Habarlar
Nusgalyk tagallalar rowaçlanýar

  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda halkara ulag-aragatnaşyk ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki döwürde onuň döwrebap ösdürilmeginde esasy orny eýeleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä çykarmaga, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny ösdürmek meselesi hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän esasy strategiki ugurlarynyň biri bolmak bilen, diňe bir ýurt ýa-da sebit möçberinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Watanymyz bu gün Ýewropa bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçinem, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara söwda ýollaryny birleşdirýän milli ulag düzümlerini has-da giňeltmek wezipesine uly ähmiýet berýär. Halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýän şertlerinde ýurdumyzyň çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleri döredilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar öňe sürülýär we olary üstünlikli amala aşyrmagyň göreldesi görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça öňe sürlen degişli Kararnamalaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini, şeýle hem 2016-njy ýylda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilendigini, soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara ähmiýetli awtoulag we demir ýollarynyň, howa menzilleriniň, deňiz portunyň gurlandygyny bellemek gerek. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýetli ädimlerdir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň kabul eden «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň hem-de sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplary göz öňünde tutulýar. Resminamada Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, şeýle hem beýleki halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär. Mundan başga-da, maksatnamada ýurdumyzyň ulag pudagynyň sanly ulgama geçirilmeginiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak, geljekde bu ugra eksport we import amallaryny ýerine ýetirýän beýleki döwlet edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ulag pudagyny baglanyşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde ulag-aragatnaşyk kärhanalarynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy, serişdeler hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün edilmegi halka edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Ähli ulgamlar bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hem dünýä ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

06.08.2022
Gyýanlydaky gaýratly gadamlar

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumy, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty sebiti senagatlaşdyrmagyň bellenilen maksatnamalara laýyk alnyp barylýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Tutuş dünýäde ykrar edilen bu desgalaryň her biri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ähmiýetli orun eýeleýär.  

                                                                   

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Gyýanly şäherçesindäki dünýäniň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän gaz-himiýa toplumy aýratyn gürrüň edilmäge mynasypdyr. Bu toplum Türkmenistanyň diňe halkara energiýa bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp ornuny kesgitledi. Ýeri gelende, 2014-nji ýylyň aprelinde gurluşygyna badalga berlen bu gaz-himiýa toplumynyň taslamasynyň şol ýyl Ýewropada we Ýewraziýada eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän on taslamanyň iň gowularynyň biri hökmünde ykrar edilip, Beýik Britaniýanyň abraýly «TXF» guramasynyň ýörite baýragy bilen sylaglanandygyny aýtmalydyrys.  

                                                                   

«Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde gurlan bu toplumyň ýyllyk taslama kuwwaty polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu netijeleri gazanmak üçin toplumda her ýylda gaýtadan işlenilmeli tebigy gazyň möçberi bäş milliard kub metre deňdir. Diýarymyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň öňünde täze mümkinçiliklere giň ýol açdy. Bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, Hazar deňziniň türkmen böleginiň gorlarynda milliardlarça tonna barabar nebit we trillionlarça kub metre barabar tebigy gaz jemlenendir. Bu çäklerdäki Magtymguly, Diýarbekir ýaly känler tejribe-senagat taýdan ulanmaga taýýarlanylyp goýuldy. 2011-nji ýylda Hazaryň kenarynda gazy gaýtadan işleýän zawodyň we ýerüsti gaz terminalynyň gurlup, ulanyşa tabşyrylandygyny hem ýatlap geçmegimiz gerek. 

 — Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag hem-de beýleki möhüm düzümleriň bolmagy hut Gyýanly şäherçesiniň iri gaz-himiýa toplumynyň merkezi hökmünde saýlanyp alynmagyny üpjün etdi. Geçmişe nazar aýlasak, Türkmenistany senagatlaşdyrmak işiniň uglewodorod we mineral serişdeleriniň gorlaryna baý bolan Balkan töwereklerinden gözbaş alandygyny äşgär görmek bolýar. Hazar sebitiniň ummasyz baýlyklary gadymdan bäri mälimdir. Bu barada gadymyýetiň belli taryhçylary, alymlary öz ýazgylarynda ýatlap geçipdirler. Geçen asyryň başynda bolsa Çeleken ýarym adasynda daşary ýurtlaryň, şol sanda dünýä meşhur doganlar Nobelleriň şereketleriniň we kompaniýalarynyň ýigrimiden gowragy hereket edipdir. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän ýyllarynda bu hazynalar mesgeniniň baýlyklaryny has-da netijeli özleşdirmekde, halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmakda uly işler ýola goýuldy. Arkadagly Serdarymyz hem bu döwlet bähbitli, dünýä ähmiýetli işi mynasyp dowam etdirip, günbatar sebitdäki ýataklardan alynýan uglewodorod serişdelerini işjeň özleşdirmekden gelýän girdejileri ýurdumyzy ykdysady taýdan barha kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirýär. Ine, şu beýik işler hem güýjümize güýç goşup, ganatly göwünlerimizi has arşa göterýär — diýip, zawodyň baş tehnology Eziz Goçow buýsanç bilen aýdýar.  

                                                                   

Türkmen hünärmenleri tarapyndan ygtybarly dolandyrylýan bu gaz-himiýa toplumy Türkmenistanyň energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşarky bazarlara ugratmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary önümçilik pudagyny hem döredýär. Aslynda, ýurdumyzda tebigy gazdan alynýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän polimer zawody ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmek bilen gönüden-göni baglydyr. Türkmen döwletiniň alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasaty hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleri nebitgaz pudagynda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär. Bu gaz-himiýa toplumynda polietilen we polipropilen önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Ilkinji çig maly öňdebaryjy innowasion usullar boýunça mümkin bolan ähli garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi toplumda ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän önümleriň taýýarlanýandygyndan habar berýär. Bu kuwwatly kärhanada ýangyna garşy we tehniki howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, toplumyň ekologiýa zyýanly täsirini azaltmak boýunça görülýän çäreleriň hem ýokary talaplara kybap gelýändigini ynam bilen aýtmak bolar. 

 — Külkelenen polipropilen dünýä bazarynda geçginli harytlaryň biridir. Ol polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar, polimer önümleri bolan turbalar, şpagat, mäkäm urganlar, awtoulaglar üçin süzgüçler, şeýle hem dürli egin-başlar we mebeller, azyk önümleri üçin gaplaýyş serişdeleri, gutular hem-de beýlekiler öndürilende örän gerekdir. 

                                                                   

Polietileniň esasynda bolsa uly isleg bildirilýän dürli turbalaryň, suwuklyk saklamak üçin gaplaryň, süýümleriň, gurluşyk serişdeleriniň, sanitar-tehniki önümleriň, içki protezleriň we başga-da birnäçe harytlaryň önümçiligini ýola goýmak bolýar. Iň esasy zat bolsa, gaz-himiýa toplumymyzda ýerli hünärmenlerimiziň netijeli zähmet çekmegi üçin aňrybaş şertlerdir mümkinçilikleriň döredilenligidir. Olaryň tutanýerli işleriniň netijesinde kärhanamyzda bellenilen meýilnamalara artygy bilen amal edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen birinji ýarymynda polimer öndürmek baradaky tabşyryga 106,3 göterime golaý amal etmegi başardyk. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 121 göterime barabar boldy. Zawodymyzda taýýarlanýan ýokary hilli polimer önümlerimizi Hytaý, Türkiýe, Russiýa, Owganystan ýaly döwletler uly isleg bilen satyn alýarlar — diýip, gaz-himiýa toplumynyň önümleri ýerleşdirmek bölüminiň esasy inženeri Mähri Berdiýewa gürrüň berýär.  

                                                                   

Dünýä bazarlaryna «Türkmenistanda öndürildi» diýen buýsançly belgi bilen gymmat bahaly polimer önümlerini eksport etmegi başarýan bu kuwwatly toplumda zähmet çekýänleriň agramly bölegi ýaşlardyr. Kärhanada olaryň işden boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri boýunça özara ýaryşlary geçirmegi, dürli maşklary ýerine ýetirip, sagdyn bedenli bolmagy üçin hem ähli şertler döredilipdir. Bu mümkinçilikleriň her biri gujurly ýaşlary ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyna öz halal zähmetleri bilen önjeýli goşant goşmaga hyjuwlandyrýar. 

                                                                   

Hawa, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawody täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Kärhananyň zähmetkeş topary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny has belent sepgitlere beslemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

05.08.2022
Saglyk we ekologiýa baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça gezelenç hem-de welosipedli ýöriş etdi 

                                                                   

 Awaza, 4-nji awgust (TDH). Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan işjeň dowam etdirilýär. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ýörelgeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Ähli möwsümlerde bolşy ýaly, tomus paslynyň ir säheriniň özboluşly gözelligi, hoştap howasy hem-de serginligi ynsan ruhuna ýakymly täsir edýär. Döwlet Baştutanymyz şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, ogly bilen kenarda birsellem gezelenç etdi. Deňziň kenarynda gezelenç etmegiň saglyk üçin aýratyn peýdalydygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen bilelikde Awazanyň çägi boýunça welosipedli ýörişi dowam etdi. Ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň bagy-bossanlygy we ýaşyl örtükli zolaklary dynç alýanlaryň ruhuny göterýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypaly howasy hem-de dynç alyş amatlyklary türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň şypahana we sport merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär. 

                                                                   

Soňky ýyllarda bu ýerde häzirki zaman dynç alyş düzümine degişli ýokary derejeli myhmanhanalar toplumy, şypahanalar gurlup ulanmaga berildi. Ýokary halkara görkezijiler esasynda enjamlaşdyrylan döwrebap sport toplumlary gurlup, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak bolýar. 

                                                                   

Säher çagynda ajaýyp görnüşi emele getirýän Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç ruhuňy göterýär. 

                                                                   

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde welosiped sportuna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, welosipedli gezelençleriň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly däbiniň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan giň gerimli şeýle çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň ekologik taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosiped sportunyň muşdaklarynyň günsaýyn artýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýaşdaky adamlar welosiped sürmegi, welosiped sporty bilen meşgullanmagy durmuş kadasyna öwürdi. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr. 

                                                                   

Welosiped sporty bilen meşgullanmak daşky gurşawyň gözelligini, ajaýyp tebigaty synlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde tebigata aýawly garamak milli özboluşlylygyň aýrylmaz ölçegleriniň biri bolup, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Sport, saglyk we ekologiýa biri-birinden aýrylmaz düşünjelerdir. Ekologik ýagdaý ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň möhüm bölegidir. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda maşklary ýerine ýetirip, ýokary ussatlyk derejesini görkezdi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň we bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň özi öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly saglygy hemmetaraplaýyn berkitmek bu gün ähli ýaşdaky we hünärdäki adamlary birleşdirýän umumymilli maksada, kuwwatly şerte öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňe sürlen giň möçberli işler, aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak meseleleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny wagyz etmek, halkara derejeli iri sport döwleti hökmünde Türkmenistany ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Lukmançylyk ylmynyň tassyklaýşy ýaly, sport maşklary bedeniň ähli agzalarynyň işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiňi ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklylaşmagyna hem-de dartgynlylygyň gowşamagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda bolşy ýaly, adam saglygynyň berkidilmeginde hem aýratyn ähmiýetlidir. Sport enjamlarynda berjaý edilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmeginiň ynsan saglygy üçin peýdasy uly bolýar. 

                                                                   

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, bu babatda türgenleriň döwlet derejesinde höweslendirilmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Şeýlelikde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleriniň, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Munuň özi ynsan saglygynyň berkidilmeginde bolşy ýaly, adamlaryň döredijilik ruhunyň ýokarlanmagynda hem aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu gün Diýarymyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň özi Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende göterýär. Medeni-köpçülik çäreleriniň sport bilen utgaşdyrylmagy bolsa ýaşlary has belent netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady.

05.08.2022
Möhüm işiň öň hatarlarynda

Azyk bolçulygyny döretmek islendik ýurduň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz hem ilatymyzy özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmegiň meselesine çynlakaý çemeleşýär we degişli ýolbaşçylaryň öňünde bu barada anyk wezipeleri goýýar. Bu il-ýurt bähbitli işlere hususy önüm öndürijiler hem saldamly goşant goşýarlar.  

                                                                   

Telekeçiler ilaty ýylyň dowamynda ýokary hilli gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin ýyladyşhanalarda ekinleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýärler. Olaryň şu ýylyň başyndan bäri satuwa çykaran ýyladyşhana önümleriniň umumy mukdary 5 müň 133 tonnadan geçdi. Munuň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli köpdügi hususy önüm öndürijileriň işleriniň barha rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Ilata hödürlenilen önümleriň esasy bölegini pomidor tutýar. Telekeçilerimiz geçen ýarym ýylda bu önümiň 4 müň 927 tonnadan gowragyny öndürdiler. Şonuň ýaly-da bolgar burçunyň 64, kelemiň 83 tonnasy alyjylara terligine ýetirildi. Ýer tudanasynyň 1,68, soganyň 8 tonnasy ýyladyşhanalarda ýetişdirildi. Şu günler bolsa hususy önüm öndürijiler tebigy şertlerde açyk meýdanda ýetişdirilen ýeralmanyň, soganyň, pomidoryň, bakja önümleriniň we beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan telekeçileriň tagallalarynyň ýerine düşýändigi bolsa bazarlaryň we dükanlaryň dolup duran tekjelerinden aýdyň görünýär.  

                                                                   

Hususy önüm öndürijiler diňe bir gök önümleri ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, maldarçylyk, guşçulyk bilen hem, olardan alynýan önümleri gaýtadan işlemek bilen hem meşgullanýarlar. Welaýatymyzyň telekeçileri geçen alty aýda 105 tonna golaý et öndürdiler. Häzirki wagtda hususy maldarlaryň 64-si et öndürmek maksady bilen mal idedýärler. Şonuň ýaly-da etden ýokary hilli şöhlat önümleri hem taýýarlanylýar. Ýylyň başyndan bäri bu önümiň 105 tonnadan gowragy söwda nokatlarynyň üsti bilen ýerlenildi. Bu önümçilik bilen telekeçileriň 10-sy meşgullanýar. 

                                                                   

Welaýatymyzda guşçulygy ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Ilaty berhizlik iýmit hasaplanylýan guş eti, saglyk üçin peýdaly ýumurtga bilen üpjün etmäge hususy önüm öndürijiler saldamly goşant goşýarlar. Towuk idedýän telekeçileriň 9-sy ýylyň başyndan bäri towuk etiniň 71 tonna golaýyny alyjylara ýetirdi. Ýene-de şonça telekeçiniň kömegi bilen 1,5 milliondan gowrak ýumurtga öndürilip, söwda nokatlaryna iberildi.  

                                                                   

Ýylyň dowamynda uly islegden peýdalanýan önümleriň ýene biri süýtdür. Telekeçileriň güýji bilen ýylyň başyndan bäri 939 tonna ýakyn süýt öndürildi. Gaýtadan işlemegiň netijesinde öndürilen süýt önümleriniň mukdary bolsa 69 tonna ýetdi. «Läle», «Enaý», «Her gün», «Peýker», «Rahatlyk» ýaly haryt nyşanlary bilen öndürilýän gatyk, gaýmak, dorog, gaty we ereme peýnirler, mesge ýagy, doňdurma alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar.  

                                                                   

Ýylyň başyndan bäri çörek we çörek önümleriniň hem 354 tonnadan gowragy ilatyň saçagyna ýetirildi. Öndürilen konditer önümleriniň mukdary bolsa 153 tonna töweregi boldy. 

                                                                   

Tomsuň häzirki günlerinde hususy önüm öndürijiler alkogolsyz içgileri we arassalanylan suwy söwda nokatlaryna çykarmaga hem aýratyn üns berýärler. Ýylyň başyndan bäri olar ilata alkogolsyz içgileriň 244 müň dekalitrden gowragyny hödürlediler. Bu önümiň 239 müň dekalitrinden gowragy iýun aýynda öndürildi. Bu bolsa telekeçileriň işini alyjylaryň dürli döwürlerdäki isleglerine laýyk guraýandyklaryny görkezýär. Şu günlerde «Kristall Bek», «Yşgyn», «Ramakwa», «Sümmül», «Titi», «Mahmal», «Arçalyk» we beýleki söwda belgili dürli tagamly içgiler alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. 

                                                                   

Ýokarda mysal getiren anyk delillerimizden hem görnüşi ýaly, welaýatymyzyň telekeçileri azyk önümçiliginde uly orny eýeleýärler. Häzir bu ugur bilen telekeçileriň 198-si meşgullanýar. Hususy kärhanalarda we önümhanalarda döredilen iş orunlarynda işgärleriň 842-si zähmet çekýär. Hünärmenleriň birleşen tagallalarynyň netijesinde azyklyk önümleriň bolçulygy döredilýär. 

                                                                                                           

Şöwket KERIMBERDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

05.08.2022
Kuwwatly energetika ulgamy

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň soňky ýyllardaky durnukly ösüşi ilkinji derejede elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi ýurdumyzda üstünlikli çözüldi. 

                                                                   

Energetika serişdeleriniň gorlary boýunça Türkmenistan bütin dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri hem energetika ulgamynyň sazlaşykly işi bilen baglanyşykly bolup durýar. Döwletimiz elektrik energiýasyny öndürmek üçin örän uly serişdeleri goýberýär. Bu serişdeler netijeli özleşdirilýär. 

                                                                   

Elektriksiz ýaşaýyş-durmuşymyzy göz öňüne getirmek şeýle bir kyn. Sebäbi bu eşrete şeýle bir uýgunlaşypdyrys. Bagtyýar ildeşlerimiziň öýlerinde elektrik çyralary şugla saçýar, önümçilikler dyngysyz işleýär. Islendik iş elektrik energiýasy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Döwletimiziň innowasion tilsimatlary ulanmaklyga gönükdirilen syýasaty energetika ulgamyny ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwürdi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri üçin zerur bolan elektrik energiýasy özümizde ýeterli öndürilýär. Elektrik energiýasynyň eksporta iberilýän möçberiniň ýylsaýyn artýandygy bolsa Türkmenistanyň sebitdäki tutýan ornunyň has ulalandygyny görkezýär. Innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda pudagyň düzümi düýpli döwrebaplaşdyryldy. Uly we kiçi gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň onlarçasy guruldy. Häzirki döwrüň iň kämil innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan kuwwatly desgalar ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşine, şeýle hem uly gurluşyklaryň alnyp barylýan, täze, döwrebap önümçilikleriň işe girizilýän döwründe iňňän zerur bolan elektrik energiýasynyň ýeterli mukdardakysyny üpjün etmäge, şeýle-de energiýa serişdeleriniň biziň üçin amatly ugurlar boýunça dünýä bazarlaryna iberilişini artdyrmaklyga uly goşant goşýarlar. Bu desgalar ekologiýa taýdan hem howpsuzdyrlar, elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamakda-da bu öňdebaryjy tehnologiýalaryň artykmaçlygy mälimdir.  

                                                                   

Diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde geçen ýyllaryň dowamynda Çärjew etrabynda iki sany kuwwaty 149,2 we 432 megawat, Döwletli etrabynda kuwwaty 254 megawat bolan «Watan» döwlet gazturbinaly elektrik stansiýalary, Kerki etrabynda kuwwaty 500 kilowata barabar elektrik bekedi işe girizildi. Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgam işe girizildi. Bu desgalar daşary ykdysady gatnaşyklary hem berkidýär. 

                                                                   

Döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurulmagy, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň hatarlarynyň barha uzalyp, ilatly ýerleriň we önümçiligiň energiýa bilen üpjünçiliginiň sazlaşygynyň emele getirilmegi bilen ýaşaýşymyz hem barha ýokary derejelere galýar. Ilatly ýerleriň we önümçiligiň energiýa bilen kadaly üpjünçiligi döwletiň adam hakyndaky aladalarynyň iň esasydyr. Türkmenistanda kuwwatly energetika ulgamynyň kemala getirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän islendik derejedäki bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň şaýoluna düşülen mahalynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmegiň möhüm şertini emele getirdi. Türkmenistan kuwwatly energetika döwleti hökmünde has öňe saýlanýar. 2025-nji ýylda Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň umumy öndürilişi ep-esli artyp, onuň 34,2 milliard kWt/sagada ýetirilmegine garaşylýar. Bu döwürde Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 1,4 esse artyp, ol 3 milliard kW/sagatdan hem gowrak bolar.

04.08.2022
Täze sport üstünlikleri bilen Watanymyzyň şöhraty artýar

Halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy 

                                                                   

 Awaza, 3-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

“Awaza” sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş watandaşlarymyz türkmen sportunyň iň oňat däplerini üstünlikli dowam etdirip, halkara ýaryşlarda mähriban Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Munuň aýdyň mysaly hökmünde binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilen köp sanly sylaglary görkezmek bolar. Şol sylaglar Garaşsyz Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary hem-de köpugurly stadionlar guruldy, olar ýokary derejeli türgenleşikleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertler bilen üpjün edildi. 

                                                                   

Diýarymyzyň türgenleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde kemala gelmegi üçin uly halkara ýaryşlar — 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şeýle hem 2018-nji ýylda ugry gadymy Beýik Ýüpek ýolundan geçen “Amul — Hazar” halkara awtoralli ýaryşy, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

                                                                   

Häzirki günde sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegine, türgenler bolsa ussatlygy hem-de erki arkaly Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny ykrar edýän parahatçylygyň ilçilerine öwrüldi. Hut şoňa görä-de, ussat türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» beýleki Döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk, sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny has täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 

                                                                   

Döredilen şertler sport ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

2021-nji ýylda Diýarymyzyň sportunyň taryhynda ajaýyp sahypalar ýazyldy — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiadada Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly gazanyldy. 

                                                                   

Asylly däbe görä, dünýä derejeli sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlara eýe bolan türgenler Diýarymyzyň sportuny ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly goşandyna hormat hökmünde döwlet derejesinde sarpalanýarlar. 

                                                                   

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini hem-de olaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýändigini belledi. 

                                                                   

“Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz!” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de türkmen türgeni adyna mynasyp bolan sport ussatlarymyzyň halkara derejeli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýurdumyza gelýän medallaryň sanawyny has-da artdyrjakdyklaryna, halkara sport giňişliginde özleriniň gazanan üstünlikleri bilen Döwlet baýdagymyzy mundan beýläk-de belentde parlatjakdyklaryna pugta ynam bildirdi. 

                                                                   

Biziň türgenlerimiz şu ýylyň 15 — 25-nji iýuly aralygynda goňşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen hem-de 21 ýurtdan 260-dan gowrak türgeniň gatnaşan agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdiler. 

                                                                   

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa ýetginjek gyzlaryň arasynda 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, Özbegistandan, Gazagystandan, Hindistandan, Koreýa Respublikasyndan, Taýlanddan, Bahreýn Patyşalygyndan ýaryşa gatnaşan bäsdeşlerini ýeňip, üç altyn medaly eýeledi. Ol 64 kilogram agram derejesinde ýaş gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda iki bürünç medala hem mynasyp boldy. 

                                                                   

Beýleki bir zehinli türgen, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy, Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew ýetginjek oglanlaryň arasynda 89 kilogram agram derejesinde çykyş edip, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Yragyň, Koreýa Respublikasynyň, Bahreýniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň türgenlerinden öňe geçip, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ýaş türkmen agyr atletikaçysy çykyşlarynyň netijesi boýunça jemi üç altyn medaly gazandy. 

                                                                   

Şeýle-de türkmen türgenleri şu ýylyň ulag boýunça ýaryşlarynyň esasy wakalarynyň birinde — Russiýanyň Ýewropa böleginiň çäklerinde 6 — 16-njy iýulda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” atly halkara ralli-reýd ýaryşynda mynasyp wekilçilik etdiler. 

                                                                   

“Ýüpek ýoly” diýen özboluşly, çuňňur mana eýe bolan at bilen bütin dünýäde meşhur bolan bu awtoulag ýaryşyny geçirmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini ýatlap geçmek ýerlikli bolar. 

                                                                   

Üç döwletiň — Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň howandarlygy netijesinde 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda ilkinji gezek üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri möçberli taslama sebitiň ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmäge taýýardyklaryny görkezdi. 

                                                                   

Geçilmeli ýoly çylşyrymly hem-de gyzykly bolan Astrahan — Moskwa ugry boýunça guralan bu gezekki ralli ýaryşyna dürli döwletlerden, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Bolgariýadan, Latwiýadan, Hytaýdan, Mongoliýadan jemi 32 topar gatnaşdy. 

                                                                   

Kerwene goşulanlar Astrahandan badalga alyp, 4463 kilometr aralygy geçip, pellehana — Moskwa şäherine geldiler. Ýoluň köp bölegini ýolsuz ýerler: sähra bölekleri, çägelikler, çylşyrymly dag we tokaý bölekleri düzdi. 10 günlük ralliniň netijeleri boýunça sylaglary gowşurmak dabaralary Moskwadaky “Lužniki” stadionynda geçirildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça ýygyndy topary T2 görnüşde üstünlik gazandy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň wekili Merdan Toýlyýew we onuň şturmany Şöhrat Toýlyýew “233” belgi bilen “Nissan Patrol” awtoulagynda çykyş edip, 1-nji orna, altyn medala we degişli Kuboga mynasyp boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda has tapawutlanan türgenlere Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary, täze sport awtoulagynyň açaryny hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga ýollanmalary, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýöriteleşdirilen egin-eşikleri gowşurdy. Wise-premýer türgenleriň iri halkara ýaryşlarda Watanymyzyň Döwlet tuguny ýene-de ençeme gezek belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň adyndan Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenlerine “Nissan Pathfinder” sport awtoulagy sowgat berildi. 

                                                                   

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ugrundaky yzygiderli aladasy, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, täze sport ýeňişlerini gazanmaga hemme şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban halkymyzyň hem-de Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

Halkara ýaryşlaryň baýrak eýeleri gazanan üstünliklerine ýokary baha berlendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen sportunyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Soňra halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenler hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen awtoulagy ýüzüne sylyp kabul etdiler hem-de özleri üçin täze taýýarlanan we häzirki döwrüň awtomobil sportunyň talaplaryna doly laýyk gelýän türgen lybaslaryny geýip, ulagyň başyna geçip, ony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäkleri boýunça sürdüler hem-de 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisiniň geçen ugry bilen ýola düşdüler. 

                                                                   

Dünýä derejeli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bilen Ýer ýüzüniň iri ýaryşlarynda Döwlet tugy buýsanç bilen parlaýan Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýan türgenler “Amul — Hazar” halkara awtoralli ýaryşynyň ugrunyň bir böleginden geçdiler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ýaşlarynyň geljekde-de milli awtomobil sportuny ösdürjekdiklerine, Diýarymyzyň dünýädäki sport abraýyny has-da artdyrjakdyklaryna ynamy berkidýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda binýady goýlan asylly ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär we dowam etdirilýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlan alym Arkadagymyz ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine we halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Her bir işde görelde bolýan Gahryman Arkadagymyz sportuň dürli görnüşleri bilen, şol sanda welosiped sürmek hem-de awtomobil sporty bilen meşgullanyp, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta giňden çekilmegi ugrunda ähli zerur şertleri üpjün etdi. 

                                                                   

2018-nji ýylda Türkmenistanda Amul — Hazar ugry boýunça halkara awtomobil ýaryşy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşa Gahryman Arkadagymyzyň özi hem gatnaşdy. Awtomobil sportunyň kadasyna laýyklykda, ýaryşa gatnaşdyrylýan awtoulagyň tehniki ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilýär. Şonda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde ýaryşa gatnaşdyryljak awtoulaglary täzeden gözden geçiripdiler. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport ulagynyň oturgyjyndan başlap, ähli gurallaryna çenli berk we oňaýly derejede bolmagynyň örän möhümdigini belläpdi. Awtoulagy dolandyrmagyň inçe tilsimleri bar. Tejribeli sürüji olary doly ele almak bilen, awtoulagy ralli ýaly jogapkärli ýaryşa ýokary derejede taýýarlap biler. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz awtoulagyň hereketlendirijisini, tigirlerini gözden geçiripdiler we olaryň käbirlerini täzeden düzüpdiler. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň islendik işde bolşy ýaly, sport ýaryşlarynda hem öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň beýany boldy. Hormatly Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz ýaryşlaryň geçýän ugrunyň çylşyrymly şertlerini nazara alyp, ulagyň abatlyk derejesiniň ýokary bolmalydygyna, onuň berkligine we güýjüne aýratyn ähmiýet beripdiler. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz özüniň çyzgylary esasynda täzeden düzülen sport awtoulagyny synap görmek maksady bilen, onuň ruluna geçdi. Arkadagly Serdarymyz bolsa şturmanyň ornunda ýerleşdi. Şeýlelik bilen, milli Liderimiziň erk edýän sport ulagy Garagum sährasynyň jümmüşine ýola düşüp, Gahryman Arkadagymyz kuwwatly sport ulagyny ýokary tizlikde sürüp, bellenilen aralygy ussatlyk bilen geçipdi. 

                                                                   

 Şeýle hem şu günki ajaýyp waka mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şu gün halkara ýaryşlara gatnaşyp, 2-nji we 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriniň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormaty ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan berlen sowgatlary ýüzüne sylyp kabul eden türgenler türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi arkaly sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

04.08.2022
Milli ykdysadyýet — kämil binýat

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi  Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhlete niýetlenen maksatnamalarynda esasy orny eýeleýär. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak we şol birwagtda täze iş orunlaryny yzygiderli döretmek boýunça uly tagallalary edýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýýan edildi. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar» diýip bellemek bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün etmegi özüniň esasy maksatlarynyň hatarynda goýdy.  

                                                                   

«Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, goramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän merkezi döwlet dolandyryş edarasy bolup durýan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» portaly açyldy. Bu portalda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler üçin özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Bar bolan boş iş orunlarynyň maglumatlary yzygiderli gazetlerde çap edilip hem-de internet sahypasyna ýerleşdirilip, ilatyň dykgatyna ýetirilip durulýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary işe çekmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, eýeçiligiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ýuridik taraplar hem-de hakyna tutma zähmeti ulanýan şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmaga çekilen daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň sany şol taraplaryň işgärleriniň umumy sanynyň ýüzden on böleginden köp bolmaly däldir. Bu kadanyň girizilmegi Türkmenistanyň raýatlarynyň boş iş orunlaryny eýelemäge bolan artykmaç hukugyny üpjün edýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, täze döwrebap iş orunlaryny döretmegi, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini ençeme ýyllar öňünden meýilnamalaşdyrýar, hünär bilim ulgamy kämilleşdirilýär, zähmet bazarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilimiň, täze tehnologiýalaryň ösen derejesi göz öňünde tutulyp, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler boýunça hünär ugurlary açylýar. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» «Ilatyň durmuş we zähmet taýdan üpjünçiligi, adam maýasyny ösdürmek» atly 22-nji bölüminde geljek otuz ýylyň dowamynda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler kesgitlenýär. Türkmenistany ösdürmegiň esasy ugurlarynyň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň birinji sahypasynda «Zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş hyzmatlary, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek, zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik, durmuş taýdan goraglylyk» meseleleriniň goýulmagy ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ilkinji nobatda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                                                           

Serdar DIWANOW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň  uly mugallymy.

04.08.2022
Möwsümleýin gaplama: ätiýaçlyk azyk gory

Şu günler öý bikeleri özara gürrüňlerinde gyş üçin gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamak işleri bilen meşguldyklary barada hökman ýaňzydýandyrlar. Tomus pasly gök we miwe önümlerini gaplamak bilen, ätiýaçlyk azyk goruny edinmekde amatly döwür hasaplanýar. Mydama ätiýaçly bolmak, gyş paslyna taýýarlykly barmak ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Öý bikelerimiz bu ýörelgäni nesilme-nesil dowam etdirip gelýärler. Ýurdumyzyň hususy pudagynda gaýtadan işleýän azyk senagaty kärhanalarynyň döremegi bilen, olaryň bu ugurdaky işleri biraz ýeňilleşen bolsa gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwrebap önümçilik kärhanalarynda gök-bakja ekinlerini, dürli miweleri gaýtadan işlemek esasynda öndürýän konserwirlenen önümleri ýokary hil derejesi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şeýle önümler ýaramlylyk möhletiniň dowamlylygy bilen hem alyjynyň ünsüni özüne çekýär. Alty aýa, hatda bir ýyla çenli saklap bolýan bu azyk önümleri ýylyň tutuş dowamynda halkymyzyň saçaklaryny bezeýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda ilkinji bolup maýonez önümçiligini ýola goýup, hususy pudakda 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti hem şu ugurda iş alyp barýar. Täze tehnologiýalaryň hasabyna önümçiligini giňelden hojalyk jemgyýetiniň konserwirlenen milli önümleri mundan alty ýyl öň ak bazarlarymyzda, azyk harytlary dükanlarynda “Nur”, “Mylaýym” haryt nyşanlary bilen peýda boldy. Önümhanada zähmet çekýän işçileriň 150-ä golaýy häzirki wagtda şeýle haryt nyşanly üwmeçleriň, pomidor goýaltmalarynyň, mürepbeleriň, jemleriň, marinada ýatyrylan pomidor, hyýar, kelem önümleriniň her günde 8 tonna golaýyny öndürýärler.  

                                                                   

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazarlarymyz gaýtadan işlenen azyk önümleriniň hem täzeden-täze görnüşleri bilen baýlaşýar. Şunuň özem bu ugurdan işleýän telekeçileriň arasyndaky özara bäsdeşligi güýçlendirýär. Alyjylar harytlaryň daşky gabyndan başlap, täzeligine, tagamyna, hil derejesine çenli üns berýärler. Olaryň arasyndan täze görnüşlerini saýlap alýarlar. Müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin mydama gözlegde bolmaly, okamaly, dünýä tejribesini öwrenmeli, gök we miwe önümlerini gaplamagyň täzeden-täze usullaryny oýlap tapmaly bolýar. Şeýle gözlegleriň netijesinde taýýarlan täze önümlerimizi “Hazyna” haryt nyşany bilen halkymyza hödürledik. Olar ösümlik ýagy goşulan mesge ýagy, şokolad goýaltmasy, şeýle-de ýertudanaly, erikli, üljeli, böwürslenli mürepbelerdir. Mesge ýaglary 200 gramlyk ýörite gaplara gaplanan, şeýle-de onuň karton gutularda 20 kilogramlyk görnüşi hem bar.  

                                                                   

Şu günler, ýagny tomus pasly biziň üçin iň gyzgalaňly döwür. Bu döwür işçilerimiz öňküden-de tijenip, iş depginini has-da güýçlendirmeli bolýarlar. Önümlerimiziň içerki bazardan artan bölegini daşary ýurtlara eksport etmegi hem meýilleşdirýäris. Hojalyk jemgyýetimize berlen ISO güwänamalary önümlerimiziň ýokary hil derejesini alamatlandyrýar — diýip, “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Kerim Amanmyradow gürrüň berýär. 

                                                                   

Şu günlerde bazarlaryň gök-bakja ekinleri, dürli miweler bilen baýlaşmagy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Munuň özi “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň halkymyz üçin has bereketlidiginiň, rysgallydygynyň alamaty. Ol rysgal-bereket ýurdumyzyň gaýtadan işleýän azyk senagaty kärhanalarynyň işçileriniň yhlasly zähmeti bilen halkymyzyň mukaddes saçaklaryny öňküden-de baýlaşdyrýar. Bu bolsa döwletlilikden, agzybir we asuda durmuşdan nyşandyr.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

“Türkmenistan”.

