Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy. Şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Maksatnamanyň çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy. 

                                                                   

Wise-premýer degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hem hasabat berdi. Geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasy hakynda giňişleýin maglumat berildi. 

                                                                   

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow şu ýylyň dokuz aýynda garamagyndaky düzümiň işleriniň netijeleri, Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 109,3 göterim, çykdajy bölegi 98,8 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi 73 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 52 mejlisi geçirildi. Şeýle-de döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagy we döwlet emläginiň kärendesinden alnan tölegleriň görkezijileri barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 16 göterimine barabar boldy. Maýa goýum maksatnamasy 56 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 42,7 göterimi önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna, 57,3 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

                                                                   

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň dokuz aýynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bu maglumatlar pudaklaryň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tebigy gazyň, nebitiň, çalgy ýaglarynyň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň, nebit koksunyň, sementiň, mineral dökünleriň, şöhlat, süýji-köke önümleriniň, çöregiň we beýleki köp sanly önümleriň önümçiliginde durnukly ösüş gazanyldy. 

                                                                   

Ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly görkezijiler üpjün edildi, muny ulagyň ähli görnüşindäki ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri tassyklaýar. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwedir ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi ýokarlandy. Şeýle-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy. 

                                                                   

Bu ulgamda halkara ülňülere laýyk gelýän statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada-da habar berildi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary astynda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow şu ýylyň üç çärýeginde ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Şunuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,3 göterim, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine berlen karzlaryň galyndysy 3,1 göterim, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň galyndysy 1,9 esse, raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 7,5 göterim ýokarlandy. Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary bermek boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan peýdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlandy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdirilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Bäsdeşligi ösdürmek, işewürlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak, telekeçileri giňden goldamak boýunça başlanan işler hem dowam etdirilmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz her bir ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçylarynyň geljek ýyl üçin öz iş meýilnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny tabşyrdy. Wise-premýere salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek, beýleki halkara maliýe edaralary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur işleri geçirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça geçen dokuz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100,7 göterim derejesinde berjaý edildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 115,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny belledi. Nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemeli. Kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak we uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak barada görkezmeleri berdi.  

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri seljermegi, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat hem-de energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýanwar — sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 147,2 göterim amal edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 114,6 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 163,8 göterim boldy. Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 129,4 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 109,9 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 129,9 göterime deň boldy. 

                                                                   

Şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 166 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnamany 100,4 göterim amal etdi. Şu ýylyň dokuz aýynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 115,8 göterim boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere garamagyndaky ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny doly seljermegi, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. “Aşgabat-sitini”, ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak üçin taýýarlyk işlerini çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek, gurluşyk we energetika pudaklaryna gönükdirmek üçin maýa goýumlary köpräk çekmek, şeýle-de bu işleri düýpli seljermek öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 107,7 göterime barabar boldy. 

                                                                   

Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, degişlilikde, 127,8 hem-de 131 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 112,8 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 224 sany birža söwdasy geçirilip, 27 müň 565 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 113,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 13 sergi we 41 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça dokuz aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada her aýda hasabat berip durmalydygyny aýtdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi senagat we azyk harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň eksportyny has-da giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk harytlarynyňdyr miweleriň ornuny tutýan ýerli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermek, bu ugurda netijeli işleri alyp barmak barada görkezme berdi. 

                                                                   

Taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak, daşary ýurt bazarlarynda türkmen nyşanlary bolan dokma önümlerini giňden ýaýratmagy üpjün etmek hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Geçen üç çärýegiň dowamynda bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi. Talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallara mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň Buýruklaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 964, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul edildi. 

                                                                   

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si açylyp ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna 159 müň 772 kompýuter sowgat berildi. Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugry boýunça ylmy temalar utgaşdyryldy, oýlap tapyşlara, golýazmalara seljerme berildi. Şunuň bilen birlikde, aspirantura, doktorantura kabul edilip, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalary goramak boýunça ýöriteleşdirilen geňeşde doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi, ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýylar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça guramaçylyk toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. 

                                                                   

Şu ýylyň dokuz aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler geçirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Degişli döwürde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary boldy. 

                                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 70-den gowrak hassa çaga operasiýa bejergileri edildi hem-de mekdep internatlarynda, çagalar öýlerinde terbiýelenýän we okaýan çagalar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň 14-sinde türkmen hünärmenleriniň 163-si öňdebaryjy klinikalarda hünärlerini kämilleşdirmek boýunça iş saparlarynda boldular. 

                                                                   

Şeýle-de hasabat döwründe sporty ösdürmek, türgenleri taýýarlamak, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy, degişli guramaçylyk topary döredildi. Halkara sport ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Şu ýylyň dokuz aýynda halkara ýaryşlarda türkmen türgenleri jemi 286 medala mynasyp boldular. Hasabat döwründe Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi hem-de “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny iş tejribesine giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň hem-de bejerişiň häzirki zaman usullaryny öwrenmek we netijeli peýdalanmak barada görkezme berildi. Şu maksat bilen, bu ulgamda tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de gatnaşyklary ösdürmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Sport ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda dürli sport çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda, bilim edaralarynda okuw işini talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, mekdepleriň ýokary hünär derejeli mugallymlar, okuw kitaplary bilen üpjünçiligine hemişe seljerme bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, şol sanda medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaraly maslahatlar, söhbetdeşlikler, mediaforumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler geçirildi. Wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi. Dürli bäsleşikler yglan edildi. 

                                                                   

Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, sergilere we okuwlara gatnaşdylar. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp baryldy. 

                                                                   

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, bu toparyň jemi 5 mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Ýaňlan, Diýarym!» we «Çalsana bagşy!» döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirildi we netijeleri jemlenildi. Döredijilik işgärlerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, açylyp ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan we Konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça hem işler dowam etdirildi. 

                                                                   

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 2022-nji ýylyň geçen dokuz aýynda haryt öndürmegiň möçberi 86 million 855 müň manada deň boldy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şeýle-de elektron neşirleri resmi habarlar bilen yzygiderli üpjün etdi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde işler meýilnama laýyklykda alnyp baryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tele we radio ýaýlymlarda tomaşaçylary gyzyklandyrýan täze programmalary, şowhunly gepleşikleri taýýarlamagyň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap medeniýet merkezlerinde we teatrlarda sahnalaşdyrylýan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän eserleriň sanyny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

«Milli taryhy medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, taryhy ýadygärlikleri we gymmatlyklary gorap saklamak we hemmetaraplaýyn öwrenmek maksady bilen, degişli wagyz-nesihat çärelerini geçirmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 147,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime deň boldy. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragy ýerleşdirildi, «Bir penjire» ulgamynda bolsa 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi. 

