“Arkadag” myhmanhanasy — türkmen myhmansöýerliginiň döwlet derejesi
Gadymy kitaplarda: «Adam oglunyň Zemindäki baş borjy dünýäni gözelleşdirmekdir» diýilýär. Bu belent borjuň amaly bolsa ýaşaýan ýeriňiýurduňy gözelleşdirmekden başlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bitirilýän işler, gurulýan binalar bolsa diňe bir ýurdumyzy däl, göwünlerimizi, ömürlerimizi hem görklendirýär. Muny 29njy iýunda paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen «Arkadag» myhmanhanasynyň mysalynda hem nygtap bolar. Bu kaşaň myhmanhana taryhyň täze sahypasy bolup açyldy. Türkmeniň giň göwni, nurana dünýäsi bolup açyldy!
Türkmen myhmansöýerligi! Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda giňişleýin beýan edişi ýaly, munuň özi özbaşyna uly sungat, uly mekdep. Bu mekdebiň düýplüligi, beýikligi halkymyzyň diňe “Taňry myhmany” diýen düşünjesinde hem aýanaýdyň beýan tapýar. Diýmek, türkmende myhman — Allanyň wekili.
Çagyrylsynçagyrylmasyn, tanyşunätanyş bolsun, parhy ýok, halkymyzda myhman öňünden çykylyp, garşy alynýar, oňa mürähet edilýär. Oturan dessinede öňünde duzçörek goýulýar. Bu gadymy däp duzçöregiň ýagşy niýeti berkidip, ýaman niýete böwet bolýandygy bilen baglanyşdyrylýar.
“Myhman ataňdan uly” diýen eždatlarymyz öýüne gelen kişä üç gijegündiz hyzmat edip, soňra habaryny alypdyrlar. Aslynda, türkmen hemişe we islendik pursatda myhman almaga taýýarlykly ýaşaýan halk.
Gorkut ata: “Myhman gelmeýen öýüň bolanyndan bolmadygy ýeg” diýipdir. Türkmende jaý gurlanda, myhman otagyna aýratyn äheňähmiýet berilýär. Myhman otagy her bir öýüň esasy ýaraşygy hasaplanýar. Öýde tagam taýýarlananda, hökman myhman paýy hem göz öňünde tutulýar.
Biz häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda şol asylly ýörelgelere nähili ýaýraw berlişine guwanmak guwanýarys. Türkmeniň myhman garşylamak dessury bu gün Garaşsyz döwletimizde sungat derejesine ýetirildi. Türkmen öýüniň myhman otaglary bu gün berkarar ýurduň kaşaň myhmanhanalary derejesine göterildi. Uzak asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragynyň gadymy kerwensaraýlaryndan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň Watany, oňyn hyzmatdaşlygyň halkara merkezi hökmünde adygan, hemişelik Bitaraplygy jahan degresinde iki gaýta ykrar tapan döwletiň kaşaň myhmanhanalaryna çenli ýol geçildi.
***

Aşgabadyň kaşaň myhmanhanalary! Sanlyja ýylyň içinde olaryň, gör, näçesiniň gurlup ulanmaga berleniniň şaýady bolduk! Oguz ýurdunyň belent howalasy siňen “Oguzkent” myhmanhanasy! Paýtagt bilen adybir “Aşgabat” myhmanhanasy! Ýerde dogan ýyldyz deý lowurdap oturan “Ýyldyz” myhmanhanasy! Alysdan seleňläp görünýän “Arçabil” myhmanhanasy! Olimpiýa şäherçesiniň ýaraşygy “Olimpiýa”, “Sport” myhmanhanalary! Türkmen döwletliligi baradaky galyň diwana çalymdaş “Diwan” myhmanhanasy! Ynha, ýakyn geljekde goja sähranyň tyllaýy öwüşginlerini özünde jemlän “Garagum” myhmanhanasynyň ulanmaga berilmegi bolsa “Arkadag” myhmanhanasynyň dabaraly açylyşynyň mynasyp dowamyna öwrüler. Golaýda, 15nji iýunda paýtagtymyza iş saparyny amala aşyran hormatly Prezidentimiziň Aşgabady ösdürmegiň täze taslamalarynyň hatarynda “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylaryna, binanyň baş meýilnamasyna we oňa degişli birnäçe taslamalara garandygynyda bellän ýagşy.
Bu sanawy ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde gurlan myhmanhanalary ýatlap, hasda uzaldyp bolardy. Gözel Awazanyň ýokary derejeli myhmanhanalary Hazaryň türkmen kenaryna düýpgöter täze keşp, täze durmuş bagyşlady. Olaryň ählisi birleşip, Türkmenistanyň syýahatçylyk we myhmanhana işewürligi düzüminiň kuwwatly binýadyny berkden tutýar. Aşgabadyň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi bolsa türkmen paýtagtynyň dünýä syýahatçylygynda aýratyn orny eýeleýän şäherleriň birine öwrülendigine guwançly güwädir.
***
“Arkadag” myhmanhanasynyň tutumynyňderejesiniň belentligini onuň adyndan aňybermelidir. Bu desga döwrüň beýik Binagäri Gahryman Arkadagymyzyň gurujylyk zehininiň, döredijilik paýhasynyň ýenede bir miwesi. Myhmanhananyň taslamasynyň düzülip, tä gurluşygy tamamlanýança, onuň döwlet Baştutanymyzyň ünsünde bolandygyna, şunda ähli babatda milli Liderimiziň görkezmedir maslahatlaryndan ugur alnandygyna hemmämiz şaýat.
Gündogaryň gadymy ertekilerine gulak geriň, dessanlara diň salyň! Ulug şalyklar, patyşalyklar bagbakjalygyň keşbinde wasp edilýändir. Söýgi, bagt bagybossanlyk bilen suratlandyrylýandyr.
Täze myhmanhananyň degredaşyny gurşan gülgülzarlygyň, ýaşyl baglygyň, olary aralap geçýän emeli derýanyň waspyna näçe hoş sözüň bolsa, aýaman aýdybermeli.
Adatça, sapar bilen gelýän döwlet adamlarynyň her pursady hasaply bolýar. Gysga wagtyň, gysby meýilnamanyň çäginde şäher bilen doly tanyşmaga salym galmaýar. Ýöne baharyň görki bir gülde, derýanyň tagamy bir damjada açylýar ahyry! Halkara ölçegde gurlup, milli ruhda sünnälenen “Arkadag” myhmanhanasy keşbikeşmeri, gurluşygurşawy bilen türkmen dünýäsi, türkmen topragy, türkmen paýtagty, halkymyzyň şöhratly taryhy, şanly şu güni barada öz dilinde kän zatlary gür bermäge ukyply. Onuň belentliginden ser salanlar bolsa bir gujak çemen ýaly gül açýan ak şäherimiziň giňişliklerini inegana synlap bilerler.

Hawa, biziň döwrümizde “myhmanhana” diýmek diňe bir ähli amatlyklary bolan otaglaryň jemi diýmek däl. Ol sport meýdançalaryndan ýüzüş howuzly SPA zolaklaryna çenli, amatly çaýhanalardan kaşaň restoranlara, dükanlara çenli, internet kafelerinden halkara tutumly maslahatlardyr duşuşyklary geçirmäge mümkinçilikli zallara çenli... düzümleri özünde jemlän, “dokuzy düzüw” toplum diýmek!
Biz paýtagtymyzy “Ak şäherim Aşgabat” diýip söýgüleýäris. Şeýle diýenimizde, diňe binalaryň jowur ak mermerden wysal bolanyny ýanjamaýanymyz belli. Aşgabadyň aklygynda türkmeniň ak ýoly, ulusiliň ak arzuwlary, päkize niýetleri, nesilleriň ak ykballary jemlenendir.
Halkymyz öz gadymy öýüne hem “ak öý” diýipdir. Türkmeniň ak öýi bu gün türkmen döwletliliginiň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sebitleriniň her birinde kaşaňdan haşamly, döwletliderejeli “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurulmagy şoňa delil. Şu ýylyň 25nji maýynda, baş şäherimiziň 140 ýyllygynyň baýram edilen gününde düýbi tutulan häzirki zaman megataslamasy “Aşgabatsitiniň” esasy girelgesinide ak öýüň şekilinde gurmak meýilleşdirilýär. Ine, “Arkadag” myhmanhanasynyň aşhanasynyň hem ak öý görnüşinde bina edilmegi her nähili kaşaň desgalaryň gurluşygyndada gözbaşlara, milli ýörelgelere wepalylygyň ýenede bir mysaly bolupdyr.
Täze myhmanhananyň ýerleşýän ýeride täsin. Köpetdagyň etegi. Seleňsergin howaly künjek. Şu ýylyň aprelinde açylan Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň, Kabul ediş merkeziniň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binalary, ynha, indi bolsa “Arkadag” myhmanhanasy biribiri bilen täsin, sünnä sazlaşygy döredip, bu ýerde Aşgabadyň täze, röwşen keşbini emele getirýär.
***
Aslynda, «şäher» sözüniň «şa» sözi bilen baglanyşyklydygyny, «şanyň tagt guran, hökümdarlyk edýän ýeri» diýmegi aňladýandygyny aýdýarlar. «Şanşöhrat» sözide bu düşünjeler bilen bir kökden gaýdypdyr.
Hawa, geçmişden şu güne ýurduň şalyk derejesi onuň baş şäherinde açylýar. Döwrüň, döwletiň şanşöhraty paýtagt şäherden dünýä ýaýylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän Türkmenistanyň paýtagty, gözlerimiziň öňünde täze keşbe beslenýän Aşgabat, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, halkymyzyň kalbynyň buýsanjydyr, diliniň senasydyr!
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Surata düşürenler Arslan MÜLLIKOW, Maksat AKMÄMMEDOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33169
Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.
Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dabaraly çärä gatnaşýanlaryň belleýişleri ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ajaýyp miwesidir.
Döwletimiz oba hojalyk işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap, kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumçylyk serişdeleri we mineral dökünler bilen üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.
Milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde her ýylda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berilýär. Wajyp senagat toplumlary, medeni-durmuş düzümine degişli desgalar, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär.
Oba zähmetkeşleri alada jogap hökmünde täze zähmet ýeňişleri we üstünlikleri bilen Watanymyzyň ykdysady taýdan pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Soňra zala her welaýatdan elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekiller geldi.
Çagalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bereketli türkmen topragy hem-de ondan bol hasyl alýan zähmetkeş daýhanlarymyz baradaky goşgulary bilen gutladylar. Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Arkadag Prezidentimiz hakyndaky şahyrana setirler belentden ýaňlandy.
Oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ugrunda edilýän alada, toprakdan bol hasyl almak, oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň abraýyny artdyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin welaýatlaryň ähli zähmetkeşleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çagalar milli Liderimizi galla oragynyň üstünliklere beslenmegi mynasybetli guralýan dabara bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlaryny gowşurdylar.
Döwlet Baştutanymyz gallaçylaryň gazanan üstünligi bilen gutlandyklary üçin welaýatlaryň ýaşajyk wekillerine minnetdarlyk bildirip, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşdi.
Şöhratly pederlerimiziň asylly ýoluny dowam edýän körpeleriň joşgunly çykyşlary bu ýerde guralan çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Edermen gallaçy kärendeçileriň zähmet ýeňşiniň hormatyna guralan dabara çaga gülküleri we çäräniň belent ruhy bilen utgaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini belledi. Garaşsyz Watanymyzda belent sepgitler eýelenýär, bu bolsa halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler oňyn netijesini berýär.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary, zähmetsöýer daýhanlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, “Edermen gallaçylarymyzyň gazanan zähmet ýeňişleri biziň ählimiziň bilelikde gazanan uly üstünligimizdir, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir we halkymyzyň baýlygydyr” diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşýanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
* * *
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz gallaçy daýhanlaryň gazanan zähmet ýeňişleriniň oba zähmetkeşleri üçin uly üstünlikdigini belläp, ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Bu üstünlik ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň, sahawatly toprakdan bol hasyl önýändiginiň we daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň bereket eçilýändiginiň aýdyň netijesidir.
Ilki bilen, wise-premýer Diýarymyzyň daýhanlarynyň gazanan zähmet ýeňşi, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan, galla oragy bilen bir hatarda, gowaça we beýleki ekinlere idegiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýola goýulmagy babatda dowam edýän işler barada hasabat berdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryndaky gurluşygy we şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýadydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäniň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň depginleriniň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigini nygtady.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew meýdan işleriniň çäklerinde gowaça we beýleki ekinlere ideg işleriniň barşy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatdaky meseleleriň gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Şeýle hem bugdaýdan boşan ýerleri netijeli peýdalanmak boýunça zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu günler sebitiň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, galladan boşan ýerlerde ýerine ýetirilýän agrotehniki işler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň obalaryň, şäherleriň keşbini tanalmaz derejede özgerdýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünlikleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda geçirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitiň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, galladan boşan ýerlerde geçirilýän sürüm işleri hem-de aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şanly sene mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy hakyndaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, pudaga ylmyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip belledi. Munuň özi şu günler ýurdumyzda öndürilýän gök we bakja önümleriniň mukdaryny artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigi bilen baglylykda örän möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda toý sadakalaryny geçirmek üçin niýetlenen binanyň gurluşygy boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz welaýatlarda ol binalaryň mümkinçilikleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, şöhratly pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryny dowam edýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli hem-de dürli hünär eýeleri bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Lebap welaýatynda sebitiň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin möhüm ähmiýeti bolan döwrebap desgalaryň ulanylmaga berlendigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýakynda Balkan we Daşoguz, Ahal we Mary welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrjakdygyny aýtdy, bu sebitlerde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary bolar.
Hormatly Prezidentimiz kaşaň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygyna, olarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerini üpjün edýän zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz guşgursak ak bugdaýdan bol hasylyň ýetişdirilmeginiň daýhan yhlasynyň ýerine düşendigine güwä geçýändigini belläp, onuň tebigatyň ynsana berýän mukaddes peşgeşidigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň oba hojalygynyň häzirki zaman ösen tejribesine laýyklykda dowam etdirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana, ene topraga çäksiz söýgüsini yhlasly zähmeti bilen beýan edýän edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we amatly durmuşy ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, halkymyzy ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan zähmet ýeňişleri bilen ýene bir gezek gutlady we hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33019
Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, dünýäde esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasyny nebitgaz pudagy düzýär. Uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebitgazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň maýa goýumlarynyň agramly bölegi gaýtadan işleýän kuwwatlyklary, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmagyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň kuwwatly serişdeler binýady bolsa, energiýa serişdelerini durnukly ibermek üçin uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär.
Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-niň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan «Galkynyş» gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny bellemek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde hem işjeň häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.