04.08.2022
Ugur innowasion önümçilige tarap

Köpgurluşly ykdysadyýetimiziň ädimsaýyn berkemegine, ony ösdürmäge tarap alnan ugurda himiýa senagaty işgärleriniň paýyna uly wezipeler düşýär. Ýurdumyzyň baý çig mal serişdeleriniň özleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň bähbidinedir. Ýurdumyzyň dürli künjeginde çig mal ýataklary ýeterlik, olarda ýokary hilli we düzümi baý bolan magdanlaryň uzak ýyllaryň dowamynda egsilmejek gory bar.  

                                                                   

Tebigy baýlyklarymyzy toplumlaýyn özleşdirmek geljegi uly bolan himiýa industriýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda geologiýa-gözleg işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäginde kükürdiň, fosfatlaryň, gipsiň, daş duzunyň, selestiniň, hekiň, polimetal magdanynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň baý gorlary bar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy esasynda Lebapda hem himiýa senagaty çalt depginlerde ösdürilýär. Çig mallaryň gaýtadan işlenilýän we baýlaşdyrylan görnüşleriniň möçberi artýar. Bu ugurda zerur bolan önümleriň ýokary hilini üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde olaryň täze görnüşlerini çykarmak pudagyň ösüşinde baş maksat bolup durýar. Pudagy ösdürmegiň çäklerinde mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň önümçilik binýatlary emele getirildi. Täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Geçen ýyllarda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň durkunyň täzelenilmegi önümleriň görnüşlerine we hiline oňyn täsirini ýetirdi. Welaýatymyzda oba hojalyk ekerançylygy üçin zerur bolan mineral dökünleri öndürmegiň möçberi soňky ýyllarda ep-esli artdy. Halk hojalygy üçin möhüm bolan önümçilikler gurulýar. Zawodda kükürt kislotasyny öndürýän toplum işleýär. Bu önümçiligiň halk hojalygyna berýän peýdasy uludyr. Ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge barabar bolan toplum ýurdumyzyň bu önüme bolan zerurlygyny doly kanagatlandyrýar. Şu ýylyň geçen döwründe kükürt kislotasynyň 58 müň tonnadan gowragy öndürilip, buýrujylara ugradyldy. 

                                                                   

Dökünleriň önümçiligi boýunça kuwwatlylyklary artdyrmak ýurdumyzda ileri tutulyp ösdürilýän esasy ugur saýylýar. Dökünler ekerançylygyň ösmegine uly ýardam berýär. Şonuň netijesinde toprakdan bereketli hasyl alynýar. Şu ýyl Lebap topragynda 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ekinleri iýmitlendirmek, ýerleri gurplandyrmak üçin mineral dökünleriň zerur bolan möçberi öndürilýär. S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň başyndan bäri ammonili superfosfatyň 150 müň tonnadan gowragy öndürildi we sarp edijilere ugradyldy. Zawodyň hünärmenleri oba hojalyk işgärleriniň esasy hemaýatkärleridir. Olar her ýylda daýhanlary ekinleriň kadaly ösmegi we hasyla durmagy üçin wajyp bolan fosforly dökünleriň 270 müň tonnadan gowragy bilen üpjün edýärler.  

                                                                   

Kärhanada garyşyk mineral dökünleriň öndüriljek günleri hem daşda däl. «Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda garyşdyrylan mineral dökünleri öndürýän önümhanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara laýyklykda ýörite işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümçiliginde garyşyk mineral dökünler giňden peýdalanylýar, onuň düzüminde azodyň, fosforyň, kaliniň dürli gatnaşyklary bar. Ekerançylyk üçin peýdaly bolan dökünleriň şu görnüşini öndürmegiň meýilleşdirilmegi ykdysady taýdan, şol sanda daşary ýurtlara ibermek babatynda has bähbitlidir. Şu maksat bilen Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň işini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.  

                                                                   

Kärhanada oba hojalygy üçin zyýansyzlandyryjy serişde bolan «Kükürtli» himiki serişde, şeýle hem lukmançylyk we tehniki kislorod önümçiligi ýola goýuldy. «Kökçi» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde öndürilýän akkumulýatorlar hem uly islegden peýdalanýar. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň golaýynda hereket edýän «Kökçi» hojalyk jemgyýeti geçen ýylda 27 million 898 müň 601 manatlyk önüm öndürdi.  

                                                                   

Hojalyk jemgyýetiniň öndürýän akkumulýatorlaryna isleg barha artýar. Bu ýerde «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly akkumulýatorlar öndürilýär. Olaryň kuwwaty 60 amperden 190 ampere çenli ýetýär. Akkumulýatorlar awtoulaglaryň ýeňil, şeýle hem ýük daşaýan görnüşlerine niýetlenilýär. Hojalyk jemgyýetiniň önümlerine diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilýär. Geljekde öňdebaryjy tehnologiýalaryň hasabyna önümçiligiň kuwwatyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Dökünlere barha ösýän islegleri kanagatlandyrmakda döwrebaplaşdyrylýan senagat düzümleriniň üstüne uly paý düşýär. Dürli maksatly, il-ýurt bähbitli desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwaty ýene-de artar. Üstesine, dünýä bazarlaryna çykmak üçin amatly şertleriň uly toplumy emele gelýär. Senagat toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we innowasion häsiýetde ýola goýulmagynyň önümçilige we onda meşgullanýanlaryň durmuşlaryna ykbal özgerdiji täsirleri ýetirýändigini hem aýdyp geçeliň. Innowasion häsiýetli önümçiligiň guralmagy diňe bir önümleriň hilini ýokarlandyrman, eýsem, zähmeti hem has ýeňilleşdirýär, iş öndürijiligini-de has artdyrýar.  

                                                                                                           

Ilmyrat DÖWLETOW.

04.08.2022
Täze toplum emele gelýär

Açyk gürrüň. Bir saý-sebäp bilen 5-10 ýyldan bäri Türkmenabat şäherinde bolup görmedik kişi uçar Halkara howa menziline gonandan, başga bir ýere gelendirin öýder. Sebäbi onçakly uzak wagty alyp oturmagyň geregi hem ýok, diňe soňky dört-bäş ýylyň içinde hem welaýat merkezi, şol sanda Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugry şeýle bir özgerdi welin, gözüň bilen görmeseň, ynanar ýaly däl. Öňki ymgyr çägelik ýerler içinde ýaşamak üçin ähli amatlylyklary bolan owadan ýaşaýyş jaý toplumyna öwrüldi. Ýakyn günlerde olaryň üstüni ýene-de 100 sany kottejden we 40 sany köpgatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan medeni-durmuş maksatly desgalar doldurar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatyny ýokary derejeli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji güni hem her maşgalany aýratyn ýaşaýyş jaýy ýa-da hususy öýi bilen üpjün etmek wezipesiniň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklajakdygyny aýdypdy. Şondan bäri geçen gysga döwürde ýurdumyzyň ýaşaýjylary bu aýdylanlaryň hakykat ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilip başlandygyna şaýat boldular. Eýýäm ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe ýaşaýyş jaý toplumlary ulanylmaga tabşyryldy, ençemesiniň gurluşygy güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurulýan hersi 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy hem bar. Onuň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlanypdy. Indi olaryň açylyp, ulanylmaga berilmegine az wagt galdy. Has takygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öň ýanynda maşgalalaryň 1280-si täze öýlere göçüp bararlar. Jaýlary bu ugurda uly tejribe toplan gurluşyk kärhanalarynyň bina edýändikleri, olaryň zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen wagtly-wagtynda üpjün edilýändigi açylyş dabaralarynyň hut bellenilen möhletde guraljakdygyna güwä geçýär. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 10, 16, 18-nji gurluşyk-gurnama müdirlikleri, «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy, «Demirbetonönümleri» kärhanasy, «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bu gurluşyklaryň potratçylarydyr. Toplumda «Zehinli ussa», «Jöwher gala», «Ýyndam gurluşyk», «Dowamly nyşan», «Asuda nesil», «Saldamly goşant» we ýene-de birnäçe hususy kärhanalaryň hünärmenleri hem zähmet çekýärler. 

