Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny tok bilen ygtybarly üpjün etmekde häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil kuwwatlyklary arkaly ýokary derejede enjamlaşdyrylan Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Kompýuter ulgamy arkaly gije-gündiziň dowamynda ygtybarly dolandyrylýan beketde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen dört aýynda 829 million 47 müň kilowat-sagatdan hem köp elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi meýilnamanyň 101,5 göterime barabar ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär.
Ýeri gelende aýtsak, ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işledilýän Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy tutuş sebitde öndürilýän elektrik togunyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat-sagada golaý elektrik toguny artyk öndürmegi başaran kärhananyň hünärmenleri sarp edijileri üznüksiz elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Hojaberdi BAÝRAMOW.