                                                                   

Welaýat merkezlerinde täze awtomenzilleriň açylandygy barada habar berildi. Şeýle-de elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyklary dowam etdirilýär. 

                                                                   

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak barada görkezme berdi. Ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmak, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur işleri geçirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa söz berildi. Ol şu ýylyň dokuz aýynda degişli düzümleriň alyp baran işleriniň netijeleri, şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Garalýan döwürde şäher häkimligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky edaralar we kärhanalar tarapyndan amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 115,8 göterim berjaý edildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda maýa goýumlary özleşdirmekde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 101,9 göterime barabar boldy. Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 15-si, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi, Bagtyýarlyk etrabynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep ulanmaga berildi. “Daşkent” seýilgähiniň hem-de sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlandy. 

                                                                   

Şeýle-de gök zolaklara, bagy-bossanly seýilgählere zerur idegleri edýän, degişli abatlaýyş işlerini amala aşyrýan jemagat hojalygynyň ugurdaş gulluklarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Paýtagtymyzy, onuň ýaşaýyş toplumlaryny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, şäherde arassaçylygy we tertip-düzgüni saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, paýtagtymyzda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky alnyp barylýan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de häkime paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak işleriniň guralyşyna, jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly işlemegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda ekinlerden bol hasyl almak maksady bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda bugdaý ekişi geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün etmek we ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, sebitde güýzlük sogany ekmek, ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja önümlerini ýygnap almak işleri dowam edýär. 

                                                                   

Häkimiň habar berşi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda gazanylan uly üstünliklere bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýyl açylmagy meýilleşdirilen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Şeýle-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we obasenagat toplumynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, pagta hasylyny gysga möhletde ýygnamak, bugdaý ekilen meýdanlara toplumlaýyn ideg etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada maglumat berildi. Şunuň bilen birlikde, bol hasyl almak maksady bilen, güýzlük ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerine ideg etmek üstünlikli dowam edýär. Gant şugundyryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, şeýle-de Döwlet Maslahatyndaky çykyşyndan gelip çykýan wezipeleriň ähmiýetini wagyz etmek we düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň dokuz aýynda sebitde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky ýyllyk meýilnama 329 göterim berjaý edildi. Garalýan döwürde welaýat boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň 7-si gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

Şeýle-de häkim güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, gowaça hasylyny ýygnamagyň depginlerini güýçlendirmek, hasylyň kabul ediş harmanahanalaryna yzygiderli daşalmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi. Güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we degişli derejede tamamlamak üçin ýöriteleşdirilen tehnikalary netijeli ulanmak, haryt öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň gidişi barada hasabat berdi. Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we dowam edýän “ak altyn” hasylynyň ýygymynyň barşy, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, şol sanda şaly ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Soňra çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde maýa goýumlaryň özleşdirilişi barada berlen maglumatlar hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şeýle-de şu ýyl ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada habar berildi.  

                                                                   

Häzirki wagtda dowam edýän bugdaý ekişi, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bölünip berlen ýerleri sürmek, tekizlemek we geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de olary kabul ediş harmanhanalaryna yzygiderli daşamak boýunça degişli çäreler görülýär. Halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, güýzlük ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edilýär. Bu ekinleriň hasyly ýygnalyp, ilata ýetirilýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalygynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Obasenagat toplumynda önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,8 göterime deň bolandygy habar berildi. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,1 göterime deň boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 174,3 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Ýurdumyzda azyk önümlerini öndürmek boýunça gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 118,9 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 112,3 göterim, ýeralmany öndürmegiň meýilnamasynyň 139,9 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmegiň meýilnamasynyň 115,5 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,3 göterim, unaş önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi, pagtany gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Mundan başga-da, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça meýdanlarynda şu ýyl gowy hasylyň ýetişdirilendigini belledi. Pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmeli. Obasenagat toplumynyň kärhanalaryny we azyk senagaty pudaklaryny doly güýjünde işletmek, kuwwatlyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öz wagtynda çäreleri görmeli. Hormatly Prezidentimiz ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirip, ýokary hasyl almak üçin zerur işleri geçirmelidigi barada aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri baradaky hasabaty bilen çykyş etdi. Hasabat döwründe “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy. 

                                                                   

Halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Bu döwürde döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy üçin, degişlilikde, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş saparlary guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldiler. Sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Iýun aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. 

                                                                   

 Häzirki wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy depginli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Şeýle-de 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilendigi bellenildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. 12-nji maýda Aşgabat şäherinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi möhüm waka boldy. Hasabat döwründe jemi 126 sany wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlara 199 sany wekiliýet ugradyldy. Göni wideoaragatnaşyk arkaly 1 müň 187 sany dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Ýylyň dowamynda 97 sany halkara resminama gol çekildi. Daşary syýasy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle-de daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 23-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama “goşulyşýan döwlet” (işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi. Şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Şeýle-de hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň çäklerinde yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýanwar — sentýabr aýlarynda bu ugurda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, dünýäniň beýleki sebitlerindäki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şu ýyl daşary ýurtlara amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlaryň we daşary ýurt ýolbaşçylarynyň Türkmenistana guralan saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, 2023-nji ýylda boljak saparlara hem-de halkara derejedäki çärelere, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy döwrüň wezipelerini nazarda tutup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 3 mejlisi geçirilip, olarda dürli pudaklaryň ösüşine degişli birnäçe kanunçylyk namalary makullanyldy. Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek babatda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatlar boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, adamlaryň durmuş we zähmet şertleri bilen gyzyklandy, sebitleri ösdürmek, ýerlerde işleriňdir hyzmatlaryň hilini hem-de netijeliligini gowulandyrmak boýunça gymmatly maslahatlaryny we tekliplerini berdi, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýaşlar bilen yzygiderli duşuşdy, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny boýunça pikirleri we teklipleri öwrendi, milli parlamentde täze başlangyçlary öňe sürdi. Bu resminamanyň rejelenen görnüşi döwletiň ýaşlar hakyndaky aladalarynyň aýdyň subutnamasy bolup, ýaşlaryň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, parlament diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we usullaryny ösdürmäge, dostlukly ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 25-nji sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyryp, onuň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy hem-de Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyklary geçirdi. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edip, parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegi hem-de özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemegi, şol sanda ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmek we netijeli ulanmak, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we durnukly ösüşe ýardam bermek boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemegi teklip etdi. 

                                                                   

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” görnüşdäki dialogynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de bu ugurda bilelikdäki çäreleri yzygiderli esasda geçirmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu teklipleriň ýapon tarapyndan goldanylmagy iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze hil derejesinde ösdürmäge ygrarlydygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirilip, munuň özi şeýle düzümde parlament gatnaşyklaryň täze we netijeli görnüşiniň emele gelmegine ýardam etdi. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary daşary ýurtlarda saparda bolup, sebit we halkara ähmiýetli parlamentara duşuşyklara gatnaşdylar, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşdylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Mejlis tarapyndan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen degişli işler geçirildi. Bu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 38-si we Mejlisiň kararlarynyň 21-si kabul edildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin has oňaýly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen, şeýle-de ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri esasynda, watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekildi. 

                                                                   

Döwlet Maslahatynda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanun taslamalarynyň üstünde işlemek dowam etdirilýär. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisde duşuşyklaryň 24-si geçirildi. Deputatlar degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meselelerine degişli guralan 100-den gowrak okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şolaryň 54-si sanly ulgam arkaly geçirildi. Mejlisiň wekilleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular. 

                                                                   

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Dialogyň çäklerinde halkara derejedäki çäreleriň 9-sy guraldy. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlary Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen bilelikde jemgyýetçilik-syýasy çärelerini hem-de wagyz işlerini geçirip, ilata mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen Döwlet Maslahatynyň we onda kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýetini düşündirýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Bu işler döwletimiziň syýasy ulgamyny gowulandyrmakda, ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda nobatdaky ädime öwrüler. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmek we onuň ähli maddalaryna garamak barada görkezme berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip: “Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny giňden belleýäris” diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleriniň, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdygyny nygtap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini hem habar berdi. 

                                                                   

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji jildini ýazyp tamamlady. Size bu kitaby Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soň gowşurarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

 Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.10.2022
Eşretli döwrümiziň ak ýoly

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň uly toýunyň barha golaý gelýän günlerinde her güni, aýy guwançly netijelere, taryhy wakalara beslenýän Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başy başlanan Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzda milli ykdysadyýetimizde, beýleki ulgamlarda gazanylýan ýokary görkezijilerem, dabarasy dag aşýan taryhy wakalaram ýokary ruhubelentligi eçilýär. 

                                                                   

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz Watanymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän tutumly işler rowaç alýar.  

                                                                   

 Tawus ALYÝEWA. 

                                                                   

 Tagtabazar etrap kazyýetiniň kazyýet kätibi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eşretli döwrüne guwanyp, döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle döwletli döwranyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da belentden dabaralanýandygy ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Ýeňişli ýylymyzda ýetilýän sepgitler, taryhy wakalar uly üstünliklere ýardam edýär. 

                                                                   

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 11-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi möhüm syýasy waka boldy. Mejlisde 2022 — 2052-nji ýyllarda Türkmenistany syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni yglan edilen bu mejlis taryhy ähmiýete eýe boldy.  

                                                                   

 Dünýägözel GARLYÝEWA. 

                                                                   

 Mary şäher prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Guwançly sepgitleri, taryhy wakalary bilen dabaralanýan Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça depginli ösüşine kuwwatly itergi berýär. Şeýle özgertmeler milli kanunçylygymyzy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmekde-de özüniň beýanyny tapýar. Döwrebap kanunlarymyz bolsa tutanýerli işlerimiziň has-da ilerlemegine ýardam edýär.  

                                                                   

Türkmen ili Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň şanly senesine — Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna barýar. Toýa sowgatly barmak bolsa gadymy halkymyzyň asylly däbi. 

                                                                   

 Daýanç ŞAMMETOW. 

                                                                   

 Mary etrabynyň polisiýa bölüminiň PÝWB-niň ýerli wekili, polisiýanyň kapitany.

11.10.2022
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! 

                                                                   

Sizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni okgunly ösüşler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän bu hünär baýramynyň şanyna geçirilýän dabaralaryň siziň durmuşyňyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Netijede, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz Diýarymyzda ýokanç keseller boýunça durnukly epidemiologik ýagdaý saklanýar. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylandygyny görkezýär. 

                                                                   

 Hormatly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri! 

                                                                   

Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňümizde täze, belent maksatlary goýýarys. Ata Watanymyza beýik söýgimiz, synmaz agzybirligimiz we jebisligimiz bilen bu ugurda giň möçberli, has ýokary wezipeleri durmuşa geçirmek arkaly gazanylan üstünlikleri berkidýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleri, döwrebap derman kärhanalaryny, saglyk öýlerini gurup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys. 

                                                                   

Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek ulgamy hem düýpli gowulandyrylýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlary nazara alnyp, ýürek-damar, onkologiýa, dem alyş ýollarynyň we nerw-ruhy keselleriň, süýjüli diabetiň öňüni almak üçin ilatyň töwekgelçilikli toparlarynyň saglygyny berkitmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu ugurda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan işleriň ykrarnamasy hökmünde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylmagy gazanylýan üstünliklere buýsanç duýgularyny döredýär. 

                                                                   

Biz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş boýunça hem köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy barha berkidýäris. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýäris. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýäris. Maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze ösüşlerini üpjün edýäris. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde has-da güýçlendireris. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr. 

                                                                   

 Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! 

                                                                   

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

10.10.2022
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Harby institutyň çeper höwesjeňler topary hem ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary bilen tanyşdyryş dabarasyna gatnaşanlara uly ruhy lezzet berip, çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu neşiriň mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny nygtadylar.  

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda kuwwatly elektrik stansiýalary, howa elektrik geçirijileri guruldy, hereket edýänleriniň durky täzelenildi, pudaga döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ynsanperwer durmuş syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzy mundan beýläk hem ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler elektrik energiýasyna bolan islegiň barha artýandygyny, bu ýagdaýy birnäçe ýyl öňünden gören Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda energetika kuwwatlyklarynyň ýeterlik möçberiniň döredilendigini, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen birlikde, onuň artykmaç bölegini barha artýan möçberde dünýäniň dürli ýurtlaryna iberýän iri energetika döwletine öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler. 

                                                                   

Täze kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljermeler hem-de maglumat teswirnamalar, elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, ony döwrebaplaşdyrmagyň maksatlaryny açyp görkezýär. Bular barada edilen çykyşlarda hormatly Arkadagymyzyň häzirki wagtda bütin dünýäde «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi dogrusynda beýan eden sözleri bilen utgaşykly gürrüňler aýdyldy.  

                                                                   

 Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze kitaby üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

                                                                                                           

Atajan ÝUSUPOW,

                       

TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.

08.10.2022
Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ýö­rel­ge­le­ri­dir

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti GDA döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň res­mi däl du­şu­şy­gy­na gat­naş­dy 

                                                                   

 Sankt-Pe­ter­burg, 7-nji okt­ýabr (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na iş sa­pa­ry bi­len ug­ra­dy we şol ýer­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän res­mi däl sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. 

