Habarlar
Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadançylygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygyny, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. 

                                                                   

31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň häzirki günüň möhüm talabydygyny hem-de bu işde käbir etraplaryň depgininiň pesdigini belläp, welaýatlaryň häkimlerine bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Bugdaý ekişini bellenilen möhletde tamamlamak, ekişde ulanylýan tehnikalary doly güýjünde işletmek meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr. 

                                                                   

Şeýle-de ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda ähli tagallalaryň edilmegi möhümdir. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagyny, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. 

                                                                   

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy. Habar berlişi ýaly, on aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanýar. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 39,1 göterim köpeldi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,3 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda, doly maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda üstünde işlenen 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlanyldy. Şunda serişdeleriň ep-esli bölegi durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriler. 2023-nji ýyl üçin bölünip berilýän maýa goýumlary milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga, pudaklar üçin täze önümçilikleri gurmaga hem-de hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesini saklap galmagy başardyk. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de önümleriň eksport ugurlaryny giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi. Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärliginiň we özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynyň aralygynda ýerleşen bu gözel künjek ýyl-ýyldan täze tokaý zolaklaryna bürelýär. 

                                                                   

Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek işiniň nobatdaky tapgyryna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly ýaşaýjylar öz saldamly goşantlaryny goşdular. Ekologik çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem boldy. Güýz paslynyň bu ajaýyp gününde ýurdumyzyň ýaşaýjylary öz joşgunly zähmeti bilen mähriban topragymyzy “ýaşyl begrese” büremek üçin ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle-de ozal bar bolan baglara ideg edildi. 

                                                                   

Ählihalk bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Bu asylly çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Bilelikdäki tagallalar esasynda bu ýerde dürli bag nahallarynyň 5 müňden gowragy ekildi. 

                                                                   

Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ýadygärligini öz içine alýan binagärlik toplumynyň bezeg işlerinde innowasion işläp taýýarlamalaryň ulanylyşy bilen gyzyklandy. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz ak mermerli Aşgabadyň töwereklerinde alnyp barylýan işler, hususan-da, onuň günorta-günbatar künjegindäki tokaý zolaklary, Köpetdagyň gerşinde gurlan Saglyk ýolunyň, Arçabil şaýolunda ýol-ulag düzümleriniň desgalarynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Şunda gurluşyk taslamalary amala aşyrylanda, ekologik ugruň göz öňünde tutulmalydygyna hem-de milli binagärlik ýörelgeleriniň iň täze tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyna üns çekildi. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen 31-nji oktýabrda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. 

                                                                   

Şol bir wagtda ýurtlaryň ikisi-de sebitde amala aşyrylýan iri energetika hem-de kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar, şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny görkezmek bolar. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek, kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmak, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklaryny we geňeşmelerini guramak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň üstüni ýetirjekdigine pugta ynam bildirildi. 

                                                                   

1 — 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyzyň Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda iki döwletiň hem ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. 

                                                                   

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Resminama Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy gol çekdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ştab-kwartirasy türkmen paýtagtynda ýerleşýän “Aşgabat görnüşiniň” hemişelik hereket edýän Sekretariatyny döretmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Öz çykyşynda hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň ýakyndan, başlangyçly özara gatnaşyklarynyň iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm we aýrylmaz bölegidigini nygtady. Çykyşynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy parlament diplomatiýasynyň halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, senagat, söwda, oba hojalygy tagallalary birleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Biz hemişe Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, olara täze hil-häsiýetiň berilmegi, bu gatnaşyklaryň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy we şunda esasy ornuň maýa goýum, maliýe, tehnologiýa ugurlaryna degişli bolmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýokarda agzalan wezipeleriň çözülmegine iki ýurduň parlamentarileri öz goşandyny goşmalydyrlar, ýagny häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän täze kanunlary kabul etmelidirler, bu ugurda milli kanunçylyklarymyzy oýlanyşykly we deňagramly sazlaşdyrmalydyrlar. 

                                                                   

Gahryman Arkadygymyz Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýratyn nygtady. Ýurdumyzda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdep bar, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebi hereket edýär, rus dili ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Häzirki wagtda Aşgabatda Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň çäklerindäki ýadygärliklerde, heýkel kompozisiýalarynda, edaralaryň atlarynda türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbiniň we adynyň ebedileşdirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň belleniljekdigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, medeni-ynsanperwer ulgamda ýakyndan parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiligine garalmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy, bu gatnaşyklaryň mazmunyny degişli orta möhletleýin toplumlaýyn maksatnamada beýan edip boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga, özara düşünişmäge, kanun çykaryjylyk işi boýunça giňden tejribe alyşmaga ýardam bermäge, ähli netijeli pikirleri we başlangyçlary höweslendirmäge taýýardygy tassyklanyldy. 

                                                                   

Şol gün hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen gepleşikleri boldy. Taraplar parlamentara ulgamda, ykdysadyýetde, ylym-bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, ýaşlar syýasaty we gender deňligi ulgamlarynda giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garamak üçin geçiriljek Hazarýaka döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi boýunça taraplaryň garaýyşlary beýan edildi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bilelikdäki netijeli işe ygrarlydygyny tassyklady hem-de Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. 

                                                                   

Russiýa saparynyň soňky gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni gowşuryldy. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylygyň, Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan ägirt uly goşandynyň ykrarnamasy boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de Moskwada “Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy: ugurlar we ileri tutulýan wezipeler” atly “tegelek stol” söhbetdeşligi guraldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň baş direktory bilen geçiren duşuşygynyň barşynda sirk sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy, bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

                                                                   

Geçen hepdede türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 29 ýyl doldy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bu waka mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumyň dowamynda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de bu ulgamy sanlylaşdyrmagyň aýratynlyklary, taslamalary maliýeleşdirmekde, milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmekde halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde bank ulgamynyň eýeleýän orny baradaky çykyşlar diňlenildi. 

                                                                   

Şanly sene mynasybetli guralan çäräniň çäklerinde pul birlikleriniň nusgalary, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullar, milli zergärçilik şaý-sepleri görkezilýän, ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän sergi guraldy. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, adamlar baradaky aladanyň bolsa döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nobatdaky gezek subut etdi. 

                                                                                                           

(TDH)

09.11.2022
Ýüplüklere isleg artýar

Ahal welaýatynda dokma senagatyna degişli iri kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, olaryň öndürijilikli işleýänleriniň biri-de Bäherden etrabyndaky ýüplük fabrigidir. Pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli dokma önümleriniň önümçiligini giňeltmek ugrunda uly tagallalaryň edilmegi fabrigiň agzybir işçi-hünärmenlerinde uly zähmet joşgunyny döredýär. Önümçilik bölümlerindäki häzirki zaman kämil tehnologiýalar nah matalary dokamaga niýetlenen ýokary hilli ýüplük öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň hünärmeni Gülşat Garamanowanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ýerde 27/1, 34/1 belgili ýüplügiň günde ortaça 16-16,5 tonnasy öndürilýär. Güneşe baý türkmen topragynda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilýän «ak altynyň» gaýtadan işlenilmegi netijesinde öndürilýän ekologik taýdan arassa ýüplük dünýä bazarynda hem uly islege eýe. Olaryň aglabasy Russiýa, Hytaýa, Pakistana, Hindistana, Türkiýä, Azerbaýjana, Gyzgyz Respublikasyna we beýleki döwletlere eksport edilýär.

 Bu ýerde zähmet çekýänleriň köpüsi ýaşlardyr. Olar kärhananyň daraýjy, lenteleýji, tow beriji, egriji we saraýjy bölümlerinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýokary hilli ýüplügiň öndürilmegi üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Işçi-hünärmenleriň işe höwesini artdyrmakda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan medeni çäreleriň, hünär bäsleşikleriniň ähmiýetiniň hem uludygyny bellemelidiris.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.

09.11.2022
Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler we möhüm wezipeler

Balkan welaýaty: 

                                                                   

 8. Dokma pudagynda täze gözýetimler 

                                                                   

Türkmenistan soňky ýyllarda gaýtadan işleýän senagatyň berk binýadyny tutmak bilen, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän ynamdar hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha pugtalandyrýar. Milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynyň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak, türkmen haryt öndürijileriniň öndürýän önümleriniň dünýä bazarlarynda mynasyp ornuny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bereketli topragymyzda inçe süýümli pagtadyr ak bugdaýy bol öndürmegi, azyk senagaty, ýüpekçilikdir dokmaçylyk pudaklaryny ösdürmegi maksat edindi. Şeýlelikde, könelişen ýeňil senagat kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak we bar bolanlarynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli özgertmelere badalga berildi.  

                                                                   

Balkan welaýatynda dokma senagatyny ösdürmek boýunça başy başlanan taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda mynasyp orun aldy. Ugurdaş önümçiliklere uly möçberde maýa goýumlar gönükdirildi. Türkmenbaşy şäherinde, Serdar, Bereket, Esenguly, Magtymguly etraplarynda daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlary, egin-eşik, aýakgap, haly fabrikleri, ýüplük kärhanalary işe girizildi. Ekerançylyk güýçli ösüşe eýe boldy. Köp mukdarda ýokary hilli pagta süýümi, ýüpek öndürilip başlandy. Maldarçylyk pudagynyň geriminiň artmagy bilen, welaýatda ýüňüň, deriniň, bagananyň, mişiniň, çöpüriň, guş ýeleginiň önümçilik möçberleri artyp, olar sebitde dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sebitiň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde dokma pudagynyň ornunyň uludygyny, onuň daşary ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de eksport mümkinçiliklerimizi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belleýär. Sebitleri ösdürmekde ýeňil senagatyň dokma pudagyna uly orun berilýändigi kabul edilýän ösüş maksatnamalarynda aýdyň görünýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek 30 ýylyň dowamynda Balkan welaýatynda birnäçe dokma toplumlaryny, pagta egriji, ýüpek, ýüplük, jorap, aýakgap, egin-eşik, başgap tikinçilik fabriklerini, gön eýleýän, ýüň ýuwýan kärhanalary, el haly, keçe öndürýän kärhanalary gurmak, şeýle-de ozal hereket edýän egirme-dokma fabrikleriniň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak, durkuny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnamada döwlete dahylsyz bolan kiçi we orta möçberli dokma senagat kärhanalarynyň onlarçasyny gurmak meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Dürli görnüşli sütükli, örülen matalary öndürýän täze dokma toplumlarynyň işe girizilmegi importyň öwezini özümizde öndürilýän matadyr taýýar önümler bilen dolmaga mümkinçilik berer. Üstesine, ilat üçin täze iş orunlarynyň müňlerçesi dörediler. Ýola goýuljak önümçilikler ilat arasynda hyrydarly keteni, ýüpek, nah, gyraw, mahmal, pamazy, biz, kendir, atlaz, jinsi, welwet, welýur, setin, kapron, poplin, ştapel ýaly başga-da birnäçe matalaryň köp görnüşini, dürli ýaşdaky adamlara niýetlenen möwsümleýin egin-eşikleri, şeýle hem goýun, düýe ýüňünden žaketleri, ýeňsizleri öndürmäge mümkinçilik berer. Täze kärhanalaryň agramly bölegi daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda gurlar we ýokary paýly bilelikdäki kärhanalaryň sany artdyrylar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýörite senagat ykdysady zolagyny döretmek, welaýatda hereket edýän döwlet eýeçiligindäki kiçi senagat kärhanalaryny mundan beýläk-de hususylaşdyrmak, hususy taraplaryň gatnaşmagynda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek babatda işler alnyp barlar. Welaýatyň dokma kärhanalaryny gutarnykly bazar gatnaşyklaryna geçirmek üçin zerur özgertmeler amala aşyrylar. Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän tutumly işleriň netijesinde, welaýatyň jemi içerki önüminiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy yzygiderli ýokarlanar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz dokma pudagynyň ýolbaşçylarynyň öňünde sebitlerde diňe bir häzirki zaman ýüplük egriji fabriklerini we dokma toplumlaryny gurmak bilen çäklenmän, eýsem, pudagyň giň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagy, önümleriň görnüşini, hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalary işläp düzmegi wajyp ähmiýetli wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde welaýatyň şäherlerinde, etrap merkezlerinde lukmançylyk pamygyny, timar beriş serişdelerini, nah ýüplük egriji, tüýsüz nah we inçe süýümli, şeýle-de sintetik ýüplükleri çykarýan, kapron, ýüpek we pagta süýümlerinden garyşyk ýüplükleri öndürýän fabrikleri işe girizmek meýilleşdirildi. Şeýle kuwwatlyklar ýeňil senagatyň ýerli çig mala esaslanýan täze düzümlerini emele getirer. Milli maksatnamada bellenilen toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebit senagatynyň diwersifikasiýalaşmagyna, innowasion önümçilikleriň, halkara zähmet bölünişiginde mynasyp orun eýeleýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýeňil senagat kärhanalarynyň döremegine itergi berer.  

                                                                   

Pagta süýümini gaýtadan işleýän iri senagat kärhanalary welaýatyň gowaça ekýän etraplarynyň ählisinde diýen ýaly gurlup ulanyşa girizildi. «Türkmenistanda öndürildi» diýen söwda nyşanly harytlara dünýä bazarlarynda bildirilýän isleg ýokary bolmagynda galýar. Bu ugurdaky ýokary sepgitler, ilkinji nobatda, önümçilik düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryna ylmyň we innowasion ösüşiň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, welaýatda dokma senagatyny ösdürmek üçin oňyn şertler bar. Döwrebap ýeňil senagat önümçilikleriniň ýola goýulmagy derini we ýüňi, mata hem-de ýüplük galyndylaryny gaýtadan işlemäge, egrilen ýüplügi, regenirlenen süýümi köp möçberde öndürmäge, bu önümlere içerki sarp ediş islegini doly kanagatlandyrmaga hem-de olaryň eksportyny artdyrmaga täze mümkinçilikleri döreder.  

                                                                   

Içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşligiň güýjemegi ýeňil senagatda öndürilýän taýýar önümleriň görnüşleriniň köpeldilmegini we yzygiderli täzelenmegini talap edýär. Pagta süýümini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen dokma senagaty milli önümçilik düzümleriniň hatarynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär hem-de özüniň ykdysady netijeliligini barha ýokarlandyrýar. Sebitde pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy, düşewüntli işlemegi täze gurlan hem-de döwrebaplaşdyrylan egirme-dokma, ýüplük, trikotaž, aýakgap, ýüpek, tikinçilik, ýüň ýuwýan, gaýyş-haryt fabrikleriniň, nah mata, sintetik, emeli ýüň haly, deri eýleýän gön kärhanalarynyň önümleriniň sarp ediş bazaryny tapmak we yzygiderli öwrenmek meseleleriniň ähmiýetini artdyrýar. Welaýatda bar bolan çig mallary birinji, ikinji, üçünji derejelerde işlemek, ugurdaş önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň çäklerinde öndürilýän harytlaryň görnüşini köpeltmek we hil taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler bellenilendir. Bu kärhanalarda ulanylýan çig mal serişdeleriniň welaýatda köp mukdarda jemlenmegi, ýokary hünär taýýarlykly zähmet gorlarynyň bolmagy goşulan gymmaty ýokary önümleri çäklendirilmedik möçberde öndürmäge, olaryň özüne düşýän gymmatyny pese düşürmäge mümkinçilik berýär. Welaýatda dokma senagatynyň giň gerimde ösdürilmegi senagat pudagynyň ykdysady taýdan has-da ýokary göterilmegine şert döreder.  

                                                                   

Taryhdan belli bolşy ýaly, irki döwürlerde bu sebitde maldarçylyk ösüp, ýüň, ýüpek matalary dokamak, keçe basmak, el halysyny dokamak ýaly senetçilik ýokary derejelere ýetipdir. Aýratyn-da, dokmaçylygyň ösmegi oňa gerekli çig malyň oba ýerlerinde köp bolandygy bilen baglydyr. Häzirki wagtda el zähmetiniň ornuny dürli enjamlar tutýar. Senetler kämilleşip, öndürilýän önümleriň görnüşi artýar, hili bolsa ýokarlanýar. Ýüňi arassalaýan, ýuwýan, daraýan, ondan dürli haly, palas önümlerini dokaýan hojalyklar, ussahanalar döreýär. Balkan adamzat medeniýetiniň dürler hazynasyna giren türkmen el halyçylyk sungatynyň irki ojaklarynyň biridir. Bu günki gün türkmen halylary uly şan-şöhrata eýe bolýar. Ýurdumyzda haly kärhanalarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Welaýatyň Serdar we Bereket etraplarynda ulanmaga berlen çeper halyçylyk kärhanalary iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Halyçy gelin-gyzlaryň hünär ussatlygyny artdyrmak, tebigy serişdelerden himiki we tebigy boýaglary almagyň gadymy tehnologiýalaryny gaýtadan dikeltmek, irki nagyşlary hem-de çeper kompozisiýalary ýokary hilli çitimler arkaly beýan etmek ýaly ugurlar hemişe ileri tutulýar. Ýüň we ýüpek el halylaryna isleg içerki sarp edijileriň-de, daşary ýurtlularyň-da arasynda barha ýokarlanýar. Çitiminiň inçeligi, syklygy, reňkiniň doklugy, berkden tekiz ýumşaklygy bilen adygan türkmen el halysy dokma senagatynyň ösüşini ýokary göterýär. Munuň özi türkmen halylarynyň bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny şertsiz ykrar etdirýär. Geljekde sebitde halyçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi öý hojalyk şertlerinde toparlaýyn işlemäge isleg bildirýän zenanlary höweslendirmäge, dokma enjamyny ornaşdyrýan, çig mal bilen üpjün edýän, taýýar harydy kabul edýän önümçilik kärhanalarynyň işini ýola goýmaga giň mümkinçilik açar.  

                                                                   

Welaýatda geljek ýakyn ýyllarda ýeňil senagaty ösdürmegiň çäklerinde milli önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksporty höweslendirýän hojalyk usulyny işläp düzmek, iri daşary ýurt şäherlerinde türkmen dokma we haly önümleriniň söwda merkezlerini açmak, pudagyň tehniki taýdan könelişen kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, hususylaşdyrmak, uly kärhanalarda eýeçiligiň we dolandyryşyň paýdarlar usullaryny peýdalanmak, hususy taraplaryň gatnaşmagyndaky deri-gön, aýakgap, ýüpek önümçilikleriniň maliýe-ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly wezipeleriň ähmiýeti artýar. Bu ugurda toplanan baý dünýä tejribesiniň jikme-jik öwrenilmegi gowy netije berer. Meselem, ösen tejribeli döwletler dokma pudagy üçin kämil enjamlary we tehnologiýalary öndürmek, önümçilik düzümleriniň gurluşynda bolsa dokma önümleriniň köpçülikleýin sarp edijä niýetlenen görnüşlerini, taýýar geýimleri öndürmek we eksport etmek işlerine uly orun berýär. Şol bir wagtyň özünde käbir döwletler, aýratyn-da, Ýewropa ýurtlary ilatyň aýry-aýry gatlaklarynyň sarp ediş talaplaryny kanagatlandyrmaga çalyşýar. Gündogar Aziýa döwletleri dünýä ilatynyň ähli gatlaklary üçin harytlary hödürlemek syýasatyna eýerýär. Türkmenistan bu babatda dokma önümçiliginde çig maly köp derejeli işlemek arkaly, taýýar harytlyk derejesine ýetirmekligi ileri tutýar.   Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýat derejesinde bu pudaga gönükdiriljek maýa goýumlaryň möçberini, şonuň netijesinde kemala geljek täze kärhanalaryň sanyny nazara alsak, onda dokmanyň sebitiň ykdysadyýetiniň iň kuwwatly pudaklarynyň birine öwrüljekdigini ynamly aýdyp bolar.  

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.

09.11.2022
Sanly ykdysadyýet: söwdanyň elektron görnüşi kämilleşdirilýär

Dünýäde giňden ýaýran sanly ulgama geçmek işi adamzadyň gündelik durmuşynda düýpli özgerişleriň gazanylmagyny şertlendirýär. Sanly tehnologiýalar durnukly ösüşiň köp sanly meselelerini aýratynlykda, ugurlar boýunça çözmekde özboluşly gural bolup çykyş edýär. Ol iň çalt ösýän bazar bolmak bilen, adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegine we kämilleşmegine getirýär. Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri pudaklaryň özgerdilmegi bilen bir hatarda, täze bazarlaryň döremegi üçin hem döwrebap ugurlary kesgitleýär. Ösen döwürde önüm öndürijiler sarp edijiler bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklaýar. Munuň üçin alyjylaryň isleglerini öwrenmekde we kanagatlandyrmakda elektron söwdanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barha giň gerime eýe bolýar.  

                                                                   

Elektron söwda — bu internet arkaly harytlarydyr hyzmatlary satmak, satyn almak, paýlamak, mahabatlandyrmak bilen baglanyşykly täjirçilik işidir. Ol häzirki ählumumy tor ulgamynda dürli görnüşli onlaýn täjirçilik amallarynyň bir görnüşi bolup durýar. 

                                                                   

Elektron söwda ulgamyna onlaýn satuw, internet-banking, dürli görnüşli petekleri satyn almak, myhmanhanalarda otaglara sargyt işleri, internet arkaly tölegleri geçirmekde käbir amallar, marketing we mahabat ýaly ykdysady taglymatlar degişlidir. Ykdysady nukdaýnazardan seredilende, elektron söwda üç basgançakda amala aşyrylýar: serwer tor ulgamy (internet) arkaly habar berilýär, maglumat bazasynda saklanýar we alyjy önüm ýa-da hyzmat bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

 Elektron söwda kärhananyň önümçilik maksatlaryna baglylykda, aşakdaky görnüşlere bölünýär: 

                                                                   

Işewürlik üçin telekeçilik. Bazarda hereket edýän kärhanadyr guramalaryň arasyndaky söwda gatnaşyklary. Kärhanalar, kompaniýalar we beýleki önüm öndürijiler biri-biri bilen aragatnaşykda bolýar, ýagny harytlary satmak, satyn almak, hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşýarlar. Şunda ýörite niýetlenen internet sahypalary ulanylýar. 

                                                                   

Sarp ediji üçin telekeçilik. Kärhanalar bilen sarp edijileriň arasyndaky haryt we hyzmat söwdasyny öz içine alýar. Bu bölek söwdanyň bir görnüşi bolmak bilen, onda onlaýn dükanlardan müşderilere öýünden ýa-da iş ýerinden dürli görnüşli harytlary sargyt etmäge, eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmaga şert döredilýär. Elektron söwdanyň bu görnüşi önüm öndürijilere, şol bir wagtda sarp edijilere maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Döwlet üçin telekeçilik. Hususyýetçiler bilen döwlet edaralarynyň arasynda ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklar. Muňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň internet saýty aýdyň mysaldyr. Onda onlaýn amallaryň görnüşleri ýerleşdirilýär we yzygiderli tenderlerdir auksionlar yglan edilýär. 

                                                                   

Sarp ediji üçin sarp ediji. Bu görnüşde nesipetsin.com, kamilmarket.com, ynamdar.com, gipertm.com, saray.tm ýaly köpugurly harytlary we halkmarket.com.tm, akyol.com.tm ýaly bir ugra ýöriteleşen onlaýn bazarlarda harytlardyr hyzmatlar üçin internet sahypalary, öýjükli el telefonlaryna niýetlenen programma üpjünçilikleri arkaly söwda, şeýle-de mahabat işleri ýerine ýetirilýär.  

                                                                   

Döwlet raýatlar üçin. Döwlet onlaýn hyzmatlar arkaly ilaty maglumat elýeterliligi bilen üpjün edýär. Mysal üçin, şahsy we ýuridik taraplara salgytlaryny, jerimelerini menzil geçmezden tölemek, täjirçilik, telekeçilik işi üçin hasaba almak, rugsatnamalary bermek, iş gözleýän raýatlara iş ýerlerini saýlamaga mümkinçilik döretmek ýaly ýeňilliklerden peýdalanylýandygyny bellemek bolar. 

                                                                   

Sarp ediji üçin kärhana. Müşderiniň harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyny kesgitleýän ýagdaýy. Şunda sarp ediji teklip edilýän önümi satyn almak isleýän bahasyny ses bermek arkaly aýdyp bilýär. Önüm öndüriji tarapyndan harydy satmak ýa-da satmazlyk baradaky kararyň netijesinde, amal ýerine ýetirilýär.  

                                                                   

Telekeçiden telekeçä we sarp edijä. Elektron söwdanyň iki görnüşini birleşdirýän bu ýagdaýda bir kärhana tarapyndan daşary ýurtdan haryt sargytlaryny ibermek üçin daşaýjy kompaniýalar bilen üçtaraplaýyn şertnama baglaşylýar. Bu ýerde üznüksiz ykdysady zynjyr emele gelýär: satyjy kärhana — ammar ýa-da ugradyjy — alyjy. 

                                                                   

«Birža üçin birža». Elektron söwdanyň bu görnüşiniň aglaba bölegini walýuta alyş-çalşygy we gymmatly kagyzlaryň söwdasy tutýar. 

                                                                   

Elektron söwdanyň düzüm bölekleri hökmünde web sahypalary onlaýn dükanlar, özüne çekiji kanallar (maksatly mahabatlar), sargyt bölümleri, müşderi hyzmatlary, satuw bölümleri, harytlary satyn almak we eltip bermek hyzmatlary çykyş edýär. 

                                                                   

Ylmy-tehniki ösüşiň döwrebaplaşýan döwründe söwdanyň elektron görnüşi ilat köpçüligine ykdysady taýdan wagty tygşytlama kanunyna esaslanyp, bir wagtda birnäçe amallary ýerine ýetirmäge, şeýle-de maliýe serişdelerini tygşytlamaga şert döredýär. Indi amallaryň elektron görnüşlerine ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň aglabasynda duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna we Maksatnamasyna laýyklykda, döwletli başlangyçlar rowaçlanýar. Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri her bir ädimde ýakyn ýardamçymyz bolup hyzmat edýär.  

                                                                   

Elektron söwdanyň beýleki bazarlardan esasy aýratynlygy hökmünde şulary görkezmek bolar: birinjiden, satyjylaryň çykdajylary beýleki bazarlarda hereket edenden az sarp edilýär. Çünki elektron söwdada internet torunda onlaýn dükan açmak ýeterlik. Önüm öndürmek we önümçiligi gurnamak üçin kärendesine ýer almak, işgärleriň onlarçasyny saklamak zerurlygy ýok. Ähli işler awtomatlaşdyrylyp, diňe harytlary eltip bermek hyzmaty üçin işgär saklansa ýeterlikdir. Netijede, önümleriň ýa-da hyzmatlaryň bahasyna täsir edýän goşulan gymmatynyň, sarp ediji bilen geleşik çykdajylarynyň möçberi azalýar we ýokary girdeji almaga şert döreýär. Ikinjiden, internet ulgamy özünde müňlerçe adamy jemleýär. Munda harytdyr hyzmatlaryň bilen diňe ýurduň çägindäki däl, eýsem, daşarky sarp edijileri hem bökdençsiz tanyşdyryp bolýar. Eger isleg dörän halatynda eltip bermek hyzmatyny tranzit kompaniýalaryň üsti bilen ugratmaga hem mümkinçilik bar. Üçünjiden, önüm öndürijä, dellallary goşmazdan, sarp ediji bilen gönüden-göni işlemäge mümkinçilik berýär. Bu satyjy bilen alyjynyň arasynda göni gatnaşygy döredip, öz gezeginde, harytlaryň bahasyna, hyzmatyň hiline hem mynasyp täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Mahlasy, söwdanyň elektron görnüşiniň ornaşdyrylyp, yzygiderli kämilleşdirilmegi ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, daşarky sarp edijiler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkemegine, şol bir wagtyň özünde ýurtda ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mümkinçilik döredýär.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

08.11.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 7-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň barşy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, aýratyn-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, Hasyl toýuny dabaraly belläp geçmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlaryň we pagta hasylyny daşaýan tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işi üpjün edilýär.  

