Hawa, janypkeş daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly zähmeti, ýadawsyz tagallalary bilen topragymyz rysgal-berekede beslenýär. Azyk bolçulygyny döretmek ýaly il-ýurt bähbitli möhüm işde olara hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň goldaw-hemaýat berilýär. Berilýän köpsanly ýeňillikler, döredilýän amatly şertler ýer eýelerini has tutanýerli hem-de ýokary öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Olar üçin ene topraga hyzmat etmek halal girdeji çeşmesine, eşretli ýaşaýşyň gönezligine öwrüldi. Olaryň birleşen tagallalary arkaly önüm bolçulygy döredilýär. Munuň şeýledigine welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen on aýynda gazanylan önümçilik netijelerine ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 227,4 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 145 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 45,6 müň tonnasy, ýeralmanyň 112,8 müň tonnasy, üzümiň hem 18,5 müň tonnasy öndürildi. Bu möhüm önümleri öndürmek boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini üpjün edildi. Has takygy, bu görkeziji gök önümler boýunça 1,5 göterim, azyklyk bakja boýunça 6,4 göterim, miweler we ir-iýmişler boýunça 0,7 göterim, ýeralma boýunça 2,6 göterim, üzüm boýunça 1,1 göterim artdy. Şeýle üstünlige Çärjew, Saýat, Dänew etraplarynyň zähmetkeşleri has saldamly goşant goşdular.
Janypkeş daýhanlar häzirki günlerde pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ak ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Şeýle çemeleşme tamamlanyp barýan şanly ýyly uly zähmet üstünliklerine beslemäge mümkinçilik döredýär.
Welaýatymyzyň zähmetkeşleri mallaryň baş sanyny köpeltmek, olara göreldeli ideg etmegiň hasabyna maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda gaýrata galyp, zähmet çekýärler. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda iri şahly mallaryň 533,2 müň başy, dowarlaryň 2 million 514 müň başy, guşlaryň 4 million 117,7 müň başy, düýeleriň 5,6 müň başy, gylýallaryň hem 2,8 müň başy idedilýär. 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä iri şahly mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany köpeldi. Şonuň netijesinde üstümizdäki ýylyň ýanwar ― oktýabr aýlarynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda etiň 119,8 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 525,3 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 200,7 million sanysy öndürildi. Ýokarda atlary agzalan möhüm maldarçylyk önümleriniň agramly böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellenilmäge mynasypdyr.
Maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegi ugrunda welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarlary hem degerli tagalla edýärler. Häzirki wagtda birleşik boýunça iri şahly mallaryň baş sany 1,1 müňe, dowarlaryňky 167,7 müňden gowraga, guşlaryňky 19 müňe, düýeleriňki bolsa 2,3 müňden gowraga ýetdi. Geçen hasabat döwründe birleşik boýunça 2414,9 tonna et (diri agramda), 125 tonna süýt, 2905 müň sany ýumurtga öndürildi.
Maldarlaryň iş-aladasy ýylyň ähli paslynda arakesmesiz dowam edýär. Ýöne ýetip gelýän gyş paslynda olaryň işiniň jogapkärçiligi has-da artýar. Munuň özi ýöne ýere däldir. Bu pasyl olar üçin möhüm synag bolup durýar. Maldarlar şol synagdan üstünlikli geçmek üçin gyşa taýýarlykly barýarlar. Olar tarapyndan şu döwre çenli bedäniň 6,1 müň tonnadan gowragy, gaty baldakly otlaryň 8 müň tonna golaýy taýýar edildi. Olaryň ep-esli bölegi bolsa mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaldy. Şolar bilen birlikde kaşarlary abatlamak işleri hem üstünlikli geçirildi.
Geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän pudak uly ösüşlere eýe bolar. Oňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy noýabrynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, möhüm taslamalar bilen tanyşmagy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi hem aýdyň subutnamalaryň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we oňa degişli ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň, ýyladyşhana toplumynyň, tejribe meýdanlarynyň we beýleki düzümleriň teklip edilýän baş meýilnamasy bilen içgin tanyşdy we olara birnäçe bellikleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň düzümleri üçin zerur bolan ylmy açyşlaryň, bu ugra degişli ylmy işleriň ýokary derejede alnyp barylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Iş maslahatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanyň zähmetine, olar üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilmelidigini nygtap, daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şerleri üpjün etmegiň, degişli teklipleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakynda edýän taýsyz tagallasyna ene ýeriň eýeleri päk zähmetleri bilen jogap bermek hyjuwy bilen joşýarlar. Olar zähmet çekip armaýarlar. Şonuň netijesinde ene topragymyzyň berekedi artýar. Şol bereket bolsa bagtyýarlyk döwründe abadan durmuşda ýaşaýan ilatyň saçaklaryna nygmat bolup dolýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW