Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, dünýäde esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasyny nebitgaz pudagy düzýär. Uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebitgazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň maýa goýumlarynyň agramly bölegi gaýtadan işleýän kuwwatlyklary, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmagyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň kuwwatly serişdeler binýady bolsa, energiýa serişdelerini durnukly ibermek üçin uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär.
Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-niň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan «Galkynyş» gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny bellemek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde hem işjeň häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.
Birleşen Milletler Guramasy we abraýly halkara guramalary derejesinde hormatly Prezidentimiz energiýa howpsuzlygynyň hukuk esaslaryny düzmek babatynda hem anyk teklipleri öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny» atly Kararnamalaryň iki gezek kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, soňky ýyllarda energiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy we bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň umumadamzadyň bähbitlerine ulanmak baradaky tagallalarynyň halkara derejesindäki ýene bir gezek ykrar edilmesine öwrüldi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmak ugruna eýermek bilen, okgunly ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Munuň esasynda bolsa milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler ýatyr. Esasy maksat — amala aşyrylýan işlerde diňe bir ýurdumyzda däl, bütin dünýäde parahatçylygyň, syýasy we ykdysady durnuklylygyň berkararlygyny üpjün etmek meselesi bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň pudaklarynyň ählisinde gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyz sebitiň örän möhüm ulag halkasyna, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýän we olary amala aşyrmak üçin yzygiderli çäreleri geçirýän döwlet hökmünde oňyn daşary syýasaty netijesinde iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Munuň üçin umumy ykrar edilen ölçeglere laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekilýär, halkara demir ýollary, menzilleri gurulýar. Diňe bir ýurduň içinde däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Bu ýollar energiýa serişdelerini ygtybarly esaslarda halkara bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Nurgözel MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32951