Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni okgunly ösüşler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän bu hünär baýramynyň şanyna geçirilýän dabaralaryň siziň durmuşyňyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna pugta ynanýaryn.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Netijede, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz Diýarymyzda ýokanç keseller boýunça durnukly epidemiologik ýagdaý saklanýar. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylandygyny görkezýär.
Hormatly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!
Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňümizde täze, belent maksatlary goýýarys. Ata Watanymyza beýik söýgimiz, synmaz agzybirligimiz we jebisligimiz bilen bu ugurda giň möçberli, has ýokary wezipeleri durmuşa geçirmek arkaly gazanylan üstünlikleri berkidýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleri, döwrebap derman kärhanalaryny, saglyk öýlerini gurup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys.
Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek ulgamy hem düýpli gowulandyrylýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlary nazara alnyp, ýürek-damar, onkologiýa, dem alyş ýollarynyň we nerw-ruhy keselleriň, süýjüli diabetiň öňüni almak üçin ilatyň töwekgelçilikli toparlarynyň saglygyny berkitmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu ugurda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan işleriň ykrarnamasy hökmünde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylmagy gazanylýan üstünliklere buýsanç duýgularyny döredýär.
Biz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş boýunça hem köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy barha berkidýäris. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýäris. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýäris. Maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze ösüşlerini üpjün edýäris. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde has-da güýçlendireris. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.
Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!
Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.