanlar hem, oňa «mawy ýaýlym» arkaly gaýybana gatnaşanlar hem milli Liderimiziň ýurdumyzda hususyýetçilik pudagynyň ösdürilmegine berýän ünsüniň öz miwesini bereket bolup eçilýändigine şaýat bolandyrlar.
Ine-de, taryhy dabaranyň iň ýakymly pursady. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýyladyşhananyň işe girizilmegine badalga berýär. Dabarada çykyş eden «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy bu ýerde ýerine ýetirilen işler barada milli Liderimize hasabat berip, döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen sahnanyň bezemen derwezesi açylyp, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlaryna başlaýarlar. Joşgunly aýdymda-da il-günüň bolelin ýaşaýşyna gönükdirilen tutumlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş ýaňlanýar. Ýaşlaryň ýerine ýetiren tansy täze ýyladyşhanada dörejek zähmet joşgunyny buşlaýar.
Göwnüňe bolmasa, şol wagt bütin tebigat bu toýa guwanyp, tomaşa edip durana döndi. Üç-dört gün ozal ýagan ýaz ýagşyndan miras galan ajaýyp howa, ýaşyl begresli bahar, ozal Garagumuň gündogar etegi bolan, indi tanalmaz derejede özgeren toprak täze ýyladyşhananyň toýuna myhman boldy.