Birleşen Milletler Guramasy we abraýly halkara guramalary derejesinde hormatly Prezidentimiz energiýa howpsuzlygynyň hukuk esaslaryny düzmek babatynda hem anyk teklipleri öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny» atly Kararnamalaryň iki gezek kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, soňky ýyllarda energiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy we bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň umumadamzadyň bähbitlerine ulanmak baradaky tagallalarynyň halkara derejesindäki ýene bir gezek ykrar edilmesine öwrüldi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmak ugruna eýermek bilen, okgunly ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Munuň esasynda bolsa milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler ýatyr. Esasy maksat — amala aşyrylýan işlerde diňe bir ýurdumyzda däl, bütin dünýäde parahatçylygyň, syýasy we ykdysady durnuklylygyň berkararlygyny üpjün etmek meselesi bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň pudaklarynyň ählisinde gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyz sebitiň örän möhüm ulag halkasyna, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýän we olary amala aşyrmak üçin yzygiderli çäreleri geçirýän döwlet hökmünde oňyn daşary syýasaty netijesinde iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Munuň üçin umumy ykrar edilen ölçeglere laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekilýär, halkara demir ýollary, menzilleri gurulýar. Diňe bir ýurduň içinde däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Bu ýollar energiýa serişdelerini ygtybarly esaslarda halkara bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Nurgözel MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32951
Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýyl bellenilýän şöhratly senä — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanmaga berilýän täze, döwrebap binalar ýakynlaşyp gelýän ähmiýetli sene mynasybetli guralýan dabaralara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ulagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklandy.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary bar.
Hemmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly joşgun bilen garşyladylar.
Myhmanhana toplumynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Guralan dabara ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, görnükli artistler gatnaşyp, özleriniň ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler we bu ýerde geçirilýän medeni köpçülikleýin çäräniň joşgunyny has-da artdyrdylar.
Esasy pursat gelip ýetýär: döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesýär. Uly dabara beslenen medeni çäreleriň utgaşmagynda “Arkadag” myhmanhanasy açyldy! Şu pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar.
Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär. Gurluşyklaryň has batlanýan depgini milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren myhmanhana toplumy Aşgabadyň syýasy, diplomatik, ykdysady, işewürlik merkezi hökmündäki halkara derejesini has aýdyň ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.
14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.
Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygyna gatnaşan “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ýanynda bolup, binanyň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr.
Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilýändiginiň, şunlukda, adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygynyň aýdyň beýanydyr.
“Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň myhmanhananyň içine girip, onuň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşy, olarda dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Myhmanhanada berkarar döwletimize gelýän myhmanlary milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylamak üçin döredilen şertler ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Aýratyn-da, myhmanhananyň zallary milli aýratynlyklar esasynda bezelipdir. Bu ýerde milli sungatyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň taryhyna, häzirki döwrüne we asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk gymmatlyklaryna degişli sungat eserleri myhmanhananyň esasy bezeg aýratynlyklaryny emele getirýär.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.
Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Bitarap Watanymyzda tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit we halkara gatnaşyklar ösdürilýär.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze toplumlar şanly senäniň hormatyna mynasyp baýramçylyk sowgady bolar. Bu desgalar güýçli depginler bilen ösýän ajaýyp paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrar.
Şunuň bilen baglylykda, “Arkadag” myhmanhanasy-da Aşgabadyň beýleki myhmanhana toplumlary ýaly, myhmanlaryna hyzmatyň ýokary derejesini hödürlär. Onuň otaglary gelşikli hem-de oňaýly mebeller bilen üpjün edildi. Otaglaryň bezeg aýratynlyklary, onuň reňk sazlaşygy myhmanlar üçin ýakymly gurşawy döreder. Derejesine garamazdan, otaglaryň hemmesi myhmanhana hyzmatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär hem-de binanyň her gatynyň otaglary biri-birinden ähmiýetli aýratynlygy we göwrümi bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanda syýahatçylyk we myhmanhana işewürlik düzümi döredilende, onda ýola goýulýan hyzmatlaryň binýadynda gadymy milli binagärlik ýörelgeleri ulanylýar.
Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgawy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyryldy. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň göze gelüwliligini ýokarlandyrýar.
Otaglara nepis halylaryň düşelmegi, diwarlarda türkmen tebigatyna, milli sungatymyza degişli surat eserleriniň goýulmagy myhmanhananyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere laýyk gelýändigini görkezýär.
Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.
Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.
Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň üpjünçilik derejesi, häzirki zaman tehnikalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy halkara derejedäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär.
Bu gün paýtagtymyz dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürlik ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň birinji gatyna düşdi we bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
...Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşýanlar myhmanhananyň öňündäki meýdança çykýarlar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Belli aýdymçylar we sazandalar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda mähriban Watanymyzy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleri, täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny we halkymyzyň agzybirlikde, bitewülikde ösüş ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler. Belent ruha beslenen joşgunly tanslar bu ýerde dürli yşyklaryň hem-de sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly guralan özboluşly şekiller bilen utgaşdy. Munuň özi baýramçylyk çäresiniň ýatdan çykmajak pursadyna öwrüldi.
“Türkmeni arşa göteren Arkadag, uzak ýaşa!”, “Köşgi-eýwan gutly bolsun, Arkadag!” we “Arkadag” atly aýdymlar bu ýerde guralan şowhunly çäräniň dabarasyny has-da belende göterdi.