                                                                   

 Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar ug­rat­dy­lar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýar. Şu oňyn stra­te­gi­ýa­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan özü­niň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, bar bo­lan ägirt uly kuw­wa­ty na­za­ra alyp, Ar­ka­la­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýär. Ýur­du­my­zy GDA döw­let­le­ri bi­len däp bo­lan dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, ys­ny­şyk­ly ta­ry­hy-me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bag­la­nyş­dyr­ýar. Mu­nuň özi öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak, onuň ma­ny-maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak üçin pug­ta esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

                                                                   

...Bir­nä­çe sa­gat­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri­niň “Pul­ko­wo” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar gar­şy­lady­lar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ho­wa men­zi­lin­den GDA-nyň no­bat­da­ky res­mi däl sam­mi­ti­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne — Kons­tan­ti­nows­kiý köş­gü­ne ta­rap ug­ra­dy.  

                                                                   

XVIII asy­ryň bu bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­li­gi Strel­na­da­ky köşk-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň esa­sy bö­le­gi­dir. Top­lu­myň tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de meş­hur ýew­ro­pa­ly bi­na­gär­ler iş­le­di­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de bu ta­ry­hy top­lum gaý­ta­dan di­kel­dil­di hem-de döw­let ka­bul­ha­na­sy­nyň de­re­je­si­ne eýe bol­dy. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da Kons­tan­ti­nows­kiý köş­gi ga­py­la­ry­ny Sankt-Pe­ter­bur­gyň 300 ýyl­ly­gy­na ga­bat­lap giň­den açan “Kong­res­ler köş­gi” döw­let top­lu­my­nyň bi­na­gär­lik bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Bu ýer­de mö­hüm çä­re­ler, şol san­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­lar, me­de­ni fo­rum­lar we beý­le­ki da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär. “Kong­res­ler köş­gi” döw­let top­lu­my­nyň köp­çü­li­giň ge­lip gör­me­gi we ge­ze­lenç­ler üçin açyk­dy­gy hem bel­lär­lik­li­dir. Hä­zir Kons­tan­ti­nows­kiý köşk-se­ýil­gäh top­lu­my Sankt-Pe­ter­bur­gyň mö­hüm äh­mi­ýet­li sy­ýa­hat­çy­lyk des­ga­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. 

                                                                   

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Sankt-Pe­ter­bur­ga Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ni­kol Pa­şin­ýan hem gel­di­ler. 

                                                                   

 GDA döw­let­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry “Mer­mer” za­ly­na ça­gy­ryl­ýar. Şol ýer­de res­mi däl sam­mit ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin du­şu­şy­gy açyp, oňa gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­le­di. Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny Sankt-Pe­ter­bur­ga gel­mä­ge ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin hem­me­le­re ho­şal­lyk bil­di­rip, şu du­şu­şy­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dost­luk­ly ýag­daý­da pi­kir alyş­ma­ga, GDA döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň öňü­miz­dä­ki hep­de­de As­ta­na­da ge­çi­ril­jek do­ly de­re­je­li mej­li­si­niň öňü­sy­ra­syn­da ga­ra­ýyş­la­ry anyk­laş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Bu gün Ar­ka­la­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de hyz­mat­daş­ly­gyň gün ter­ti­bi köp ugur­la­ry, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry, şol san­da döw­le­ta­ra de­re­je­dä­ki yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ni öz içi­ne al­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň en­çe­me ge­zek GDA-nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da mö­hüm du­şu­şyk­la­ryň, fo­rum­la­ryň we dür­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ýur­du­myz ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mä­ge çal­şyp, hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze, wa­jyp usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk tek­lip­le­ri yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. 

                                                                   

Şu ba­bat­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň stra­te­gik yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da Jar­na­ma­ny aý­dyň my­sal­la­ryň bi­ri hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Bu tag­ly­mat­la­ýyn res­mi­na­ma­nyň Ar­ka­la­şy­gyň 2019-njy ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­ny­lan­dy­gy­ny hem-de ka­bul edi­len­di­gi­ni ýat­lat­ma­ly­dy­rys. Şol sam­mi­tiň ge­çi­ri­len ýy­lyn­da ýur­du­myz GDA-da baş­lyk­lyk et­di. Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li Stra­te­gi­ýa­sy hut ýo­kar­da ag­za­lan Jar­na­ma­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­dy. On­da uzak möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Ta­ry­hyň do­wa­myn­da eme­le ge­len gat­na­şyk­lar bi­len bag­la­ny­şan Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri köp ar­tyk­maç­lyk­la­ra eýe­dir. Şo­la­ryň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Il­kin­ji no­bat­da, Türk­me­nis­ta­nyň GDA-nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy has giň geog­ra­fik we yk­dy­sa­dy sep­git­le­re çy­kar­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry şu­ňa gö­nük­di­ri­len­dir. Bar bo­lan kuw­wa­ty na­za­ra al­mak bi­len, ulag, kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we lo­gis­ti­ka, ener­ge­ti­ka, se­na­gat, dü­züm­le­ýin ul­gam­lar ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Ma­ýa go­ýum işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak, ha­ryt­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek üçin hem uly müm­kin­çi­lik­ler bar. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, yn­san­per­wer ul­gam hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Ylym we bi­lim, me­de­ni­ýet, sun­gat, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ryn­da öza­ra gat­na­şyk­lar ýurt­la­ryň­dyr halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň, ola­ryň ara­syn­da­ky dost­luk we yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri bi­len bu ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň uly tej­ri­be­si­ni top­lap, ony mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li ulan­ma­gy hem-de ös­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak hem örän der­wa­ýys ha­sap­lan­ýar. Mu­nuň özi döw­rüň äh­lu­mu­my ösü­şi­niň bar­şy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Bu ba­bat­da san­ly­laş­dyr­mak, in­no­wa­si­ýa­lar we teh­no­lo­gik ösüş ne­ti­je­li­li­gi, bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy, üs­tün­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýar. 

                                                                   

Eko­lo­gi­ýa hem öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­gam­la­ry bi­len bi­le­lik­de, eko­lo­gi­ýa öl­çe­gi-de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň öza­ra bag­la­ny­şyk­ly ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Hä­zir­ki wagt­da eko­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne we onuň tä­si­ri­ni ara­dan aýyr­ma­ga de­giş­li me­se­le­ler aý­ra­tyn üns be­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz ola­ryň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni göz­le­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýar. 

                                                                   

GDA-nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da Türk­me­nis­tan par­la­ment­le­riň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry hö­wes­len­dir­mek we ös­dür­mek, şu mak­sat bi­len Ar­ka­la­şy­gyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň tej­ri­be­si­ni iş­jeň ulan­mak ug­run­da hem çy­kyş ed­ýär. GDA-nyň syn­çy­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän saý­law möw­süm­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Hu­su­san-da, şu ýyl Ar­ka­la­şy­gyň we­kil­le­ri hal­ka­ra syn­çy­la­ryň ha­ta­ryn­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä — Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­na mo­ni­to­rin­gi ama­la aşyr­dy­lar. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri­niň hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň meý­dan­ça­la­ryn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk edip, bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ýer­lik­li bo­lar. My­sal üçin, GDA ýurt­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň we beý­le­ki ab­raý­ly dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de öňe sür­ýän, Bi­ta­rap­ly­gyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýar­lar. 

                                                                   

Şeý­le­lik­de, GDA-nyň Sankt-Pe­ter­burg­da ge­çi­ri­len res­mi däl sam­mi­ti Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ar­ka­la­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­lyk bi­len gör­kez­di hem-de du­şu­şy­ga gat­naş­ýan ýurt­la­ryň mun­dan beý­läk-de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga me­ýil­li­di­gi­ni tas­syk­la­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow iş sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, “Pul­ko­wo” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­dy we şol ýer­den Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy.

08.10.2022
Importyň ornuny tutýan önümler

Telekeçilige giň ýol 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysadyýetimiziň ösüşindäki mynasyp goşandy barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiligiň dürli pudaklarda eýeleýän ornuny has-da giňeltmek babatda öňde goýýan anyk wezipeleriniň oňyn netijesidir.  

  Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde üstünliklere beslenýän özgertmelere bolan çäksiz buýsanjyny döredijilikli zähmeti arkaly beýan etmegi başarýan hususy kärhanalaryň biri-de welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän kärhanasydyr. Iki ýyla golaý mundan öň işe girizilen hususy kärhanada öndürilýän önümleriň turuwbaşdan sarp edijileriň arasynda uly isleglere eýe bolandygy buýsançly hakykatdyr. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnyp, önümçilige ornaşdyrylan kämil enjamlar arkaly ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekden alynýan gurluşyk serişdeleri ýokary hili bilen tapawutlanýar. Hususy kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri bolsa ymaratlaryň içki diwarlaryny tekizlemekde hem-de ýylmamakda giňden peýdalanylýan gurluşyk garyndy serişdeleriniň iki görnüşini öndürmäge şertleri üpjün edýär. Şeýle-de bu ýerde gurluşykda giňden peýdalanylýan gurluşyk gipsi hem öndürilýär. Kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdesiniň ýene bir görnüşi, ýagny gips kartony bolsa binalardyr desgalaryň içki gurluşynyň üçegasty hem-de diwar örtüklerini gözel görke getirmekde islegli önümleriň biridir.  

                                                                   

«Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän kärhanasynyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge saldamly goşant goşýandygyny nygtamak gerek. Bu ýerde öndürilýän gurluşyk serişdeleri diňe bir içerki bazarlara däl, eýsem, daşarky sarp edijilere-de dowamly ugradylýar. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri kärhana tarapyndan importyň ornuny tutýan gurluşyk garyndy serişdeleriniň diwarlary tekizlemekde ulanylýan görnüşiniň 6 müň 274 tonnasy, diwarlary ýylmamakda ulanylýan görnüşiniň bolsa 3 müň 800 tonnasy öndürildi. Gurluşyk gipsi babatda bu görkeziji 3 müň 320 tonna ýetdi. Gürrüňi edilýän döwürde gips kartonynyň 336 müň inedördül metrden gowragy taýýarlandy. 

                                                                   

Gazanylýan zähmet netijeleri Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň hususy işewürlerine milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmekde hem-de pudagyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda bildirýän ýokary ynamyna abraý bilen hötde gelmekde hususy kärhananyň ähli tagallalary edýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

                                                                                                           

Nury MÄMMEDOW.

08.10.2022
«Döwletli — Döwranyň» döwrebap gadamlary

Her bir ýurduň ösüşi, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi onuň ykdysady kuwwaty bilen kesgitlenilýär. Watanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, sarp edilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmakda we görnüşini köpeltmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalar bilen bir hatarda hususy kärhanalaryň hem orny örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzy ösdürmekdäki baý tejribesinden netijeli peýdalanyp, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bu günki gün ýurdumyzyň telekeçileriniň we senagatçylarynyň işleri barha ilerleýär. Ine, şeýle kärhanalaryň hatarynda «Döwletli — Döwran» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan bezeg-keramiki önümlerini öndürýän, Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasyny bellemek ýerlikli bolar. 

                                                                   

Işe girizilenine entek kän wagt hem geçmedik bu kärhananyň önümleri eýýäm dünýä bazarlaryna çykarylýar. Has takygy, bu kärhananyň önümleriniň ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen «KazBuild — 2022» halkara gurluşyk we interýer sergisine hödürlenilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Ispaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan bu kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriň hem aglabasynyň bu ugurdan ýokary bilimleriniňdir baý tejribeleriniň bolmagy önümleriň hil derejesiniň barha ýokarlanmagyna getirýär. 

                                                                   

Her günde 550 tonna, ýagny, 200 müň bişen kerpiç öndürmäge ukyply bolan bu kärhananyň esasy çig maly öz döwletimizden alynýar. Geljekde önümçiligiň gerimini has-da giňeltmegi, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýän «Döwletli — Döwranyň» agzybir işgärleri döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Atanyýaz HANGELDIÝEW

07.10.2022
Halkyň baky hakydasy bilen nesilleriň ruhy gymmatlyklarynyň ähmiýeti artýar

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

                                                                   

Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. 

                                                                   

Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýadygärlikler toplumynyň öňünde ýertitremede gurban bolan aşgabatlylaryň hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama çäreleri geçirilýär. 

                                                                   

Biz şu gün — pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň 74 ýyllygynda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesdi, türkmen paýtagtyny weýran etdi. Şol pajygaly wakadan bäri näçe ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar, ýitgileriň yzasy hiç haçan aýrylmaýar. 

                                                                   

Ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän hem-de gaýduwsyz gahrymanlara uly sarpa, türkmen halkynyň öz geçmişine hormat goýmagynyň özboluşly nyşany bolup durýan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler. 

 Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança gelýär. Döwlet Baştutanymyz Milli goşunymyzyň merdana pederlerimiziň asylly däplerini dowam etdirijileri bolan edermen Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär. Döwletimiz esgerlerimize arassa asmanymyzy, parahatçylygymyzy we Garaşsyzlygymyzy goramagy ynandy. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy. 

                                                                   

Şu pursatlarda pajygaly gijede 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan garry atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk gurşap aldy. Bu ýere gelenler hasratly dymmak bilen, ýadygärlige tarap ýöräp ugraýarlar. 

                                                                   

Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar. 

                                                                   

Bu gün türkmenistanlylar ýene-de bir gezek bilelikde ýitgileriň yzasyny çekýärler we dünýäniň hoşniýetlilik, parahatçylyk üçin döredilendigine ynanýandyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň häzirki güni nuranadyr, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň häzirki keşbi ajaýypdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýan möhüm wezipeleriniň biri hem Aşgabady milli däpleriň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy ýörelgeleri esasynda ösdürmekden ybaratdyr. Giň gerimli taslamalar şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu taslamalar bolsa sebitiň hem-de dünýäniň iri işewürlik, ylmy, medeni, sport merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň täze eýýamynyň alamatlarydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine güýz gülleriniň çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde “baky ot” ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertlik, harby borja wepalylyk, eziz Watanymyza çäksiz söýgini görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr. 

                                                                   

Soňra Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýýarlar. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşulýarlar. Sanlyja wagtyň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärligiň öňüni örtýär. 

                                                                   

Eziz Watanymyz azatlyk, mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden ogullaryny we gyzlaryny hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Milletler Bileleşiginde öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak barada beýan edilen teklibi bellemek ýerlikli bolar. Bu resminama gurama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň gapma-garşylykly ýagdaýlary gepleşikler arkaly çözmäge ygrarlydygyny tassyklamaga gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistan 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürdi. 

                                                                   

Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik däplerini aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka jaýyna gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralamaga «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gelenleriň ählisi bilen mähirli salamlaşýar. 

                                                                   

“Biz olaryň ruhlaryna bagyşlap, sadaka berýäris, aýat-töwir edýäris, Hatyra gününde öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berýän sadakalaryňyz, doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

 Soňra Türkmenistanyň müftüsi gurban bolanlaryň hatyrasyna tebärek çykdy. 

                                                                   

Asylly däplere laýyklykda, naharlar çekilýär. Bularyň ählisi häzirki nesillere ýol-ýörelge görkezýän parasatly ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Nahardan soň aýat-töwir okaldy hem-de Hatyra gününde öten-geçenlerimizi ýatlap berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň, aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy üçin dileg edildi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip, arzuw etdi we sadaka gatnaşýanlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady. Şu gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresi hem-de berlen sadaka parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys, Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.

07.10.2022
Islegli harytlar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur almak bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça bellenilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralardyr kärhanalara optiki-süýümli kabeli çekilip, dokma pudagynda resminama dolanyşygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde elektron görnüşde alyp barmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Müşderileriň önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dokma önümleriniň görnüşleri has-da artdyrylýar, ýokary hilliligi üpjün edilýär. Mälim bolşy ýaly, şol kärhanalaryň birnäçesi öz önümleriniň söwda-satuwyny sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly ýörite döredilen web saýtlary we ykjam enjamlar üçin niýetlenen mobil programmalary arkaly ýola goýýarlar. Şeýlelikde, türkmenistanly we daşary ýurtly müşderiler üçin ähli türkmen brendleriniň harytlary barada web saýtlardan maglumat almak we önüm satyn almak mümkinçiligi döreýär. 

                                                                   

 Goý, ýurdumyzyň dokma pudagyny beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Jeren ATAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň esasy hünärmeni.

07.10.2022
Strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň binýadydyr

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi 

                                                                   

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi. 

 — Salam, hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy! Ilki bilen, söhbetdeş bolmaga wagt tapandygyňyz üçin Size hoşallygymyzy bildirýäris. Ýakynda Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Pursatdan peýdalanyp, Sizi bu baýramçylyk mynasybetli ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Indi bolsa Size birnäçe sowal bilen ýüz tutmaga rugsat ediň! Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. 30 ýylyň dowamynda syýasy hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär, ýokary derejedäki özara saparlar ýygy-ýygydan guralýar. 2013-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 2021-nji ýylyň noýabrynda iki tarap hem «Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna» gol çekdi. Siz hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşine nähili baha berýärsiňiz? 

                                                                   

— Ilki bilen, bu söhbetdeşligi guramak baradaky başlangyjy üçin Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin. Hytaýyň özünde-de, onuň çäklerinden has uzakda-da millionlarça muşdaklary bolan şeýle abraýly we meşhur neşirler bilen aragatnaşyk, gürrüňsiz, iki ýurda has oňat düşünişmäge ýardam eder. Türkmenistanyň we Hytaýyň özara hyzmatdaşlygynyň esasy mazmunyna we häsiýetine, onuň ileri tutulýan ugurlaryna, mümkinçiliklerine has gowy düşünmäge şert döreder. 

                                                                   

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryna baha berşim barada aýdanymda, olara nusga alarlyk diýerdim. Bu ýerde hiç hili söz ulaltma ýok. Biziň döwletlerimiz özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýetilen derejesine guwanyp bilerler. Dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýuldy, düýpli hukuk binýady döredildi, Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar has-da giňeldilýär. Iki döwletiňdir halkyň ýakynlaşmagy, onýyllyklary nazarlaýan dostlugyň, hyzmatdaşlygyň binýadyny berkitmek babatda hakyky, döredijilikli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri we mümkinçilikleri babatda hem, ählumumy ösüşiň ugurlary babatda hem garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen kesgitlenendir. Ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, syýasy, milli, dini ekstremizme, terrorçylykly wehimlere garşy göreşmegiň meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi munuň örän möhüm şerti bolup durýar. Hytaý bilen bilelikde biz halkara işlerde deňhukuklylyk, adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýäris. Ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň görýän çärelerini goldaýarys. 

                                                                   

Biz 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekip, hyzmatdaşlygyň täze, has ýokary derejesine çykdyk. Bu resminama Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň esasy binýadyny emele getirýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häsiýetini, ugruny we mazmunyny kesgitleýär. Şu ýerde men Hytaý Halk Respublikasynyň halkara giňişlikde Türkmenistana, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryna berýän goldawyny aýratyn bellemek isleýärin. 

                                                                   

Öz nobatynda, Türkmenistan hem biziň hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin derwaýys meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň bitewüligine we bölünmezligine degişli meselelere öz garaýyşlaryny hemişe anyk, aýdyň beýan edýär. Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris, arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris. Şeýle-de köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk, Birleşen Milletler Guramasyny we onuň Howpsuzlyk geňeşini özgertmek, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek, energetika we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça netijeli çäreleri görmek ýaly möhüm meseleler boýunça biziň garaýyşlarymyzyň umumydygyny tassyklamak zerur diýip hasap edýärin. 

                                                                   

Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Bu meselede-de biziň ýurtlarymyzyň esasy garaýyşlary ýakyndyr: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine we ýüze çykýan meseleleri çözmegiň syýasy-diplomatik usullaryna eýermäge esaslanan pugta howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Bu meselelerde Türkmenistan we Hytaý dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edýärler. Özara hyzmatdaşlyk etmegiň sebit usullaryny döretmäge iş ýüzünde uly goşant goşýarlar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki ýagdaýlarda — syýasy we ykdysady işlerde Hytaýyň netijeli ornuny, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meselelerine oýlanyşykly we deňagramly çemeleşmelerini aýratyn bellemek isleýärin. 

                                                                   

 — Soňky 30 ýylyň dowamynda işewür hyzmatdaşlyk ulgamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda uly üstünlikler gazanyldy. Häzirki döwürde Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen düýpli utgaşdyrmak işjeň alnyp barylýar. Siz energetika, ulag we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hem-de mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz? 

                                                                   

— Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhy bar. Onuň bütin dowamynda biziň halklarymyzyň arasynda özara düşünişmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň özara baýlaşmagy babatda örän oňaýly şertler döredi. Biziň ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygynyň köprüsi bolman, eýsem, giň gerimli medeni gatnaşyklaryň hem köprüsi bolupdyr. Biz bu örän özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri we ony dowam etdirijiler bolmak bilen, häzirki şertlerde öz gatnaşyklarymyzy ýola goýýarys, hyzmatdaşlygy ösdürýäris, gatnaşyklarymyzyň dowamatlylygyny üpjün edýäris. 

                                                                   

Häzirki zaman şertlerinde hakyky özara gyzyklanmalaryň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bellenip geçilen strategiýalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge niýetlenendir. Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat zolaklaryny emele getirmäge, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýşynyň hilini, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň biziň yklymymyzda geoykdysadyýetiň täze keşbini döretmegiň esasy ugruna öwrüljekdigine ynanýaryn. Bu hakyky ýagdaýdyr we onda bähbitleriň we uzak möhletleýin maksatlaryň utgaşmagy esasynda islendik netijeli pikirler, strategiýalar, başlangyçlar biri-biriniň üstüni ýetirmäge niýetlenendir. Şunuň bilen baglylykda, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy öz filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» ählumumy başlangyjy bilen baglydyr diýip hasap edýärin. 

                                                                   

Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi uly bolan ugurlary we mümkinçilikleri giň möçberde görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Bu gaz geçiriji energiýa taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir. 

                                                                   

Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. 

                                                                   

Iki tarap hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biz bu ugurda Hytaýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän möhüm hyzmatdaşymyz hökmünde garaýarys. Häzirki döwürde hut ulag ulgamynyň biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýandygy nazara alnanda, Hytaý köp derejede örän möhüm hyzmatdaşymyz bolup durýar. Türkmenistan häzir öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça birleşdirilen görnüşli köpugurly üstaşyr ulag hem-de logistik üpjünçilik ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Ol Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar. 

                                                                   

Bu ugurda Türkmenistan we Hytaý üçin hyzmatdaşlyk etmäge ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn. Munuň özi Türkmenistanda ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňzinde kenarýaka üpjünçilik ulgamlarynyň durkunyň täzelenilmegi bilen baglylykda aýratyn möhümdir. Biziň tagallalarymyz hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen göz öňünde tutýan maksatlarymyza ýetmäge gönükdirilmelidir. Hususan-da, ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollar, howa gatnawlary, beýleki üpjünçilik ulgamlary arkaly Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara gatnawlaryň mümkinçiliklerini doly açmaga niýetlenmelidir. Şeýle-de bu ulgamlar esasy merkezlerde logistik terminallary öz içine almalydyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňzinde şeýle merkezleriň birine öwrülip biler. 

                                                                   

Bu meseleleriň ählisi Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde netijeli ara alnyp maslahatlaşylýar. Komitetiň 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen mejlisinde bäş sany resminama, şol sanda siziň belläp geçen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamaňyza hem bäş ýyl möhlete gol çekildi. Biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly Si Szinpiniň başlangyjy boýunça kabul edilen bu Maksatnama mundan beýläk-de öňe gitmek üçin pugta esas hökmünde garaýarys. 

                                                                   

Şoňa görä-de, men geljege ynam bilen garaýaryn, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýärin. Onuň mümkinçilikleri ägirt uludyr. Hyzmatdaşlygyň saýlanyp alnan nusgasy bolsa bilelikdäki meýilnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin şertleri doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

 — Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň «Adam hemme zatdan ýokarydyr», «Halkyň bähbidine dolandyrmak» atly konsepsiýalary biri-birine gabat gelýär. Siz Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň konsepsiýalaryna we döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýärsiňiz? 

                                                                   

— Bu üstünlikler örän özboluşlydyr we olarda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň aýgytlaýjy hyzmaty gürrüňsizdir. Taryhy taýdan örän gysga möhletde Hytaý dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň öňdebaryjysyna öwrüldi. Senagat önümçiliginiň durnukly ösüşini, giň gerimli durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etdi. Hytaýa ägirt uly netijeleri gazanmak — garyplygy ýeňip geçmek başartdy. Häzirki döwürde hem siziň ýurduňyz ählumumy abadan döwleti döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şeýle ägirt uly üstünlikleriň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň syýasy erk-isleginiň, aýgytly hereketleriniň, onuň işläp taýýarlan oýlanyşykly strategik ugrunyň, hytaý halky tarapyndan goldawyň we düşünmegiň netijesinde mümkin bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur. 

                                                                   

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylarynyň parasatlylygy we öňdengörüjiligi ýurda durnuklylyk, öz güýjüňe ynanmak ýagdaýynda milli galkynyş, gülläp ösüş ýoluna düşmäge, şol ýol bilen yzygiderli, gyşarnyksyz öňe gitmäge mümkinçilik berdi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýäde siziň ýurduňyza ägirt uly at-abraý, hormat getirmegi ýöne ýere däldir. Bu syýasaty Ýer ýüzüniň döwletleriniň köpüsi, şol sanda Türkmenistan hem goldaýar. 

                                                                   

 — Siz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýärsiňiz? Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasyna Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşigi goşuldy. Bu konsepsiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine nähili täsirini ýetirdi? 

                                                                   

— Siziň sowalyňyzyň birinji bölegi barada aýdylanda, men oňa şeýle jogap berýärin: Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, gürrüňsiz, häzirki döwrüň iň görnükli, giň gözýetimli döwlet işgärleriniň we syýasatçylarynyň biri bolup durýar. Hytaý halkynyň taryhynda tutuş bir döwür onuň ady bilen baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Bu eýýam häzirki wagtda Hytaýyň syýasy, ykdysady we tehnologik kuwwatyny, ýurduň halkara giňişlikde milli bähbitlerini goramakda tutanýerliligini we berkligini, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligini, öňdengörüjiligini alamatlandyrýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, men Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy, biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda hemişe alada edýändigi we üns berýändigi üçin uly hormat bilen minnetdarlyk bildirýärin. 

                                                                   

Başlyk Si Szinpiniň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasyna Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşiginiň goşulmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu örän giň möçberli we çuňňur kesgitlemedir. Ol biziň döwletlerimiziň öz ösüşiniň strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryny, her bir ýurduň bütin adamzadyň ykbaly üçin jogapkärçiligine esaslanan deňhukuklylyga, hormat goýmaga, gatyşmazlyga, düşnükli we üýtgewsiz kadalary tassyklamaga daýanýan adalatly dünýä gurluşyny gurmakda çemeleşmeleriniň, maksatlarynyň umumylygyny görkezýär. Ugurlary bölmezden, emeli siwilizasion kemçiliklerden, milli ýa-da toparlaýyn bähbitleriň dar düşünjesinden azat dünýä tertibini gurmagyň zerurdygyny beýan edýär. 