                                                                   

Häzirki günde welaýatda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy bellenilen agrotehniki möhletlerde tutulýar, meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda ekilen güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki ekinlerden bol hasyl almak, halkymyzy bu önümler bilen üpjün etmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylýandygy barada aýtdy. Şeýle hem welaýatda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen “ak altyny” soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we dowam edýän pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişi baradaky meselä ünsi çekip, ekişiň agrotehniki möhletlerde tamamlanmalydygyny hem-de onda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi we häkime anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň möhümdigini belläp, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň gözegçilikde saklanylmalydygy babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem Hasyl toýunyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, ekişde ulanylýan tehnikalardan doly güýjünde peýdalanmak, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny agrotehniki möhletlerde tutmak, kadaly gögeriş almak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi. Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almakda kombaýnlaryň, hasyl daşaýan tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle hem häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak, bu önümler bilen ýurdumyzyň ilatyny doly üpjün etmek boýunça işler geçirilýär, şunuň bilen bir hatarda, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga guramaçylykly taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy hem-de gowaçanyň hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça öňde durýan wezipelere ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmelidigini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny, ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinler, gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýokary hasyl almak ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz dürli maksatly desgalary we binalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmegi, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bu işde kombaýnlaryň, hasyl daşaýan tehnikalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şunda tehnikalardan we beýleki oba hojalyk gurallaryndan netijeli peýdalanmak, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak ugrunda degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle-de häkim welaýatda gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl öndürmek, ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýerine ýetirilýän işler, Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň degişli derejede alnyp barylýandygy barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň bellenilen möhletlerde tamamlanmalydygyna ünsi çekdi we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şaly hasylynyň öz wagtynda, ýitgisiz ýygnalyp alynmalydygyny, bu ugurda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny, Hasyl toýunyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Häkim pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny bellenilen agrotehniki möhletlerde tutmak, kadaly gögeriş almak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler welaýatda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, welaýatyň meýdanlarynda güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, ilatymyzy bu önümler bilen doly üpjün etmek boýunça wezipeleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy habar berildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary bina etmek boýunça meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň degişli derejede, talabalaýyk alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini üstünlikli geçirmegiň we “ak altyn” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň möhümdigine ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, welaýatyň meýdanlarynda ekilen gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak hem-de bu önümler bilen halkymyzy bolelin üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle-de welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamak, Hasyl toýunyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, Hasyl toýy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. “Ak altyn” meýdanlarynda pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň utgaşykly işi üpjün edilýär, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwy bellenilen agrotehniki möhletlerde tutulýar hem-de kadaly gögeriş alynýar. Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmadan, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak we bu önümler bilen halkymyzy bolelin üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu günler welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda hasyly ýygnamak boýunça işler guramaçylykly dowam etdirilýar. Şeýle hem welaýatda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işler ýokary depginde alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Bugdaý ekişinde ulanylýan tehnikalaryň doly güýjünde, netijeli işledilmegine, ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir, ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler barada aýdyp, welaýatda dürli maksatly desgalary gurmakda meýilleşdirilen işleriň alnyp barlyşynyň gözegçilikde saklanylmalydygyny, sebitde Hasyl toýunyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bugdaý ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, gögeriş we ösüş suwy tutulýar. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Bugdaý ekişi bilen bir hatarda, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda pagta ýygýan kombaýnlaryň, hasyl daşaýan tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalar edilýär. Şeýle-de wise-premýer şu günler ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň dowam edýändigini, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalýandygyny habar berdi. Mundan başga-da, Hasyl toýy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belläp, ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

08.11.2022
Bal tagamly bol miweler

ýa-da Hasyl toýuna telekeçi bagbanlaryň mynasyp goşandy 

                                                                   

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň «jüýje sanaşylýan» döwri ýetip geldi. Daýhan zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja ekinleridir dürli miweli baglar bol hasyl getirip, ak bazarlarymyza, mukaddes saçaklarymyza bereket bolup doldy. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän daýhan hojalyklary, hojalyk jemgyýetleri hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, olardan bol hasyl almak bilen, içerki önümçiligi ýokarlandyrmaga, eksportyň mümkinçiligini artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Olar ajaýyp güýz paslynyň soňky aýynyň ikinji ýekşenbesinde güneşli ülkämizde giňden bellenilýän Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Bagçylyk pudagyny ösdürip, halkymyzy ter miweler bilen üpjün etmekde türkmen telekeçileriniň aýratyn zähmetiniň bardygyny bellemek ýakymly. 

                                                                   

 Terligine bak, terligine! 

                                                                   

Bazarlaryň, marketleriň tekjelerini bezeýän, ýakymly ysy, owadan harytlyk görnüşi bilen göreniň gözüni egleýän «Ter» haryt nyşanly miweler Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Saýwan obasynyň çäginde, gojaman Köpetdagyň eteginde ösdürilip ýetişdirilýär. Dag etegindäki 136 gektar meýdana uzap gidýän 92 müň 300 düýpden gowrak miweli baglar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ter» hojalyk jemgyýetine degişli. Bu baglardan indi alty ýyldan gowrak wagt bäri bol hasyl alynýar. 

                                                                   

— Daşary ýurtlardan pes boýly, ýokary hasylly nahallary getirip, ilki bilen, toprak-howa şertlerimizde synag-tejribe görnüşde ösdürip ýetişdirmegi ýola goýduk. Hersiniň arasy bir metrden az bolmadyk nahallara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirildi. Olar damjalaýyn usulda suwarylyp, ösdürilip ýetişdirildi. Idegi ýetirilen baglar basym boý alyp, bir ýyl diýende hasyla durdular. Her möwsümde 60 gektardan gowrak almadan 400 tonna, 12 gektardan gowrak şetdalydan 120 tonna, 20 gektardan gowrak armytdan 100 tonna, 32 gektardan gowrak çereşnýadan 10 tonna, 5 gektardan gowrak garalydan 20 tonna hasyl alýarys. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 70 tonna alma, 120 tonna şetdaly, 100 tonna armyt, 10 tonna çereşnýa, 20 tonna garaly ýygnap, Hasyl toýuna zähmet sowgatly barýarys. Şeýle-de ylmy gollanmalardan peýdalanyp, armyt bilen beýini çaknyşdyrmak arkaly, armydyň täze görnüşini ösdürip ýetişdirip, şu ýyl ilkinji hasylyny ýygnadyk. «Doweçi» diýlip atlandyrylan armydyň bu görnüşi ýumşak bolup, onuň özboluşly süýji tagamy bar. Şu möwsümde şetdalynyň 15 tonna golaýynyň Russiýa Federasiýasyna eksport edilendigini hem buýsanç bilen aýdasym gelýär. Hususy eýeçilikde pederlerimiziň bagbançylyk kesbi-kärini ýöredip, ene ýerden bol hasyl almagymyza döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys — diýip, «Ter» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hojamyrat Çolyýew gürrüň berýär. 

                                                                   

Tejribeli telekeçiniň ýolbaşçylygyndaky hojalyk jemgyýetiniň işjanly bagbanlarynyň ösdürip ýetişdirýän miweli baglarynyň hasyly el zähmeti bilen ýygnalýar. Ýygnalan hasyl, ilki bilen, kuwwatlylygy 600 tonna barabar bolan sowadyjy ammarda kadaly temperatura gelýänçä saklanyp, soňra ýörite ulaglarda bazarlara iberilýär. Bu hojalyk jemgyýetinde baglara ideg etmekde, olaryň hasylyny ýygnamakda, gaplara ýerleşdirmekde we daşamakda hünärmenleriň 40-a golaýy zähmet çekýär. 

                                                                   

 Lezzetini diýsene! 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň ösdürip ýetişdirýän baglarynyň miwelerinden dadyp göreniňde, bu lezzeti duýýarsyň. Telekeçiler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň A.Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 200 gektar meýdana ekilen miweli baglardan şetdalynyň bu ýyl has-da bol hasyl getirendigini, şu günki güne çenli ondan 207 tonnadan geçirip hasyl alandyklaryny buýsanç bilen aýdýarlar. 

                                                                   

— Onuň 30 tonnadan gowragyny golaýda Russiýa Federasiýasyna eksport etdik. Munuň özi datly miwelerimiziň daşarky bazarlarda hem uly islege eýedigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda miweli baglaryň toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan, gurakçylyga çydamly, suwy az talap edýän, köp hasyl berýän görnüşlerini döretmek boýunça synag-tejribe işleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkiýe Respublikasyndan miweli baglaryň türkmen topragyna, howa şertlerimize gabat gelýän görnüşlerini seçip almak bilen, onuň 250 müňden gowrak düýbüni ösdürip ýetişdirdik. Olaryň hatarynda badamyň «ferraduel» we «ferragnes» görnüşleriniň toprak-howa şertlerimize gowy uýgunlaşandygyny, şu ýyl badam baglarynyň hasylynyň, öňki ýyllara garanyňda, has bol bolandygyny bellemek ýakymly. Bu günki güne çenli almadan 130, badamdan 4 tonnadan gowrak, ýeralmadan 112, arpadan hem 538 tonna hasyl alyp, daýhanlarymyzyň şanly toýuna sowgatly geldik — diýip, «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň direktory Sapargeldi Dolyýew aýdýar. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilen miweli baglaryň hasylyny ýygnap almak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Diýmek, ak bazarlarymyz, bereketli saçaklarymyz ýylyň tutuş dowamynda bal tagamly miwelerden doly bolar. 

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

08.11.2022
Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr

Ahal welaýaty, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary ruhubelentligi, şadyýanlygy hem-de Diýarymyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy. 

                                                                   

Ýaş nesliň wekili hormatly Arkadagymyzdan Ahal welaýatynyň täze merkeziniň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ilkinji bag nahalyny oturtdy. 

                                                                   

 Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtmaga girişdiler. 

 Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş, dynç alyş şertleriniň döredilmegine uly üns berilýär. Şoňa görä-de, bu künjegiň bagy-bossanlyga bürelmegi, ekologik abadançylygynyň saklanylmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary raýatlarymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda howa ýagdaýy ep-esli gowulandy. Ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi howa ýagdaýyny gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde, durmuş we beýleki maksatly binalaryň töwereginde, ýol ýakalarynda köpçülikleýin bag nahallary oturdyldy. Agzybirlikde, uly joşgun bilen geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşanlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, Ahal welaýatynyň täze merkeziniň çäklerinde dürli görnüşli bag nahallarynyň 5 müňden gowragy ekildi. Bu asylly çäre ekologik ýagdaýy has-da gowulandyrmakda hem-de ýakymly howa gurşawyny emele getirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mähriban topragymyzyň ekologik abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlan işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýändigini bellediler hem-de hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen gyzyklanyp, ýol ugruna ady rowaýata öwrülen Akhan atly ajaýyp bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy. 

                                                                   

Bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew alnyp barylýan gurluşyk işleri barada maglumat berdiler. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bedewiň heýkeliniň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleri bilen tanşyp, olaryň ýokary hilli we berk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ajaýyp bedewiň heýkeliniň çar tarapynda suw çüwdürimleriniň bolmagy, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, gök zolagyň döredilmegi we dürli gülleriň ekilmegi bilen, bu ýerde täsin binagärlik toplumy emele geler. Şunda yşyklandyryş ulgamyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Halkymyzyň behişdi bedewlere goýýan hormatyny nazara alanyňda, bu ýeriň ilatyň, aýratyn-da, toý tutýan ýaş çatynjalaryň söýgüli künjegine öwrüljekdigi gürrüňsizdir diýip, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işlerde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşmalydygyny belledi. 

                                                                   

Bu ýerde döredilýän gök zolaklar, täze şäheriň Akhan şaýolunyň yşyklandyryş ulgamy ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Munuň üçin ýerine ýetirilýän gurluşyk hem-de bezeg işlerine häzirki döwrüň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidir. Akhanyň heýkeliniň reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir, ol ajaýyp bedewiň hakyky keşbini janlandyrmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ak mermerli Aşgabadyň eteklerinde alnyp barylýan işler, aýratyn-da, paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde döredilen tokaý zolaklary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda alnyp barylýan işlere, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg işlerine tankydy belliklerini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýdan tankydy belliklerinden ugur alyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Häzirki döwürde bu ýerde abadanlaşdyryş işleri güýçli depginde alnyp barylýar. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow hem-de paýtagtymyzyň häkimi R.Gandymow hormatly Prezidentimiziň aýdan tankydy bellikleriniň ýerine ýetirilişi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdiler. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurluşyk işleriniň hiliniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçiriler. Munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem möhüm ähmiýeti bolan şanly waka öwrülmelidir. Meýilleşdirilen dabaralary guramaçylykly geçirmek üçin eýýäm häzirki günlerden taýýarlyk görülmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralarda Magtymguly Pyragynyň arzuw eden täze eýýamynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, gazanylan üstünlikler hem-de beýik işler öz beýanyny tapmalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, desgalaryň gurluşygynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň ýokary hili we ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy esasy talaplaryň biridir. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň merkezi girelgesiniň bezeg aýratynlyklary häzirki zaman talaplaryna we milli ruha kybap gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz birnäçe teklipleri aýtdy. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň Bekrewe köçesi bilen Arçabil şaýolunyň çatrygyndaky köpzolakly ulag köprüsiniň golaýynda saklanyp, toplumyň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň abadanlaşdyrylyşy we bezeg usullary bilen tanyşdy. Bu ýerde alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň tankydy belliklerinden we tekliplerinden ugur alnyp, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy esasynda amala aşyrylýar. Munuň özi hemme ýagdaýlary göz öňünde tutup, bellenilen wezipeleri doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluny dowam edip, Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda saklandy. Bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri hem-de häzirki zamanyň ösen tejribesi nazara alnyp, ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylýar. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Gahryman Arkadagymyz şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşyk işlerine bildirilýän talaplaryň olaryň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna hem degişlidigini belledi. Bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine ýardam berer. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bina edilen birnäçe desgalar we giň möçberli çäreler Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň, milli binagärlik däpleriniň nusgalykdygyna şaýatlyk edýär. Şundan ugur alnyp, ýerine ýetirilýän gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri döwrüň möhüm talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Gurluşyk taslamalary amala aşyrylanda, täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr. Şunda ekologik ýagdaýlar, şol sanda täze gurluşyklaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy hem göz öňünde tutulmalydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

07.11.2022
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi

Aşgabat, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. 

                                                                   

Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany boldy. 

                                                                   

31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hem bu meselä aýratyn üns berildi. Şonda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine bu ählihalk çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň 3 million düýbüni, şol sanda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan olaryň 1,5 million düýbüni ekmek bellenildi. Şolaryň bir bölegi şu ýylyň ýazynda eýýäm ekildi. Şeýlelikde, şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasy barha özgerýän türkmen topragynyň ähli künjegini bagy-bossanlyga büremäge gönükdirilendir. Döredilýän tokaý-seýilgäh zolaklary ýurdumyzyň ekologik howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadançylygynyň we saglygynyň möhüm şertidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky hemişe tebigata gözüniň göreji ýaly aýawly garapdyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyndan we Milli tokaý maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak işi güýçli depginde dowam edýär, şunda ylmyň soňky gazananlary, innowasiýalar giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

Garagum sährasynyň merkezinde ägirt uly “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli bag ekmek işleri hem şol taslamalaryň hataryndadyr. Diýarymyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bolsa bu künjegi iň döwrebap we daşky gurşawa howpsuz tehnologiýalary ulanmak arkaly adamlaryň bähbidine sazlaşykly ösdürmegiň nusgasyna öwrüldi. 

                                                                   

Baýyrdyr depeler, halkalaýyn awtomobil ýollarynyň ugurlary, Garagum derýasynyň kenary bagy-bossanlyga büreldi. Şunuň bilen birlikde, aýratyn goralýan tebigy zolaklaryň milli ulgamyny ösdürmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy munuň aýdyň mysalydyr. Döwrüň talabyna we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 

                                                                   

Tebigatyň biologik köpdürlüligini hem-de tebigy aýratynlyklary gorap saklamak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan tebigaty goramagyň toplumlaýyn strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesiniň çözülmegine anyk goşant goşýar. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan netijeli başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp, ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny äşgär edýär. 

                                                                   

Bitarap Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny öz daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, bu ulgamda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlykda işjeň we jogapkärli orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. 

                                                                   

Şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek bu köpugurly we toplumlaýyn işiň möhüm bölegidir. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyz bu ugurda yzygiderli işleri amala aşyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Diýarymyzda köp ýyllaryň dowamynda 145 milliondan gowrak düýp bag nahallary ekildi. Munuň özi aýratyn howa zolaklarynyň kemala gelmegine ýardam edip, sebitde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bu özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür tokaýlyklaryň ülkesine öwrülýär. Munuň özi Diýarymyzyň ösüşiniň we täzelenmeginiň nyşanydyr. Zähmet ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn orny eýeleýär, köpçülikleýin bag ekmek çäreleri ýaly peýdaly işler bolsa jemgyýetiň ekologik medeniýetiniň ýokarlanmagyna, şunuň bilen birlikde, daşky gurşawyň goralmagyna ýardam berýär, netijede, adamyň ömür dowamlylygynyň artmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga beriljek ýere gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary garşy alýarlar. Ekologik çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem bar. 

                                                                   

Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belent ruha beslenen aýdym-sazlarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň, gözel tebigatymyzyň we sahawatly topragymyzyň waspy ýetirildi. Sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerde guralýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin taýýar edilen ýere barýar. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili joşgunly äheňde hormatly Prezidentimizi mübärekläp, berk jan saglyk hem-de köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw edýär. Oglanjygyň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berýär hem-de ilkinji nahaly oturdýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bu ýere ýygnananlaryň ählisi bag nahallaryny oturdýarlar. Ählihalk bag ekmek çäresi daşary ýurtly myhmanlary hem özüne çekip, ýyl-ýyldan ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli waka öwrülýär. Çünki dünýämiziň hem-de geljek nesillerimiziň ertirki güni baradaky alada ählimiz üçin umumydyr. 

                                                                   

Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine mynasyp goşantdyr. Şäherleriň we obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu ýerlerde amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşapdyr. Dünýäniň gadymy medeniýetleriniň esasy ojaklarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, has takygy, dag çeşmeleri, amatly howa gurşawy bu ýerleriň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagynda wajyp orny eýeläpdir. Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýurdumyzyň çäklerinde gadymy döwürlerde hem gülläp ösen ýaýlalaryň bolandygy, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk bilen meşgullanandygy, miweli bag nahallaryny giňden ösdürip ýetişdirendigi baradaky maglumatlar ýüze çykaryldy. Agaçlar adam zähmetiniň janly ýadygärligi bolup, onuň tebigata söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. 

                                                                   

Milli hem-de ählumumy möçberde ekologik howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine Diýarymyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil, demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw diplomatiýasyny ilerletmegi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmegi parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Suw hojalyk meseleleriniň Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, toplumlaýyn esasda çözülmegi döwlet Baştutanymyzyň suw strategiýasynyň esasy wezipesidir. 

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň Merkezi Aziýa üçin suw ulgamynda halkara meýilnamalary amala aşyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Türkmenistan iri forumlarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hem-de GDA-nyň sammitlerinde çykyş etmek bilen, BMG-niň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürdi. 

                                                                   

Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky teklibi görkezmek bolar. Bu merkeziň netijeli işini üpjün etmek üçin türkmen tarapy zerur düzümleri hödürlemäge taýýardyr. Şeýle-de BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar bar. Biziň ýurdumyz bu başlangyçlary öňe sürmek bilen, Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdeleriniň peýdalanylmagynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, özara hormat goýmak we sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak esasynda amala aşyrylmagynyň zerurdygyndan ugur alýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenen hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik guraly hökmünde garalýan suw diplomatiýasy suw serişdeleriniň gorlaryny emele getirmek hem-de olaryň çeşmelerini dikeltmek, oýlanyşykly we rejeli sarp etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça yzygiderli gepleşikleriň geçirilmegi üçin mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bir tarapynda türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeliniň seleňläp görünýän, beýleki tarapynda bolsa özboluşly binagärlik çözgüdine eýedigi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň ajaýyp binasynyň ýakynynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň geçişini we bu töweregiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryny synlady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowa köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasynyň güýzki möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bag nahallary oturdylanda, her sebitiň toprak-howa şertleriniň nazarda tutulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini belläp, şunda ekologik meselä möhüm ähmiýet berilmelidigini, Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň öňe ilerledilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, halkara derejede guraljak ähli dabaralaryň guramaçylyk meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Bu ýerden sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi görünýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we tutuş ýurdumyzyň ekologik abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň töwereklerini müňlerçe täze bag nahallary bezedi. Bu işleriň gerimi göreni haýran edýär. Çünki bag ekmek işleri ozal nahal ekilmedik dag eňňitlerinde we çölüň ürgün çägeliklerinde-de alnyp barylýar. 

                                                                   

Şu güýz gününde ähli ildeşlerimiz mähriban topragymyzyň “ýaşyl baýlygyny” joşgunly zähmet bilen has-da artdyrmak üçin bag ekmek çäresine çykdylar. Täze nahallary oturtmakdan başga-da, şu günki çäräniň dowamynda ozal ekilen baglara ideg etmek boýunça hem işler geçirildi. Şol baglar giň gerimli meýdanlarda barha berkeýär we güýç toplaýar. Ählihalk bag ekmek dabaralary biziň asylly däbimize öwrüldi. Şeýle çäreler umumy ähmiýetli işe dahylly bolmagy maksat edinýän adamlary birleşdirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bag ekmek çäresine gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk sözlerini aýtdy we bu ýerden ugrady. 

...Ir bilen bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töweregine ýygnandylar. Adam eli bilen döredilen tokaýlyklar, ösüp barýan bu gözel künjek indi gür bagy-bossanlyga büreler.

07.11.2022
Çeleken — hazynalar käni

Häzirki zaman ylmynyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak işleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem yzygiderli amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda Gündogar Çeleken meýdançasynda gazylan 707 belgili baha beriji guýudan bol nebit akymynyň alynmagy hem şeýle köpugurly işleriň guwandyryjy netijesidir. Ol adaty guýulardan sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda gazylandygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi Çeleken ýarymadasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde şeýle usulda burawlanan ilkinji guýy boldy. Sakasy gury ýerde ýerleşdirilip, Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginiň çäklerinde sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylyp gazylan bu guýudan gije-gündiziň dowamynda alynýan nebit çig malynyň möçberi 10-dan 12 tonna çenli baryp ýetýär. 

                                                                   

Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginde buraw işlerini täzeden ýaýbaňlandyrmak, ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly bu künjekde nebitiň çykarylyşyny has-da artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlary bilen bilelikde işläp taýýarlan taslamasy esasynda başlanan bu iş häzirki günlerde şu baýlyklar käninde burawlanýan 712 belgili guýuda öz mynasyp dowamyny tapýar. Umumy taslama çuňlugy 2 müň 650 metre barabar bolan bu guýuda hem gazuw işleri 1 müň 600 metre ýetýänçä dikligine geçiriler. Şol çäkden soňra gazuw işleri taslama çuňlugyna baryp ýetýänçä, ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda amala aşyrylar. Burawlaýşyň bu usuly diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, ol tehniki taýdan howpsuzlygy, şonuň ýaly-da, ekologiýa babatda arassalygy bilen-de tapawutlanýar. Çünki buraw desgasynyň esasy sütüni deňiz kenaryndan 450 — 475 metr uzaklykda ýerleşdirilip, bellenilen çäkden soň deňziň suw ýalpaklygyna tarap ugrukdyrylýar. Taslama çuňlukdaky nebit alnyp gutarylandan soňra, ondan ýokarda galan gatlaklardaky çig maly hem almak mümkinçiligi burawlaýşyň dolanyşyga ornaşdyrylýan bu täzeçil usulynyň ýene bir aýratynlygydyr. 

                                                                   

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Çeleken ýarymadasynda iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň baş geology Döwran Baýramowyň öz işine juda beletlik bilen berýän gürrüňlerini ýazga geçirip oturyşyma, bu baýlyklar mesgenindäki bilýän zatlarym hakydamda janlanýar. Aslynda, geoykdysady taýdan juda amatly ýerleşişe eýe bolan Watanymyz bu gün dünýäde özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmagy başarýan döwletleriň hatarynda tanalýar. Diýarymyzda ýakyn geljekde uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny we olaryň daşarky bazarlardaky ornuny düýpli ýokarlandyrmak hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Maglumatlara görä, ilkinji energetika serişdelerini sarp etmegiň umumy gurluşynda häzirki wagtda nebit birinjiligi elden bermän gelýär. Soňky ýarym asyryň dowamynda Ýer togalagyndaky döwletleriň arasynda ýangyjyň esasy görnüşleriniň sarp edilişi ýüz esseden-de artypdyr. Bu görkeziji nebitdir gaza bolan islegiň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglydyr. 

                                                                   

Bar bolan maglumatlara görä, häzirki zaman dünýäsinde diňe nebitiň tassyklanan gorlary 170 milliard tonna ýakyndyr. Şonuň milliardlarça tonnasynyň biziň ata Watanymyzyň çäklerindedigi has-da buýsançlydyr. Ony ýer goýnundan alyp, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna gönükdirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda döwrebap işler bitirilýär. Konserniň günbatar Türkmenistandaky Çeleken ýarymadasynyň guryýer böleginde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri bu ugurda göreldeli zähmet çekýärler. Ýeri gelende aýtsak, hazynalar mesgeni bolan bu künjekde nebiti senagat taýdan peýdalanmagyň taryhy ýüzlerçe ýyllara uzap gidýär. Türkmen Diýarynda guýulardan nebit çig malyny almak işi 1742 — 1875-nji ýyllardan gözbaş alýar. Bu hakykata grek, arap, rus syýahatçylarynyň dürli döwürlerde galdyran taryhy maglumatlary hem doly güwä geçýär. Gürrüňi gidýän Çeleken käninden çykarylýan nebitiň hasabaty bolsa 1876-njy ýyldan bäri ýöredilýär. Şonuň üçin türkmen nebitiniň taryhyny Çelekenden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr. Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Çeleken ýarymadasy, bilermenleriň tassyklamagyna görä, uglewodorod çig malynyň juda köp goruny öz goýnunda saklaýar. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda deňiz suwunyň göz-görtele çekilmegi bilen, Çeleken, ozal ada bolanlygyndan, ýarymada öwrülýär. Günbatardan gündogarlygyna kyrk kilometre golaý uzap gidýän ýarymadanyň häzirki tutýan meýdany bäş ýüz inedördül kilometre barabardyr. Agramly bölegi çäge massiwlerinden we şorluklardan ybarat düzlükde ýerleşýän ýarymadanyň absolýut beýikligi (Çokrak dagy) 120 metre-de ýetenok. Ýarymada geologik taýdan Hazar depressiýasynda ýerleşip, mezezoý we çetwertik döwrüň çökündi jynslaryndan düzülendir. Tektonik hereketiniň netijesinde, ol ençeme gezek gorizontal we wertikal döwülmelere uçraýar hem-de belli bir ugry bolmadyk döwüm liniýalary emele getirýär. Hut şu ýagdaýyň özem ýeriň çuň gatlaklaryndan läbik wulkanlaryň atylyp, ýod-bromly suwlaryň çogup çykmagyna getiripdir... 

