Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmakda, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça iri maksatnamalary durmuşa geçirmekde nebitgaz toplumyna uly orun degişlidir. Uglewodorod baýlyklarynyň gorlary we olaryň eksport edilýän möçberi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýangyç-energetika pudagynda amala aşyran we häzirki wagtda durmuşa geçirýän taslamalary dünýä nusgalykdyr. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly sebitiň iri energetika döwletine öwrüldi. Uly göwrümli «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy we özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi. Bu gün ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň dürli ýurtlara eksport edilmegi milli ykdysadyýetiň pajarlap ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Türkmen gazynyň esasy bölegi dünýä ykdysadyýetiniň ägirdi bolan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Munuň üçin 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi guruldy. Bu iri taslamanyň çig mal binýady yzygiderli berkidilýär. 

                                                                   

Geçen ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy desga açylyp, ulanylmaga berildi. Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desganyň ulanyşa girizilmegi Watanymyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga ýardam etdi. 

                                                                   

Ýurdumyz uglewodorod serişdelerini eksport etmegiň täze ugurlaryny ösdürmäge, energetika baýlyklaryny sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Şeýle maksatlar bilen durmuşa geçirilýän iri taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisidir. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda gurluşygyna badalga berlen transmilli gaz geçirijisiniň kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kub metre barabar bolup, onuň umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre deňdir. Täze energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi diňe bir türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmekde däl, eýsem, dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhümdir. 

                                                                   

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän täze kuwwatlyklary kemala getirmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Nebitgaz we himiýa senagatynda birnäçe täze iri desgalaryň ulanyşa berilmegi hem-de olaryň üstünlikli iş alyp barmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň gowşamazlygyna ýardam edýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşine uly goşant boldy. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtda ýene-de iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Garaşsyz Watanymyz energetika babatda umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän we iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurt hökmünde belent abraýa eýedir. Gymmat bolmadyk, ygtybarly, häzirki zaman energetika çeşmeleriniň elýeterliligi dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi üçin möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky oňyn başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagynyň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2013-nji ýylda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama kabul edildi. 2017-nji ýylda Garaşsyz döwletimiz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça forumlardyr halkara maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy energetika serişdeleriniň söwdasy hem-de döwletara gaz geçirijiler we nebit geçirijiler, elektrik geçiriji ulgamlar arkaly olaryň üstaşyr iberilmegi bilen baglanyşykly çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de hukuk meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen ýeke-täk köptaraply ylalaşyk bolup durýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň çäklerinde ýangyç-energetika pudagynda ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giňden peýdalanmaga, pudaga maýa goýumlary çekmäge, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Nebitgaz pudagynda özgertmeleri çaltlandyrmaga döwrüň talaby hökmünde garalýar. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler ýetilen sepgitler hem-de täze taryhy eýýamda kesgitlenilen belent maksatlar milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşleriniň dowamat-dowam bolmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň uglewodorod baýlyklarynyň netijeli peýdalanylmagy halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň binýadyny berkitmäge, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                                                           

Batyr GUTLYMYRADOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy