Telekeçilige giň ýol!
Şäher bazarlarynyň birinde tötänden gabat gelen, üstünden eslije ýyl geçen şol wakam hususy pudagyň giň gerimli ösüşi, türkmen işewürleriniň gazanýan köptaraply üstünlikleri barada ýazmakçy bolan pursatlarymda köplenç ýadyma düşýär. Alyjy söwdagärden tertipleşdirilip goýlan harytlaryň bahalaryny soraýardy. Ilkibada ilgezik jogap beren ýaş ýigidiň birdenem sabyr käsesi dolaýdy öýdýän: «Aý, daýza jan, aljak zadyň nyrhyny sorasana!» diýip, gahar bilen jogap berdi. Bu sözlerden soň müşderi ýaş satyjynyň ýanyndan daşlaşmak bilen boldy. Muňa mähetdel gapdalda duran orta ýaşlaryndaky adam (megerem, harytlara dahylly bolsa gerek) ýaş ýigide igenmäge durdy: «Alyjylar bilen beýle gürleşseň, kim seniň ýanyňa geler?! Bir zadyň bahasyny on gezek sorasa-da, ýaltanman jogap ber. Indi şu hereketiňi gaýtalama». Satyjy ýigit sesini çykarmady.
Hemişe gelim-gidimli, müşderisi ýetik hususy dükanyň eýesiniň bir gürrüňdeşlikde: «Haýsydyr bir harydy almaga dükana baranyňyzda, ol hem ýok bolsa, şonda satyjynyň «Size näme gerekdi?» diýen sowalyny jogapsyz galdyrmaň. «Siziň dükanyňyzda ýok eken» diýip çykyp gaýtmaň. Eger-de sowala degerli jogap berseňiz, onda gerek harydyňyzy indiki gezek geleniňizde, hökman şol dükandan tapjakdygyňyzy aýdyp bilerin. Sebäbi alyjynyň islegini öwrenmek hem-de şol islegi kanagatlandyrmak — söwda etmegiň ilkinji zerur şertleriniň biri» diýip aýdany ýadymda galypdyr.
Söwda edýän oglanlaryň biriniň nyrh meselesinde müşderiler bilen mümkin bolan derejede ylalaşmagyň getirýän bähbidi barada aýdanlaram hakydamda orun alypdyr. Onuň aýtmagyna görä, söwdada harydy gymmat satmak däl-de, az peýda bilen köp satmak bähbitli. «Gymmat haryda hyrydar tapmak kyn. Şonuň üçin harydyňy gymmat bahalap, bir aýlap saklanyňdan, az peýda bilen köp satmak girdejili» diýip, ol düşündirýär.
Hususyýetçiligiň milli ykdysadyýetimize ymykly ornaşyp, onuň dürli pudaklarynda işjeň hereket edýän häzirki ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bulary ýatlamakdan maksadymyz islendik işiň ilkinji ädimlerden, wagtyň geçmegi bilen ýönekeý görünýän usullardan başlanýandygyny nygtamakdan ybarat. Uly üstünlikleriň kiçijik şowlulyklardan kemala gelýändigini hem hiç kim inkär etmese gerek. Biziň döwrümiz — zähmet çekýän adama şowlulyklaryň, üstünlikleriň hemra bolýan eýýamy. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň ajaýyp döwrümiziň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen, häzirki ýeten derejeleri haýran galdyrýar.
Hormatly Arkadagymyzyň hususy ulgamyň işini doly goldamak, hemaýat bermek babatdaky giň gerimli aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de okgunly ösüşine düýpli itergi berýän hususy ulgam kemala geldi. Şeýle aladalaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleri bilen sazlaşykly utgaşmagy telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri üpjün edýär. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň paýy yzygiderli artýar. Ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynda, gurluşyk we senagat pudaklarynda, azyk we dokma senagatynda, ulag pudagynda, syýahatçylyk, söwda we hyzmatlar ulgamynda, şeýle-de beýleki birnäçe möhüm ugurlarda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň alyp barýan sazlaşykly işleri muňa anyk subutnamalardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda kabul edilen uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarymyzyň çäklerinde alnyp barylýan işler telekeçilik işjeňliginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde düýpli öňegidişlikleri gazanmagyň berk binýadyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Telekeçilik işjeňligi önümçiligi çeýe dolandyrmaga, ýagny döwrebap işläp taýýarlamalary, dünýä ylmynyň gazanan tejribeleridir tehnologiýalaryny önümçilige çalt hem-de batyrgaý ornaşdyrmaga ukyplydyr. Telekeçilik täze iş orunlaryny döredýär, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeldýär, öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, ýerli çig mal serişdeleriniň hasabyna daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň işini ýola goýup, ýurduň eksport mümkinçilikleriniň gerimini giňeldýär. Hususy ulgamda ýetilýän sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny düýpli artdyrmakda hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda ähli tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmekde, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamakda alnyp barylýan guwandyryjy işler, ak bazarlarymyzyň bolçulygy, berekedi, ajaýyp döwrümizde hususyýetçilige daýanýan bazar ykdysadyýetine geçmekde ýetilýän belent sepgitler bolsa hemmeleri buýsandyrýar.
Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».