  «Çar» we «kän» sözlerinden emele gelen Çeleken sözi «dört kän» ýa-da «dört baýlyk» (nebit, nebitdakyl, duz, boýag) diýen manyny berýär. Ir döwürlerde «Akjaýar» diýlip atlandyrylan häzirki Hazar şäherinde ýod, brom, gurum öndürmek onlarça ýyldan bäri üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi ýer goýnundan «gara altyn» çykarmak bilen meşgullanýar. ХХ asyryň başlarynda bu ýerde burawlanan guýulardan nebit çüwdürimleri (fontanlary) bary-ýogy iki ýüz metre golaý çuňlukdan atylyp çykýan eken. 1949-njy ýylda bu ýerde agtaryş-burawlaýyş işlerine girişilip, 1950-nji ýylda müň metr çuňlukdan nebit akymy alynýar. ХIХ asyryň ýetmişinji ýyllarynda doganlar Nobelleriň iş alyp baran bu käninde mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri täze belentliklere tarap has-da ynamly gadam urulýar. 

                                                                   

Bu hazynalar käninden uglewodorod çig malyny almagyň geljegi, esasan, deňiz ýalpaklyklaryna degişlidir. Şeýle ýataklaryň birnäçesi Garaşsyzlyk ýyllarynda açylyp özleşdirilip başlandy. Şol bir wagtda ýarymadanyň guryýer böleginde-de nebit çig malynyň gorlary az däldir. Agtaryş-gözleg guýulary gazylansoň alnan netijeler Çelekeniň gündogar böleginde gorlary boýunça az bolmadyk gatlaklaryň jemlenendigini görkezýär. Munuň özi günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuňdan-çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyna güwä geçýär. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň garamagynda hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberi 48 müň 638 tonna golaýlady. Bu görkeziji, şu ýylyň arka atylan döwri üçin bellenilen meýilnama bilen deňeşdirilende, 2,6 müň tonna köpdür. Şunda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 106,8 göterime barabar bolupdyr. On aýda bu kärhana boýunça ugurdaş gazyň 425 müň kub metrden gowragy çykarylyp, bellenilen meýilnama 213 göterimden geçirilip amal edilipdir. 

                                                                   

— Döwlet Baştutanymyzyň nebitçilere berýän hemaýat-goldawlary bizi has netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda müdirligimiz boýunça önüm berýän guýularyň umumy sany 170-den geçip, olaryň her biri berk gözegçilikde saklanýar. Çeleken ýarymadasynyň guryýer böleginde häzirki wagtda hereket edýän guýularyň taslama çuňlugy 1200-den 2750 metr aralygyndadyr. Geologlaryň tassyklamagyna görä, ýarymadanyň has çuň gatlaklarynda nebit çig malynyň gorlary az däl. Olaryň netijeli peýdalanylmagy Çelekeniň täze ösüşlerine badalga bolup, onuň şöhratyny has-da artdyrar — diýip, bu ýerdäki Günbatar Çeleken, Aligul we Dagajyk ýaly ýataklarda iş alyp barýan müdirligiň başlygy Oraztagan Mazyýew gürrüň berýär. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

07.11.2022
Durmuş-ykdysady özgertmeler – ösüşleriň binýady

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň esasyny düzdi. 

                                                                   

Mejlisde ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisiň barşynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen teklipler bilen bagly meseleleri gysga wagtda çözmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny göz öňünde tutup, bu ugurdaky işi dowam etdirmek, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşy we ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalary etmek, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň, hususan-da, oba hojalygy üçin zerur bolan dökünleri öndürýän «Maryazot» önümçilik birleşiginiň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, dokma kärhanalaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek bilen bagly meselelere garaldy.  

                                                                   

Noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy baradaky hasabata aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, bu aýda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy, Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2022» atly halkara sergi we ylmy maslahat, «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler. Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri, noýabryň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler mejlisde garalan möhüm meseleleriň hatarynda boldy. Şunda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Seul we Pusan şäherlerine amala aşyran gulluk iş saparynyň jemleri baradaky hasabat hem diňlenildi. Ministrler derejesindäki mejlisiň netijeleri boýunça 2023-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna Türkmenistan tarapyndan başlyklyk edilmegi we indiki 16-njy forumyň Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi. 

                                                                   

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

05.11.2022
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy

Moskwa, 3-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar düýpli strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Ol deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar. 

                                                                   

Düýn Moskwada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde we Döwlet Dumasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar iki dostlukly ýurduň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli we ýokary derejedäki döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa durmuş-ykdysady ösüşiň umumy wezipelerine hem-de ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny döretmegi başardylar. Munuň özi iki dostlukly ýurduň doganlyk halklarynyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýady esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam edýär. Gazanylan ylalaşyklar, hususan-da, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge mümkinçilik berer. Oňa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň birinji gününde gol çekildi. 

                                                                   

...Günüň ikinji ýarymynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni Kreml köşgüne gelýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylaýar. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşen Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de görýändigine örän şatdygyny belledi. 

                                                                   

Siz haýsy wezipede Russiýa gelseňiz-de, biz Sizi görmäge hemişe şatdyrys. Çünki Siz biziň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge ägirt uly goşant goşduňyz. Munuň özi işiň ähli ulgamlaryna — ynsanperwer we ykdysady ulgamlara-da degişlidir. Siziň gönüden-göni gatnaşmagyňyzda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň örän ýokary raýdaşlyk derejesine çykaryldy diýip, Russiýanyň Lideri nygtady. 

                                                                   

Wladimir Putin geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan ýokary netijeleri belläp, bu ösüşiň depgininiň täze Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlygyna gelmegi netijesinde birjik-de peselmeýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Türkmenistanyň häzirki Prezidenti bilen hem örän gowy şahsy gatnaşyklar ýola goýuldy, döwletara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýa ugrundaky syýasatynyň däp bolan görnüşde ösdüriljekdigine ynam bildirildi. 

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda kabul edilen Çözgüt barada aýdyp, munuň örän ýokary sylagdygyny, ordeniň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşulan goşanda doly laýyk gelýändigini belledi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

                                                                   

Siziň belleýşiňiz ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlardyr, munuň özi durmuş hem-de döwür bilen subut edildi. Hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkeýär, giňeýär, yzygiderli ösdürilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdirildi. Türkmen wekiliýetiniň şu saparynyň barşynda gol çekilen taryhy resminama — Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak biziň strategiýamyzyň esasy maksadydyr. Şoňa görä-de, biz mundan beýläk-de bu ugurda ynamly öňe gideris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň Liderine Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň özüne bildirilen uly hormatdygyny we taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasynda, hakykatdan-da, hemişe dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň durýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär. Bize hem Siziň bilen bilelikde däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşandymyzy goşandygymyzy bellemek ýakymlydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini golaýda bellenen doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, Russiýanyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Alypbaryjy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň degişli Permanyny okaýar. Prezident Wladimir Putin dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna ordeni gowşurýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyza iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin gowşurylan ýokary sylag Russiýa bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge pugta ygrarly Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi. 

                                                                   

Taraplaryň tagallalary esasynda daşary syýasy ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça anyk we netijeli ädimler ädildi, ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Gahryman Arkadagymyzyň resmi sapary iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, gatnaşyklary ösdürmegiň taryhynda täze sahypany açýar we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Watanymyza ugrady. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlary K.Babaýewiň we K.Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Häzirki döwürde türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň, yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy. Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyk hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi bermäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işi alyp barmagyň täze görnüşlerini işläp düzmek barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentarileriniň bilelikdäki mejlisleriniň geçirilmegine gyzyklanma bildirip, wekiliýetleriň agzalary birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Kanun çykaryjylyk işi babatda gatnaşyklary giňeltmegiň ýollarynyň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Şeýle hem Moskwada “Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy: ugurlar we ileri tutulýan wezipeler” atly “tegelek stol” söhbetdeşligi geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalara gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň iki palatasynyň parlamentara toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Dostlukly ýurduň wekilleri halkara derejede, şol sanda BMG-niň çäklerinde Russiýa bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini göz öňünde tutmak arkaly bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, Russiýanyň parlamentarileri Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygyna aýratyn üns çekildi. 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan forumyň hemişelik hereket edýän Sekretariatyny döretmek barada öňe sürlen başlangyjy rus tarapynyň goldaýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri, geljek döwür üçin özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlary, Russiýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň has-da ýakynlaşmagynyň geljegi barada, şeýle-de halkara we ikitaraplaýyn parlamentara işler bilen baglylykda, başlangyçlary anyk durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alşyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň baş direktory bilen geçiren duşuşygynyň barşynda sirk sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi türkmen-rus medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder. 

