Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz doly döwrebaplaşdyrylýar. Halk hojalygyny köpugurly ösdürmek, ähli pudaklara we ulgamlara sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Hususan-da, häzirki tehnologiýalar eýýamynda ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligini ýokarlandyrmaklyga strategik wezipe hökmünde garalýar. Bu ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň baş şerti bolup durýar.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden, ýurdumyzda degişli ugry kemala getirmek üçin giň möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär, daşary ýurtlarda öndürilen iň kämil innowasiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Bu babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek ugrunda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa amala aşyrylýan döwrebap işleriň özara sazlaşykly we utgaşykly ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligi has-da kämilleşdirmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanýan ýylynda kabul edilen degişli çözgütler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Muňa mysal edip, döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezip bolar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen bu resminama şanly senelere baý bolýan ýylymyzda sanly ulgamy ösdürmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyna güwä geçýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagyna hem-de doly sanlylaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Bu resminama milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň döwrebap usullaryny we birnäçe anyk wezipeleri öz içine alýar. Onda jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk ulgamynda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman täze we kuwwatly önümçilikler ýola goýulýar. Munuň esasynda bolsa, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we senagat mümkinçilikleri artyp, taýýar önümleriň daşary ýurtlara eksporty ýokarlanýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanyp, durnukly ykdysady ösüşiniň gazanylmagyna ýardam berýär.
Serdar GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.