Milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmekde, ýurdumyzyň sebitlerini özgertmekde hem-de dürli ugurly täze senagat önümçiliklerini ýola goýmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde hususy pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän senagat we innowasiýa ösüş ýoluna gönükdirilen strategik tagallalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, hususyýetçilige döredilýän amatlyklar telekeçilerimiziň ynamly gadamlar bilen kämillige tarap öňe gitmegine kuwwatly itergi berýär.
Hereket edýän we döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady, telekeçilik işini hasaba almagyň we güwälendirmegiň ýönekeýleşdirilen tertibi, salgyt salmagyň ýeňilleşdirilen ulgamy, uzak möhletleýin peýdalanmaga berilýän karzlar, ýer bölekleri hem-de olary özleşdirmek üçin daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän ýokary öndürijilikli tehnikalar, gurallar, enjamlar, beýleki ençeme hukuk, maliýe we durmuş şertleri ýurdumyzda işewürligiň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna ýol açýar.
Ýurdumyzyň ilatyny oba hojalyk we azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde hususy telekeçiler tarapyndan ekerançylyk, maldarçylyk, azyk önümlerini gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmak boýunça işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Telekeçilere degişli maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynda, döwrebap ýyladyşhanalarda hem-de ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän azyk kärhanalarynda öndürilýän önümler ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny doly üpjün edýär.
Kiçi telekeçiligiň geriminiň giňeldilmegi ykdysadyýeti sagdynlaşdyrýar, onuň durnukly ösmegine oňyn täsir edýär. Ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmekde, salgyt meýdanyny has artdyrmakda, jemi içerki önümiň möçberini köpeltmekde, importyň ýerini tutýan hem eksporta ýaramly önümleri öndürmekde kiçi telekeçiligiň mümkinçilikleriniň örän uludygyny bellemek gerek.
Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmekde hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Meýlismyrat SAPAROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň Baş redaktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.