Habarlar
Beýik ösüşleriň beýany

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşli ýollary barha berkidilýär. Ykdysadyýetimiziň bitewiligini we mizemez kuwwatyny alamatlandyrýan türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde pul dolanyşygy kämilleşdirildi, milli pul birliginiň hümmeti ýokarlandyryldy. 

                                                                   

Milli manadyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, bäsdeşlige ukyply bank ulgamynyň döremeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem, ol özbaşdak maliýe syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär we hakyky ykdysady özygtyýarlylyga eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda türkmen manady Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Milli manat Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilýär hem-de ýurduň çäginde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişli bolup durýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge ukyply bank ulgamyny kemala getirmek ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, karzlaşdyrylmagyň hem-de ilatyň bank goýumlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen internet we online bank hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna pul amallarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän maliýe syýasatynyň ýokary netijeliligi ýurdumyzyň ösüşiniň makroykdysady görkezijilerinde öz beýanyny tapýar. Geçirilýän çäreleriň netijesinde milli pul birligi häzirki zaman elektron serişdelerinde işjeň peýdalanylýar. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni ýurdumyzyň senenamasynda aýratyn orun eýeleýär. Şol gün degişli pudaklarda, bank edaralarynda duşuşyklar, dürli maslahatlar ýokary derejede geçirilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzy parahatçylygyň, asudalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! 

                                                                                                           

Maýa GURBANDURDYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Maliýe bölüminiň esasy hünärmeni.

31.10.2022
Ählumumy bähbitler ugrundaky strategiýa

26 — 28-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi geçirildi

 Halkara maslahat we sergi «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy. 

 HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAKDA MÖHÜM ÄDIM 

                                                                   

 ■ Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. 

                                                                   

■ Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirildi. 

 ■ Oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşdylar.  

                                                                   

■ Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça pudaklaýyn kärhana, hususy telekeçiler bar.  

                                                                   

■ Gatnaşyjylar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan prezentasiýalar, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. 

 IRI FORUM DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE 

                                                                   

 Forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň 45-e golaýyndan wekilleri bir ýere jemledi. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Şu ýyl Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 40-dan gowragy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 10-dan gowragy, hususan-da, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýeden, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiller diwarlyklaryny görkezdiler.  

 * * * 

                                                                   

Sergide oňa gatnaşyjylara tehniki serişdeleriň kömegi bilen wirtual ýagdaýda özlerini tebigy serişdeleriň operatory hökmünde duýmaga, nebit guýularynyň burawlanylyşyna hem-de tebigy gaz känleriniň gözlenip tapylyşyna gatnaşmaga özboluşly mümkinçilik döredildi. 

 HALKARA MASLAHATDA GARALAN MESELELER: 

                                                                   

 — energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaý we hyzmatdaşlygyň geljegi;  

                                                                   

— daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak;  

                                                                   

 — täzelerinde gazyp almagy işjeňleşdirmek. 

 TEJRIBE ALŞYLDY, DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI 

                                                                   

 Dünýäniň birnäçe ugurdaş kompaniýalary täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar, tejribe alyşdylar.  

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklary geçirildi. 

                                                                                                           

"Nesil".

29.10.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisiň barşynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň jemi jemlendi we birnäçe teklipler öňe sürüldi, öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan Durnukly ösüş maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli çözmekde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. 

                                                                   

25-nji oktýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahaty Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzda dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek bilen bagly meseleleri gysga wagtda çözmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdy. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Golaýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. 21-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda resmi saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi. Belent mertebeli myhman Gahryman Arkadagymyzyň sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan işjeň peýdalanmak babatda başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary raýatlar, ýerli dolandyryş edaralarynyň we guramalaryň wekilleri bilen duşuşyp, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilat üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen, her bir sebitiň mümkinçiliklerini nazara alyp, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleriniň möhümdigini nygtady. Soňky ýyllarda “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy hem-de häzirki wagtda bu işi dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de amala aşyrmaga, ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny depginli ösdürmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary hilli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi. Nebitgaz senagatynyň netijeli işi onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki serişdeleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşy we ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň suw hojalygy boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Suw üpjünçilik meseleleri boýunça hökümet topary tarapyndan ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň dag eteklerindäki çeşme hem-de ýerasty süýji suwlary çykarýan dik guýularyň suwlaryny netijeli ulanmak üçin zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalaryň edilýändigi, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda dowam etdirilýändigi habar berildi. Şunuň bilen bir hatarda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda daýhanlar köpçülikleýin şaly oragyna, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga girişdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny nygtady we ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, şalynyň we gant şugundyrynyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen bereketli hasylyny ýygnap almak işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçilik meselelerine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekip, şunda dünýä tejribesiniň, iň täze usullaryň peýdalanylmagynyň esasy talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow himiýa senagatynyň kärhanalarynyň, hususan-da, oba hojalygy üçin zerur bolan dökünleri öndürýän “Maryazot” önümçilik birleşiginiň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ammiak selitrasy bilen doly üpjün etmek hem-de onuň importyny aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Maryazot” önümçilik birleşiginiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri zerur bolan dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, himiýa senagatynyň ähli önümçilik kärhanalarynyň netijeli işini gazanmagyň hem-de işleýän kärhanalary yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer daşary ýurtlardan zerur bolan himiýa önümlerini satyn almak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň arasynda fosforit ununy satyn almak barada şertnamany baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mineral dökünler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň hem-de himiýa önümçilikleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň “Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşygy baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny nygtady. Energiýa ulgamy diňe bir Diýarymyzyň çäginde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagatynyň kärhanalaryny pagta önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda iň täze we ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalary işe girizilýär, hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar, olaryň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Bularyň ählisi dokma pudagyny ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, ony öňdäki hatarlara çykarmagyň, hil taýdan ýokary ölçeglere laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň hasabyna düşewüntliligi artdyrmagyň ýolunda möhüm ädimlerdir.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamyny okgunly ösdürmegiň aýdyň mysalyna öwrülendigini belledi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň we dokma pudagynyň toplumlaýyn hem-de bilelikdäki sazlaşykly işi, dokma kärhanalaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Şeýle-de wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda dokma kärhanalarynyň işini we olary dolandyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ileri tutulýan milli ugurlary we dünýäniň ykdysady giňişliginde umumy goşulyşmak ýagdaýlaryny nazara almak bilen, innowasion ykdysadyýetiň okgunly ösýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýan dokma pudagyny hem-de kärhanalary dolandyrmak ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Baýramçylyklar we şanly wakalar mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stol” söhbetdeşliklerini, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, konsertleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dürli sport ýaryşlaryny, uniwersiadalary, spartakiadalary geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Noýabr aýynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy, Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel — 2022” atly halkara sergi we ylmy maslahat, “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler. 

                                                                   

Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri, noýabryň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar. “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi noýabr aýynda geçiriljek beýleki halkara çäreleriň hatarynda bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow noýabr aýynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni çäreleriň türkmen jemgyýetiniň depginli ösüşindäki ähmiýetini belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň her biriniň özünde watançylyk duýgularyny, ahlak gymmatlyklaryny jemlemelidigini, milli medeni däpleriň bu ugurdaky innowasiýalar bilen sazlaşmagy arkaly ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanmalydygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk we himiýa senagatlary, ekologiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar. 

                                                                   

Wise-premýer Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 39-njy Bütindünýä maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezini bu assosiasiýanyň agzalygyna kabul etmek boýunça çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şeýle-de döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipelerden ugur alyp hem-de türkmen alymlarynyň ylmy barlaglaryny halkara giňişlikde giňden wagyz etmek maksady bilen, hojalyk hasaplaşygynda işleýän Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek hem-de ony elektron görnüşde internet ulgamy arkaly ýaýratmak maksadalaýyk hasaplanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleriň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini kesgitleýändigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzyň alymlaryna dünýä derejesindäki barlaglara gatnaşmagyny ep-esli işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini, elektron ylmy-amaly žurnalyň döredilmeginiň bolsa giň ylmy jemgyýetçiligi türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz žurnalyň çuň many-mazmunly bolmalydygyny, onda ýerleşdiriljek makalalarda bolsa ileri tutulýan ugurlar boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy işleriň hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryň şöhlelenmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň 23 — 27-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Seul we Pusan şäherlerine gulluk iş saparyny amala aşyrdy. 

                                                                   

Pusandaky forumyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda türkmen tarapyndan netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, ykdysadyýet we dürli pudaklarda, hususan-da, telekommunikasiýalar, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Forumyň dowamynda saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar, syýahatçylyk, energetika we daşky gurşawy goramak, ykdysady howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ministrler derejesindäki mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2023-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna Türkmenistan tarapyndan başlyklyk edilmegi we indiki 16-njy forumyň Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi. 

                                                                   

15-nji forumyň çäklerinde 26-njy oktýabrda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ykdysadyýetiň esasy ugurlary boýunça netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary kesgitlenildi. Şeýle-de esasy koreý kompaniýalarynyň we assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

Seulda hem-de Pusanda Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, parlamentleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meselesine garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uly kuwwata eýe bolan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Ýurdumyz Koreýa Respublikasyny hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Bu döwlet bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýar. 

                                                                   

Ýokary, hökümetara we pudagara derejelerdäki yzygiderli duşuşyklar taraplaryň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýar. Ençeme ýylyň dowamynda iri koreý kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işläp, dürli ulgamlarda giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” görnüşinde netijeli gatnaşyklary saklaýarlar. Munuň özi däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri şertlendirýär. Häzirki wagtda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda ähli mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky işi yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew dünýäniň iri kompaniýalary bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda portlary, demir ýollary, logistikany, gämiçiligi, içerki konteýner daşamalaryny dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Daşary ýurtlarda giňden ýaýran öňdebaryjy tejribeler, utgaşykly sanly ulgam arkaly ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary netijeli peýdalanylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň onuň Ýewraziýanyň möhüm ähmiýetli üstaşyr ulag merkezi hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady. Döwletimiz bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalşyp, ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde söwda gatnaşyklaryny ulag taýdan üpjün etmek we ýollary çekmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolar Ýewropa — Aziýa ugry boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň artýan möçberini öz üstüne alyp biler. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda özara tejribe alyşmagy ýola goýmak üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.10.2022
Mümkinçilikler. Hyzmatdaşlyk. Ösüş

Giň hem ýagty zalyň içini bezeýän biri-birinden owadan pawilýonlardaky dürli görnüşli önümleri, tehniki serişdeleri, innowasion tehnologiýalary içgin synlap, ilik-düwme öwrenýän köp sanly daşary ýurtly hünärmenleriň, žurnalistleriň hem-de ildeşlerimiziň türkmen, iňlis, rus dillerindäki gyzykly söhbetleri, baýramçylyga mahsus ruhubelentlik çaýýar. «Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde 26 ― 28-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan çäre ýokary ruhubelentlikde geçdi. Däbe öwrülen sergä şu ýyl ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynda iş alyp barýan kärhanalardyr hususy düzümler bilen birlikde, dünýäniň ondan gowrak döwletiniň kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Halkara sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň barha artýan mümkinçilikleri hem-de sebitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze gözýetimleri bilen baglanyşykly sowallarymyza jogap tapdyk. 

                                                                   

 — Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynyň öňdebaryjy kärhanalarynda nähili üstünlikler gazanylýar? 

                                                                   

 Ýaňyl HAÝYTBAÝEWA,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we
maglumat howpsuzlygy gullugynyň hünärmeni:
 

                                                                   

— Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda soňky ýyllarda dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilişi artýar. Ine, şu ýyl hem zawodlar toplumynda polimer önümleriniň täze görnüşleriniň, gämi ýangyjynyň, EKO-5 görnüşli dizel ýangyjynyň, «Turkmen Oil Advance 5W40» motor ýagynyň we beýlekileriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan harytlardyr. Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça tagallalary pudagyň işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 — Ýerli uglewodorod çig malyndan importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmekde hususyýetçileriň nähili paýy bar? 

                                                                   

 Serdar HOMMADOW,
«Geljege miras» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy:
 

                                                                   

― Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz senagatynda hem hususy düzümleriň üstünlikli işleýändikleri guwandyrýar. «Geljege miras» hususy kärhanasynda hormatly Prezidentimiziň importuň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda netijeli işler ýola goýuldy. Häzirki wagtda biz ýerli çig maldan polimer önümleriniň 15 görnüşini, çalgy ýaglarynyň 6 görnüşini öndürýäris. Olar diňe bir içerki bazarda satuwa çykarylman, eýsem, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Özbegistan, Owganystan, Gyrgyz Respublikalary ýaly ýurtlara-da eksport edilýär.  

                                                                   

 *** 

                                                                   

 — Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň halkara forumyň ähmiýetine berýän bahasy nähili?  

                                                                   

 Albert MEHTIÝEW,
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň wekili:
 

                                                                   

― Biz «Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022» atly halkara maslahata we sergä ençeme ýyl bäri gatnaşyp gelýäris. Onuň hemişe-de örän ýokary derejede geçirilýändigini bellemelidiris. Şu ýylky halkara foruma-da şeýle häsiýet mahsus. Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. «PETRONAS Çarigali» indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri türkmen bazarynda iş alyp barýar. Şol döwürde iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi. Biz Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 — Pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda hyzmatdaşlygyň nähili mümkinçilikleri bar? 

                                                                   

 Oliwer IK,
«ISE Energy Training» kompaniýasynyň (Beýik Britaniýa) dolandyryjy direktory:
 

                                                                   

— Biziň kompaniýamyz Beýik Britaniýanyň Braýton şäherinde ýerleşip, nebitgaz pudagynda işleýän hünärmenler, iş dolandyryjylar hem-de wezipeli adamlar üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Biz Aşgabat şäherinde 2018-nji ýyldan bäri iş alyp barýarys we ýurduň nebitgaz senagatyndaky düzümler hem-de Türkmenistanda işleýän beýleki döwletleriň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Men Türkmenistanda ilkinji gezek 2019-njy ýylda bolup, nebitgaz pudagyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşdym. Şu ýyl bolsa şeýle çärä ikinji gezek gatnaşýaryn hem-de onuň guramaçylyk derejesiniň örän ýokarydygyny, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri üçin ajaýyp meýdançadygyny bellemek isleýärin. 

                                                                                                           

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

29.10.2022
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 

                                                                   

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly işleriň depginlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy. Ol wagt tapyp kabul edendigi we bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, Türkmenistanda bolmagynyň özi üçin belent mertebedigini nygtady. 

                                                                   

Myhmanyň belleýşi ýaly, Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäde iň köp okalýan neşirleriň biri bolup durýar. Özboluşly binagärlik çözgüdi, şeýle hem asylly ýörelgeler bilen tapawutlanýan milli gymmatlyklaryň bu meşhur neşire girizilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagynyň we ykrar edilen gymmatlyklaryň bütin dünýä üçin nusgalyk bolup durýandygynyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigatynyň bu özboluşly künjegi, sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň subutnamalarydyr. Şu nukdaýnazardan, okuw sapagyny guramak üçin hut şu ýeriň seçilip alynmagy tötänden däldir. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary döredipdir. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we alabaýlar dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň paýhasyndan, zehininden binýat bolan gymmatlyklardyr. Olar türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze merkeziniň ýerleşýän ýeriniň ahalteke bedewleriniň ilki dörän ýeridigini, munuň üçin bolsa ýakymly dag howasy bilen şypaly çeşmelerden gözbaş alan Altyýap hem-de Sekizýap akabalarynyň oňyn täsiriniň bolandygyny belledi. Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gündogar hem-de günbatar ýakalarynyň bag-bakjaçylyga beslenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistan häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlary boýunça depginli ösýär, onuň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gazanýan üstünlikleri dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalar we taslamalar däbe öwrülen usulyýetleri ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleriniň sazlaşykly ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Gözel paýtagtymyzda gurlan köp sanly täsin we özboluşly binagärlik desgalary barada aýtmak bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda häzirki döwrüň gün tertibinde ileri tutulýan durnukly ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgelerini we ilatyň ekologik medeniýetiniň ösdürilmegini üpjün edýän çäreleriň döwlet derejesinde yzygiderli geçirilýändigini nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Arkadagymyz ýekşenbe gününde Türkmenistanda halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýyň hormatyna giň möçberli dabaralaryň ýaýbaňlandyryljakdygyny belledi. Bu dabaralar we şäher merkezlerinde alabaýlaryň, ahalteke bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagy halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Aýdyn Türkgüjü bu giň möçberli okuw maslahatyny guramagy we oňa gatnaşmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny belläp, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagalla üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de merkeziň çäginde açyk asmanyň astynda geçiriljek okuw maslahatyna taýýarlygyň derejesi, onuň geçiriljek ýeri we maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň wajyplygy barada giňişleýin maglumatlar berildi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan bu ýerde 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda edilen tagallalar barada habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara ähmiýetli maslahatlaryň hem-de forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini belläp, bu ýerde okuw maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilmeginde ähmiýetlidigini aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bina edilen birnäçe häzirki zaman desgalarynyň we giň möçberli çäreleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belledi. Munuň özi Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we milli binagärlik aýratynlyklarynyň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň talabalaýyk dowam etdiriljekdigini belläp, bu işlere döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde örän möhüm bolup durýan “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

 Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylýan ýeriniň, bu ýerde bina ediljek suw çüwdürimleriniň, gök zolaklaryň taslamalary görkezildi. 

                                                                   

Akhan şaýolunyň möhüm çatrygynda bina edilýän desgalar toplumy bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olar merkeziň binagärlik keşbine özboluşly gözellik çaýmalydyr. Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalara we çyzgylara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Desgalaryň binagärlik aýratynlyklaryna, olaryň millilik derejesine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz merkeziň çäginde alnyp barylýan gurluşyklarda işleriň ýokary hil derejesine we onuň ähmiýetine möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şähergurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologik gurşawy döretmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Ozallar Köpetdagyň gerişlerini garyň örtmeginiň gyşyň gelendigini, daglarda garyň eremeginiň bolsa ýazyň gelendigini aňladýandygy barada ata-babalarymyz aýdardylar. Emma soňky ýyllarda dünýäde howanyň üýtgemegi bilen düşýän ygalyň, garyň derejesi peseldi. Munuň üçin bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleriň bilelikdäki tagallalary zerur bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda ýokary ekologik derejäni üpjün etmek maksady bilen, köpçülikleýin bag nahallary ekilýär. Bu bolsa amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler we baglar Türkmenistanyň ähli sebitlerinde giň meýdanlara uzap gidýär. Her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereginde emele gelen ýaşyl zolaklar oňaýly howa we ekologik ýagdaýy döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.

28.10.2022
Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň täze başlangyçlarynyň esasy maksadydyr

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga saldamly goşant goşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren täze, möhüm başlangyçlary ýokarda agzalan forumlara gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz tekliplerine geçmezden ozal, ýygnananlara 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiň strategiýasynyň esasyny düzüp, hyzmatdaşlyga we işewür gatnaşyklara täze itergi berdi. 

                                                                   

Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat taýdan ýakynlaşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlar strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we GDA-nyň şu günki kuwwatynyň geljegi uly bolan bu pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine, biziň ýurtlarymyzyň çäkleriniň bolsa yklymda Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilmegini giňeltmäge, täze kommunikasiýalary çekmäge degişli taslamalara goňşy sebitleriň goşulmagyny üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Hususan-da, bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk hem-de bu ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly döwrebap logistikany döretmegiň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň köpüsi hut şu topara degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzinde port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi. Döwletimiz Arkalaşygyň günorta ugrunda ýerleşýän ýurtlara — Owganystana, Eýrana we Pakistana gönükdirilen energetika, ulag, kommunikasiýa taslamalarynyň başyny başlady hem-de olary amala aşyrýar. Hindi ummanyna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara çykmak arkaly olary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalar bar. Şeýle taslamalara Arkalaşygyň döwletleri hem işjeň gatnaşyp biler diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Munuň özi geljegi örän uly we bähbitli işdir diýip, hormatly Prezidentimiz geljekki hyzmatdaşlara bu taslamalar boýunça gatnaşyklaryň köptaraplaýyn guralyny işe girizmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle teklibiň olarda oňyn gyzyklanma, seslenme döretjekdigine ynam bildirildi. GDA-nyň ugurdaş komitetlerine degişli tabşyryklary we ygtyýarlyklary bermegiň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Arkalaşygyň içindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda, bu babatda hem pandemiýa döwründe biziň işewür gatnaşyklarymyzyň badyny peselden kynçylyklary çalt ýeňip geçmek üçin döredijilikli işler talap edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmagy teklip etdi. 

                                                                   

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ozalkysy ýaly, GDA-ny jebisleşdiriji şert bolmagynda galýar, ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, sport hyzmatdaşlygy möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan iri halkara sport çärelerini guramak bilen, bu ugra uly üns berýär. Häzir GDA-da sport hyzmatdaşlygyna, hakykatdan-da, giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagty ýetdi diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Has takygy, diňe bir GDA-dan däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň türgenleri üçin hem açyk bolan, yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak boýunça işe başlamagy teklip edýäris. “Dostluk oýunlary” möwsümleýin häsiýetde, ýagny tomusky we gyşky oýunlar bolup, ol ýaşlaryň, ýetginjekleriň arasynda sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça geçirilip bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Utgaşdyryjy komitetiň Tertipnamasynyň maksatlary, düzümi, guramaçylyk ugurlary jikme-jik beýan edilen taslamasyny işläp taýýarladyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň bu başlangyjyň goldanylmagyna bil baglaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan tejribäni, degişli düzümleri nazara almak bilen, ilkinji “Dostluk oýunlaryny” Türkmenistanda geçirmäge taýýarlyk beýan edildi. 

                                                                   

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma önümçiligi, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmegiň zerurdygy, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürlik düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak mümkinçiligi bu ulgamlarda esasy teklipleriň hatarynda görkezildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilnerdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köpşahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap üstaşyr ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol ulgamlar dünýä ummanyna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak barada oýlanmak teklip edildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibiniň aýratyn meselesidir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystandaky ýagdaýyň durnuklylygyna deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirildi. Parahatçylykly, durnukly, sazlaşykly ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir. Şunda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagy möhüm meseledir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Türkmenistandan owgan tarapyna çekilen demir ýollar bar. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly Owganystan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň strategik mümkinçiliklerine eýe bolar, yklymda baglanyşdyryjy merkez hökmünde özüniň geografik artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasy barada aýdylanda, döwlet Baştutanymyzyň 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahatyndaky sözlerini getirmek ýerlikli bolar. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan netijeler, ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy geçirilýär. Bu mejlisde beýik maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary yglan ediler. Olarda döwrümiziň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çagyryş jemlenendir. 

                                                                   

Türkmen döwleti bu işleri üstünlikli amala aşyrmaga çalyşýar hem-de dürli meseleler boýunça dialoga, açyklyga, netijelilige, deňhukuklylyga esaslanan gatnaşyklaryň we umumy hereketleriň bir bölegi, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şerti hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerledip, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ýörelgä eýermek bilen, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki we geljekki nesillerimiziň bähbitleri üçin hem zerur işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Biziň ýurdumyzda ilatymyz elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk, bilim hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirini gowşatmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Abraýly halkara guramalar tarapyndan berilýän ýokary bahalar ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny doly subut edýär. 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribe toplandy. Hut şu ýylyň özünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy mejlislerinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda birnäçe resminamalar kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Mundan başga-da, şu ýylda Türkmenistan 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna “goşulýan ýurduň” derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de BSG bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda beýan eden başlangyçlary Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen, hoşniýetli erk-islegiň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň dialogy esasynda gurap, ählumumy ösüşiň bähbidine ygtybarly dostluk we hyzmatdaşlyk köprüleriniň ýola goýulmagyna ýardam edýär. 

                                                                                                           

(TDH)

28.10.2022
Ykdysadyýetimiziň döwrebap depginleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň döwrebap depginini güýçlendirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä-de, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Döwlet edaralarynda resmi web saýtlarynyň döredilmegi, adamlaryň internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşde ýüz tutup bilmegi sanly ulgamy ösdürmek Konsepsiýasynyň batly depginlerde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary sanly ulgamyň hukuk binýadyny düzýär.  

                                                                   

Elbetde, sanly ulgamyň ösüşi internet bilen berk baglanyşyklydyr. Internet — bu maglumat kommunikasiýa ulgamy we maglumatlary saklamak we geçirmek üçin kompýuter ulgamlarynyň bütindünýä ulgamyna birikmegi bolup durýar. Öýjükli telefonlardan internete birikmek mümkinçiligi internetiň güýçli depginler bilen ýaýramagyna badalga berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda internet ulgamy dünýä derejesi bilen aýakdaş barýar. Häzir teleýaýlymlar we radioýaýlymlaryň   gepleşiklerini, hyzmatlar hem-de metbugat ulgamynyň mümkinçilikleriniň  hemmesini internet arkaly peýdalanmak we ulanmak mümkin. Islendik raýatyň howa we demir ýollardaky gatnawlaryň ýol peteklerini onlaýn görnüşde almaga, degişli tölegleri we ýygymlary bank plastik kartyndan, öýjükli el telefonlaryndan geçirmäge, şeýle-de dürli hyzmatlary öýünden çykmazdan amala aşyrmaga mümkinçiligi bar.  

                                                                   

Internetiň taryhy barada aýdanymyzda, onuň başdaky görnüşi häzirki ýaly atlandyrylmandyr. Ol ABŞ-da 1969-njy ýylda «Arpanet» ady bilen döredilýär. Ol diňe belli edaralaryň arasynda maglumat alyşmak üçin niýetlenilipdir. Wagtyň geçmegi bilen internetiň bu ulgamy kem-kemden kämilleşipdir. 1984-nji ýylda Amerikanyň Milli ylmy fondy «Arpanetiň» esasynda «Nsfnet» ulgamyny döredýär. Bu ulgam Amerikanyň hemme uniwersitetlerini we ylmy merkezlerini özüne birikdirýär. 1992-nji ýylda bolsa «Nsfnet» ulgamyna 7500 sany kiçi ulgam birikdirilýär. Şol ulgamlaryň 2500 sanysynyň ABŞ-nyň çäginden daşarda bolmagy bu ulgamyň ösüşini has hem çaltlandyrýar.  

                                                                   

Häzirki döwürde örän güýçli depginlerdäki ösüşleri we özgerişleri başyndan geçiren internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly dürli hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Şol hyzmatlaryň biri hem domen atlarydyr. «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynyň 3-nji bendinde «domen ady (domen) — tor salgylanmasy üçin bellige alnan nyşan belgisi» diýlip, domen atlaryna kesgitleme berilýär. Şeýle-de Kanunda domen atlarynyň birinji, ikinji we üçünji derejeleri barada hem düşünje berilýär. Domen ulgamy boýunça ýurdumyzda «Türkmendomen» hojalyk jemgyýeti hereket edýär.  

                                                                   

Internet hyzmatlarynyň içinde köpçülik tarapyndan giňden ulanylýanlary elektron poçta (E-mail) ulgamy, IRC gullugy, World Wide Web hyzmatlarydyr. Elektron poçta ulgamy bir ýa-da birnäçe adamlaryň salgysyna hat, maglumat ugradyp, olar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. IRC gullugy bu internete hakyky wagtda gürleşmäge ýardam berýär (chat). World Wide Web (Bütindünýä kerebi) — gipertekst (gipermedia) ulgamy bolup, ol dürli set ulgamlarynyň ýeke-täk giňişlikde ýerleşmegi üçin niýetlenendir.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli Diýarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzy bedew batly täze ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.  

                                                                                                           

Ýakup AŞYROW,

                       

Daşoguz welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.

28.10.2022
Döwrebap ykdysadyýetiň kuwwaty

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberiniň artmagy ýurdumyzyň ýokary ösüş kuwwatyny hem kesgitleýär. Ykdysady netijeliligiň ýokary derejesi döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryň maksatlaýyn esasda gönükdirilmegi, önümçiligiň döwrebap hilde guralmagy önümleriň hili we olara hyrydarlaryň köplügi bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Berkarar ýurdumyzda ähli ugurlary öz içine alýan, hil taýdan täze, okgunly ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine kybap bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlara badalga berildi. 

                                                                   

Häzirki zaman dünýä ýagdaýlaryny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri öňde goýdy. Bu edaralaryň kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, IT meýdançalarynyň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly sapaklaryň geçilmegi talyplarymyzyň başarnyklaryny has-da artdyrýar. Internede elýeterliligiň üpjün edilmegi bolsa milli bilimiň ýokarlanmagyny hem-de hünärmenleriň ussatlygyny artdyrýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän maglumat bazarynyň netijeli işlemegi beýleki pudaklaryň ösüşine, umuman, makroykdysady ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirer.  

                                                                   

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň ýagdaýynyň maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriň jemgyýetiň durmuşyndaky ornunyň artmagy bilen pugta baglanyşyklydygy aýratyn bellärliklidir. Ykdysadyýet özgerýär, innowasion ösüşlere eýe bolýar, şu özgerişlikleriň esasynda bolsa ýokary tizlikli,  giň zolakly aragatnaşyk we internet ulgamlary kemala gelýär. 

                                                                   

Goý, milli ykdysadyýetimizi täze tehnologiýalar esasynda beýik ösüşlere eýe edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Aýlar PENAÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

27.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

 Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýär hem-de däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gruziýanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de dostlukly döwletiň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Gruziýa bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de hormat goýmak, ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda pugtalandyrylýandygyny, onuň özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de diplomat ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň ygtybarly binýadyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigi bellenildi. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamda mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir. 

                                                                   

Türkmen-gruzin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýan ulag ulgamy hem ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňzi sebitleriniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Energetika pudagy hem Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Özara gatnaşyklary we mümkinçilikleri pugtalandyrmak üçin köpýyllyk tejribä eýe bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy däp bolan dostlukly gatnaşyklary depginli ösdürmäge hem-de iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýardam berjekdigine ynandyrdy.

27.10.2022
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bank ulgamynda giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu babatda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzda raýatlarymyza döwrebap derejede hyzmat etmek, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwlet tarapyndan dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak, ýurdumyzyň ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny hem-de sanly bank hyzmatlarynyň ornaşdyrmak babatdaky işlere yzygiderli ýagdaýda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge we onuň täze görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.  

                                                                   

Bu babatda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem öz müşderilerine «Daýhan», «Kiçi möçberli karzlar», «Talyp karzy», «Owerdraft» ýaly bank karzlaryny, «Meleguş» pul geçirimini, «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bank nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we bar bolan hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda hem uly işleri alyp barýar.  

                                                                   

Şeýle-de Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek maksadynda nagt däl görnüşinde kiçi möçberli karzlary bermek doly ýola goýlandyr. Olaryň hatarynda esasy we dolanyşyk serişdelerini almak, iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin karzlar hem bardyr. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, pudaklarda önümçiligi döwrebap ýola goýmak babatynda zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kanunçylygyň berkidilmegi, maksatnamalaryň kabul edilmegi geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde netijeliligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde amala aşyrylýan işler ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. 

                                                                                                           

Leýli BAÝAROWA

27.10.2022
Abadan ýaşaýşyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda edýän  taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli sebitlerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümçilikleri döredilýär. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler anyk işlerde özüniň aýdyň beýanyny hem tapýar. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda gazanan netijelerinde hem görmek bolýar. 

                                                                   

Geçen hasabat döwründe welaýatymyzda gök önümleriň 181,2 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 126 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 42,6 müň tonnasy, ýeralmanyň 105,5 müň tonnasy, üzümiň 17,2 müň tonnasy öndürildi. Ýokarda beýan edilen görkezijileriň ählisiniň hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýer eýeleriniň azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda janypkeşlikli we maksada okgunly zähmet çekýändikleriniň subutnamasydyr.  

                                                                   

Welaýatymyzyň maldarlary şanly ýyly zähmet üstünliklerine besleýärler. Olaryň agzybirlik bilen çekýän zähmetleriniň netijesinde ýylyň geçen aýlarynda etiň 106,5 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 483,7 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 182,5 million sanysy öndürildi. Bu önümleriň agramly bölegi hususy hojalyklarda öndürildi. Maldarlaryň ýakyndan alada etmekleri netijesinde mallaryň baş sany yzygiderli artýar. Şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli gara mallaryň baş sany 538 müňe, dowarlaryňky 2 million 559,7 müňe, guşlaryňky 4 million 175,7 müňe, düýeleriňki 5,5 müňe, gylýallaryňky bolsa 2,8 müňe ýetdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryna dowarlaryň ýazky we güýzki gyrkymlaryndan ýuwulmadyk ýüňüň 7,4 müň tonnasy alyndy.  

                                                                   

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň işgärleri önüm bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu hojalyklarda häzirki wagtda gara mallaryň 1,1 müň başa golaýy, dowarlaryň 185,5 müňden gowragy, guşlaryň 19 müňüsi, düýeleriň hem 2295-si idedilýär. Olar boýunça hasabat döwründe öndürilen et 3 müň tonna golaý, süýt 63,4 tonna, ýumurtga bolsa 2 million 577 müň sany boldy.  

                                                                   

Maldarlar gyş möwsümi üçin ot-iým taýýarlamak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Şu döwre çenli welaýatyň ähli hojalyklary boýunça bedäniň 5620,7 tonnasy, gaty baldakly otlaryň hem 7720,5 tonnasy taýýar edildi. Dowardarlar taýýarlanylan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaýarlar, kaşarlary, ýyly agyllary abatlaýarlar. Olar özleriniň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, halal we bol girdejileriň eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, ilatyň saçaklarynyň bezegi boljak önümleri bol öndürmek ugrundaky hereketiň öň hatarlarynda boljakdyklaryna ynandyrýarlar. 

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.

27.10.2022
Kuwwatly ykdysadyýet — durnukly ösüş

Ýene-de sanlyja günlerden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli pul birligimiz — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllylygy bellenilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz milli pulumyzyň dolanyşyga girizilen gününden bäri geçen döwürde onuň durnuklylygyny saklamak boýunça uly işler bitirildi. Manat Watanymyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolmak bilen, soňky ýyllarda öz hümmetini has-da berkitdi. Pul islendik ýagdaýda ykdysadyýetiň ösmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesine gönüden-göni täsir edýär.  

                                                                   

Şuňa laýyklykda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginde ösdürilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygynyň gazanylmagy hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulmagy üçin möhüm bolup durýar. Bu ulgamyň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin işleriň alnyp barylmagy netijesinde milli manadymyzyň hümmeti durnukly ýagdaýda saklanylýar, bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda badalga beren düzümleýin, sebitleýin hem-de pudagara özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň ykdysady taýdan bähbitlidigini iş ýüzünde doly subut etdi. Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durnukly ösüşi maksatlaryna ýetirmek ugrunda ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe taýdan goldaw bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, ulgamyň işine iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň günsaýyn gowulanmagy ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Atanyýaz HANGELDIÝEW

27.10.2022