Habarlar
Garaşsyzlyk: sanly tehnologiýalar we harytlary belgilemek

  Häzirki wagtda islendik ýerde, şol sanda dükanlarda, ownuk satuw söwda nokatlarynda töleg kartlarynyň, mobil enjamlaryň kömegi bilen satyn almak we hyzmatlar üçin tölegleri tölemek adaty ýagdaý bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň täjirçilik banklary, söwda we hyzmat ulgamlary bilen bilelikde elektron hasaplaşyklary amala aşyrmagy ýola goýýarlar. Şeýlelikde, töleg kartlary ýa-da telefon enjamlary arkaly islendik tölegi tiz, amatly, ygtybarly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döreýär.  

                                                                   

Sözlüklerde we ensiklopediýalarda beýan edilişine görä, QR kod (Quick Response code) çalt seslenmek kody diýlip düşündirilýär. Ýagny, QR kodlaşdyrma tehnologiýalary esasynda mobil telefon enjamlary üçin iki ölçegli matrisa kodly we adaty çyzykly şertli belgileriň kömegi arkaly döredilýän nyşan bolup durýar.  

                                                                   

QR kod, ilki başda, Ýaponiýanyň awtomobil senagaty üçin döredilipdir. Bu adalga halkara derejede hasaba alnan haryt nyşanydyr. Onuň kömegi bilen islendik obýekt baradaky maglumatlary beýan etmek we saklamak mümkin. QR kodlarda dört derejeli standartlaşdyrylan belgiler, ýagny san, harply-sanly, goşalandyrylan hem-de kanzi (harpy aňladýan ieroglif — ýapon adalgasy). Häzirki wagtda QR kod tiz okalmak, köp maglumatlary ýerleşdirmek, tapawutlandyrmak mümkinçilikleri üçin ähli ulgamlarda ulanylýar.  

                                                                   

QR kod, ştrih kod adalgalary häzirki döwürde dünýä ýüzünde duş gelýär. Bu iki ugruň arabaglanyşygy we sazlaşygy häzirki zamanyň ösüş häsiýetini kesgitleýär. Ähli ulgamlardaky önümçilige senagatlaşmak we innowasion ösüş mahsus bolmak bilen, ýurdumyzdaky özgertmeler öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanýar, täze hil we mazmun derejelerine gadam basýar.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde türkmen halky dünýä siwilizasiýasynyň intellektual gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşupdyr. Ylmy-tehniki ösüşiň çaltlaşmagy netijesinde adamzat ylymda, tehnikada täze-täze basgançaklara galýar. Bu ösüşler bilen aýakdaş gitmäge ukyply, döwrebap ylymly-bilimli nesilleriň bardygy bizi buýsandyrýar.  Şonuň bilen baglylykda bolsa, intellektual eýeçiligi, döredijilik ukyplaryny hukuk taýdan goramagyň ähmiýeti artýar. Bu ugurda täze kanunlaryň kabul edilmegi, umuman, kanunçylygyň innowasiýalary, täzeçil çemeleşmeleri durmuşa ornaşdyrmaga şertleri döretmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny ýokary derejede goramagyň üpjün edilýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

Şeýle mysallary ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän islendik kanunyň maddalaryndan tapmak bolýar. Mysal üçin, «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda döwlet standartlarynda we tehniki şertlerde bolmaly maglumatlaryň sanawynda: önüm (işler, hyzmatlar) işlenilip taýýarlanylanda, öndürilende, ulanylanda (peýdalanylanda) tehniki we maglumat bitewüligini üpjün edýän kadalar we ölçegler, şol sanda tehniki resminamalary resmileşdirmegiň, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini üpjün etmegiň, serişdeleriň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň kadalary, adalgalary we olaryň kesgitlemeleri, şertli belgileri, metrologik we beýleki umumy tehniki we guramaçylyk tehniki kadalary we ölçegleri bolmalydygy berkidilen. 

                                                                   

Kanunçylyga laýyklykda, önümçilik we hyzmat kärhanalarynyň tapawutlandyryş (indiwiduallaşdyryş) serişdelerine firma atlary, haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary, harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady, täjirçilik belgileri, şertli belgiler (ştrih kod, QR kod) ýaly tapawutlandyryş nyşanlary ulanylýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde önümçiligiň ahyrky netijesi bolan harytlyk önüm hakyndaky maglumatlary bilmegiň her bir adam üçin möhümdigine görä, harytlary belgilemek işi amala aşyrylýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda alyjylaryň hukuklaryny doly goraýan hem-de öndürijileriň we satyjylaryň borçlaryny kesgitleýän döwrebap kanunçylyk hereket edýär. Munuň özi adam saglygy, ekologiýa howpsuzlygy bilen hem berk baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinde, «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda önümiň hil görkezijileri baradaky kadalar öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Türkmenistanyň kanunçylygynda harytlary belgilemegiň toplumlaýyn häsiýetli bolşy ýaly, ony kadalaşdyrýan kadanamalaryň hem toplumlaýyn hereket edýändigini görmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň düzüminde sanly tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň mynasyp paýy bar. Sanly ulgamlary, täzeçil döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasaty we milli kanunçylygy giň mümkinçilikleri döredýär. Bu ösüşlere we özgertmelere işjeň gatnaşyp, döwrebap derejede mynasyp goşant goşmak bolsa, biziň her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr. 

                                                                                                           

Ýagmyr NURYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.

22.10.2022
Bäsdeşlige ukyply önümler

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy hereket edýär. Şolaryň biri-de «Türkmen şöhle» hususy kärhanasynyň plastmassa önümçiligi boýunça kärhanasydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda agzalan kärhanada bolup, önümçilik işleriniň ýola goýluşy, öndürilýän önümleriň görnüşleri we hili bilen iş üstünde tanyşmak miýesser etdi. Kärhanada dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriň ugurdaş önümçiliklere niýetlenen ýokary tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we şol enjamlary ýerli hünärmenleriň ussatlarça dolandyrmagy plastmassa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň çekýän agzybirlikli zähmeti bilen oturgyçlaryň, stollaryň, güldanlaryň, sebetleriň, bedreleriň, süzgüçleriň, legenleriň, sabyn gaplarynyň, mejimeleriň, çaga wannalarynyň, çekerleriň, asgyçlaryň, daraklaryň, çaga oýnawaçlarynyň hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlaryň köp dürli görnüşi öndürilýär. Bu önümler bäsdeşlige ukyplylygy, ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Buýurmalar esasynda öndürilýän önümlerde sarp edijileriň islegleri göz öňüne tutulýar. Munuň özi dürli ölçegdäki we görnüşdäki plastmassa önümleriniň önümçiliginiň geriminiň giňemegine hem oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylda kärhanada öndürilen önümleriň daşary ýurtlara hem eksport edilendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Şeýle ýurtlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasyny, Belarus Respublikasyny, Gazagystan Respublikasyny agzamak bolar. Kärhananyň önümlerine islegiň barha ýokarlanmagy önümçilik işinde ýokary hilli ýerli çig malyň, şol sanda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýän polipropileniň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW,

                       

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.

21.10.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýet we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösdürilmegini hukuk taýdan goldamak babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga degişli kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. 

                                                                   

Halkara tejribäni öwrenmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri degişli döwlet edaralary bilen bilelikde, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen çagalaryň hukuklary boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçiren maslahatlaryna, beýleki duşuşyklara we okuw sapaklaryna gatnaşdylar. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlary şu günler gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny ýygnamakda zähmet çekýän oba zähmetkeşleriniň arasynda bolup, olaryň iş we durmuş şertleri bilen tanyşýarlar, öz saýlaw okruglarynda ýerleşýän edara-kärhanalarda, guramalarda, okuw mekdeplerinde halk köpçüligi bilen duşuşyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, halkara başlangyçlaryny, kabul edilen täze Kanunlaryň kadalaryny düşündirýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny belläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, raýat institutlaryny pugtalandyrmaga we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen işleriň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini belledi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň häzirki ýagdaýlaryna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen meýilnamalaýyn işleri dowam etdirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary Çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze meýilnamasyny taýýarlamak işlerine gatnaşýarlar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň ýurdumyzyň sebit we halkara ähmiýetli tagallalarynyň yzygiderli häsiýete eýediginiň, toplumlaýyn çäreleriniň netijelidiginiň subutnamasydyr. Halk Maslahatynyň agzalary şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasyny we içeri syýasatyny wagyz etmek hem-de düşündirmek boýunça yzygiderli işleri geçirýärler, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow giň gerimli we oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän sebit, ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän parlamentara diplomatiýanyň ösdürilmegine ünsi çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow maliýe-ykdysady, bank ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini okgunly ösdürmäge, gözegçilik edýän toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ilata hödürlenilýän degişli döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň iri möçberli durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol taslamalaryň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz döwlet hem-de milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçiligiň möhümdigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, ýerli we ýurdumyzda işleýän halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri hasaba alyndy. Halkara serginiň işine ýerli kärhanalaryň hem-de telekeçileriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň geçirilmeginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman ählumumy binýadyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň işjeň ilerledilmegi babatda uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda netijeli tejribe alyşmagy, maýa goýumlary çekmäge ýardam bermegi, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolan halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de ekerançylyk meýdanlarynda suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär, kabul ediş harmanhanalarynyň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi dowam edýär, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny ulanmak, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýurdumyzda bugdaý we pagta hasylynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepek, sarun we künjara, degişlilikde, önüm öndürijilere paýlanylyp başlandy. 

                                                                   

Oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek hem-de suw serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, häzirki wagtda Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti we onuň garamagyndaky “Türkmensuwylmytaslama” instituty tarapyndan ýurdumyzda suwuň ýitgisini azaltmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Suw howdanlarynda, olaryň akabalarynda abatlaýyş we arassalaýyş işlerini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine ünsi çekdi we gündelik hem-de meýilleşdirilen oba hojalyk çäreleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň ähmiýetini nazara almak bilen, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işleri guramaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň, onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryndaky suwaryş akabalaryny arassalamaga, suwy rejeli peýdalanmaga, oba hojalyk işlerinde öňdebaryjy tejribäni we ylmyň gazananlaryny netijeli ulanmaga degişli meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda, halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň wajypdygyny belledi. Bu ulgamda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlar bilen haryt dolanyşygynyň hem-de ulag gatnawlarynyň artdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň kuwwatyny görkezmek üçin degişli düzümler bilen bilelikde Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak we ony enjamlaşdyrmak, bezeg işlerini amala aşyrmak babatda, şeýle-de beýleki guramaçylyk işleri geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine gatnaşmagynyň ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini halkara bileleşige giňden görkezmäge, dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini nygtady we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilýän bu bäsleşik türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek göz öňünde tutulýar. “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini nygtap, bäsleşige hödürlenilýän işleri seçip almaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol işler derwaýyslygy we çeperçilik taýdan gymmatlygy bilen tapawutlanmalydyr, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki ösüşini beýan etmelidir, ýaşlaryň watançylyk, estetiki terbiýesine goşant goşmalydyr. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permanyň hem-de bu komitetiň meseleleri hakynda, Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni we beden taýdan sazlaşykly ösüşi bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, hödürlenen resminamalara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, bu ugurda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly strategik maksatlaryň kesgitlenendigini, ugurdaş kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň dowamynda Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli ugurdaş edaralar bilen bilelikde birnäçe çäreler guraldy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, habarlar agentlikleriniň saýtlarynda köp sanly makalalar ýerleşdirildi. Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda “Halkara habarlar” internet gazetiniň elektron nusgalary yzygiderli ýerleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly dürli çäreler geçirildi. Şu işleri dowam etdirmek maksady bilen, media ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, şol sanda hyzmatdaşlygyň ugurdaş şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli teklipler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda degişli Ähtnamalara hem-de Ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ençemesi bilen gatnaşyklary alyp barýarlar. Şeýle-de goňşy we dünýäniň beýleki döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny, döwletimizde bolup geçýän möhüm wakalary, amala aşyrylýan iri taslamalary, halkymyzyň baý medeniýetini giňden şöhlelendirmek hem möhüm ugur bolup durýar. Şunda dünýäniň media giňişliginde ulanylýan iň täze usullary öwrenmek we olary milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine ornaşdyrmak derwaýys hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmek, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sebit we halkara teleýaýlymlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara habarlar giňişligine goşulyşmagynyň, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary hem-de içeri syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we möhüm wakalar, durmuşa geçirilýän iri taslamalar, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine öňdebaryjy sanly multimedia tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilmelidir, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň media giňişliginde mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan ýygymlary we tölegleri bellemek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň hem-de awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda täze we durky täzelenen awtomobil ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçirilmegini seljermek zerurdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şeýle-de hasabatyň dowamynda döwrüň talaplary esasynda aragatnaşyk ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alynmagynyň tertibini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamynda ähli işleri täzeçe görnüşde utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Maglumat tehnologiýalarynyň ählumumy ösüşi bilen deň gadam urmak üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak zerurdyr. Halkara tejribeden ugur almak bilen, pudaga häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň ugurlaryny ornaşdyrmak, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlaryny giňeltmek, internet hyzmatlaryny elýeterli etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

21.10.2022
Durmuş-ykdysady ösüşiň oňyn netijeleri

 geçen dokuz aýyň jemlerinde aýdyň görünýär 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň döredýän mümkinçilikleri ösüşiň ykdysady we durmuş şertlerini özara baglanyşdyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. 10-njy oktýabrda şu ýylyň 9 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda jemi öndürilen önümiň, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artandygy bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, şeýle-de dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik hadysalarynyň Türkmenistana ýetirip biljek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgininiň durnukly ýagdaýda saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. 

