Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar, olaryň işini has-da kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň artýan häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmek babatda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň ählisi ata Watanymyzda uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilýär. Innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynda ylym-bilimli ýaşlaryň hem aýratyn orny bardyr. Bilimli ýaşlar döwrebap tehnologiýalara erk etmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň durmuşa ornaşdyrmak arkaly döwrebap özgertmelere goşant goşýarlar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýär. Bu möhüm işlerde ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da giňden peýdalanmak, döwrebap tehnologiýalary mundan buýana hem durmuşa ornaşdyrmak esasy ugurlar bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işini kämilleşdirmek üçin ýurdumyzda kämil hünärmenler taýýarlanylýar, çünki, dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, ussat ykdysadyýetçileriň bolmagy halk hojalygyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Şu jähetden, ýurdumyzda kämil hünärmenleri ýetişdirmäge, olary döwrüň talaplaryna uýgunlaşyp bilijilik ukybynda taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Geljekde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda zähmet çekjek talyplary okatmakda bilim bermegiň häzirki zaman döwrebap usullaryndan peýdalanylýandygy bellärliklidir. Bu günki günde bagtyýar ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara döwrebap bilim bermek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini düşündirmek, dünýä dillerini öwretmek, milli ruhda terbiýelemek bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň baş maksady bolup durýar. Şonuň üçin hem sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wajyp ugurlary hünärmenleriň kämilligi bilen pugta baglanyşyklydyr. Bu ugurdaky işler häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär — ýaşlara tehnologiýalary, iň kämil enjamlary ulanmak öwredilýär. Şunda hünärmenleriň sanly ulgam baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak işleri-de alnyp barylýar. Bu bolsa tejribeli hünärmenleri, giň düşünjeli ýaşlary kemala getirmegiň möhüm şertidir.
Nurylla REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.