                                                                   

Geçen ýyllaryň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe ýurtlarda bolup, abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edendigini hem-de ençeme sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde döwletimiziň ýakyndan goldamagy esasynda ýurdumyzda sirk sungaty täze ösüşe eýe boldy. Bularyň ählisi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen däp bolan gatnaşyklary baýlaşdyrmak, sirk toparlarynyň özara çykyşlaryny guramak üçin oňaýly şertleri döredýär. 

                                                                   

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň Kremliň atçylyk mekdebiniň baş direktory bilen geçiren duşuşygynyň barşynda atçylyk sporty ulgamynda, çapyksuwarlary we bedewleri taýýarlamakda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, meşhur ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanda atçylygyň döwlet ähmiýetli iş hökmünde ykrar edilendigini bellemek gerek. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlary örän uludyr. Hormatly Arkadagymyzyň giň gerimli işleri arassa ganly ganatly bedewleriň gaýtadan dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna, olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, döwrebap ugurdaş düzümiň döredilmegine, sportuň atly görnüşleriniň, şeýle hem at üstündäki milli oýunlaryň giňden wagyz edilmegine ýardam berdi. Häzirki wagtda bu giň gerimli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. 

                                                                   

Duşuşygyň barşynda rus tarapy bilen atlary saklamak we olara talabalaýyk ideg etmek üçin amatly şertleri döretmek meselesi barada içgin pikir alşyldy. Şunda bu ulgamda bar bolan tejribäniň öňdebaryjy tehnologiýalar we ylmyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşmagy möhüm bolup durýar.

04.11.2022
2022-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda geçirilen köp sanly syýasy we işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, halkara forumlardyr maslahatlar, sergiler hem-de beýleki möhüm wakalar ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alyp baran işlerini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. 

                                                                   

3 — 5-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de tomusky we gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Aziýa sebitinde sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek, türgenleri taýýarlamagyň iň gowy tejribelerini alyşmak, geljek ýyllarda Türkmenistanda iri halkara sport çärelerini geçirmegiň mümkinçilikleri mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy. 

                                                                   

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen geçirilen duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň ähmiýeti hem-de öňdebaryjy ýapon banklary we kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabatlap, birnäçe medeni çäreleri guramak meselesine üns berildi. 

                                                                   

5-nji oktýabrda DIM-niň binasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ýaraglara gözegçilik, barlag we berjaý etmek boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Pol Din bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmagyň, dürli halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlyk ulgamynda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şol gün “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlaryna köp ýyllaryň dowamynda oňyn goşant goşan amerikan kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň maýa goýum, maliýe-bank, oba hojalyk, nebitgaz, ulag-logistika we tehnologiýalar ugurlary boýunça sanly ulgam arkaly pudaklaýyn duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň plenar mejlisinde söwda-ykdysady, durmuş-ynsanperwer, ekologiýa, energetika, syýahatçylyk, ulag-logistika, telekeçilik işi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň möhüm meselelerini, şol sanda sebitde hukuk esaslaryny, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça “tegelek stol” maslahatlary guraldy. 

                                                                   

7-nji oktýabrda DIM-niň binasynda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depginini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitlerini, ägirt uly kuwwatyny, sanly bilimiň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ilerledilmegini, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalaryny beýan etmek çäräniň esasy maksady boldy. 

                                                                   

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumynyň we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara serginiň açylyş dabarasy boldy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň ylmy we bilimi ösdürmek, medeniýet hem-de milli mirasy aýawly saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklaryny beýan edýän ekspozisiýalar, şol sanda çaphana önümleri, dokma we mebel önümleri, amaly-haşam sungatynyň önümleri, senetçileriň işleri, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary we köp sanly beýleki önümler görkezildi. 

                                                                   

11-nji oktýabrda DIM-niň binasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu gurama bilen türki dilli halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen netijeli özara gatnaşyklary bellenildi. Dürli taslamalar, hususan-da, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

12-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Astana şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Singapuryň kanselýariýa ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy boldy. Taraplar energetika, nebithimiýa, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy, bilim, täze tehnologiýalar ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

12 — 14-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan bu giň gerimli döredijilik çäresi milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwlet ösüşindäki ornuny hem-de ägirt uly kuwwatyny açyp görkezdi. 

                                                                   

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Dahnawi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň sebitleriniň — Balkan hem-de Golestan welaýatlarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegine bagyşlanan bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi. 

                                                                   

13-nji oktýabrda Astana şäherinde geçirilen Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň VI sammitiniň işine türkmen wekiliýeti synçy derejesinde gatnaşdy, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ulag-logistika, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

14-nji oktýabrda Astanada Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary gazagystanly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Olaryň gün tertibine iki döwletiň dürli ulgamlardaky, şol sanda energetika, nebitgaz we oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. 

                                                                   

16-17-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň daşary işler boýunça döwlet ministri, Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary, ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidenti, Energetika ministrliginiň, Milli bankyň, Ösüş bankynyň, şeýle-de Ösüş gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýum, maliýe-bank, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

17 — 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylyk hereketiniň öňüni almak üçin serhetleriň howpsuzlygy we serhet barlagy babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. 

                                                                   

18-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň sanly ulgam arkaly duşuşygy boldy. Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipler we innowasion taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, komitetleriň işi iki ýurduň arasyndaky durnukly we uzak möhletleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” täzelemegiň, ony täze pikirler we möhüm taslamalar bilen baýlaşdyrmagyň meselelerine garadylar. 

                                                                   

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy boýunça “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşdy. Onda özara gatnaşyklaryň, şol sanda sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

23 — 27-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy, daşary işler ministri, Pusan şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem foruma gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksu bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda, şeýle-de 25-nji oktýabrda geçirilen forumda dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, parlamentara ugur boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki özara gatnaşyklaryň oňyn ösüşi bellenildi. 

                                                                   

Hususan-da, energetika, ulag, aragatnaşyk, gämigurluşyk, suw we tokaý hojalygy, maglumat we sanly tehnologiýalar, ykdysady howpsuzlyk, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, binagärlik, şähergurluşyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň jemleri boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2023-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda Türkmenistanyň bu formatda başlyklyk etmegi we indiki 16-njy forumy Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. 

                                                                   

24 — 31-nji oktýabrda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligine bagyşlanan “Bitewülik köpdürlülikde” atly çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň ilçihanalary bilen bilelikde guran döredijilik çäresi bu iri döwletara birleşik bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

25-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde “COP26-nyň” Ýewropa, Merkezi Aziýa, Türkiýe we Eýran boýunça sebitleýin ilçisi Dawid Moran bilen duşuşyk boldy. Ol howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada geldi. Taraplar Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlyk we howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezlerini, bilelikdäki uzak möhletleýin maksatnamalary we taslamalary döretmek meselesine garadylar. Şeýle hem ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň we britan hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen okuw maslahatlaryny, sapaklary geçirmek teklip edildi. 

                                                                   

26 — 28-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahat we sergi geçirildi. Çäre «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy. 

                                                                   

Utgaşykly görnüşde geçirilen forum ýüzlerçe adamy, şol sanda 45-e golaý daşary ýurtdan wekilleri bir ýere jemledi. Olar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we ýurt derejesinde senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan prezentasiýalar, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. 

                                                                   

27-28-nji oktýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen 54-nji mejlisine gatnaşdy. GDA ýurtlarynda saýlawlary we sala salşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek we olara syn etmek mejlisde garalan esasy mesele boldy. 

                                                                   

27-nji oktýabrda ýurdumyzyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň Liderleriniň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Resminama laýyklykda, taraplar parahatçylygyň, howpsuzlygyň, demokratiýanyň we kanunyň hökmürowanlygynyň hatyrasyna bilelikdäki işe ygrarlydyklaryny tassykladylar. 

                                                                   

28-nji oktýabrda Astana şäherinde GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi boldy. Onuň dowamynda taraplar Hyzmatlar bilen erkin söwda etmek, maýa goýum işini döretmek we amala aşyrmak hakynda Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşiň mejlisinde GDA edaralarynyň işiniň dürli ugurlary boýunça meseleleriň giň gerimine garaldy we 20-den gowrak resminama tassyklanyldy hem-de kabul edildi. 

                                                                   

Şeýlelikde, oktýabr aýynyň wakalary ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlary bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça alyp baran yzygiderli işleriniň aýdyň beýany boldy. Şol başlangyçlar diňe bir biziň döwletimiziň däl, tutuş dünýäniň abadançylygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                                                           

(TDH)

04.11.2022