                                                                   

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada aýdylanda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy. 

                                                                   

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary bermek boýunça işler dowam etdirildi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz her bir ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçylarynyň geljek ýyl üçin öz iş meýilnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny tabşyrdy. Mejlisde geçen dokuz aýda paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi, welaýatlarda bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy baradaky hasabatlar hem diňlenildi. Berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Hususan-da, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamak, «Aşgabat-sitini», ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak üçin taýýarlyk işlerini çaltlandyrmak, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmek, ýurdumyzda energetika halkasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda boljak saparlara hem-de halkara derejedäki çärelere, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi içerki önümiň 6,2 göterim artmagy hem muny doly tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Bularyň ählisi ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy, durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmagy baş maksady hökmünde kesgitlän durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýär. 

                                                                   

 Sanlar, maglumatlar: 

                                                                       

  •  2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi.  

                                                                       

  •  Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy.  

                                                                       

  •  Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy. 

                                                                       

  •  Hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy. 

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 109,3 göterim, çykdajy bölegi 98,8 göterim berjaý edildi.  

                                                                       

  •  Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. 

                                                                       

  •  1-nji oktýabr ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy.  

                                                                       

  •  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça dokuz aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy. 
21.10.2022
Ulag diplomatiýasy: oňyn başlangyçlar, giň mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde, ulag ulgamyny ösdürmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ulgam ählumumylaşmagyň ýüze çykmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülýär. Her bir döwlet öz geografik ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Şoňa görä-de, bu ugurda dünýä tejribesini anyk bir ugra gönükdirmek, mümkinçilikleri durmuşa geçirmek, tagallalary birleşdirmek zerurdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň döwrebap üstaşyr ulag düzümini, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetiň ilerledilmegine däl, eýsem sebitiň rowaçlygyna uly itergi berýär. Bu babatda 2018-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara deňiz porty uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny gysgaltmaga we wagty tygşytlamaga mümkinçilik berip, Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýän häzirki zaman deňiz geçelgeleriniň ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, Amyderýanyň üstünde gurlan awtoulag we demir ýol köprüleriniň içerki gatnawlar üçin-de, üstaşyr gatnawlar üçin-de belli bahasy ýokdur.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýakynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde we “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitinde eden çykyşlarynda hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekdi. Şonda GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň taslamalarymyza, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilmegini giňeltmäge, täze kommunikasiýalary çekmäge degişli taslamalara goňşy sebitleriň goşulmagyny üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy. “Hususan-da, bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk hem-de bu ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly döwrebap logistikany döretmegiň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň köpüsi hut şu topara degişlidir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzinde port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi. 

                                                                   

Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamagyň zerurdygyny nygtady we Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, bu babatda halkara ulgama goşulyşmak bilen bagly wezipeler degişli Maksatnamalarda we Konsepsiýalarda öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzyň köpugurly yklymara logistika ulgamlaryny döretmäge işjeň gatnaşmagy, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça uzak möhletli we yzygiderli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda ýurdumyzy ýakyn 10 ýylda Ýewraziýada ulag ulgamy babatda esasy ýurtlaryň birine öwürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemek gerek. 

                                                                   

Halkara giňişlikde Garaşsyz Türkmenistanyň ulag babatda eýeleýän ornuny berkitmekde we bu ugurdaky häzirki zaman başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», şeýle-de «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» taryhy ähmiýete eýedir. Degişli Maksatnama daşary syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugurlary boýunça syýasy, ykdysady we diplomatik hereketleri öz içine alýar. Şeýlelikde, ol döwletimiziň bu ugurda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek, ulag hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy bilen degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de milli kompaniýalaryň bilelikdäki işini hem utgaşdyrýar. 

                                                                   

Şu ýylyň 18-19-njy iýulynda paýtagtymyzda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan «Halkara üstaşyr-ulag geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Özara pikir alyşmalar üçin gepleşikler meýdançasyna öwrülen forumyň çäklerinde geçirilen «Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly plenar mejlisiň hem-de beýleki iş mejlisleriniň dowamyndaky çykyşlarda we ara alyp maslahatlaşmalarda baglanyşyklylyk strategiýasynyň nazary we amaly esaslary, sanlylaşdyrmak syýasaty, ulag pudagyny dekarbonizasiýalaşdyrmak (uglerod zyňyndylaryny azaltmak), ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak ýaly meselelere aýratyn orun berildi.  

                                                                   

Halkara maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) baglaşylmagy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň iş ýüzünde anyk amal edilýändigini, ulag babatda sebitleýin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ählumumy derejede alnyp barylýan işlere oňyn goşant goşulýandygyny aýdyň görkezdi.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ulag diplomatiýasynyň netijeli ösdürilýändigini şu ýylyň 15-16-njy awgustynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň Awazada geçirilen maslahatynyň mysalynda-da görmek bolýar. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» ady bilen geçirilen maslahatyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň hyzmatdaşlyk etmeginde guralandygyny bellemek gerek. Bu halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasynda hem beýan edilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatyna netijeli taýýarlyk görmek hem-de ony üstünlikli guramak möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulmagyna, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ýurdumyzda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtoulag ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan köpriniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň logiki dowamydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sebitde täze ulag infrastruktura desgasynyň peýda bolmagy söwda dolanyşygynyň, Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar sebitleriniň arasynda ýük we ýolagçy gatnawynyň ep-esli artmagyna getirer, şeýle-de daşary ýurt ýük daşaýjylaryna awtoulag, deňiz we demir ýol ulaglaryndan peýdalanmak arkaly, Ýewropa ýurtlaryna iň gysga ýol bilen ýük gatnatmaga mümkinçilik döreder.  

                                                                   

Görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasy barha dabaralanýar. Munuň özi täze mümkinçilikleriň döremegine we ulag babatda hyzmatdaşlygyň geriminiň yzygiderli giňelmegine şert döredýär.  

                                                                                                           

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.

20.10.2022
Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, suw akabalarynyň arassalanylmagyny, ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegini hem-de olaryň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. 

                                                                   

Obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp, şu ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda bar bolan suw hojalyk desgalaryny talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň zerurdygyny belläp, olara degişli seljermeleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda hem-de ägirt uly kuwwaty bolan suw desgalaryny gurmakda, olary peýdalanmakda Türkmenistanda uly tejribe toplanandygyny bellemek gerek. Biziň ýurdumyz suw hojalyk desgalarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri esasynda gurak çöllük zolagy şertlerinde obasenagat önümçiliginiň netijeliligini görkezýär. Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär hem-de oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ylmynyň degişli ugry zeý akabalarynyň suwlaryny peýdalanmak, ýerüsti suwaryşyň agrotehnikasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek wezipeleriniň, suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meseleleriniň netijeli çözülmegine uly goşant goşýar. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Suw üpjünçilik meseleleri boýunça hökümet toparynyň ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekmegi hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Obasenagat toplumynda iň täze tehnologiýalara hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine esaslanmak bilen, Türkmenistan suwuň her bir damjasyny rejeli sarp etmek üçin suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagy ugur edinýär. Suw howdanlarynyň sygymlylygyny artdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Munuň özi suwuň ätiýaçlyk gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu işler geljegi nazarlamak esasynda geçirilip, esasan-da, gyş-ýaz möwsüminde ýurdumyzyň suw üpjünçiliginiň ygtybarly binýadyny goýmaga, howanyň ählumumy üýtgemeginiň hem-de gurakçylygyň mümkin bolan oňaýsyz täsirlerini peseltmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän syýasatdan gelip çykýan wezipelere laýyklykda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ägirt uly suw desgasynyň gurulmagy netijesinde zeý suwlaryny toplamak we Garagum sährasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän “Garaşor” çöketligine ugrukdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Baş şor suw akabasy we onuň Daşoguz şahasy bir bitewi ulgama birikdirildi. Netijede, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, zeý suwlarynyň Amyderýa akmagynyň, öri meýdanlary suw basmagynyň öňi alynýar. Şunuň bilen birlikde, suwuň ätiýaçlyk gorlary döredildi, olary tebigy şertlerde arassalamak hem-de häzirki zaman tehnologiýalary arkaly oba hojalyk pudagy, şol sanda täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak we tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolar. 

                                                                   

Türkmenistan suw serişdelerinden, serhetüsti suwlardan rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna uly üns berilýär. Biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri gorap saklamak we peýdalanmak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurdaky ähmiýetli çäre boldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda: “Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy baýlygy bolup durýandygyny, häzirki ýaşaýan onlarça million adamyň hem-de geljek nesilleriň ykbalynyň, tutuş sebitiň durnuklylygynyň, abadançylygynyň bu serişdeleriň adalatly, oýlanyşykly ulanylmagyna baglydygyny beýan edýärler. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi berkitmek we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, kabul ederlikli, adalatly çözgütleri gözlemek ugrunda çykyş edýärler” diýlip bellenilendigini ýatlatmak ýerlikli bolar. 

                                                                   

Bu, hakykatdan-da, innowasion häsiýetli “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasynyň ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy gorap saklamak bilen baglanyşykly ählumumy wezipeleriň çözülmegine uly goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Bu taslama Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Helsinki konwensiýasynyň hem-de bu ugurdaky beýleki halkara ylalaşyklaryň kadalaryny doly berjaý edýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, ähli welaýatlarda täze suw desgalary ulanmaga berilýär. Bu möhüm ulgamda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Muňa “Ýylgynagyz” suw göteriji toplumy aýdyň mysal bolup biler. Bu desganyň ulanmaga berilmegi Amyderýanyň ýokarky akymynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini düýpli gowulandyrdy. Öz nobatynda, Zähmet — Türkmengala akaba desgasynyň durkunyň düýpli täzelenmegi Mary welaýatynyň Murgap jülgesinde ýerleşýän etraplarynyň ekin meýdanlaryny suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda oba hojalyk dolanyşygyna girizilen ýene bir suw hojalyk desgasy 25 müň gektara golaý ýeri suw bilen üpjün edýär. 

                                                                   

Diýarymyzyň dag eteklerindäki sebitlerinde sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen kiçi suw howdanlaryna hem uly ähmiýet berilýär. Munuň özi sil suw akymlarynyň ýetirýän zyýanynyň öňüni almaga, olaryň emele gelmegini öňünden duýdurmaga, toplanan suw serişdelerini ilatyň hojalyk zerurlyklary, ekin meýdanlaryny suwarmak, üzümçiligi ösdürmek hem-de agaç nahallarynyň zolaklaryny döretmek üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, şolar ýaly emeli suw howdanlary Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Gozgançaýyň boýunda guruldy. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da suwuň ätiýaçlyk gorlaryny saklaýan suw howdanlary yzygiderli gurulýar. Olar suw akymlaryny bellenilen ugurlar boýunça bökdençsiz akdyrmagy üpjün edýär. 

                                                                   

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Lebap welaýatynda Garagum derýasynyň baş sakasynda sygymlylygy 4 milliard kub metre deň bolan täze suw howdanyny gurmak boýunça taslama işleri ýerine ýetirilip, bu desganyň suwasty akabasy gurulýar. Mundan başga-da, Garagum derýasynyň boýundaky Hanhowuz hem-de Murgap derýasynyň kenaryndaky Saryýazy suw howdanlarynyň sygymlylygynyň artdyrylmagy suw gorlaryny döretmäge, olary pasyllar boýunça netijeli paýlamaga, ekin meýdanlarynda has zerur bolan döwre çenli olary saklamaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda sygymlylygy 18 million kub metre deň bolan, Garagum derýasyndan alynýan suwy toplamak hem-de bu sebitde ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin niýetlenen suw howdany ulanmaga berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw diplomatiýasyny hem-de ekologik abadançylygy parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi. Suw hojalyk meseleleriniň Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, toplumlaýyn esasda çözülmegi döwlet Baştutanymyzyň suw strategiýasynyň esasy ugrudyr. 

                                                                   

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň Merkezi Aziýa üçin suw ulgamynda halkara meýilnamalary amala aşyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Türkmenistan iri forumlarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hem-de GDA-nyň sammitlerinde çykyş etmek bilen, BMG-niň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky teklibi görkezmek bolar. Bu merkeziň netijeli işini üpjün etmek üçin türkmen tarapy zerur düzümleri hödürlemäge taýýardyr. Şeýle-de Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar bar. Biziň ýurdumyz şol başlangyçlary öňe sürmek bilen, Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdeleriniň peýdalanylmagynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, özara hormat goýmak we sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak esasynda amala aşyrylmagynyň zerurdygyndan ugur alýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenen hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik guraly hökmünde garalýan suw diplomatiýasy suw serişdeleriniň gorlaryny emele getirmek we olaryň çeşmelerini dikeltmek, oýlanyşykly, rejeli sarp etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça yzygiderli gepleşikleriň geçirilmegi üçin mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň suw hojalygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplandyklaryny bellemek gerek. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem şaýatlyk edýär. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak hem-de rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 

                                                                   

Ählumumy gün tertibiniň strategik meseleleri boýunça halkara gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Şunda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, Aral deňzi hem-de bu sebitde ekologik ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara toparyň döredilmegi ýokarda agzalan ugurlarda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biridir. Bu Konsepsiýada Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça milli derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi. Ol ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň döredilmegi, suw serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek, biodürlüligi gorap saklamak ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar. Aral sebitinde ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmak, ýörite senagat zolagyny döretmek, şol sanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ýer serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak, onuň işini pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda çykyş etmek bilen, Aral meselelerine çemeleşmelerinde-de şeýle ýörelgeleri ugur edinýär. Şunda biziň ýurdumyz Özbegistan Respublikasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy beýleki döwletler, ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. 

                                                                   

Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Täjigistanda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda we beýleki iri forumlarda öňe süren oňyn başlangyçlaryny giňden goldady. Türkmenistanyň şol forumlarda beýan eden teklipleri örän anyk häsiýete eýedir. Adamlaryň hakyky zerurlyklary, sebit ösüşiniň maksatlary we hyzmatdaşlygy bilen baglanyşdyrylandyr. Şolaryň hatarynda Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak; Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek; BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek; Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna goldaw bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak; daşky gurşawy goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde ýerine ýetirmek we birnäçe beýleki çäreler baradaky başlangyçlary görkezmek bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly şu ýylyň 23-nji aprelinde dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmagy hem-de çykyş etmegi suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, olar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi meselelerine degişli wezipeleri çözmekde gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýan türkmen döwletiniň belent abraýynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda: «Biziň bu ugurdaky garaýşymyz düýpli we yzygiderlidir» diýip belledi. «Türkmenistan suw-energetika meseleleri: birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir diýip hasap etdi we hasap edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýörelgeleriň köptaraplaýyn häsiýete eýe boljakdygyna, tutuşlygyna halkara bileleşigiň suw meselelerine çemeleşmelerinde ulanyljakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy resminamalaryny, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryny, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryny, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyny, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki iri düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejesinde onlarça maksatnamalardyr taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

Türkmenistan şeýle giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirmekde suw meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlykda milli derejede geçirilýän degişli işlere mäkäm daýanylmagynyň zerurlygyndan ugur alýar. Olar biri-biriniň üstüni ýetirýän, aýrylmaz baglanyşykly tagallalardyr, şunda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga, toplanan tejribäniň giňden alşylmagyna we peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir. 

                                                                   

Türkmen halky köpasyrlyk taryhyň dowamynda durmuşyň dowam etmeginiň esasy kepili bolan suwa gymmatly hazyna hökmünde garapdyr. Suwy aýawly peýdalanmak boýunça ýörelgeler nesilden-nesle geçirilipdir, onuň her bir damjasy altyn dänesine deňelipdir. Häzirki wagtda suw pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdeleriniň netijeli we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. 

                                                                                                           

(TDH)

20.10.2022
Şanly ýyldaky şowly gadamlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz  aýynda bitirilen işler, gazanylan maliýe-ykdysady görkezijiler welaýatymyzyň senagat pudagynyň kärhanalarynyň agzybir we başarjaň işgärleriniň üstümizdäki ýyly uly üstünliklere beslemek ugrunda gaýratly zähmet çekýändiklerinden habar berýär.  

                                                                   

Geçen dokuz aýda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 16 milliard 123 million manatlyga barabar boldy. Şonuň 5,3 milliard manatlykdan gowragy döwlete dahylly kärhanalara degişli boldy. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründen önümleriniň öndürilişiniň artyş depgini, esasan, himiýa, ýangyç, ýeňil, gurluşyk materiallary we azyk senagatynyň kärhanalarynyň hasabyna üpjün edildi. Elektrik energiýasyny, nah matalary, sementi we beýleki önümleri öndürmekde has ýokary ösüş depginleri hasaba alyndy.  

                                                                   

Geçen aýlarda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 5 247,1 million manatlyga barabar boldy we şol harytlaryň umumy möçberiniň 73,8 göterimi ýurdumyzyň daşyna ugradyldy. 

                                                                   

Üstümizdäki ýylyň tamamlanan dokuz aýynda sarp ediş harytlarynyň 3 milliard 810,2 million manatlygy öndürildi. Şonça önümiň 395,3 million manatlygy döwlete dahylly kärhanalara degişli boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu zerur önümleriň öndürilişi 45,1 göterim artdy. Munuň özi sarp ediş bazaryny ilat üçin zerur harytlyk önümler bilen üpjün etmek meselesiniň üstünlikli çözülýändiginden habar berýär.  

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen birlikde elektroenergetika pudagy uly ösüşlere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde welaýatymyzda bu möhüm pudagyň ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna daýanýan kuwwatly desgalarynyň birnäçesi guruldy. Bu il-ýurt bähbitli işi hormatly Prezidentimiz hem üstünlikli dowam etdirýär. Şonuň netijesinde durmuş-ykdysady ösüşlere berk binýat bolýan elektrik energiýasynyň öndürilişi barha artdyrylýar. Munuň hut şeýledigine şanly ýylyň geçen aýlarynda elektrik energiýasynyň 2 802,5 million kilowat-sagadynyň öndürilendigi, onuň geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 67,3 göterim artykdygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen aýlarda tebigy gazydyr çig nebiti çykarmakda hem ilerlemeler hasaba alyndy. Mysal üçin, gaz kondensatyny hem goşmak bilen nebitiň 416,7 müň tonnasy, suwuklandyrylan gazyň 90 müň tonnadan gowragy öndürildi. Hasabat döwründe sementiň 745,5 müň tonnasy öndürildi we bu zerur önüm ýurdumyzyň çäginde giňden ýaýbaňlandyrylýan gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy. Bu görkeziji hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr.  

                                                                   

Welaýatymyzyň pagtaçylary ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak maksady bilen gymmatly çig malyň öndürilişini barha artdyrýarlar. Bu bolsa öz gezeginde içerki we daşarky bazarlary ýokary hilli pagta süýümi, nah ýüplükler, nah matalar bilen üpjün etmekde gowy görkezijileri eýelemäge oňyn şertleri döredýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagatyň welaýatymyzdaky kärhanalarynda işler sazlaşykly we ýokary netijeli guralýar. Şonuň netijesinde geçen hasabat döwründe pagta süýüminiň 61,8 müň tonnasy, nah ýüplükleriň 258,6 million manatlygy, nah matalaryň hem 38 million manatlygy öndürildi we 2021-nji ýylyň degişli döwrüne görä ýokary ösüş depginleri üpjün edildi. 

                                                                   

Taryhy wakalara, dabaraly çärelere beslenýän ýylyň geçýän her bir güni, aýy okgunly ösüşlere we düýpli özgerişliklere beslenýär. Lebaply senagatçylar bu ählihalk hereketiniň öň hatarlarynda bolmak bilen, ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine yhlasly we gaýratly zähmet çekýärler. Ýetilen sepgitler olaryň abraýly menzillere ynam bilen ýetjekdikleriniň ynandyryjylykly subutnamasydyr. 

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.

20.10.2022
Kuwwatly ykdysadyýet — berkararlyk binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň netijesinde syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň, halkymyzyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu ugurda amal edilýän beýik işler eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýan, döwletimiziň beýik geljeginiň we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna döredýän, gurýan halkymyzda, aýratyn hem, bagtyýar ýaşlarymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe gitmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent maksatlarynyň esasyny düzýär. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. 

                                                                   

Her bir ulgamyň, aýratyn-da, durmuş üpjünçiligi, ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, kanunçykaryjylyk, maliýe we beýleki ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, eşretli ýaşaýşyny şertlendirdi. Olaryň many-mazmuny täze özgertmeleri geçirmekde, döwlet maksatnamalarynyň we taslamalarynyň esasynda işleri guramakda, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze belent sepgitlere ýetmekde jemlenýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegi bilen, täze gurulýan desgalaryň sany yzygiderli artýar. Welaýatlarymyzyň ählisinde täze etraplar, şäherçelerdir obalar, täze iri zawoddyr fabrikler, senagat kärhanalary guruldy we bu beýik işler üstünlikli dowam etdirilýär. Şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar öýleri, lukmançylyk merkezleri, medeniýet köşkleri, stadionlar, şypahanalar, sanly awtomatiki telefon ulgamlary we beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göteriminiň durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirilmäge gönükdirilmegi  bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. 

  Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys» diýmek bilen, bu ugurdaky işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Aýratyn bellenmeli zatlaryň biri hem, bu desgalaryň dünýäniň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edilýänligidir. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öň ýanyndaky günlerde Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň döwrebap binalarynyň ulanmaga berilmegi hem halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Golaýda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Täze köpriniň gurulmagy ýurdumyzyň üstünden halk hojalyk ýüklerini alyp geçýän ýük we ýolagçy otlularynyň işini döwrebap derejede guramaga, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmaga uly ýardam eder. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu desgalaryň ulanmaga berilmegi döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan örän amatly ýerde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolup, ondan has netijeli peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki döwürde Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Hemmämize mälim bolşy ýaly, dünýädäki ähli ösüşler ylym-bilim hem-de täze ýokary netijeli tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty artýar. Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlaryna ilkinji orun degişli bolmak bilen bir hatarda, olarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Elbetde, bu gurulýan desgalaryň ählisi işçi güýjüni, hünärmenleriň yhlasly zähmetini talap edýär. Olaryň gurluşygynda hem ýaşlarymyzyň müňlerçesi zähmet çekýär. 

                                                                   

Öňde goýlan belent maksatlardan kemala gelýän kämil derejeli durmuş ulgamy halkymyzyň ýaşaýşa bolan höwesini, ýaş nesilleriň bilim almaga, hünärleri işjeň özleşdirmäge bolan hyjuwyny artdyrýar. Bu gün mähriban halkymyz öňdengörüjilikli, döredýän we gurýan syýasaty berkarar edip, mukaddeslik derejesinde belende galdyryp, şonuň bilen ýurdy beýik ösüşlere besleýär. Bu gün türkmen topragy bereket çeşmesine, bagtyýar durmuşyň höküm sürýän mekanyna öwrüldi. Gurmak, döretmek, ösdürmek mähriban halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän arzuwy. Halkymyzyň geljekde hem eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hem bilimi ösdürmekden, köpugurly hünär taýýarlygyny üpjün etmekden, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekden we öňdebaryjy tejribeleri, tehnologiýalary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durmuşa ornaşdyrmakdan, olardan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Hut şu maksat bilen häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýik ösüşleri halkymyzyň ruhy galkynyşyny üpjün edip, Watan mukaddesligine, ýaşaýşyň we durmuşyň öňegidişliklerine bolan garaýşyny düýpli özgertdi. Her bir raýatyň öz başarnygyna laýyk zähmet çekmäge, ylym-bilim almaga, hünärli bolmaga giň gerimli şertler kemala getirildi. Beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda ýaşamak, halal zähmet çekmek, ylym-bilim almak, dynç almak ýaly durmuşyň ähli ugurlarynda döredilen köpugurly şertler mähriban halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

                                                                                                           

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.

20.10.2022
Hususylaşdyrmak — ykdysady ösüşiň çelgisi

Bazar şertlerinde milli ykdysadyýeti ösdürmekde, bäsdeşligi ýokarlandyrmakda eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak ýa-da doly derejede hususylaşdyrmak meseleleri möhüm çözgütleri talap edýär. Halkara ykdysatçylaryň bellemegine görä, bazarda döwlet kärhanalarynyň sany kän bolsa, bazaryň ýagdaýynyň belli bir derejede peselmegine ýa-da durnukly saklanmagyna getirýär. Munuň tersine, hususy önüm öndürijileriň artmagy bazar dürlüliginiň, bäsleşik görnüşleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Muny ençeme onýyllyklaryň ykdysady tejribesi aýdyňlygy bilen görkezýär. Şeýle ösüşler döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň hasabyna hem gazanylýar. Şunda hususylaşdyrmagyň esasy maksady döwlet kärhanalarynyň bir bölegini ýa-da doly derejede hususyýetçileriň eline bermek arkaly önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we döwlet kärhanalarynyň maliýe ýüküni ýeňilleşdirmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Hususylaşdyrmak, aslynda, şahsy we ýuridik taraplaryň döwlet eýeçiligindäki emläklere doly ýa-da bölekleýin esasda eýeçilik etmegidir. Munuň netijesinde döwlet emlägine eýeçilik etmek, ulanmak, ygtyýarlyk etmek hukugy doly ýa-da bölekleýin hususy işewürleriň eline geçýär we döwlet edaralary degişli emlägi gönüden-göni dolandyrmak hukugyny ýitirýär. Hususylaşdyrmagyň obýektleri bolsa, degişli kanunçylyga laýyklykda, hususylaşdyrylyp bilinjek döwlet eýeçiligindäki islendik görnüşdäki emläklerdir. Maddy mazmunyna laýyklykda, olara döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlary, döwlet kärhanalary, guramalary, kärendesine berlen we beýleki emläkler degişlidir. 

                                                                   

Tebigy monopoliýa hasaplanylýan käbir emläkler döwletiň garamagyndan aýrylmaga degişli däldir. Olaryň hatarynda ýerasty baýlyklary, tokaý gaznasyny, suw serişdelerini, howa giňişligini, döwlet tarapyndan goralýan çäkleri, energetika ulgamyny, uglewodorod serişdelerini, magistral turbageçirijileri, Döwlet býujetiniň serişdelerini, döwletiň ätiýaçlyk gaznalaryny, gidrometeorologiýa gullugynyň, patent gullugynyň, standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň emläklerini we beýlekileri görkezmek bolar. 

                                                                   

Daşary ýurt tejribesine görä, milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmakda we döwlet ulgamyny kämilleşdirmekde, esasan, iki usul tapawutlandyrylýar: 

                                                                   

— döwlet kärhanalaryny üýtgedip guramak ýa-da paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ýagny kärhananyň dolandyryş hukugyny başga eýeçilige bermek we onuň ýitgilerini, maliýe jogapkärçiligini şahsy ygtyýarynda galdyrmak; 

                                                                   

— döwlet eýeçiligindäki kärhananyň belli bir bölegini ýa-da dolulygyna hususy eýeçilige bermek. Şunda döwlet emläginiň ilki paýnamalarynyň satylmagy, guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we kem-kemden hususylaşdyrylmagy maksadalaýyk bolýar.  

                                                                   

Hususylaşdyrmagyň iki usulynyň arasynda nähili tapawut bar? Birinjisinde, Günbatar tejribesine laýyklykda, kärhananyň işine döwletiň gatnaşmagy belli bir derejede çäklendirilýär, ýöne dolandyryş mehanizminiň döwlet tarapyndan durmuşa geçirilmegi şertlendirilýär. Ikinji usulda bolsa doly hususylaşdyrmak, döwlet emläklerini hususy eýeçilige geçirmek we dolandyryjyny öz erkine goýmak, diňe dürli amatsyz ykdysady ýagdaýlar ýüze çykan halatynda döwletiň gözegçiligini amala aşyrmak şerti göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Emläkleri ýa-da kärhanalary hususylaşdyrmak işleri maýa goýum bäsleşigi görnüşinde, bäsleşikli söwdada (auksionda), paýnama görnüşinde gazna biržalarynda, göni satylmagy, ýagny degişli salgy boýunça satylmagy, eger emläk kärende şertinde ulanylýan bolsa, kärendeçisine, satyn almadyk ýagdaýynda beýleki subýektlere satmaklyk amala aşyrylyp bilinýär. 

                                                                   

Bäsleşikli söwdada söwda we hyzmat maksatly, gurluşygy tamamlanmadyk, şeýle-de durky täzelenmegi, döwrebaplaşdyrylmagy üçin maýa goýumlaryny talap etmeýän desgalar hususylaşdyrylýar. Durkunyň täzelenmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýän desgalar maýa goýum bäsleşigi görnüşinde hususylaşdyrylýar.  

                                                                   

Döwlet emläklerini üýtgedip guramak ýa-da hususylaşdyrmak meseleleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Ministrler Kabinetiniň özara ylalaşmagynyň esasynda kesgitlenilýär. Hususylaşdyrmak boýunça döwlet emläkleri baradaky maglumatlar resmi metbugatda çap edilenden soň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň degişli bölümi tarapyndan bellenilen möhletde resminamalar, ýygym we emlägiň başlangyç bahasynyň 10 göterimi kabul edilýär. Bäsleşikli söwdada ýa-da maýa goýum bäsleşiginde ýeňiji bolan tarapyň başlangyç 10 göterim tölegi degişli emlägiň başlangyç bahasy hökmünde kabul edilip, ýygym yzyna gaýtarylyp berilmeýär. 

                                                                   

Kärende şertinde ulanylýan döwlet emlägi bäş ýyldan az bolmadyk döwürde ulanylan bolsa, onuň kärendeçisine satylyp bilinýär. Şunda döwlet emlägi Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de satyn alyjy tarap bilen özara ikitaraplaýyn şertnama baglaşmak arkaly resmileşdirilýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýurtda hususylaşdyrmak, hususy ulgamyň ornuny artdyrmak işleriniň döwrebap durmuşa ornaşdyrylmagy netijeli ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik döredýär. Has takygy, býujet serişdeleriniň artmagy, döwletiň maliýe ýagdaýynyň gowulanmagy, önümçiligiň netijeliliginiň we bäsleşigiň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde uly mümkinçilikleriň döremegi gazanylýar.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

20.10.2022
«Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi gecirildi

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi gecirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasy boýunça Türkmenistandan milli utgaşdyryjysy Muhammetgeldi Serdarow, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Aziýanyň ösüş bankynyň we beýleki halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda CAREC maksatnamasynyň 21-nji Ministrler maslahatynda makullamak üçin hödürlenmäge meýilleşdirilýän 2022-nji ýyl boýunça resminamalara seredildi, ýagny:

  •     
  •    Pandemiýadan    soň ýaşyl, durnukly we ähli ugurlary öz içine alýan dikeldiş    üçin çarçuwaly maksatnamasy;

        
  •    CAREC    sebitinde oba hojalygy we azyk howpsuzlygy ösdürmek üçin    hyzmatdaşlyk çarçuwasy;

        
  •    CAREC    maksatnamasynyň ýaşyl energiýa boýunça birleşmesi we howanyň    üýtgemegine garşy göreşmek üçin sebitleýin çärelere goldaw    bermek boýunça giňişleýin gözleg işi.     

Agzalan resminamalar babatynda mejlise gatnaşýan Milli utgaşdyryjylaryň garaýyşlary beýan edildi.

Mundan başga-da, CAREC maksatnamasynyň sekretariaty tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän CAREC maksatnamasynyň       21-nji Ministrler maslahatynyň mowzugy, düzümi we ministrleriň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.

20.10.2022
Ykdysady gatnaşyklar kämilleşýär

Eksport milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini üpjün edýän esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ugruň ösdürilmegine uly üns berilýär. Amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe bir içerki bazaryň ýagdaýyny kadaly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä ýurtlary bilen haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, eksporta iberilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna, şunlukda milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda lebaply telekeçileriň 4000-e golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Olar diňe bir welaýatymyzyň däl, eýsem,  tutuş ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine, azyklyk önümleriň bolçulygynyň döremegine, şeýle hem önümleriň eksportunyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Welaýatymyzyň telekeçileriniň şu ýylyň başyndan bäri eksporta ugradan harytlarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 308 müň dollaryndan hem geçdi. Telekeçilik işleri üçin amatly şertleriň giňemegi bilen önümleriň bolçulygy has-da artýar, bu bolsa öz gezeginde eksportyň ýene-de ösmegine itergi berýär.  

                                                                   

Döwletimiz tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler hem giňden ösdürilip başlandy. Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän möhüm resminamalarynda ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertler kesgitlenilýär, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagy meýilleşdirilýär. Döwletimiziň berýän köptaraplaýyn goldawy, maýa goýum işini höweslendirýän has amatly işewürlik ýagdaýyny döretmäge ýardam berýän şertleriň giňemegi hususyýetçileri has ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde melleginde, hususy ýer böleginde önümçilik bilen meşgullanýan raýatlaryň sany hem günsaýyn artýar. Olary höweslendirmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlar hem berilýär. Kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna raýatlaryň hususy mellek ýerlerinde ýyladyşhanalaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň giňeldilip, durkunyň täzelenilmegi netijesinde gök-bakja ekinleri ýetişdirilip, ýerli bazarlarda önüm bolçulygy döredilýär. Bu bolsa eýýäm artykmaç önümleriň eksporta iberilmegine zerurçylygy döredýär. Raýatlaryň bir müňe golaýy kiçi göwrümli karz serişdelerinden ýerlikli peýdalanýar. Telekeçiligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek üçin ýurdumyzyň kärhanalarynda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmek hem meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda el güýji sarp edilýän işleri innowasion tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirmek maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribeleri öwrenilýär, olary ýerli önümçilikde ulanyp, kärhanalarda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu boýunça taslamalaryň birnäçesiniň üstünde işlenilýär. Özümizde öndürilýän enjamlar daşary ýurtlardan getirilýän gurallaryň öwezini tutýar hem-de el güýji bilen ýerine ýetirilýän işleri ep-esli ýeňilleşdirýär, bu bolsa işiň netijeliligini birnäçe esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ulag-ýol düzüminiň kämilleşdirilmegi hem hususyýetçileriň peýdasynadyr. Uzak ýollary gysgaldýan täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtly işewürler bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hem döwletimiz tarapyndan amatly şertler döredilýär. Şolaryň netijesinde eksporta önüm we haryt ibermäge ymtylýan telekeçileriň sany barha artýar. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygynyň güwäsidir.  

                                                                                                           

Kakageldi JUMAGELDIÝEW,

                       

welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

20.10.2022
Harytlaryň bazar mümkinçilikleri

Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde, elbetde, senagat pudagynyň uly ähmiýeti bardyr. Pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýet yzygiderli ösüşe eýe bolýar. Bu strategik ädim ýurtda çig maldan başlap, taýýar önüme çenli bazar bäsdeşligine ukyply, eksporta niýetlenen milli önümleri öndürmek bilen baglanyşykly ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly birnäçe durmuş-ykdysady meseleleri oňyn çözmäge, iş ýerlerini köpeltmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen döwletleriň hataryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri doly we öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen baglydyr. Öňde goýlan bu maksatnamalardyr meýilnamalar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli hem-de giň gerimde amala aşyrylýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda senagat pudagynyň esasy ugry ýerli çig mallary ulanmagyň hasabyna, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak arkaly bazar bäsdeşligine ukyply önümleri öndürmäge, olaryň görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: “Biz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze innowasion önümçilikleri döretmekde ajaýyp üstünlikleri gazandyk. Senagat önümlerimiz hem-de brend markaly dokma harytlarymyz bilen ýurdumyzyň sebit we dünýä bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys, täze bazarlara ýol açýarys. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris” diýip belledi.  

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan pudaklaryň biri hem dokma senagatydyr. Häzirki wagtda bu pudaga degişli 60-dan gowrak kärhana bolup, olarda 30 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Bu pudagyň ösmegine ýurdumyzda hemme şertler döredilendir. Türkmenistanyň dokma senagaty ykdysadyýetimiziň iň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, dünýä dokma senagatynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň innowasion tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilip, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümlerini Azerbaýjan, Ermenistan, Russiýa, Türkiýe, Hytaý, Gazagystan, Belarus ýaly ýurtlara eksport edýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda geçirilýän forumlaryň, sergileriň, ýarmarkalaryň, şeýle-de Şanhaý, Ýosu, Milan, Antaliýa, Astana, Dubaý şäherlerinde geçirilen bütindünýä «EKSPO» sergileriň ähmiýeti barada aýdyp, halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, ýurdumyzda öndürilýän milli önümlerimiz, hyzmatlarymyz we senagat nusgalarymyz bilen işewürleri, daşary ýurtlaryň ilatyny tanyşdyrmak we mahabatlandyrmak boýunça mümkinçilikleri döretmek barada hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerini alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň sergi strategiýasynyň işlenip düzülmeginiň zerurlygyny belledi. Şeýle ýagdaýda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde, ýarmarkalarda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň dürli ugurlar boýunça ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga, pikir alyşmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreýär.  

                                                                   

Institutymyzyň marketing kafedrasynyň talyplary we mugallymlary ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sergilere we ýarmarkalara gatnaşyp, gazanylan üstünlikler bilen tanyşýarlar, bu bolsa, öz gezeginde, geljekki hünärmenlerde uly täsir galdyrýar we olaryň nazaryýetde alan bilimlerini berkitmäge mümkinçilik döredýär. 

                                                                   

Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlarynda islegleriň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda ýöriteleşdirilen marketing gulluklarynyň döredilmegi bilen bagly meselelere ýurdumyzyň söwda we senagat toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan ileri tutulýan wezipeler hökmünde seredilmelidigini belledi.  

                                                                   

Iň täze innowasion tehnikalardyr tehnologiýalar we sanly ulgam bilen üpjün edilen Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukyby gün-günden artýar, olara bolan isleg içerki, esasan hem, daşarky bazarlarda has-da artar. Şeýle ýagdaýda bazar gatnaşyklary şertinde marketing işini dogry ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz marketing gulluklaryny döretmek we olaryň işini döwrebap gurnamak barada örän ýerlikli belledi.  

                                                                   

Häzirki wagtda dürli önümleri öndürýän, hyzmatlary ýerine ýetirýän we beýleki kärhanalarda marketing gulluklarynyň ýola goýulmagy hem-de olaryň kömegi bilen dürli görnüşli marketing maglumatlaryny toplap, yzygiderli seljermek arkaly kärhanalarda önümçiligi ýola goýmaga, bazar bäsdeşligine ukyply önüm öndürmäge, hyzmatlary ýerine ýetirmäge, öndürilen önümleri ýerlemäge we maliýe-ykdysady netijeleri gazanmaga has uly mümkinçilik döreýär.  

                                                                                                           

Çerkez ATAÝEW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing kafedrasynyň müdiri, professor.

19.10.2022