Asylly däbe görä, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan feýerwerk täze myhmanhananyň depesinde bu günki dabaralaryň hormatyna altyn öwüşginli agşamyň ajaýyp bezegine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32850?type=feed
AŞGABAT, 29-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan syýasy-ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarynda ösen ýurt hökmünde dünýä özüni tanatdy. Milli Liderimiz “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täzeçil özgertmeleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzy ynamly ädimler bilen ösüşiň we abadançylygyň ýolundan öňe tarap alyp barýar.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän bu ýylda wajyp sene — mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy belleniler, maý aýynda bolsa Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmäge hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmäge ägirt uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri bolup, umumadamzat meselelerini çözmekde işjeňligi hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen halkara jemgyýetçilikde belent abraýa eýedir. “Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!” baýramçylyk dabarasynyň meýilnamasyny açan “Dünýäň beýik Lideri Siz, Arkadag!” kompozisiýasynda bu mowzuk esasy ýörelgeleriň biri boldy.
Köpetdagyň ajaýyp keşbi, Garaşsyzlyk, Konstitusiýa, Bitaraplyk binalary hem-de gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň ak mermerli belent ymaratlary bu baýramçylygyň tebigy we özboluşly bezegine öwrüldi.
Konsert meşhur sazandalaryň, halk we estrada aýdymçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Tans we halk döredijiligi toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlaryň her biri halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsini we guwanjyny beýan etdi.
Bu baýramçylyk çäresi türkmen sungatynyň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezýän sahna oýunlarynyň we žanrlarynyň dürlüligi bilen tapawutlandy.

Şu şanly günde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň we zehinleriniň ykrar edilmeginiň ýokary derejesi boldy. Sungat ussatlarynyň ýürek mähri, açykgöwünliligi we zehini tomaşaçylarda mähirli duýgulary oýardy. Konsertde döwrebap audio-wideo tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa, bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Owadan mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary munuň subutnamasyna öwrüldi.
Dabarada gadymy «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Bu tansy ýerine ýetirmek bilen, horeografiýa arkaly mähriban Diýarymyzyň abadançylygy we gülläp ösüşi üçin, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň daşyna jebislenen ildeşlerimiziň agzybirligi beýan edildi.
Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda hemmeleriň gatnaşmagynda “Uzak ýaşa, Arkadag!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi.
Parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň üstünliklerine bagyşlanan bu aýdymy ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar hem-de “Şöhrat Size, Arkadag!», «Uzak ýaşa, Arkadag!” diýip, joşgun bilen aýtdylar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32847
(Poema)
Şeýle bir wakalar bolýar. Olar ömürlik ýadyňa ýazylýar, seniň bilen bile ýaşaýar, waspyny hemişelik hasap edýäň, aýdanyňy, gaýtalanyňy az görýäň.
Gahryman Arkadagymyzyň ýüpek ýüreginden gaýdýan dürdäne sözlerini diňlemegiň, oňa düşünmegiň, dünýäsine düşmegiň büs-bütin başgaça ähmiýeti, gymmaty bar.
Ogullyk borjuny aňryýany bilen bitiren Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, Watanyň wepaly Ogly Mälikguly agany ýatlap aýdan sözleri, okan goşgulary hiç kimi biparh goýup bilmeýär. Diňläni oýlandyrýar, geçen ýoluna, geljek ýoluna ser saldyrýar. Akyly akyllydan almalydygyna göz ýetirýär adam.
Özümde galan täsirler dogrusynda aýtsam, Mälikguly aganyň ýazan iň soňky goşgusyny gyzy Enegülüň adyndan okanlygymy ömrümiň ajaýyp pursady hasaplaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň kakasyna bagyşlap ýazan «Atamyň» atly goşgusyny esger ýigitleriň arasynda ýaňlandyranym az begendirmedi, az tolgundyrmady meni. Ýetirmeli ýeri şoldy. Ýaşlara derwaýys nusgalyk ýol watansöýüjilik duýgusyna alyp barýan aýdyňlygyň alamatydyr, ak ýoludyr.
Umuman, döwletli maşgalanyň, Gahryman Arkadagly ojagyň döredijilige, aýratyn-da, şygyr senedine uly üns goýýanlygy şu meýdana özümiň ömürlik örklenmegime, ugrukmagyma penasyny az ýetiren däldir. Ony unudyp bolmaz, ýok, unudyp bolmaz.
Oňmarsyň sen ony diňläp bir gezek,
Ünsi bolan, üşüge dolan ilgezik,
Atany direldýän ogullar gerek,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
O sözleri ilki bilen tapmak kyn,
Gyzygyna, gyzgynyna ýapmak kyn,
Ylahydan inen owaza ýakyn,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Zyban sözün susup alýar akyldan,
Bölünip gaýdýandyr Allaň hakyndan,
Ýöne ýere döremeýär nakyllar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Edenli, edepli bolan Şa nirde?!
Seretseň, seýrekdir geçmişde, irde,
Älem erkin bersediler eger-de...
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Düýpsüz umman durulyga teşnedir,
Ägirtleriň ädimleri keşdedir,
Ol owazy Hudaý janym eşdedir,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Asuda günleriň bagtdan paýam,
Düýş ýaly durmuşly döwrüň serpaýam,
Bar eýlän Baýdagyň asmana ýaýam,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
At:a ýaran Ogul Watana ýarar,
Äleme aýagyn atana ýarar,
Şu günün görer ol, uzaga garar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Enäň mähri siňen Ogul başgadyr,
Göz öňüňe getirerden daşdadyr,
Röwşen mysally Merdiň başdadyr,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Düşbülikdir adamzadyň bezegi,
Zor Zürýatdyr türkmenine bereni,
Halaýandyr il gadyryn bileni,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Dünýä bilen düşünişip barşyň bar,
Asyrlaryň gözýetimne galşyň bar,
Aň-akylyň, kalpda ýerlän Arşyň bar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Başyň amanlygy saglygmyzadyr,
Gojaman dünýäde barlygmyzadyr,
Ýagşa, Ýaradana ýarlygmyzadyr,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Aňyrdan waspyňa goýlandyr zyban,
Şirindir, şekerdir şireli şirwan,
Dünýe dursun, Sen dur, Sen dur, Mähriban,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!
Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyny dakynmagynyň tarapdary bolandygynyň iňňän uly manysy bardyr. Bu ýönelige däl.
Dünýäň ýurtlarynyň, dünýäň halklarynyň gowulykda, bolçulykda, rahatlykda, erkanalykda, bir-birege ynanyp ömür sürmegini arzuwlaýar mähriban Arkadagymyz. Akylly başyň islegi şol, idegi şol. Ýagşylyga, ýaşaýşa çagyrýar.
Kän gaýtalaýanam bolsam, şu bendiň ýeri şu:
Sen danasyň, dürdänesiň, dogrusyň,
Oguzyň kowmusyň, Röwşen dogmusyň,
Watanyň Oglusyň, dünýäň Oglusyň,
Barlygyňda bagtyýar biz, Arkadag!
Ýurda ýarar, ile ýarar, dünýä ýarar Perzent bolup dogulmakdan ýokary durýan näme bar?! Iň uly belentlik şoldur. Ene üçinem, ata üçinem, Özi üçinem buýsanç bu, guwanç.
Gahryman Arkadagym! Ömrüň uzak, görjegiň diňe gowulyk bolsun, alyp barýan ägirt uly işleriň hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gowulyk, şowlulyk isleýäň, Dünýäm,
Öz halkyňa, hemem älem halkyna,
Ynsanýet kowmuny bitewi bilýäň,
Hereketiň, adamlygyň hakyna.
Ýazyn, tomsun, gyşyn syryp bir ýana,
Hökümin ýörütse diýýäň baharyň,
Rehimdarlygyň bu janlara, jana,
Sen deý Ägirt küýsegidir jahanyň.
Her kime ýetdirse mahmal deý ýürek,
Ýodalar tapyşar, ýollar biriger,
Çaýkanýan ummany ýörüder kürek,
Gideniň gadyryn biler diriler.
Aýdyň aňyň gaýdýan ýaly guýudan,
Nädip indi bu şygaryň ýadyňa?!
Gursagyňa guýmalykdan guýulan,
Düýplüligiň, dünýäligiň adyňa.
Buýsanjym çäksizdir, zadyň çaky däl,
Aýrylyk aýrylýar jan birigende,
Diýseler ynanman ömre baky däl,
Milletiňi birleşdirdiň bir tende.
Juda manylydyr Sendäki ömür,
Ýurdy gülledip bileniň ýetik.
Haçan görülipdir şeýlekin döwür,
Üzülmez günlere ýylgyrgyn, ýetip.
Özüňe bagly biz, ömrüňe bagly,
Sen ýaşasaň ýaşar, ýaşar türkmeniň.
Çöllüdiris, göllüdiris hem dagly,
Il başyna, döwlet bolup geleniň.
Aýdymlar aýdylýar, göwün galkynýar,
Rahatlykda bu tutumly toýlaryň,
Dogan gelýär, dostdan habar alynýar,
Setire geçip dur oňyn oýlaryň.
Ýurduň ýaşamaga ýaraşykdyr has,
Aladasyn edýänim bar saglygyň.
Ygrara söýenýär ylhamdyr yhlas,
Gadyryn bilýäris eşret çaglaryň.
Armansyzdyr ýyllar at alsa Senden,
Hersiniň özüne jaýdardyr şygar.
Eserlerňe siňen çuňňurlyk çenden,
Sözli dünýäň gutarmasyz gory bar.
Enä bolan söýgi, duýgy başgaçadyr. Her bir ýurduň sarpasy zenanlara goýýan hormaty bilen ölçenýär.
«Iň kämil eser ene hüwdüsidir» diýýän Gahryman Arkadagymyzdan ötürip, eneler barada aýdyp bolmajakdygyny boýnuma alýan.
«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň üsti bilen enäniň dünýedigini, dünýäniň özüne düşündirip bilendiginiň özi ýeterlik. Ondan ýokary nädip aýtsa bolar?! Çeper beýan edilen sözler saňa sorag goýanok.
Gahryman Arkadag Ogly türkmene bagyşlan Ogulabat ejäniň her bir ugurdan bize göreldedigi, ýörelgedigi dogrusynda başardygymdan «Bir kürtäniň hakyky rowaýaty» atly poemada aýtmaga synanyşdym. Ol bir aýdylyp goýuljak ýol däl, hemişelik heň, dowamly aýdym. Entek, entek ýazarys, ýazarlar.
Türkmen zenanlarynyň aýratynlyk, tapawut berýän ýeri juda kändir. Giň göwrüme ýugrulan gylykda edebem, edermenligem, edalylygam bezeg berýändir.
Aýa bakyp, ýalkymyň nämedigine, Güne bakyp, güneşiň nämedigine göz ýetirmelidiris. Ene syrly dünýädir. Enäniň güýji, gudraty bilen aýlanýar Zemin, jana gelýär älem.
Mert Ogly Watana bagyşlan Enäň,
Her güni, gündizi ajaýyp senäň.
Taryhyň ýazgysyn bormy bellemän,
Ýürekleň urgusyn ünsde eglemän,
Beýigniň boýuny ölçeýär asman,
Ýylgyrýan ýyldyzlar Aý-Günem galman,
Bäri-bäri däldir ondan ýeten paý,
Messepli mekana atandyr serpaý,
Eneden tapandyr türkmen döwleti,
Ýagtyltdy Ýagşynyň ýagty niýeti,
Dilegne gowuşdyk Ogulabat ejäň,
Şudur mähribandan ýeten derejäň!
Dünýäni gözleme, Özüdir dünýä,
Mähirli meňziňde bagt görünýä,
Hemmäge nusgadyr edepliligi,
Keşdede keşt edýär edenliligi,
Eşret beren günlerine begenç kän,
Tarypyny nädip, men ýetirerkäm?!
Söz älemne eltýän eziz Käbäni,
Nädip agzamajak nepis kürtäni,
Nagşyňda, barşynda ajaýyp ýürek,
Inişi nurana, dünýäsi derek,
Gül ýüzüň ýylgyrsyn, uzak ýaş saňa,
Gülli, gülälekli reýhan ýaz saňa,
Asylly başyňy gorasyn, Taňrym!
Bir däl, müň mertebe edýärin tagzym!
Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçenden türkmen döwletini her bir ugurdan ösdürmegi, özgertmegi maksat edindi. Edil şonuň ýaly, medeniýetem, sungatam, edebiýatam ýokary götermegi şu belentlikler bilen baglanyşdyryp alyp bardy. Ol dünýäň ösen döwletleriniň geliş ýolundaky bar zat. Bu ýerde esasy bir zady bellemek hökmanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ykdysadyýetden, syýasatdan, medeniýetden, umuman, ähli ugurdan Özüniň baş çykarýanlygy aýratynlyk berýär. Ol aýry-aýry ynsanlara Alla tarapyn düşýän paýdyr. Oňa esaslanyp, ýurt görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Şeýle bolmasa, medeniýetiň gününi hepdeläp baýram edýän ýer nirede bar?! Ýokdur.
Ýazyjylykdan, alymlykdan, lukmanlykdan habarly bolmak ösüş ýolunyň pajarlamagyna, öňe gitmegine doly itergi berýän bat. Hemem tapylgysyz kuwwat.
Asudalyk adamzadyň geregi,
Gowluga dolaýyp bilse diý seri,
Al-ýaşyl, reňbe-reň gülleň bar ýeri,
Mesaýy, mylaýym günleri eglär.
Her millet özüçe eştdirer heňin,
Suwun tolkundyryp, ýaýýandyr deňzin,
Milli medeniýetiň, sungatyň meňzin,
Şägirtlerin alyp, ussat reňlär.
Aýdymda joş urup, oýnap, ýüwürip,
Namasyn, nagmasyn kalpda ýuguryp,
Seredip, ser salyp, her bir uguryň,
Ösüşin alar-da, dünýäýe deňlär.
Döwüriň owazyn, rowanyn diňle,
O pursat çykylar baglara seýle,
Ýurtlaň aňyrdan gelişi şeýle,
Medeniýeti ösen özün bar eýlär.
Akymynda akyl, kökünde kemal,
Höwes-hyýal berse, ýüzdedir jemal,
Başlary sypasa mylaýym şemal,
Ol ýerde gök öwsen baglar seleňlär.
Zehinler bada-bat göze ilerler,
Barlygyny görkeziban bilerler,
Arkadagym ýaly asyl Inerler,
Mertligin, pertligin Watana peýlär.
Lebap welaýatynda medeniýetiň hepdeläp bellenen baýramly günleriniň dowamynda Kerki şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň düşmegini, bu ýerde Halkara howa menziliniň açylmagyny taryhy wakalaryň naýbaşysy hasap etse bolar.
Uçar üstünde ýaş çatynjalara bagt arzuw etmek hyýaly, düýşi ýadyňa salýar.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň borçnamalaýyn tabşyrygy berjaý edip, zähmet üstünligini gazanan lebaply gallaçylary gutlamagy döwletlilikden nyşan.
Açyşly günleriň dowamyny ýöretmegi ýürekleriň joşgunyna, ganatlanmagyna gaýratdyr.
«Türkmeniň ak öýüniň» bina edilmegi, ony Gahryman Arkadagymyzyň açyp bermegi, aklyga ak ýol dilemegi, sungat işgärleriniň taýýarlan gyzykly çykyşlaryna tomaşa etmegi göwnümizi diýseň göterdi.
Gapysyn açmagy howa menzilniň,
Bu baýramyň baryş ýolun bezedi.
Hözirini görer il hezilligniň,
Arkadagyň arzuwy-da şeýledi.
Halkyň ykbalyna eşretli zaman,
Şa guwanýar bu agzybir halkyna.
Hyzmat etse bolar, arman-ýadaman,
Geldi döwran bir Oguldan ýalkana.
Jebisligiň bar ýerinde bolçulyk,
Diýýär türkmen: «Agzybire Taňry biýr».
Nurun saçýar göwündäki gowulyk,
Ak öýüňe şükürligi ýatlap gir.
Ýaşaýyşdyr toýlaň bolýan ýerinde,
Hem saglygyň aladasy edilýär.
Halallykdyr şu milletiň serinde,
Dana aýtmyş, diňe öňe ädilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga goýýan hormatyny biz, şahyrlar özümize diýip bilýäris. Şahyra gadyry kim goýup biler?! Söz aslyny aňyp bilýän, alyp bilýän, aýdyp bilýän. Döredijilige doly düşünýän, ondan baş çykarýan. Şahyryň doglan güni ýyllap bellenilende, dünýe gezendiris.
Ýadymda, şol ýylyň ahyrlarynda Ýaponiýa döwletinde uly baýramy jemläp, şygyr okap duran pursadym. Bagtymyň çägi ýokdy. Şolar ýaly aňda galýan ýatlamalardyr şahyry Watan waspyna, il waspyna, mähriban Arkadag tarypyna ýetirýänem, getirýänem.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň medeni mirasynyň dürli ugurly gymmatlyklaryna gadyr goýýanlygy nähili ýakymly!
«Azat il, güzer gözlär men».
Magtymguly Pyragy.
Geldi azat günleriň,
Ynha, giňiş güzeriň,
Saňa bakýar ýüzeriň,
Pyragym!
Saýra Arkadag deýin,
Üste gyrmyz don geýin,
Ýurda mähriban meýil,
Pyragym!
Dünýäň berkararlykdyr,
Rysgal, döwlet baýlykdyr,
Sähraň gülli ýaýlakdyr,
Pyragym!
Tapansyň sen idegňi,
Ünsi aldy islegňi,
Bitirendir dilegňi,
Pyragym!
Döredi Merdiň seniň,
Ýeňledi derdiň seniň,
Arkadag Ogul çeniň,
Pyragym!
Baýramyň uludandyr,
Ak öýüň gurulandyr,
Günleriň durudandyr,
Pyragym!
Diňle, şygyr okaýas,
Öz şygryňam okaýas,
Ýörjek ha:lyň dokaýas,
Pyragym!
Sen guwanyp bilersiň,
Sen buýsanyp bilersiň,
Ýylgyryban gelersiň,
Pyragym!
Gutlaýaryn baýramňy,
Gaýgy-gamy aýranňy,
Aldym seniň baýragňy,
Pyragym!
Rahat, parahat döwletimiziň barlygyna, jebis-agzybir ilimiziň bagtyýarlygyna, Gahryman Arkadagymyzyň hossarlygyna, älem-jahanyň bize ýarlygyna şahyr nädip şygyrly dünýä dolmasyn. Şu şöhratlardyr ýüregiň owazyny dünýä aparýan, watansöýüjilik duýgusyna atarýan. Tarp ýerden hiç zat döremeýär.
Kalby galkyndyrýan, ganatlandyrýan wakalaryň özeninde, gönezliginde Söwer Ogluň, Arkadag Zürýadyň barlygydyr. Görseň göwnüň göterilýär, ylhama dolýaň, goşguly äleme gonýaň. Ol seni ýaşadýar, ýagşylyga, ýagtylyga çagyrýar.
Bilýänsiň ganat deý gerilenligňi,
Il-güne, Watana berilenligňi,
Röwşen mysally Merdanalygňy,
Gahryman Arkadagym!
Ýatlaýaň türkmeniň bar gymmatlygyn,
Ýerlikliden gelen berk ymmatlygyn,
Gojaman äleme hem hyzmatlygyn,
Gahryman Arkadagym!
Gelenligiň ykballaryň ýalkymna,
Getirensiň ili bagtyň galkymna,
Gereklisiň Watanyňa, halkyňa,
Gahryman Arkadagym!
Ömür hasap edýändiris ömrüňi,
Eý görýäris bu bagtyýar döwrüňi,
Jana deňäp söýýändiris Özüňi,
Gahryman Arkadagym!
Günleriňi bezäp bildi bu ýyllar,
Giň dünýäýe deňäp bildi bu ýyllar,
Saňa bakan ýyly ýyllar ýylgyrar,
Gahryman Arkadagym!
San ýokdur bitiren uly işlerňe,
Garaýşyň mylaýym dünýäň illerne,
Asal gonsun eser ýazýan ellerňe,
Gahryman Arkadagym!
Ak öý bagtymyza meňzäp durandyr,
Ony gudrat gören gurbuň gurandyr,
Milletiňe müňläp ýyllar ulandyr,
Gahryman Arkadagym!
Döwrüň bilen, dünýäň bilen dem alýaň,
Reýhanlykdan hem şanlykdan heň alýaň,
Günbe-günden Didäm, Aryşa galýaň,
Gahryman Arkadagym!
Hormatym kän Seni beren dünýäýe,
Ýaşadasyň gelýänligin bilýän-ä,
Bagyşla, ýetmese sözler sünnäýe,
Gahryman Arkadagym!
Dilegmiz Hudaýdan saglygy janyň,
Bereket getirsin altyndan jamyň,
Höwesli, hyjuwly halkyňda halyň,
Gahryman Arkadagym!
Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32817