Ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny ösdürip, azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmekde hem-de daşary ýurtly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara sergileriňdir ýarmarkalaryň uly ähmiýeti bar. 28 — 30-njy noýabr aralygynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilýän «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi hem azyk önümçiliginde iş alyp barýan döwlet we hususy düzümlere döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin netijeli meýdançadyr.
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda öz işine başlajak gözden geçirilişiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda ýeten sepgitleri hem-de daşary ýurtly kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribeleridir işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler. Halkara sergä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň azyk senagatynda iş alyp barýan köp sanly telekeçiler hem gatnaşar. Olar öz diwarlyklarynda azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we enjamlary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, iýmit goşundylary, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk, maldarçylyk hojalyklary üçin niýetlenen enjamlar, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlarda ýerine ýetirýän hyzmatlarynydyr önümlerini hödürlärler.
Ýakyn ýyllarda şunuň ýaly sergiler Özbegistanda we Yrakda guralyp, dürli ýurtlaryň işewürlerinde uly gyzyklanma döretdi. Aşgabatda guralýan serginiň hem ýokary derejede geçirilip, azyk senagaty pudagynda iş alyp barýan düzümler üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giňişligine öwrüljekdigine ynanýarys.
«Watan».