Sanly ykdysadyýet — ygtybarly binýat

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halk hojalygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha berkeýär. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, halk hojalygynyň pudaklaryny we olaryň dolandyryş ulgamyny düzüm taýdan täzeden guramak işleri giň gerimde ýola goýulýar. Bäsdeşlige ukyply, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Tapgyrlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrylýan bu konsepsiýa ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň depginli ösüşini täze, belent sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýetiň döwre görä kämilleşdirilmegi dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirlerini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy talap edýär. Bu özgertmeler ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna zerur şert döredýär.

Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze sepgit bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady ösüş babatda täze derejä çykarmagyň döwrebap usulydyr. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, ykdysady töwekgelçilikleriň azalmagyny hem üpjün edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bähbidine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, gözel Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýär.

Bagtyýar halkymyza asuda, bolelin durmuşy, ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Jemal GULBAÝEWA,

TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32938