Habarlar
Sebitleýin strategiýa: durnukly ösüşiň wajyp şerti

Bu gün ýurdumyzda täze döwrüň ruhuna laýyklykda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwletlilik esaslarymyzyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisde döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek bilen bagly gelip gowşan köp sanly tekliplere garaldy. Bu teklipler oba ýerleriniň şäherleşme derejesiniň artmagyna, welaýatlaryň ösmegine, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, degişli düzümleriň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri döreder. 

                                                                   

Häzirki wagtda eziz Watanymyz galkynyş döwrüni başdan geçirýär. «Galkynyş» düşünjesi mazmuny boýunça ýokary göterilişi, öňe ilerlemegi aňladýar. Galkynmak, ösmek, ösüşde täze menzilleri nazarlamak üçin ýurtda jemlenen tebigy, zähmet we maliýe serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, rejeli peýdalanylmagy zerur şertleriň biri. Hususan-da, dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin şol serişdeleri netijeli dolandyrmak meselesi strategik ähmiýete eýe. Şunuň bilen birlikde, ol dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Hemişe döwleti dolandyrmagyň netijeli usullarynyň gözleginde bolmak, ýurduň ösen derejesine laýyk gelýän dolandyryş mehanizmlerini ornaşdyrmak döwlet gurluşynyň kämilleşdirilmegine itergi bermek bilen bir hatarda, şeýle çemeleşmeler dünýä giňişliginde bolup geçýän üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga hem mümkinçilik döredýär. Kämillik, goý, ol adam durmuşyna ýa döwlet gurluşyna degişli bolsun, tapawudy ýok, hemişe hil taýdan ösmegi aňladýar. Kämillige ymtylmak, hemişe özüňi taraşlap ýörmek — beýikleriň ýoly. Bu kanunalaýyklyk döwleti döwlet etmek, ony has netijeli dolandyrmak ugrunda edilýän irginsiz tagallalarda-da aýdyň ýüze çykýar. Şunda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde sebitleýin syýasata wajyp orun degişlidir. Bu syýasatyň oýlanyşykly alnyp barylmagy bolsa sebitleriň, ahyrky netijede, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, durnukly ösüşiň gazanylmagyna şert döredýär.  

                                                                   

Sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleriň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň düýpli özgerdilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, olaryň bitewi ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri bolup durýandygy, sebitleriň her biriniň ykdysady deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde tutýan ornunyň uludygy bilen baglydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» sebitleriň döwrebap ösüşini üpjün etmäge gönükdirilip, bu maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Sebitleriň ösüşini çaltlandyrmak şu günüň wajyp meseleleriniň biri bolmak bilen, ol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze sepgitleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda sebitleri ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün etmekde bu meseleleriň näderejede möhümdigini görkezýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen mejlisde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly garalan teklipleriň şu günki we geljekki ösüşimiz üçin wajyp bolup durýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu mejlisde ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde 6 etrap, 5 sany etrap hukukly şäher, 1 sany şäherdäki etrap, 2 şäherçe, 36 sany geňeşlik ýatyrylyp, 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça garalan teklipler, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek, durmuş ulgamynyň netijeliligini pugtalandyrmak, zähmet gatnaşyklaryny oňyn düzgünleşdirmek maksadyndan ugur alýar. Dolandyryş-çäk birlikleri babatda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän özgertmeler sebitleriň netijeli dolandyrylmagyna, ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyna, senagatlaşdyrylmagyna, iri ilatly ýerleriň döredilmegine we ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirer. 

                                                                   

Döwlet býujeti ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolup, onuň serişdeleriniň rejeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň maliýe-ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Maliýe serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylmagy, oňa döwrebap gözegçiligiň amala aşyrylmagy bolsa sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginde ilerledilmeginiň maliýe-ykdysady esaslaryny emele getirýär. Mejlisde beýan edilen teklipleriň amala aşyrylmagy, ykdysady hasaplamalara görä, jemi 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyny üpjün eder. Dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, ulanyşdan aýrylýan, ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralarynyň binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga goşmaça mümkinçilikleri döretmek bilen, Döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagyna hem oňyn täsirini ýetirer.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň tygşytlanan maliýe serişdelerini ýurdumyzyň durmuş ulgamyna, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglyk edaralarynyň gurluşygyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky aýdan teklibi Diýarymyzda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygynyň we häzirki döwürde-de şeýle bolmagynda galýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Bu ýagdaý meýilleşdirilýän özgertmelerden garaşylýan netijeleriň ykdysady ähmiýetiniň mazmunyny emele getirýär. Döwlet gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly özgertmeler durnukly ösüş üçin ýurdumyzda bar bolan serişdeleriň we mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesiniň ýokarlanmagynyň hem çeşmesidir. Şoňa görä-de, mejlisde 6 oba şäherçe derejesini berip, 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherlere birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek barada garalan teklipleriň durmuşa geçirilmegi tutuş jemgyýetçilik ösüşine ýardam berýän zerur şertleriň döredilmegine, hususan-da, oba we şäher ilatynyň durmuş şertleriniň deňeçerleşmegine, merkezden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryň döwrebap derejede ösdürilmegine ýardam eder.  

                                                                   

Ykdysady ulgamyň netijeliligi köp derejede öndüriji güýçleriň, şol sanda işçi güýjüniň hiline baglydyr. Şunda döwlet syýasatynda adam maýasynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilmegi şu günki we geljekki ösüşleriň binýady bolup durýar. Dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmeginiň giň möçberli işlere badalga bermek bilen, sebitleriň öndüriji güýçleriniň toplumlaýyn ösüşiniň gazanylmagyna we senagatlaşma derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, iri döwrebap kärhanalaryň giň gerimde döredilmegine hem mynasyp goşant goşjakdygyny ynamly aýdyp bolar.  

                                                                                                           

Maýagözel BABAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

04.11.2022
Ata watanyň kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna garamazdan, milli ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň 6,2  göterim derejede ösmeginiň üpjün edilmegi, daşary ykdysady söwda dolanyşygynyň yzygiderli artmagy, ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň durnukly artdyrylyp, netijeli özleşdirilmegi munuň aýdyň şaýadydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-njy oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýratyn belläp geçdi. Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan şeýle ýokary depginde durnukly hem ygtybarly ösüşleriň gazanylmagy bolsa Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň mizemez, berk hem durnukly binýada eýedigine doly şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanýan ähli üstünliklerimiz halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etdi. Muny bolsa geçen döwürleriň, şeýle hem şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça berlen maglumatlardan hem görmek bolýar. Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,5 göterim ýokarlandy. Bu bolsa ýurdumyzyň bazarlarynda halkyň isleg bildirýän harytlarynyň bahalarynyň elýeterli bolup durýandygynyň, ilatyň girdejileriniň bolsa yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Ýurdumyz nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýadyny emele getirýän pudakdyr. Bu pudagy ösdürmek babatda gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Netijede, pudakdaky gazanylan üstünliklerimiz milli ykdysadyýetimiziň maliýe babatda binýadyny berkitmäge, uly möçberde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge şertleri döretdi. Innowasiýalara we kämil tehnologiýalara esaslanýan we ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän ençeme senagat kärhanalaryny gurmaga, bazar gatnaşyklarynyň giň gerim bilen ösýän şertlerinde ilatyň durmuş taýdan goragyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.  

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürmek, toplumyň önümleriniň dünýä bazarlaryna eksport edilişini artdyrmak, esasan hem, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berýän turbageçirijileriň düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçilikleri örän uludyr. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda daşary ýurt maýalaryny çekmek, içerki mümkinçiliklerimizi netijeli ulanmak babatda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň batly depginlerde gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Gaz geçirijiniň taslamasynyň ägirt uly geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti bardyr. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen gazyny Günorta Aziýanyň iri döwletlerine uzak möhlet bilen ibermäge mümkinçilik döreder, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly ýardam eder, şeýle hem tutuş sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ykdysady söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin kuwwatly esas bolar.  

