Oňyn başlangyçlar dünýä ýaýylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, soňky ýyllarda ähli ugurlar bilen birlikde ulag babatynda döwletimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda Baş Assambleýa tarapyndan Kararnamalaryň altysy kabul edildi. Şolaryň biri şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamadyr. Hormatly Prezidentimiz şu mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty çagyrmagy hem teklip etdi.

Dünýä bu senäni ilkinji gezek dabaraly belleýär. Bu sene many-mazmuny boýunça ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň dünýä ähmiýetli meseledigini aňladýar. Türkmenistanyň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bolsa ulag ulgamyny ösdürmekde öňbaşçy bolmaga şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol belent forumdaky çykyşynda nygtaýşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda ulag babatyndaky ösüşler iňňän ileri tutulýan wezepe bolup durýar. Türkmenistanyň şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany döretmegiň başyny başlaýjy ýurt bolandygy dünýä jemgyýetçiligine mälimdir. Hut şonuň üçin hem Aşgabatda 2016-njy ýylda durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahatynyň geçen gününiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň maý aýyndaky mejlisinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» hökmünde yglan edilmegi has-da ýerine düşdi.

Ulag babatyndaky ösüşleriň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek ýaly başlangyjynyň durýandygy aýratyn ähmiýetlidir. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça halkara derejeli çäreleriň birnäçesi geçirildi. Türkmen paýtagtynda 2014-nji ýylyň sentýabrynda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahaty, 2016-njy ýylda Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi, 2017-nji ýylda RECCA VII maslahatynyň çäklerinde Owganystanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi, 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat geçirildi. Ýaňy-ýakynda hem paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara forum guraldy, ol, esasan, Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlandy. Türkmenistanyň yklymara ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem işjeň gatnaşýandygyny, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çynlakaý we uly jogapkärçilik bilen çemeleşýändigini hem aýratyn bellemek gerek.

Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýandygy baradaky aýdylanlar dünýä ykdysadyýetiniň meselelerine döwletimiziň täzeçe çemeleşýändiginiň subutnamasydyr. Bu çemeleşmeler iş ýüzünde tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşlerine-de oňyn täsirini ýetirýär. Meselem, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda aragatnaşygynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň bir çetiniň Hytaý, Gazagystan, beýleki çetiniň Eýran ýaly goňşy döwletlerimiziň polat ýollaryna birleşmeginiň özi Türkmenistanyň ýol gurmaga gönükdirilen parasatly ýörelgesiniň haýyrly işlerden gözbaş alýandygyny görkezýär. Ata-babalarymyzdan gelýän parasatly ýörelgelerde türkmeniň diňe bir öz ýaşaýşyny abadanlaşdyrmak bilen çäklenmek ölçegi ýok. Zemin umumy öýümiz bolsa, onuň ähli ýaşaýjylarynyň rahatlygynda, eşretinde ol öz rahatlygynyň, eşretiniň üpjün boljakdygyny görýär.

Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda döredilýän amatly we howpsuz, ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat - Turgundy halkara demir ýollary, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda ulanylmaga berlen döwrebap awtomenziller, Amyderýanyň üstünden gurlan kuwwatly köprüler milli we sebit möçberindäki ähmiýetli desgalara öwrüldi. Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň adamlaryň we harytlaryň amatly gatnawynda hem-de durnukly ösüşi goldamakda, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýeti iňňän uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleri has giňeldilýär. Ýollaryň gurluşygyna uly üns berilýär. Täze Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtoulag ýoly gurulýar. Bu ýol dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Döwletimiz geljegiň iň uly halkara deňiz, derýa, awtomobil, demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasyndan we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini ykrar edýär. Hut şeýle ýörelge bolsa bu ugurdaky işlere güýçli itergi berýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW