Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde sanly ulgamyň ähmiýeti barha artýar. Sanly ulgamy ösdürmek üçin dürli ugurlarda döwrebap şertler döredilýär. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň aýdyň ýolunda häzirki zamanyň kämil maglumat tehnologiýalary bilen hemmetaraplaýyn üpjün edilen jemgyýeti kemala getirmek esasy ugur bolup durýar.
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň esasynda ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň arasynda özara hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ylym-bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegini üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki, intellektual taýdan goldamak babatda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde täze wezipeler goýulýar we giň mümkinçilikler açylýar.
Sanly ulgamy ösdürmek babatdaky tagallalar ösen tehnologiýalar, kompýuter meýilnamalary, aragatnaşyk serişdeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi dürli ugurlarda täze çözgütleri kabul etmäge gönükdirilendir. Bu gün sanly ulgamyň mümkinçilikleri ösüşe tizlik berýän esasy serişdeleriň biridir. Sanly ykdysadyýet diýlip, sanly ulgamdan peýdalanylyp, dürli ulgamlaryň, pudaklaryň sanlylaşdyrylmagynyň durmuşa geçirilmegine düşünilýär. Şunda, esasan hem, bir bitewi ulgamyň döredilmegi, sanly meýilnamalaryň üpjün edilmegi bilen işler anyk ýola goýulýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimediýa tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi, daýanjy bolan ýaş nesliň zehinini artdyrmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Bu gazanylan üstünlikler ýurdumyzda sanly ulgamyň ýeten sepgitleri bilen berk baglanyşyklydyr.
Saýara BALTAÝEWA,
TOHI-niň mugallymy.