                                                                   

Ýurdumyz örän amatly ýerde, ýagny Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Ýurdumyzda sebitara we halkara ähmiýetli ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa diňe bir milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi üçin uly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň sebitleriniň we yklymlarynyň arasyndaky ykdysady-söwda gatnaşyklarynyň has giň gerim bilen ösmegine uly ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük daşamak kuwwatyny artdyrmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek mümkinçilikleri çäksiz uludyr. Mümkinçilikleriň işjeň ulanylmagy tutuş sebitiň hem yklymyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine uly itergi berer.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mähriban halkymyz eşretli, asuda hem abadan durmuşa eýe boldy, obadyr şäherlerimiz günsaýyn gözelleşip, ata Watanymyzyň at-abraýy Arşa göterildi. Bu ajaýyp üstünliklerimiziň sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Gulgeldi GULGELDIÝEW,

                       

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

03.11.2022
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýanwar — oktýabr aýlarynda geçirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçler üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Baş prokuror S.Mälikgulyýew 2022-nji ýylyň on aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işler, ähli ugurlarda kanunylygyň berk we takyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada habar berildi. 

                                                                   

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän gulluklary tarapyndan amala aşyrylan işleriň netijeleri, hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýurtda jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet ulgamyny ösdürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, şeýle hem işgärleriň netijeli gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew on aýda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurtda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk taýdan düşünjeliligini ýokarlandyrmak, türkmenistanlylara hukuk kömegini bermek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de üstaşyr ýükler bilen birlikde, Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýük akymlarynyň artmagy bilen baglylykda, edaranyň işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew edaranyň işini kämilleşdirmäge, sanly ulgamy we döwrebap usullary ornaşdyrmaga, işgärler bilen üpjünçiligi berkitmäge gönükdirilip, bu düzümi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, iň häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlaryň satyn alynýandygyny, serkerdeleriň, esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlanýandygyny nygtady. Munuň özi Milli goşunymyzyň harby kuwwatynyň, harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygynyň gözden geçirilişi bolup durýan bilelikdäki görkezme-taktiki okuwlaryň barşynda-da ýüze çykýar. Görülýän ähli anyk çäreler Watanymyzyň howpsuzlygyny, onuň mukaddes serhetleriniň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Işgärler bilen üpjünçiligi pugtalandyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik çärelerini guramagyň zerurdygyny aýdyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goranmak ministrine, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hukugy goramagyň hem-de kanunylygy üpjün etmegiň möhüm döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň eýeleýän ornuny belläp, bu edaranyň işgärleriniň üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmelidiklerini, giň dünýägaraýşa we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek başarnygyna eýe bolmalydyklaryny nygtady. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly bu edaranyň işini kämilleşdirmek baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyryp, Baş prokurora anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Türkmenistanda kanunçylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulag serişdeleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň, ähli edaralarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli barlaglary geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Işlemegiň häzirki zaman guramaçylyk görnüşlerini, IIM-niň hemme düzüm bölümlerinde sanly ulgamy ulanmak, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda çykyş edýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy hem-de içeri işler ministrine degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz kazyýet ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça okuw maslahatlaryny guramak zerur diýip, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy edaranyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Syýasy durnuklylyk, halkymyzyň mizemez agzybirligi we jebisligi, parahatçylykly, döredijilikli zähmeti Watanymyzyň düýpli özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe ilerlemeginiň kesgitleýji şerti bolup durýar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugry ýurda häzirki zamanyň ählumumy howplarynyň aralaşmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu düzümiň ýolbaşçysyna ýurdumyzda howpsuzlygy, jemgyýetde abadançylygy, hukuk tertibini üpjün etmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen ýakyn gatnaşyklary saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletimiz bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine hemişe goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz şahsy düzümiň söweşjeň, beden, hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hukuk özgertmeleriniň möhüm ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzyň kanunçylygyny seljermelidigini hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda teklipleri taýýarlamalydygyny nygtady. Kabul edilýän kadalaşdyryjy resminamalar barada ilat arasynda düşündiriş häsiýetli çäreleri talabalaýyk derejede geçirmeli diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi hem-de adalat ministrine anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiligini giňeltmek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Daşary döwletleriň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen oňyn gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýän häzirki döwründe Döwlet migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň möhüm borjunyň döwlet özygtyýarlylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdygyny belledi. Bu ulgamda dünýä tejribesiniň işjeň özleşdirilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, ýerine ýetirilýän migrasiýa hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bitaraplyk hukuk derejesine pugta ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli saklaýandygy bellenildi. Şu ýörelgelere esaslanyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir, şoňa laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby pugtalandyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de uly işleriň amala aşyryljakdygyna, serkerdeleriň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleriň dörediljekdigine aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

 Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.11.2022
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň täze derejesi

Moskwa, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, dostlukly ýurduň paýtagtynda düýn Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy boldy. Onda iki döwletiň ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmäge, ýurtlarymyzyň arasynda zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Gazanylan ylalaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylan we häzirki döwrüň maksatlaryna, wezipelerine laýyk gelýän türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny giňeltmekde şu gezekki saparyň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda gol çekilen Ylalaşyk iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir. 

                                                                   

...Şu gün ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtomobil kerweni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna tarap ugrady. Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy umumy mejlisi açyp, şu gün Federasiýa Geňeşinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň meşhur döwlet syýasy işgäri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň saparda bolýandygyny aýtdy. Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow üç gezek ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanyldy. 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasyna ýolbaşçylyk edýär, öz ýurdunda hem, onuň çäklerinden uzakda hem uly abraýdan peýdalanýar. Milletiň hemaýatkäri, öňbaşçysy diýen manyny özünde jemleýän Arkadag adyna resmi derejede eýe boldy. Arkadagyň parasatly baştutanlygynda beýleki halklar babatda türkmen milletine mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda öz beýanyny tapýar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda biziň kärdeşimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň gatnaşmagynda köpugurly parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça taslamalar örän ýokary derejä çykaryldy diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň, şeýle hem “5+1” täze “Aşgabat görnüşinde” zenanlaryň dialogynyň uly üstünlik bilen geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda-da bu başlangyçlar işjeň durmuşa geçirilýär hem-de täze many-mazmuna eýe bolýar. 

                                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň hakyky dostudyr hem-de rus-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýär we gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Köp sanly ähmiýetli taslamalar Arkadagyň ady bilen baglanyşyklydyr, olaryň durmuşa geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge mümkinçilik berdi diýip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan uly goşandynyň ykrarnamasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan döwlet we jemgyýetçilik işiniň ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedigini aýratyn belläp, Walentina Matwiýenko hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň kanun çykaryjy edarasynyň wekilleri Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny hem-de Federasiýa Geňeşiniň agzalaryny mübärekläp, ilki bilen, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenka Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň belent münberinde çykyş etmäge, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanun çykaryjylyk işi boýunça özara tejribe alyşmaga, halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge döredilen mümkinçilik üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Çykyşyň meselelerine geçmezden ozal, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Walentina Matwiýenko, Federasiýa Geňeşiniň ähli agzalaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda üstünlikli geçen “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlamentara forumynyň dowamynda Russiýanyň wekiliýeti bilen bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýar, rus tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyna ýokary baha berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň ýakyn özara gatnaşyklary iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm we aýrylmaz bölegidir. Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde köp işler durmuşa geçirildi. Durnukly parlamentara dialog ýola goýuldy, hünär gatnaşyklarynyň gurallary işledildi, yzygiderli esasda wekiliýetler alşylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu işi iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm we netijeli bölegi hasaplaýandygyny aýdyp, oňa ýokary baha berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlarynyň derejesinde Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek baradaky teklibini Türkmenistanyň uly hormat bilen goldandygy hem-de ony iki tarapyň hem bähbidine laýyk hasaplaýandygy bellenildi. Türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Biziň parlamentarilerimiziň halkara forumlaryň işine gatnaşmagy syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylmagy üçin amatly hukuk ýagdaýlaryny we şertlerini döretmäge gönükdirilendir, olaryň işi diplomatiýanyň ozaldan gelýän usullaryny baýlaşdyrýar. Parlament diplomatiýasy döwletara gatnaşyklaryň görnüşi bolup, dürli meseleleri syýasy-diplomatik usullar we serişdeler arkaly netijeli çözmäge mümkinçilik berýär. 

Çykyşynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy parlament diplomatiýasynyň halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dünýäde döredilen parlament birleşikleriniň, ilkinji nobatda, olaryň iň irisiniň we abraýlysynyň — Parlamentara Birleşigiň orny ýokarlanýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň wekilleri onuň işine işjeň gatnaşýarlar, häzirki döwrüň ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çykyş edýärler diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi we biziň ýurtlarymyzyň wekiliýetlerine bu düzümde şeýle hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň, halklarymyza taryhy taýdan mahsus binýatlaýyn gymmatlyklara we ýörelgelere laýyklykda, ileri tutulýan ugurlary kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Populizm, gysga wagtlyk syýasy bähbitlere kowalaşmak, oňa köre-körlük bilen eýermek hiç haçan uzak möhletleýin geljekde döwlete-de, jemgyýete-de, peýda getirmändi diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen birlikde, elbetde, biz halkara parlamentarizmiň hem-de kanun çykaryjylygyň, hakykatdan-da, peýdaly tejribelerinden ýüz öwürmeli däldiris, olardan durmuş tarapyndan tassyklanan iň oňadyny almalydyrys diýip belledi. 

                                                                   

Häzirki günde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň görnüşindäki gatnaşyklar uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň pikirimizçe, bu geljegi örän uly ugur diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň wekilleriniň bu meýdançada bilelikdäki başlangyçlary bilen, ilkinji nobatda bolsa, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmak meselelerinde başlangyçlar bilen çykyş etmelidiklerini belledi. 

                                                                   

Sebit we sebitara parlament forumlarynyň çäklerindäki bilelikdäki işimiz netijeli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir görnüşidir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda üstünlikli geçen iki iri çäräniň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, geçirilen maslahatlaşmalara, duşuşyklara we gepleşiklere ähli gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berlendigi nygtaldy. Çärelere Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň işjeň gatnaşygyny aýratyn belleýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz munuň üçin Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini, eksport-import amallarynyň möçberiniň artýandygyny, türkmen we rus kompaniýalarynyň giň möçberli, uzak möhletleýin ykdysady taslamalary amala aşyrýandyklaryny belledi. Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, senagat, söwda, oba hojalygy tagallalary birleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki günde ykdysadyýetiň şu we beýleki ugurlarynda Türkmenistanda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, ýollary we düzümleri gurmaga, dürli pudaklara innowasiýalary, täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Biz hemişe Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, olara täze hil-häsiýetiň berilmegi, bu gatnaşyklaryň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy we şunda esasy ornuň maýa goýum, maliýe, tehnologiýa ugurlaryna degişli bolmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Biziň pikirimizçe, ýokarda agzalan wezipeleriň çözülmegine iki ýurduň parlamentarileri öz goşandyny goşmalydyrlar. Häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän täze kanunlary kabul etmek, bu ugurda milli kanunçylyklarymyzy oýlanyşykly we deňagramly sazlaşdyrmak, ikitaraplaýyn ykdysady ylalaşyklary öz wagtynda tassyklamak, ykdysady taýdan kooperirleşmegiň meselelerine parlament derejesinde özara garamak türkmen-rus ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, biziň ýakyn wagtda garamaly meselelerimiziň diňe bir bölegidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Şunuň bilen baglylykda, parlamentarileriň bu ugurlardaky takyk we sazlaşykly işiniň türkmen hem-de rus taraplarynyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarynyň möhüm bölegi boljakdygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Biziň şu günki duşuşygymyz Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna gysgaça üns çekmäge oňyn mümkinçilik döretdi. Halklarymyzyň gadymy taryhy, medeni kökleriniň we dünýägaraýyşlarynyň umumylygy, parahatçylyk, hoşniýetlilik, adalatlylyk taglymlaryna esaslanýan däp-dessurlary köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýatdyr. Medeniýetiň, sungatyň, ylmyň, bilimiň üsti bilen biz hyzmatdaşlygymyzyň strategiýasyny we mazmunyny baýlaşdyryp bileris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de häzirki pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýratyn bellemek isleýärin diýip, sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdebiň bardygy, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebiniň hereket edýändigi, rus diliniň ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Häzirki wagtda Aşgabatda Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şunuň bilen birlikde, şu belent münberden Russiýanyň çäklerindäki ýadygärliklerde, heýkel kompozisiýalarynda, edaralaryň atlarynda türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbiniň ebedileşdirilendigi üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy belleniler diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. 

                                                                   

Aýdylanlary nazara alyp, hormatly Arkadagymyz medeni-ynsanperwer ulgamda parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiligine garalmagyny maksadalaýyk hasaplaýandygyny, bu gatnaşyklaryň mazmunyny degişli orta möhletleýin toplumlaýyn maksatnamada beýan edip boljakdygyny belledi. Bu resminamany işläp taýýarlamak, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň ugurdaş komitetlerine tabşyrmak teklip edildi. Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentarileriniň öz belent jogapkärçiliklerine düşünýän, hemme işlerini adamlaryň bähbidine gönükdirýän pikirdeşdiklerine ynam bildirdi. 

                                                                   

Parahatçylyk we ösüş, raýatlarymyzyň abadançylygy, adam kuwwatyny doly derejede açmak üçin şertleri döretmek, elbetde, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak biziň umumy maksatlarymyzdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn parlamentara dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga, özara düşünişmäge, kanun çykaryjylyk işi boýunça giňden tejribe alyşmaga ýardam bermäge ähli netijeli pikirleri we başlangyçlary höweslendirmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär, döwletara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenka, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ähli agzalaryna bu döredijilikli işe işjeň gatnaşandyklary we saldamly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtomobil kerweni Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň binasyna tarap ugrady. Esasy girelgäniň öňünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin mähirli garşylaýar. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň arasynda gepleşikler geçirildi. 

                                                                   

Wýaçeslaw Wolodin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp we olary Moskwada görmäge şatdygyny ýene bir gezek belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki resmi saparynyň Döwlet Dumasynyň we Türkmenistanyň parlamentiniň arasynda özara gatnaşyklaryň parlament ugruny açýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Döwlet Dumasynda taryhda ilkinji gezek geçirýän duşuşygy iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Düýn Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen gepleşikleriň hem-de kabul edilen çözgütleriň iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, gatnaşyklaryň täze görnüşlerinden peýdalanmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açar hem-de Russiýanyň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, Wýaçeslaw Wolodin hormatly Arkadagymyzyň döwletara strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandyny belledi. 

                                                                   

 Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna söz berilýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini hem-de wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanun çykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga oňat esas bolýan mümkinçilige şatdygyny belledi. Federasiýa Geňeşinde düýn geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýeti, Federasiýa Geňeşiniň we Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Bu baradaky gürrüňiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we RF-niň howandarlygynda şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» birinji Parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, kanun çykaryjylyk meselelerinde köp sanly çözgütleriň kabul edilmegi şu günki döwrüň talabydyr, munuň özi hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleri açýar. Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de taraplaryň her biriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, dürli ugurlarda bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi. Şunda halklarymyzyň bähbidine bilelikdäki uly işleriň öňde durýandygy bellenildi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ylym-bilim ulgamyny döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleri tamamlanylýança rus diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy. Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji oktýabrynda geçirilen sammitinde 2023-nji ýylyň GDA ýurtlarynda milletara gepleşik dili hökmünde “Rus diliniň ýyly” diýlip yglan edilendigini ýatladýarys. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň çözgütlerine laýyklykda, geljek ýyl Türkmenistanda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny belledi. 

                                                                   

Sport ulgamy türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin häzirki zaman düzümlerini öz içine alýan uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Mundan başga-da, ýaşlar syýasaty we gender deňligi ulgamyndaky mümkinçiliklere üns çekildi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy meseleler barada aýdyp, Türkmenistanyň Bitarap döwletdigini, onuň bu babatdaky hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek, 1995-nji ýylda hem-de 2015-nji ýylda ykrar edilendigini we saýlap alan ýoluna berk eýerýändigini nygtady. Biziň ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýanyň ilkinjileriň hatarynda Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdini goldandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz munuň üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki duşuşygyň jemleriniň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluga, özara düşünişmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki netijeli işi dowam etdirmäge pugta ygrarlydygyny tassyklady we Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Taraplaryň pikirine görä, hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidir. 

                                                                   

Türkmenistanyň wekiliýetiniň sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garamak üçin geçiriljek Hazarýaka döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi boýunça taraplaryň garaýyşlary beýan edildi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin hoşlaşanlarynda, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine dostluk, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga iki tarapyň hem ygrarlydygyny tassykladylar. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär.

03.11.2022
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Aşgabat — Moskwa, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam etmelidir. 

                                                                   

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmaga hem uly ähmiýet berýär. Parlament diplomatiýasy bolsa döwletara, sebit we ählumumy derejede örän wajypdyr.  

                                                                   

Wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. 

                                                                   

Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we beýleki resmi adamlar garşyladylar. 

                                                                   

Ýurtlarymyzyň arasynda parlamentleriň derejesindäki gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli ösdürilýär. Şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berdi. Şol forumy geçirmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Bu möhüm duşuşygyň gün tertibine şu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi, onuň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri kesgitlenildi. Hut şonda parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň esasy goýuldy. Ony “Aşgabat görnüşi” diýip atlandyrmak teklip edildi. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Russiýa halkara ugurdaş guramalaryň meýdançalarynda, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Birleşiginiň we Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýärler. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşine tarap ugrady. Binanyň eýwanynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Walentina Matwiýenko mähirli mübärekledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy russiýaly kärdeşine gül dessesini gowşurdy. 

                                                                   

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. 

                                                                   

 Bu ýerde — binanyň eýwanynda türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan surat sergisi guraldy. 

                                                                   

Soňra Kabul edişlikler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Russiýa resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde çykyş etmäge razylyk berendigi üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Şeýle-de Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejede guralan Parlamentara forumyny geçirmek, sözüň doly manysynda, parlament gatnaşyklarynyň täze görnüşini — “Aşgabat görnüşini” döretmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn belledi. Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Aşgabatda geçirilen duşuşygy hem-de mähirli kabul edilendigini kanagatlanma duýgusy bilen ýatlaýar. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmeginiň göz öňünde tutulmagy bu ulgamda özara gatnaşyklaryň täze hil derejesini, täze tapgyryny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu günki duşuşyk türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmek babatda pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynyň özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan syýasy dialogyň örän durnuklylygy bilen tapawutlanýandygyny nygtady. Bu babatda, gürrüňsiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hyzmaty örän uludyr. Ol Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berýär. Munuň özi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. 

Russiýanyň Prezidentiniň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi bu bahasyna ýetip bolmajak goşandyň ykrarnamasydyr. Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň ozal belleýşi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň öňünde hem, Russiýanyň öňünde hem ägirt uly hyzmatlardyr diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy we Gahryman Arkadagymyzy Moskwada görýändigine örän şatdygyny ýene-de bir gezek nygtady. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Moskwa gelmek baradaky çakylygy, hoşniýetlilik we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň wekiliýetiniň şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde guralan duşuşygy mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belledi. Şonda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň barşy barada giňişleýin gürrüň edildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şeýle hem Walentina Matwiýenko Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli iberen gutlag haty üçin minnetdarlyk bildirdi. Russiýanyň Prezidentiniň bu çözgüdi däp bolan türkmen-rus dostlugynyň aýdyň nyşanyna, häzirki döwürde giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň ykrarnamasyna öwrüldi. 

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, parlamentara gatnaşyklar strategik türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine, çuňňur taryhy, medeni we ynsanperwer aragatnaşyklary bilen birleşen halklarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Iki ýurduň kanun çykaryjylarynyň gatnaşyklary, olaryň hünär derejesindäki we şahsy duşuşyklary yzygiderli häsiýete eýe bolup, döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär, biziň parlamentarilerimiziň möhüm halkara meseleler boýunça berk garaýyşlarynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz rus tarapynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara topary döretmek baradaky teklibini goldaýandygyny aýtdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyna laýyk gelýän bu başlangyjyň örän derwaýysdygyny nygtady. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň bu babatda zerur bolan çözgütleri kabul edendigini aýdyp, toparyň agzalaryna üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw etdi hem-de bu işe hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini tassyklady.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň formatynyň dürli wezipeleriň köpüsiniň çözülmegini göz öňünde tutýandygyny belläp, olaryň esasylary barada durup geçdi we parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guraly hökmünde parlament diplomatiýasynyň ähmiýetini nygtady. 

                                                                   

Dünýädäki ýagdaýyň çylşyrymlaşýan döwründe halkara hukugyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda, hukugyň inkär edilmegine, esasy halkara institutlaryň wezipeleriniň hem-de ygtyýarlyklarynyň ähmiýetiniň peseldilmegine garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek talap edilýär. Parlament diplomatiýasy häzirki döwürde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guralyna öwrülmelidir. Onuň esasy maksady, many-mazmuny we wezipesi şundan ybaratdyr. Biziň işimiz hut şeýle görnüşde örän wajypdyr diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu babatda taraplaryň işjeň, batyrgaý işlemelidigini, dünýädäki gapma-garşylyklary aradan aýyrmaga we olaryň öňüni almaga, garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň ýollaryny gözlemäge gönükdirilen täze pikirleri hem-de çemeleşmeleri teklip etmelidigini belledi. 

 Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzdaky içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi. Ekstremizmiň we radikalizmiň ýüze çykmagyna, döwlet gurluşynyň bozulmagyna, kemsidilmegine synanyşyklara, jemgyýetçilik aňyna ýalan gymmatlyklaryň, pikirleriň ornaşdyrylmagyna garşy berk kanunçylyk böwetlerini goýmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar köpçüligine ýüzlenmek, sagdyn, döredijilikli pikirleri kemala getirmäge gönükdirilen düýpli düşündiriş işlerini geçirmek, ýetginjeklerde hem-de gyzlarda watançylyk, Watany söýmek, öz ýurduňa dahyllydygyňa buýsanmak duýgularyny terbiýelemek wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlaryň özara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmegi we netijeli ulanmagy, parlamentara gatnaşyklaryň bu ugrunyň uzak möhletli, yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegi teklip etdi. 

                                                                   

Munuň özi zenan parlamentarileriň işine, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek işinde olaryň uly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, gatnaşyklaryň hoşniýetli bolmagyny gazanmaga, şu dünýäde ýaşamaly geljekki nesiller barada alada etmäge hem degişlidir. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde biziň parlamentarilerimize uly we jogapkärli işler garaşýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we azyk howpsuzlygy, ekologiýa, elýeterli lukmançylyk, bilim ýaly ugurlaryň olaryň hemişe üns merkezinde bolmaly wezipeleriň diňe bir bölegidigini nygtady. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklary asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýarlar, bizi şahsy, maşgala, hünär aragatnaşyklarynyň giň gerimi baglanyşdyrýar. Biz bilelikde agyr synaglardan geçdik, bilelikde ajaýyp ýeňişleri we üstünlikleri gazandyk, halklarymyzyň her biriniň dürlüdigine, özboluşlydygyna garamazdan, olary pugta medeni gatnaşyklar, binýatlaýyn gymmatlyklar, ahlak ýörelgeleri we däp-dessurlar, döredijilik, Watana, mähriban ojaga bolan çäksiz söýgi, maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi, beýleki halklara hormat-sarpa goýmak, adalatlylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ýaly duýgular birleşdirýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu gymmatlyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, düşnükli, ygtybarly kanunçylyk esaslaryny döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şol kanunçylyk esaslary biziň garaýyşlarymyza, döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň nusgasyny erkin seçip almagymyza laýyklykda, öňe gitmegimiz üçin ygtybarly syýasy we ruhy esasy üpjün eder. Şunda medeniýet we bilim möhüm, belki-de, aýgytlaýjy şert bolup durýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin parlament gurallaryny işjeň ulanmaga, has ysnyşykly medeni gatnaşyklar, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, taslamalaryny döretmek, Türkmenistanyň we Russiýanyň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin şertleri kemala getirmäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň buýsanmaga hem-de birek-birege teklip etmäge zatlarymyzyň bardygyna ynam bildirildi. 

 Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigini nygtady, köp babatda onuň tagallalary netijesinde, türkmen-rus hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Russiýa bilen doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy çuň manyly çykyşy hem-de parlamentara gatnaşyklaryň geljegi barada aýdanlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, olary doly goldaýandygyny belledi hem-de iki ýurduň parlamentarileriniň asylly däpleriň, Russiýany we Türkmenistany baglanyşdyrýan strategik hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi üçin jogapkärdiklerini belledi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan asylly däpleri, şol sanda ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklary geçirmek däbini häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow üstünlikli dowam etdirýär. Munuň özi, gürrüňsiz, döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Walentina Matwiýenko “5+1” täze “Aşgabat görnüşindäki” Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy bilen bagly meselä gaýdyp gelip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu giň gerimli başlangyçlarynyň sebitiň ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Liderleri tarapyndan doly goldanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan Parlamentara forumyň Astanada üstünlikli geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” birinji sammitini guramak üçin esas bolandygy nygtaldy. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary anyklaşdyryldy. 

                                                                   

Şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy ýadygärlik sowgatlary alyşdylar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko türkmen zenanlarynyň däp bolan şaý-sepleriniň biri — tumary sowgat berdi. Bezegden başga-da, tumar gözden-dilden goramak wezipesini hem ýerine ýetirýär. Ol tumary dakynanlara rowaçlyk getirýär. Şaý-sepleriň bu görnüşi türkmen zergärleri tarapyndan altyn çaýylan kümüşden taýýarlanylýar hem-de hakyk we pöwrize daşy bilen bezelýär. 

 Zenanlaryň milli şaý-sepleriniň umumy toplumynyň aýrylmaz bölegi bolan tumar nagyşlarynyň sazlaşygy, bezegleriniň inçeligi bilen tapawutlanýar. Sünnälenip ýasalan bu bezegler çagalar üçin hem niýetlenendir. Şeýlelikde, tumarlar öz eýelerine tutuş ömrüniň dowamynda hyzmat edipdir. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky bu şaý-sepe — tumara aýawly garapdyr. Bu asylly däbiň nesilden-nesle geçirilip gelinmegi bilen, gadymy tumarlaryň örän täsin, deňi-taýy bolmadyk nusgalary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Häzirki wagtda olary ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatlyklarynyň arasynda görmek bolýar. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza şekillendiriş sungaty eserini — Russiýada güýz paslyny, ýylyň şu döwründe rus tebigatynyň özgerişini alamatlandyrýan täsin suraty sowgat berdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama Gahryman Arkadagymyz we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy gol çekdiler. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Federasiýa Geňeşinde ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekleýändiginiň uly kanagatlanma döredýändigini nygtap, bu duşuşygyň şu ýylyň dowamynda olaryň ikinji duşuşygydygyny belledi. Birinji duşuşyk maý aýynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirildi. Şol ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Möhüm syýasy waka öwrülen bu forum diňe bir biziň ýurtlarymyzda däl, eýsem, bütin dünýäde uly seslenme döretdi. 

                                                                   

Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, hakykatdan-da, golaýda döredilen bu format ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän sebitleýin parlamentara gurama hökmünde özüniň ähmiýetini aýdyň görkezdi. Munuň özi Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde, halkara giňişlikde abraýynyň we täsiriniň barha artýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagyň Russiýa şu sapary iki döwlet üçin hem ähmiýetli wakadyr. Şu günki duşuşyk däp bolşy ýaly, mähirlilik, dostluk, şol bir wagtyň özünde, işjeň ýagdaýda geçdi. Onuň esasy netijesi iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatynda, umuman, halkara meýdançalarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunyň dowam etdirilmeginden we çuňlaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy şular barada aýdyp, bu ugry işläp taýýarlamaga hem-de iş ýüzünde amala aşyrmaga Prezident Wladimir Putiniň hem-de hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýgytlaýjy goşandyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz milli Lider hökmünde ykrar edilip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistana baştutanlyk etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýär. Munuň özi ýurtlarymyzyň halklarynyň jana-jan bähbitlerine, olaryň abadançylygyna laýyk gelýär. Munuň özi düýpli garaýyşdyr. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Gahryman Arkadagymyzy “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi onuň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandynyň ykrarnamasydyr. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna rus diline we tutuşlygyna rus medeniýetine berýän uly ünsi, Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjy üçin hem tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda, GDA-nyň çägindäki Rus diliniň ýylynda biziň eýýäm bu ýokary okuw mekdebiniň binýadyny tutup biljekdigimizi aýtdy. 

                                                                   

Şeýle hem şu gün ýene-de bir gezek taraplaryň täze “Aşgabat görnüşiniň” hemişelik hereket edýän Sekretariatyny döretmäge gyzyklanma bildirýändikleri habar berildi. 

                                                                   

Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýar. Bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bu gatnaşyklara durnuklylyk, döwlet Baştutanlarynyň dialogynyň özara ynanyşmak ýagdaýy, ykdysady, ylmy-tehniki, medeni, beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we çuňlaşdyrylmagy häsiýetlidir. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu saparynyň diňe bir parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parlamentleriň ornunyň ýokarlandyrylmagyna däl, eýsem, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa gelmäge çakylygy üçin Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirip we geçirilen gepleşikleriň jemlerini teswirläp, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň adyna türkmen tarapynyň dünýä giňişligindäki halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Russiýanyň ýurdumyzyň başyny başlan köp sanly Kararnamalarynyň awtordaşy bolup durýandygy bellenildi. Şundan ugur almak bilen, biz ekologiýa, azyk maksatnamasy, aýratyn-da, СOVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürdäki maksatnama, umumy elýeterli lukmançylyk we beýleki wezipeler bilen baglanyşykly ählumumy meseleleri öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlaryny bilelikde durmuşa geçirýäris. 