                                                                   

«Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasy şu manyda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Durnukly ösüşiň, täze howplary we wehimleri üstünlikli ýeňip geçmegiň gün tertibi boýunça halkara giňişlikde bilelikde netijeli işlemek üçin binýatlyk şertleri döredýär. 

                                                                   

 — Häzir dünýäde ýagdaý dartgynly we çylşyrymly bolmagynda galýar. Siz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly möhüm başlangyjy öňe sürdüňiz. Başlyk Si Szinpin «Ählumumy ösüş başlangyjyny» we «Ählumumy howpsuzlyk başlangyjyny» öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň dünýä hem-de sebit üçin wajyplygy barada gürrüň beräýseňiz! 

                                                                   

— Türkmenistanyň başlangyjy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň başlangyçlary hakykatda umumy dünýägaraýşa we syýasy esaslara eýedir. Olarda ähli ýurtlara, ýolbaşçylara häzirki dünýäniň ýagdaýlaryny anyk we jogapkärli seljermäge, mundan beýläk-de çaknyşyklaryň dowam etdirilmeginiň, harby-syýasy bäsdeşligiň nämelere getirip biljekdigi barada oýlanmaga, adamzadyň howply çäge ýetendigine, şondan aňyrda garaşylmadyk netijeler bilen ählumumy howpsuzlygyň tutuş gurluşynyň ýykyljakdygyna anyk göz ýetirmäge çagyryş beýan edilendir. 

                                                                   

Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, syýasatdan uzakdaky ýönekeý adamlaryň millionlarçasy barada aladanyň netijesinde öňe sürlendir. Bu adamlara parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepillikleri zerur bolup durýar. Biziň öňe süren başlangyçlarymyzyň derwaýyslygy, meniň pikirimçe, eýýäm aýdyňdyr. 

                                                                   

Şoňa görä-de, Türkmenistan häzirki wagtda Hytaý bilen bilelikde bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynyň kesgitleýji şertlerine öwrülmegi, bellenip geçilen howply çäkden yza çekilmek üçin şertleri döretmek, dawalary, gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly düzgünleşdirmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýär. Bu tagallalar, elbetde, deňhukuklylyk kadalary hem-de taraplaryň kanuny bähbitlerine hormat goýmak esasynda amala aşyrylmalydyr. 

                                                                   

 — Ýakyn günlerde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýy geçiriler. Siz bu partiýanyň geljekki ösüşi babatda garaşýan netijeleriňiz baradaky pikiriňizi beýan edip bilmezmisiňiz?! 

                                                                   

— Men Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň öňde duran gurultaýynyň möhüm waka öwrüljekdigine ynanýaryn. Bu gurultaýda Hytaý Halk Respublikasyny ähli ugurlarda mundan beýläk-de depginli ösdürmek boýunça örän möhüm çözgütler kabul ediler. Gurultaýyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hytaý halkynyň ýolbaşçy güýji hökmünde ornuny has-da berkitjekdigine ynanýaryn. 

                                                                   

Ol partiýanyň Hytaýyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen strategik ugrunyň yzygiderliligini hem-de dowam etdirilmegini üpjün eder. Adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam berer. Ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek işinde ykrar edilen liderleriň biri hökmünde Ýer ýüzünde ähli parahatçylyk söýüji güýçleriň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy, halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerini öňe sürýän ýurt hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny berkitmäge itergi berer. 

                                                                   

Men Hytaýyň Kommunistik partiýasyna, onuň ýolbaşçylaryna öňde duran gurultaýy geçirmekde üstünlikleri arzuw edýärin. Onuň döredijilikli netijeleriniň diňe bir Hytaýyň öz ösüşine däl, eýsem, bütin dünýädäki ýagdaýa hem ägirt uly oňaýly täsirini ýetirjekdigine pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 — Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, wagt tapyp biziň sowallarymyza jogap berendigiňiz üçin Size sagbolsun aýdýarys! 

                                                                   

 — Menem öz gezegimde şu günki guran duşuşygyňyza minnetdarlyk bildirýärin. Sag boluň!

05.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda geçen 30 ýylyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginler bilen ösdürilendigini we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda pugtalandyrylandygyny belledi. Häzirki döwre çenli Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we köp sanly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda 140-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hatynda: «Bilelikdäki tagallalar esasynda köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, gazanylan ylalaşyklary biziň doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine amala aşyrmagy yzygiderli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn» diýip belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

   

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň açyklyk, hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýändigini belledi hem-de soňky ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň halkara guramalaryň çäklerinde özara üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy, öňegidişligi we ykdysady ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşant goşýandyklaryny belläp, wagtyň synagyndan geçen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyz Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

   

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Maýa Sanduwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi. 

                                                                                                           

(TDH)

05.10.2022
Kuwwatly pudagyň şöhratly ýoly

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň elimize gowuşmagy halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Owadan fotosuratlar bilen bezelip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşirde Garaşsyz ösüşimiz döwründe bu pudagyň kuwwatly ösüşi beýan edilýär. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşyp, elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän milli maksatnamalary, iri taslamalary amala aşyrmagyň maksatlary we wezipeleri, olary çözmegiň ýollary barada çykyş etdi. Täze kitapda bu pudakda amala aşyrylýan başlangyçlaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna edýän oňyn täsirini açyp görkezýän şol taryhy çykyşy ýerleşdirilipdir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, eziz Watanymyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda, pudaga iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmakda, täze elektrik stansiýalaryny, beketlerini gurmakda maksatnamalaýyn wezipeler durmuşa geçirildi. Kitapda häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýändigi, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenilýär. Bu görkeziji 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr. Häzirki wagtda ýurtda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 turbina desgasy — 39 gaz turbinalar, 12 bug turbinalar bardyr. Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp, ulanmaga berlen Büzmeýin etrabyndaky Elektrik enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi öz ugry boýunça Merkezi Aziýada ýeke-täk desgalar toplumydyr.  

                                                                   

Ine, kitapda şeýle buýsandyryjy maglumatlaryň beýan edilmegi ösüşlerimize aýdyň göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň mundan-da beýläk pugtalanmagy, milli ykdysadyýetiň kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigine diňe bir pudagyň ösüşine nazar aýlanyňda-da doly göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişlikleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan jemgyýetimiziň durmuşynda şeýle neşirleriň möhüm ähmiýeti bardyr. «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitap biz — bilim işgärleri üçin uly gollanmadyr. 

                                                                                                           

Magtym NYÝAZGELDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

05.10.2022