Aziýanyň Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasyna agza döwletlerniň Ýokary wezipeli resmi wekilleriniň duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 30-nji iýunynda Aziýanyň Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasyna agza döwletleriň Ýokary wezipeli resmi wekilleriniň duşuşygy geçirildi we bu geçirilen duşuşuga Türkmenistan tarapyndan CAREC maksatnamasy boýunça Milli utgaşdyryjy – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we ministrligiň degişli müdirliginiň wekilleri gatnaşdy.

Agzalan duşuşyga Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň we Bütindünýä Bankynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda CAREC sekretariaty tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Netijeliliginiň ösüşi boýunça hasabaty, 2030-njy ýyla çenli Saglyk ulgamynyň hyzmatdaşlyk strategiýasy, 2030-njy ýyla çenli Sanly strategiýasy, Sebitleýin infrastruktura taslmalaryna ýardam etmek ulgamy, «CAREC maksatnamasynyň suw bölegini işläp düzmek» atly sebitleýin tehniki kömek taslamasynyň çäklerinde alnyp barylan işler we CAREC Instituty tarapyndan ýerine ýetirilen işler bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdylar we degişli prezentasiýalar bilen çylyş etdiler. Şeýle hem, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş hünärmeni CAREC sekretariatynyň ýolbaşçysy şu ýylyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 20-nji Ministrler maslahatynyň mowzugy we düzümi barada maglumatlary gatnaşyjylara ýetirdi.

Soňra CAREC maksatnamasy boýunça Milli utgaşdyryjylar tarapyndan (şol sanda Türkmenistan tarapyndan CAREC maksatnamasy boýunça Milli utgaşdyryjy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow tarapyndan hem) ýokarda görkezilen duşuşygyň temalary boýunça öz tekliplerini we garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumyadamazt ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi