Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Bähbitli işleriň bady artýar

Hormatly Prezidentimiziň tutumly işlerde bady artýan oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişli menziller bilen öňe barýar. Şeýle öňegidişlikler ýurdumyzyň öňdebaryjy pudagy bolan elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen iri pudagyň önümçilik kuwwaty täze, öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýalarynyň gurlup, ulanmaga berilmeginiň hasabyna has-da ýokarlandyryldy. Täze paýlaýjy desgalar, geçirijiligi ýokary woltly geçirijileriniň işe girizilmeginde uly işler bitirilýär.

Kärhanamyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da belent sepgitlere eýe bolunýar. Elektrik energiýasy bilen sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen degerli işler geçirilýär. Türkmenistanda bitewi bir halkalaýyn energoulgamy döretmek bilen bagly wezipä uly üns berlip, bu meseläniň çözgüdi gazanyldy. Güýjenmesi 220 KW bolan Mary— Ahal elektrik geçirijisiniň gurluşyk-gurnama işlerine şu ýylyň fewralynda girişilip, onuň gurluşygy üstümizdäki ýylyň iýulynda tamamlandy. Şu möhüm wezipä kärhanamyzyň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar.

Ýokarda ýatlanan energoulgama elektrik stansiýamyzdan güýjenmesi 220 KW bolan elektrik energiýasyny ibermek işleri talaba laýyk berjaý edildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda ak pata bermeginde Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. 2024-nji ýylda Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamynyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Röwşen GYLYÇMÄMMEDOW.

Mary DES-iniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.