                                                                   

Ozal bellenilişi ýaly, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Şol ýerde netijeli duşuşyklar, pikir alyşmalar guraldy, täze wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de wekiliýetleri alyşmak barada ylalaşyk gazanyldy. Şu günki duşuşyk bu ylalaşygyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Mundan başga-da, şu günki gepleşikleriň barşynda parlamentara diplomatiýa ýaşlar köpçüligini işjeň çekmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem parlament işinde, geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň möhüm orny barada aýdyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy biziň ýurtlarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak ýörelgeleriniň we däpleriniň jebisleşdirýändigini nygtady. Şundan ugur almak bilen, olary pugtalandyrmak boýunça mundan beýläk-de maksadalaýyk işleri dowam etdirmek zerurdyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şu gün taryhy resminama — Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen paýtagtynda ştab-kwartirasy ýerleşýän “Aşgabat görnüşiniň” Sekretariatyny döretmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz aýdylanlary jemläp, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen şu günki duşuşygyň çuň manyly, netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna bilelikde işlemek üçin döredilen amatly şertler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Walentina Matwiýenko hem-de russiýaly kärdeşlerine işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, bagt, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

Metbugat wekillerine ýüzlenme tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy binanyň eýwanyna bardylar we şol ýerde «Domisolka» çagalar aýdym-saz teatrynyň ýaş artistleriniň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Bu döredijilik topary Russiýada we onuň çäklerinden alyslarda giňden meşhurdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Russiýanyň ýaş artistlerine sowgatlar gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyz we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy çagalara ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, olar bilen ýadygärlik surata düşdüler. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ösüp gelýän nesle aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Olar üçin zehinlerini we ukyplaryny ýüze çykarmak, döredijilik bilen meşgullanmak babatda ähli şertler döredildi. Aýdym-sazda, sungatyň beýleki görnüşlerinde ussatlygyny görkezýän ýaş ildeşlerimiz milli hem-de halkara bäsleşiklerde, festiwallarda üstünlikli çykyş edýärler. Bularyň ählisi ýaşlar syýasaty, döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek ugry boýunça hem türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär.

02.11.2022
Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň we bütin adamzadyň bähbidine

Ata Watanymyzyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde goýlan harby tehnikalary, harby söweşjeň uçarlary, dikuçarlary we goşun bölümlerinde üpjünçilik maksady bilen ulanylýan dürli görnüşdäki harby uçarlary, täze gelip gowşan häzirki zaman harby uçarlaryny synlap, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylaryň we söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigi nygtaldy. 

                                                                   

Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak we harby gullukçylaryň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, bilelikdäki harby okuw- meýdan türgenleşigini geçirmek üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň şahsy düzümi söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirildi. Bu türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary, ot açyş urgulary hem-de goşunlaryň taktiki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite ekranlarda görkezildi. 

                                                                   

Harby okuw-meýdan türgenleşiginde ilkinji gezek «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam gatnaşdyryldy. Ol radiolokasiýa bekedini aňladýan nyşanany 5 müň metr beýiklikden we 8 müň metr uzaklykdan takyklyk bilen ýok edýär. Harby okuw-meýdan türgenleşiginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary kämil söweşjeň ýaraglara erk etmekde hem-de Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde ussatlyk görkezdiler. 

                                                                   

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryndaky asmana atyjy raketa toplumynyň häzirki zaman görnüşleriniň biriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Ol güýçli elektron päsgelçilik şertlerinde toparlaýyn hüjümleriň garşysyna uçarmansyz uçarlary, reaktiw uçarlary, dikuçarlary, howa-ýer we ganatly raketalary, takyk dolandyrylýan bombalary ýok etmek üçin niýetlenendir. Harby-howa güýçleriniň söweşjeň uçarlary we dikuçarlary howa söweşini alyp barmagyň taktikasyny görkezdiler. Şu türgenleşige ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna ýakynda gelip gowşan uçarlar hem gatnaşdyryldy. Olaryň ilkinji nobatdaky wezipesi nyşanalary kesgitlemek boýunça howa giňişliginde aňtaw uçuşlaryny alyp barmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň howa, deňiz we guryýer serhetleriniň ygtybarly goragyny howa hüjüminden goranyş goşunlary üpjün edýärler. Harby okuw-meýdan türgenleşigini ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby-deňiz güýçleriniň söweşjeň gämileri dowam etdi. Olar Hazar deňzinde parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly goraýarlar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň söweşjeň taýýarlygyna hem-de ussatlygyna ýokary baha berip, harby okuw-meýdan türgenleşiginiň guralyşynyň ýokary derejesini belledi. 

                                                                   

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna garaldy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, pudagy döwrebaplaşdyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň degişli derejede we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegine, pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Şalynyň, gant şugundyrynyň bol hasylyny ýygnap almak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine taýýarlyk görmek babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyklary gözegçilikde saklamagyň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de diplomat ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamda mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňzi sebitleriniň mümkinçiligini ulanmak arkaly multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Energetika pudagy hem Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, obasenagat toplumynyň we dokma pudagynyň toplumlaýyn hem-de utgaşykly bilelikdäki işi, ulag ulgamynda dünýäniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

Şeýle-de noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralar barada habar berildi. Hojalyk hasaplaşygyndaky Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklip beýan edildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 23 — 27-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Seul we Pusan şäherlerine gulluk iş saparyny amala aşyrdy. Pusandaky forumyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda türkmen tarapyndan netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, ykdysadyýet we dürli pudaklarda, hususan-da, telekommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Forumyň dowamynda saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar, syýahatçylyk, energetika we daşky gurşawy goramak, ykdysady howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ministrler derejesindäki mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2023-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle-de 2023-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna Türkmenistan tarapyndan başlyklyk edilmegi we indiki 16-njy mejlisiň Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi. 

                                                                   

Forumyň çäklerinde 26-njy oktýabrda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ykdysadyýetiň esasy ugurlary boýunça netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary kesgitlenildi. Öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň we assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Seulda we Pusanda Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, parlamentleriň, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meselesine garaldy. 

                                                                   

Uly kuwwata eýe bolan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi nygtaldy. Ýurdumyz Koreýa Respublikasyny hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýar. 

                                                                   

Mejlisde hormatly Prezidentimiz “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň arasynda fosforit ununy satyn almak barada şertnamany baglaşmak hakynda hem-de Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň “Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça ylalaşygy baglaşmak hakynda Kararlara gol çekdi. 

                                                                   

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap merkeziň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy. Aýdyn Türkgüjü Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi göz öňünde tutulan “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary, wezipeleri barada maglumat berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren iş maslahatynda bu çärä taýýarlyk görmek meseleleri, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Arkadagymyz merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalary, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we ekologik kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän bu forumy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär. 

                                                                   

Okuw sapagynyň geçirilen ýeriniň täze gurulýan edara ediş merkeziniň golaýynda saýlanyp alynmagy tötänden däldir we munuň özi onuň mazmuny bilen kesgitlenendir. Türkmen topragynyň ekerançylygyň işjeň ösýän bu ajaýyp künjeginiň tebigatynyň özboluşlylygy sebitiň ekologik abadançylygynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Okuw sapagy tamamlanandan soňra, diňleýjilere — hünärmenlere alan nazary bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň “gara kişmiş” görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. 

                                                                   

29-njy oktýabrda Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan meselelere bagyşlanan mejlis geçirdi. 

                                                                   

 Mejlise Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary, birnäçe düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, şu ýyl hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallary işlenip taýýarlanyldy. Paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Parlamentara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýady döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda hemişelik esasda hereket edýän meýdança hökmünde forumyň Sekretariatyny döretmek baradaky ylalaşygyň gazanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda halkara tejribäni öwrenmek milli parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlarydyr. Türkmenistan iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar hem gatnaşdylar. 

                                                                   

Halkara assosiasiýanyň agzalary alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak hem-de sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar. Dürli bilelikdäki çäreleri guramagyň, alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny wagyz etmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly kärdeşler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de giňeltmek assosiasiýanyň esasy wezipeleriniň biridir. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tapawutlanan raýatlara “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly at dakyldy. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. 

                                                                   

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Eminler toparynyň çözgüdi esasynda, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. 

                                                                   

Geçen hepdede Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Hepdelik “Bitewülik köpdürlülikde” şygary bilen geçirildi. 

                                                                   

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş eden Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Renata Wrubel, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bu çäräniň parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeni-bilim gymmatlyklaryny alyşmakdaky we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki ähmiýetini nygtadylar. 

                                                                   

Döredijilik çäresiniň maksatnamasyna konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary, Ýewropa ýurtlarynyň aşhanasynyň tagamlarynyň festiwaly girizildi. 

                                                                   

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» ady bilen geçirilen halkara maslahat we sergi bar. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy. 

                                                                   

Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri forumyň maslahatlaşmalaryna sanly ulgam arkaly goşuldylar. Forum ýüzlerçe adamy, şol sanda 45-e golaý ýurtdan wekilleri bir ýere jemledi. Ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we ýurt derejesinde senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan tanyşdyrmalar boldy. 

                                                                   

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 40-dan gowragy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 10-dan gowragy, hususan-da, Azerbaýjan Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Ýaponiýadan we beýlekilerden wekiller diwarlyklaryny görkezdiler. 

                                                                   

Halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işlerini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy. Dünýäniň gaz senagatynyň parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işleri, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşyň ähli ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň yzygiderli, üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

02.11.2022
Il bähbitli tutumlar

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Şeýle aladalar, döredilýän şertler telekeçileri netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşarky bazarlarda-da barha giň orun almagy bellärliklidir. 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçilik bilen meşgullanýanlary goldamak üçin amatly şertleri üpjün edýän resminamalaryň kabul edilmegi, yzygiderli ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi telekeçileriň has öndürijilikli işlemeklerine ýardam edýär. Özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara bolsa, telekeçiler öndürijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler. 

                                                                                                           

Toýmämmet HAJYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.

02.11.2022
Ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady

Eziz Diýarymyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysadyýetiniň özboluşly türkmen nusgasyny döretmek bilen, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyryp gelýär. Şol ýyllarda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzdan ugur alnyp döredilen döwlet nyşanlarymyz bilen birlikde, täze türkmen milli manady hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny aňlatmak bilen, ol ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini gazanmak, onuň goraglylygyny üpjün etmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy geçirilip, milli puluň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bu bolsa onuň hümmetiniň ýokarlanmagyna getirdi.  

                                                                   

Milli puluň hümmetini artdyrmak onuň satyn alyp bilijilik ukybynyň gowulanmagyna, halkyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Milli pul birligimiziň durnukly hereket etmegi köp babatda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligine, onuň müşderilerine hödürleýän amallarynyň we hyzmatlarynyň görnüşlerine, hiline, şonuň ýaly hem töleg-hasaplaşyk işiniň ýola goýluşyna we oňa yzygiderli gözegçilige baglydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleriniň we halkara maliýe-karz guramalarynyň baý tejribesini öwrenmek arkaly degişlilikde ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrmak hem-de bank hünärmenleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy ýaly guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çägi has-da giňeldildi. 

                                                                   

Türkmen manady milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmekde we bank ulgamynyň işini pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan halkara tejribäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary barha ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Halkbank terminal», «QR-kod», elektron söwda ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Şeýle görnüşli sanly bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ähli amatlyklary döredýär. Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Döwran GULLYÝEW,

                       

Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň pasportçysy, hukukçy.

01.11.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we pagta hasylyny daşaýan tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işiniň üpjün edilýändigi bellenildi. Bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar, netijede, meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda ekilen güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almak, ilatymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işleriň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy we bu işde welaýatyň käbir etraplarynda depginiň pesdigine ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişi baradaky meselä geçip, ekişiň agrotehniki möhletlerde tamamlanmalydygyny hem-de onda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň meseleleri barada aýdyp, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini belläp, häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, ýakynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi. Häzirki wagtda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygymda kombaýnlaryň, hasyl daşaýan tehnikalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmadan, gök-bakja ekinlerden bol hasyl almak, bu önümler bilen ýurdumyzyň “ak bazarlaryny” doly üpjün etmek boýunça işler, gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň şu günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy hem-de pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça öňde durýan işlere ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmalydygyny, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin zerur işleriň öz wagtynda we degişli derejede geçirilmelidigini, ýeralma, gök-bakja, beýleki ekinler, gant şugundyry ekilen meýdanlarda bol hasyl almak ugrunda tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilýän işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmegi, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmegi häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, şunda kombaýnlaryň, hasyl daşaýan tehnikalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak ugrunda zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, ekişde ulanylýan tehnikalaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň talabalaýyk işini üpjün etmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek, ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýerine ýetirilýän işler, ýakynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işleri talabalaýyk guramak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat pudagynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigine, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, welaýatyň käbir etraplarynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini belledi hem-de ýygymyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýetişdirilen gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şaly hasylynyň ýitgisiz ýygnalmalydygyny aýtdy we bu ugurda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häkim pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak we kadaly gögeriş almak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap almak ugrunda degişli işler geçirilýär. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň meýdanlarynda güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, ilatymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça talabalaýyk işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hil derejesinde, agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini bellenilen möhletlerde geçirmegiň we hasyly ýitgisiz ýygnap almagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu işde welaýatyň käbir etraplarynyň yza galýandygyny belledi hem-de ýygymyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, welaýatyň meýdanlarynda ekilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle hem welaýatda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamak, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýatda ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň sazlaşykly işi üpjün edilýär, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalary, ekiş enjamlary doly güýjünde işledilýär. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleri talabalaýyk geçirilip, kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, ýetişdirilen hasyly ýygnamak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işleri talabalaýyk guramak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de welaýatyň käbir etraplarynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýdyp, ýygymyň depginini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir, ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalar görülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli peýdalanylmalydygyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda, bellenilen möhletlerde geçirilmelidigini aýdyp, häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda ekiljek bag nahallaryny, olaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle-de wise-premýer bugdaý ekişi bilen bir hatarda, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edýär, Mary welaýatynyň meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki eýeleýän möhüm ornuny belledi we möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk, öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň işleri talabalaýyk, başarnykly ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly seljerme işleriniň geçirilmelidigini tabşyrdy we welaýatlaryň häkimleriniň daýhan birleşiklerinde geçirilen seljerme işleri boýunça hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

01.11.2022
Türkmen-pakistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. 

                                                                   

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi köp babatda gadymy döwürlerden bäri dostlukly halklarymyzy birleşdirýän taryhy we medeni umumylyk bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak häzirki wagtda öňde durýan örän möhüm wezipeleriň biridir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şol bir wagtda ýurtlaryň ikisi-de sebitde amala aşyrylýan iri energetika hem-de kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny görkezmek bolar. Umumy pikire görä, bu uly möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady, düzümleýin ösüşine täze itergi berip, parahatçylygyň, durnuklylygyň baş şertini emele getirer. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly kanunçylyk ulgamynda tejribe alşylmagyna, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň üstüni ýetirjekdigine pugta ynam bildirildi. 

                                                                   

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani birek-birege berk jan saglyk, bagt we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş arzuw etdiler.

01.11.2022
Bitarap Türkmenistanyň parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň wezipelerine garaldy

Aşgabat, 29-njy oktýabr (TDH). Şu gün Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan meselelere bagyşlanan mejlisi geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary, birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejede abraýynyň barha artýandygyny belläp, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Bu günki gün iň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan döwletimize sebitiň we dünýäniň ýurtlary uly gyzyklanma bildirýärler. 

                                                                   

Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe halkara gatnaşyklarda parlament diplomatiýasy möhüm orna eýe bolýar. Bu iş halkara ýagdaýlary sagdynlaşdyrmaga, netijeli täsir etmäge, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin şertleri döretmäge, halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam etmäge, dürli milletli we syýasy garaýyşly adamlaryň arasynda deňhukukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny ýola goýmaga, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň köprülerini gurmaga gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygyny, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy ýörelgelerimiziň hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyzyň netijesinde, Türkmenistanyň parahatçylygyň, döredijiligiň we dostlugyň merkezine öwrülendigini belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ilkinji Parlamentara forumynyň ýokary derejede geçirilendigini aýtdy. Bu forum döwletleriň arasyndaky strategik gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlamentiň mynasyp ornunyň bardygyny subut etdi. 

                                                                   

Täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamakda möhüm gural bolup durýar. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. 

                                                                   

Ilki bilen, bu gezekki mejlise çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen diplomatiýasy degişli ugurlar boýunça depginli ösüşe eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary daşary döwletlere yzygiderli saparlary amala aşyrýarlar, sebit, halkara derejede geçirilýän forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň çäklerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýärler. 

                                                                   

Türkmenistan halkara parlament guramalary, şol sanda Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şu ýyl hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň işlenip taýýarlanandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şunda parlamentara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadynyň döredilendigi bellenildi. Aşgabatda hemişelik esasda hereket edýän meýdança hökmünde forumyň Sekretariatyny döretmek baradaky ylalaşygyň gazanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde goňşy döwletleriň wekilçilikli edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge uly üns berilýär. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi. 

                                                                   

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini nygtamaly. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzdan 30 müňe golaý talyp bilim alýar. Türkmenistanyň we Russiýanyň ylmy edaralarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy we olar häzirki wagtda netijeli ösdürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň subutnamalarydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasaty esasynda Türkmenistan halkara derejedäki duşuşyklaryň, forumlaryň we dürli maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegini, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dünýä derejesinde eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär. Türkmenistan iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy okgunly ösdürýär. Daşary syýasat edaralarynyň arasynda daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär hem-de bu ugurdaky işler mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriler. 

                                                                   

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, dünýäniň beýleki sebitlerindäki döwletler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda degişli işleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny belledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň parlament ulgamynyň işiniň sebit we halkara derejede has-da ösdürilmeginiň, parlament diplomatiýasynyň häzirki zaman şertlerinde eýeleýän ornunyň ýokarlanýandygyny nazara alyp, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň dünýä döwletleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň derejesinde giň goldawa eýe bolýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Häzirki döwürde ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, ýurdumyzda, şol sanda halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde işleri alyp barmak üçin has amatly hukuk şertleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Halkara hyzmatdaşlygy, aýratyn-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň parlamentleriniň 46-sy bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň döwrebap derejede ösdürilýändigi, bu işleriň bolsa döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagy hemmetaraplaýyn ilerletmäge ýardam berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümleriň hünärmenleri bilen bilelikde zerur işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, dürli derejedäki duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Mejlisiň deputatlary degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bilen bilelikde, Mejlisiň deputatlary jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşýarlar, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar, ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, aýratyn-da, Döwlet Maslahatynyň we onda kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin düşündiriş işlerini geçirýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtap, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy olaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigini belledi. 

                                                                   

Milli parlamentiň agzalarynyň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň wajypdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýurdumyzyň syýasy ulgamyny gowulandyrmakda, ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini nygtady. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlygy M.Bäşimowa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyp, onuň ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilmegini şertlendirýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde milli parlamentiň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykdy. Şunda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk işini döwrebap derejede kämilleşdirmek we parlament ulgamynda ösen halkara tejribäni öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň taryhynda nusgalyk tejribe toplandy. Hormatly Arkadagymyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy ýola goýulýan deňhukukly gatnaşyklarda parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan, ählumumy bähbidi bolan başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylykly ösüşini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny esasy ugur edinýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki döwürde barha ösdürilýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin we netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda döwlet derejesinde zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady. Şunda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen taslamalaryň, maksatnamalaryň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyz oňyn tejribe toplady. 

                                                                   

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda, parlament diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we usullaryny ösdürmäge, dostlukly ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürmegiň, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň ugurlaryny artdyrmak, olary netijeli ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. 

                                                                   

Mejlisiň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

31.10.2022
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ikinji mejlisi

Aşgabat, 29-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. 

                                                                   

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda alabaý itleri ösdürilip ýetişdirilipdir we häzirki wagtda-da olar öz aýratynlyklary bilen umumadamzat mirasyna öwrüldiler. Olar tutuş dünýäde meşhur bolup, itleriň iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Alabaýlar hem ahalteke bedewleridir nepis halylar ýaly halkymyzyň buýsanjy we şöhratly milli gymmatlygydyr. Alabaý itleri batyrgaýlygy, edermenligi, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýar, bu häsiýetleri üçin olara bütin dünýäde uly baha berilýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen alabaýy” atly eserinde: “Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli baýlygymyz bolan türkmen alabaýlaryny bütin dünýäde wagyz etmäge, olary gorap saklamaga hem-de köpeltmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Itleriň bu görnüşiniň taryhyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli şertler döredilýär. Alabaýlary köpeltmek, olara tälim bermek bilen meşgullanýan türkmen we daşary ýurt hünärmenleriň tagallalaryny birleşdirmek üçin Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Gysga wagtyň dowamynda bu abraýly guramanyň agzalarynyň sany ep-esli artdy, oňa daşary ýurtly itşynaslar hem goşuldylar. 

                                                                   

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny saklamak we ösdürmek, alabaýlaryň sanyny artdyrmak, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmak, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmek, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” bäsleşigi, sergiler we maslahatlar guralýar. 

                                                                   

Diýarymyzyň itşynaslary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, öz nobatynda, itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri bolan türkmen alabaýlaryny dünýäniň beýleki döwletlerinde-de ösdürip ýetişdirmäge täze itergi berer. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnaly esaslandyryldy. 

                                                                   

Halkara assosiasiýanyň agzalary sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar. Dürli bilelikdäki çäreleri, şol sanda usulyýet maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri, okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, “tegelek stol” maslahatlaryny guramagyň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň bu ajaýyp itleriň geljekki nesiller üçin genofondyny gorap saklamak hem-de arassa ganly görnüşleriniň sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, dünýäde alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, olaryň eýesine wepadarlyk häsiýetlerini giňden wagyz etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly kärdeşler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de giňeltmek assosiasiýanyň esasy wezipeleriniň biridir. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy hem-de tolgunmak bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, hormatly Prezidentimize öz alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu asylly işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Şeýle-de mejlisiň dowamynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili Ruslan Kabirow halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. 

                                                                   

Assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bedfordşir graflygyndan itşynas Antonio Lo Raso hem-de Çehiýa Respublikasyndan hususy itşynas Wiktor Barsa hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlap, özlerine bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler we assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. 

                                                                   

Mejlise gatnaşyjylar itşynaslygyň milli ýörelgelerini halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde gorap saklamak baradaky aladalar üçin hoşallyklaryny beýan edip, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň itleriň bu täsin tohumyny bütin dünýäde ýaýratmak boýunça işlere ýardam etjekdiklerini bellediler. 

                                                                   

Dabaranyň çäklerinde alabaýyň keşbi beýan edilen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, çaphana önümleriniň, fotosuratlaryň, haly önümleriniň we heýkelleriň sergisi guraldy.

31.10.2022