Ösüşleriň möhüm şerti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösüşi, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokary derejelere ýetýär. Täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap zawoddyr fabrikler, senagat kärhanalary, ýaşaýyş toplumlary, çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, dynç alyş, sport we hyzmat ediş desgalary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösüşini gazanmak babatda toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Dünýäde «sanly ykdysadyýet» diýlen düşünjä aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet munuň özi internetiň mümkinçiliklerine daýanýan, ykdysady nusgadyr. Sanly ykdysadyýet zähmet öndürijiliginiň, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi ýaly mümkinçiliklere eýedir. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi täze ykdysadyýeti emele getirýär. Üpjünçilik ulgamy, ýagny internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk ulgamy sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle hem, bu ykdysadyýetiň wajyp ugurlary hökmünde elektron işewürligi — hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak, elektron söwdanyň, hyzmatlaryň internet arkaly berjaý edilmegi babatdaky işler häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary halkara söwdasyny giňeltmek bilen bir hatarda, halkara habarlaşma çykdajylaryny hem peseldýär. Mysal üçin, internetiň üsti bilen öndürijiler alyjylara öz harydyny ýa-da hyzmatyny hödürläp bilýärler. Şeýle tehnologiýalar ýeke bir söwda, önümçilik we hyzmatda däl-de, dolandyryş işlerinde hem giňden ulanylýar. Bu serişdeleriň ulanylmagy zähmeti tygşytlaýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giň gerimde ornaşdyrmak işi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär we şu günki günde onuň tapgyrlary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Konsepsiýany üstünlikli durmuşa geçirmek uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Konsepsiýa BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli ýerine ýetirilmegine hem uly ýardam edýär. Bulardan başga-da, Konsepsiýa işewürligiň täze sanly görnüşleriniň ösdürilmegine, sanly ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmegiň täze görnüşleriniň emele gelmegine, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna we halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň kämilleşdirilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Goý, berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Handurdy HANDURDYÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy, institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32966