                                                                   

Şu günler «Türkmenabat — Kerki» demir ýolunyň günorta tarapynda gurulýan desgalarda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Häzirki günlerde bu ýerde dürli tehnikalaryň 241-sinden netijeli peýdalanylýar. Binalaryň ählisinde hünärmenleriň 1044-si sazlaşykly işläp, jaýlaryň bellenilen möhletde ulanylmaga tabşyrylmagyny gazanýarlar. Agzybirlikde çekilýän zähmetiň netijesinde bolsa işler gün-günden ilerleýär.  

                                                                   

Bu ýerde ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda azyklyk harytlaryň dükany, hyzmatlar öýi ýaly medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň gurulýandygyny, şeýle-de jaýlaryň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylýandygyny hem bellemek gerek. Bir söz bilen aýdanymyzda, öň çäge basyp ýatan meýdan indi bagy-bossanlyga, lälezarlyga öwrülýär. Ýene-de sanlyja günlerden Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary ajaýyp özgertmeleriň şaýatlary bolarlar.  

                                                                                                           

Döwlet JUMADURDYÝEW.

04.08.2022
Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy: ösü­ş ýoly bilen röw­şen gel­je­ge ta­rap

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­tyn­yň mejlisinde ka­bul edi­len «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ýur­du­my­zyň gel­jek 30 ýyl­ky ösüş­le­ri­niň baş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, şeý­le-de hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň bo­lup geç­ýän­di­gi, dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň we söw­da akym­la­ry­nyň üýt­gäp dur­ýan­dy­gy göz öňün­de tu­tu­lyp, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we tas­syklanyldy. 

 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da we onuň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak­da bi­ti­ren be­ýik iş­le­ri, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da­ky çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zy ös­dür­mek we hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gyň yl­my çeş­me­si­ne öw­rül­di. 

                                                                   

Mak­sat­na­ma 7 bap­dan yba­rat bo­lup, onuň esa­sy mak­sat­la­ry hök­mün­de şu der­wa­ýys me­se­le­ler öňe çyk­ýar: hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da her bir ra­ýa­tyň aba­dan dur­mu­şy­ny ke­pil­len­dir­mek, ila­tyň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, ra­ýat­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny we iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek; ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň se­na­gat­laş­ma de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, pu­dak­la­ryň we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň dep­gin­li ösü­şi­ni üp­jün et­mek hem-de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak; Türk­me­nis­ta­nyň geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy ýer­le­şi­şi­niň amat­lyk­la­ryn­dan do­ly peý­da­lan­mak; Türk­me­nis­ta­nyň ag­rar döw­let­den se­na­gat­la­şan ýurt­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp, ýur­duň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we yk­dy­sa­dy kuw­wa­tyny has-da pug­ta­lan­dyr­mak; Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, se­na­gat pu­da­gy­ny in­no­wa­si­on hä­si­ýet­de ös­dür­mek, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek; te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak, işe­wür­li­gi kä­mil­leş­dir­mek, hu­su­sy eýe­çi­li­ge bo­lan hu­kuk­la­ry go­ra­ma­gyň we ke­pil­lik­le­riň yg­ty­bar­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ýe­ňil­lik­li sal­gyt sal­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler esa­syn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şin­de bu bö­le­giň pa­ýy­nyň hem-de äh­mi­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik­le­ri art­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi­ni iş­jeň­leş­dir­mek, pu­dak­lar­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­lik işi­ni gi­ňelt­mek; eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek we «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek.  

                                                                   

 Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň hä­zir­ki ýag­da­ýy sel­je­ri­lip, ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­nuk­ly ös­dür­me­giň döw­let sy­ýa­sa­ty kes­git­le­nil­ýär. Oňa la­ýyk­lyk­da, je­mi içer­ki önü­miň adam ba­şy­na düş­ýän möç­be­ri, zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi, ila­tyň gir­de­ji­le­ri we dur­muş şert­le­ri ösen ýurt­la­ryň de­re­je­le­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Mu­nuň üçin yk­dy­sa­dy­ýe­tiň düýp­li di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­ny do­wam et­dir­mek we ýo­ka­ry teh­no­lo­gik önüm­çi­lik­le­riň yk­dy­sa­dy ösü­şe go­şan­dy­ny art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak, eks­por­ta ni­ýet­le­nen we im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­lik­le­ri çalt dep­gin­ler­de ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny ýo­ka­ry hü­när de­re­je­si bo­lan iş­gär­ler bi­len üp­jün et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 

 Gaz pu­da­gyn­da göz öňün­de tu­tul­ýan çä­re­ler Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz­ ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­ma­ga, ga­zyň bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na go­şu­lan gor­la­ry­ny çalt dep­gin­ler bi­len öz­leş­dir­mä­ge, de­ňiz ýal­pak­ly­gyn­da we ke­nar­ýa­ka zo­lak­da ýa­kyn ýyl­lar­da «ma­wy ýan­gy­jyň» çy­ka­ry­ly­şy­ny düýp­li art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­mä­ge, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­niň gel­je­gi uly ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge we ola­ry bu ugur­da­ky iri tas­la­ma­la­ra çek­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­mä­ge, de­giş­li önüm­çi­lik­le­ri gur­mak ar­ka­ly ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi­niň çyg­ry­ny gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­ler. 

                                                                   

Ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­nyň art­dy­ryl­ma­gy Bal­kan­ýa­ka we Gö­ge­ren­dag — Eke­rem se­bit­le­rin­dä­ki çuň ýer­le­şen gat­lak­la­ryň, şeý­le hem Ha­zar­ýa­ka se­bi­tin­de tä­ze ýü­ze çy­ka­ry­lan zo­lak­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­la­nyş­dy­ry­lar. 

                                                                   

Gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry pu­da­gyň ze­rur­lyk­la­ry­ny do­ly ka­na­gat­lan­dyr­mak, im­port edil­ýän ma­te­ri­al­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek ar­ka­ly in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan kär­ha­na­lar­da önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek­den we möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.  

                                                                   

Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de eks­por­ty art­dyr­ma­ga we içer­ki ba­za­ryň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len kär­ha­na­lar işe gi­ri­zi­ler. Se­na­ga­tyň pu­dak­la­ýyn gur­lu­şyn­da gaý­ta­dan iş­le­ýän we taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň pa­ýy ar­tar. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, içer­ki sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak ar­ka­ly sarp edi­ji­le­re ýe­tir­mek üçin onuň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga, tä­ze ener­gi­ýa kuw­wat­lyk­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, paý­laý­jy ul­gam­la­ryň teh­ni­ki ýag­daý­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, he­re­ket ed­ýän bi­te­wi mil­li ener­gi­ýa ul­ga­my­ny hal­ka­la­ýyn bir­leş­dir­mek ar­ka­ly, se­bit­le­riň ener­gi­ýa ul­gam­la­ry­nyň öza­ra äti­ýaç­lan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­ler al­nyp bar­lar. 

                                                                   

Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan tä­ze önüm­çi­lik­le­ri we ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak ba­bat­da hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň, şol san­da mi­ne­ral dö­kün­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak, he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we düýp­li abat­la­mak iş­le­ri do­wam et­di­ri­ler.  

                                                                   

Gur­lu­şyk pu­da­gy­ny in­no­wa­si­ýa­lar ar­ka­ly ös­dür­mek we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de «akyl­ly» şä­her we «akyl­ly» jaý ul­gam­la­ry, şeý­le-de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýan jaý­la­ryň tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy iş­jeň­leş­di­ri­ler. 

                                                                   

Aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň we ola­ryň ug­run­da­ky des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­me­gi­ne, ýol ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rer hem-de ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne iter­gi be­rer. Türk­me­na­bat — Ga­zo­jak — Da­şo­guz, Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan ser­he­di, Ma­ry — Ser­he­ta­bat, Gum­dag — Esen­gu­ly — Et­rek — Gid­ro­lum aw­tou­lag­ ýol­la­ry­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 

  Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan mak­sat­la­ryn­dan ugur alyp, üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mek, ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­ma­gyň we ýük­le­ri da­şa­ma­gyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ara­gat­na­şyk we mil­li kos­mos ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, on­da gur­nal­ýan en­jam­la­ryň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na la­ýyk­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri ge­çi­r­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ne we jem­gy­ýet­çi­lik hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne iter­gi be­rer. 

                                                                   

Mak­sat­na­ma­la­ýyn dö­wür­de azyk önüm­le­ri­ni, il­kin­ji no­bat­da, ter önüm­le­ri uzak möh­let­le­ýin sak­la­mak, gap­la­ra gap­la­mak, da­şa­mak we ýer­le­mek ul­gam­la­ry ös­dü­ri­ler. Eke­ran­çy­lyk iş­le­ri­niň yl­my esas­da al­nyp ba­ryl­ma­gy, top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ekin­le­riň et­rap­laş­dy­ryl­ma­gy do­wam et­di­ri­ler. 

                                                                   

Azyk se­na­ga­ty­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy çig ma­ly ga­lyn­dy­syz gaý­ta­dan iş­le­me­giň tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ma­gy bi­len bag­ly bo­lar. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni we azy­gy sak­la­ma­gyň hem-de da­şa­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry or­naş­dy­ry­lar. Azyk önüm­çi­li­gin­de ýer­li çig mal­la­ryň ula­nyl­ma­gy se­riş­de tyg­şyt­la­ma­ga we azyk se­na­ga­ty­nyň önüm­le­ri­niň özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­ny pe­selt­mä­ge, ola­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da suw se­riş­de­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, su­wy ha­pa­lan­mak­dan, zi­bil­len­mek­den we eg­sil­mek­den go­ra­ma­gy üp­jün et­mä­ge, su­wuň ýa­ra­maz tä­si­ri­niň öňü­ni al­ma­ga hem-de ara­dan aýyr­ma­ga, suw ob­ýekt­le­ri­niň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler al­nyp bar­lar. Şeý­le­lik­de, Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür­de ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösüş dep­gi­ni­ni 6,7 gö­te­rim­den pes bol­ma­dyk de­re­je­de ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­rär. Ýurt bo­ýun­ça bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy ýo­kar­la­nar we onuň möç­be­ri (ýer­le­me­giň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça) 14,5 gö­te­rim ar­tar. Da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 1,9 es­se ar­typ, ara­ta­pa­wut 1,9 es­se ýo­kar­la­nar. Je­mi içer­ki önü­miň möç­be­rin­dä­ki döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy 72 gö­te­ri­me ýe­ter. Döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dü­ri­ler.  

                                                                   

Dur­muş ugur­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sat do­wam et­di­ri­ler, mil­li ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler iler­le­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­muş ugur­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lan se­bit­le­ýin sy­ýa­sat ýur­duň se­bit­le­ri­ni gy­ra­deň ös­dür­mä­ge, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi ýo­ka­ry de­re­je­de saklanýar. Bu iş­le­riň ne­ti­je­sin­de zäh­met hak­la­ry­nyň möç­be­ri 1,8 es­se ar­tar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça 30 mü­ňe go­laý goş­ma­ça iş orny dö­re­di­ler, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň adam ba­şy­na düş­ýän umu­my meý­da­ny 102,2 gö­te­rim ar­tar, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň 40-sy, umu­my bi­lim eda­ra­la­ry­nyň 54-si, ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi eda­ra­la­ry­nyň 4-si, 10 sa­ny döw­re­bap has­sa­ha­na gur­lar, 7 sa­ny me­de­ni­ýet öýi bi­na edi­ler. Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­syn­da öň­de goý­lan sep­git­le­re ýet­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga we tä­ze­le­mä­ge, dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge 278,9 mil­liard ma­nat­dan gow­rak ma­ýa go­ýum­la­r gö­nük­di­ri­ler. 

                                                                   

Mah­la­sy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň aba­dan hem bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry hem-de asyl­ly mak­sat­la­ra ni­ýet­le­nen giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň we Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň esas­la­ry­ny ber­ki­der, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan dep­gin­li ösü­şi­ni üp­jün eder. 

                                                                                                           

Ata­jan ATA­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Stra­te­gik we dur­nuk­ly ösüş mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy.

04.08.2022
Galkynyşly döwrüň rowaç gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sapaly tomus paslynda gojaman Hazar has-da juwan keşbe eýe boldy. Deňziň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy toý görküne, dürli baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 1-nji awgustda bu ýerde döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň açylmagy ildeşlerimiziň, şol sanda Awazada dynç alyp, saglygyny berkidýänleriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşdy. Bu şatlykly waka şu şanly ýylda uly ruhubelentlik bilen gadam basylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň galkynyşly, rowaç gadamlarynyň ajaýyp mysallarynyň biri boldy. Şonuň bilen birlikde, ol dünýä syýahatçylygynyň dür-merjeni — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awgust aýynyň dowamynda geçiriljek giň gerimli çäreleriň, dabaralaryň özboluşly badalgasyna öwrüldi. 

                                                                   

Awazadaky döwrebap dynç alyş düzüminiň üstüni ýetiren, bu ugurda häzirki zaman ösüşiniň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän täze kottejler toplumynyň hut türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Toplumdaky döwrebap binalary guranlaryň arasynda ýaş türkmen binagärleriniň ençemesiniň bardygy bolsa aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň hünär öwrenmegi, öz saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri babatda edilýän ägirt uly tagallalaryň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň esasyny goýan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hünärli, kämil adamlar bolup ýetişmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr.  

                                                                   

Täze kottejler toplumynyň açylmagy bilen, ýaş hünärmenler üçin täze iş orunlary-da döredi. Bu toplum goja Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň syýahatçylyk, şypahana-dynç alyş mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagynda, şonuň bilen birlikde-de, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde hem uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, halkymyzy abadan, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, röwşen geljegimiz üçin şeýle ajaýyp binalar toplumlaryny, döwrebap desgalary açyp berýän Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris.  

                                                                                                           

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

03.08.2022