26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlaryny görkezýän sergi guraldy.
Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.
Umumy mejlisde sanly ulgam arkaly Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri çykyş etdiler.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy bu çäräniň irki döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtady.
Ylmy-amaly maslahat öz işini «Durnukly ulag ulgamynda täze tehnologiýalar we çözgütler» hem-de «Durnukly ulag ulgamynda logistika we infrastruktura» atly iki mejlisde dowam etdi.
Halkara forumyň çäklerinde Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
«Watan».