Ýokary hilli ýüplükler

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Olar aýma-aý önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmakda tutanýerlilik görkezýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda olaryň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigini önümçilikde gazanylýan görkezijiler hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen 8 aýynda fabrikde 34 million 424 müň manada golaý önüm öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 116,8 göterim üpjün edilendigini aňladýar. Fabrikde ýokary hilli pagtanyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanýan dürli belgili ýüplükler ekologik taýdan arassa nah matalary öndürmäge mümkinçilik berýär.   

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.