Durnukly ösüşiň ulag ýoly

Hoş habar göwünlere galkynyş berýär. Hormatly Prezidentimiziň 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilendigi barada aýdanlary Aşgabat şäheriniň gününi baýram edýän günlerinde halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda 2016-njy ýylda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilen senesiniň, ýagny 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi. Munuň özi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlan yzygiderli, oýlanyşykly zähmetiň datly miwesidir. Çünki dünýäniň ulag-üstaşyr gatnawlary bilen baglanyşykly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda amala aşyrylan işler, taryhy pursatlar örän köp.  

                                                                   

Bu başlangyçlar 1993-nji ýylda Türkmenistanyň Brýussel Jarnamasyny goldamagyndan we oňa gol çekmeginden we şol Jarnamanyň esasynda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) boýunça maksatnamanyň kabul edilmeginden gözbaş alýar.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde Brýussel Jarnamasynda beýan edilen maksatlara ýetmäge gönükdirilen çäreler işjeň häsiýete eýe boldy. TRASEKA taslamalarynyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli hem işjeň ädimler ädilip ugraldy. Bu babatda 2012-nji ýylda Diýarymyzda geçirilen «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi» atly halkara maslahat, 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahat ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça yzygiderli we köpugurly gepleşikleri başlamaga itergi berdi. Şol ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bu işleriň geriminiň giňemeginde täze tapgyra başlangyç boldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belläp geçişi ýaly, 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. BMG-niň şol wagtky Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda durnukly ulag ulgamynyň geljegine bagyşlanan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2017-nji ýylyň 4-5-nji maýynda Awazada geçirilen Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan ulag we logistika boýunça halkara maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň ulag ulgamynda sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, onuň oňyn ugurlaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly döredijilikli başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini ýene bir ýola dünýä äşgär etdi.  

                                                                   

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda paýtagtymyzda RECCA VII forumynyň çäklerinde Owganystanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lýapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) gol çekilmegi sebitiň ykdysady ýakynlaşmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taryhy waka öwrüldi. Şol ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistandan gözbaş alyp, alys geljekleri nazarlaýan başlangyçlara dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen nobatdaky belent bahadyr.  

                                                                   

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldaw tapmagy netijesinde durmuşa geçirilýän ulag strategiýasy halklary ýakynlaşdyrýar. Bu babatda ýurdumyza täze buýsançly habaryň gelen pursatlarynda hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza jan saglygyny, uzak ömür arzuw edýäris.  

                                                                                                           

Durdyguly MEREDOW,

                       

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.