Ýoly abadyň rysgaly artyk

(Publisistik ýol ýazgylary)

Heňňamlaryň gujagyna girseň, taryhyň saralan sahypalaryny dörseň, iň bärkisi, adamzat ösüşiniň soňky ýeten menzilleri hakda oýlansaň, «ýol» diýlen düşünjäniň özi ýaly uzyn hem giňdigi ap-aýdyň bolýar duruberýär.

Hany, ýada salyp görüň! «Ýodany yzarlasaň, ýola elter, ýoly yzarlasaň — ile», «Ýoly abadyň — ili abat», «Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň — Hak!», «Ýol baran ýere bagt barar»... garaz, sanasaň, nakyl-tymsal kändir. Ýene bir oýlanyň! Çopan ýodasy, awçy ýodasy, pyýada ýoly, araba ýoly, düýe ýoly, bazar ýoly, maşyn ýoly, kerwen ýoly... Garaz, ýol-ýoda kän. Hemmesem bir-biri bilen sepleşikli.

Ýadymda. Mundan iki-üç ýyl ozal Garagumuň içinde döwrümiziň döreden gudratyna — Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna baramda, bir düşlegde gabat gelen ýaşuly çopan şeýle diýipdi: «Bu gurbany gitdigim sary çägeleriň arasyndaky ýol-ýodanyň uzynlygy, lap etmäýin weli, Garagumuň özündenem giňdir». Munuň çyndygyna jedel ýok.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa Türkmenistan Garagumuň gujagyndaky iň uzyn, iň giň, iň döwrebap ýoly — Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurýar.

Muny gör-le! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzüniň ahyrky günleriniň birinde, heniz daň ujy gyzarmanka, bu taryhy tutumyň zähmet mukamynyň ýaňlanýan ýerine tarap ýola düşjek mahalym, birden Garagum hakdaky oýlanma-pikirler beýnä dolup gitdi.

Garagum! Gözüňe söweýin, tyllaýy çägeli depeleri çöküp oturan bugra düýelere çalym edýän, ak takyrlary «tükenmez» diýdirýän, tüweleýden ýüwrük jeren-keýik gezýän alaňlary, gollary haýrana goýýan, depesinde nagmasyndan doýup bolmaýan torgaý guşlar saýraýan, baýyrlaç çulba-gyrlary gözellikden doly Garagum!

Ýer togalagynda çöl az däl. 700 million gektar meýdany tutýan Sahara çöli, şondan o diýen daş bolmadyk ýerde 193,4 million gektara ýaýylyp gidýän Liwiýa çöli, Afrika yklymynyň gujagynda 124 million gektary eýeläp ýatan Nibiýa çöli, Aziýa yklymyndaky iň uly, 105 million gektarlyk Gobi çöli... garaz, sanap oturmaly.

Parallel boýunça 800 kilometre, meridian boýunça 450 kilometre uzalyp, 35 million gektara ýaýylyp gidýän Garagum bolsa çöl däl-de, hakyt goýny hazynaly, gözel sähradyr. Seýdi şahyryň aýdyşy ýaly, pasly-baharlarda Garaguma seýil-seýrana çyksaň, jenneti-eremiň gapysyndan giren ýalydyr. Ýylyň ähli paslynda-da bu sähra ajap. Ol Aziýa yklymynda ululygy boýunça Gobi hem-de Rib-el-Hali çölünden soň 3-nji ýerde durýar.

Göz öňüne getirip görüň! Demirgazygy Sarygamyş çöketliginden gaýdyp, günortada Köpetdagyň belent gerişlerine, günorta-gündogarda bolsa Garabil, Bathyz belentliklerine ýetýän, günorta-günbatarda Balkan daglarynyň eteklerini syryp gidýän, gündogarda Amyderýanyň mele tolkunlaryna ýuwlup, uzap gidişine çal Hazaryň gomlary bilen gujaklaşýan Garagum giň, geň-enaýy, asty-üsti genji-känli mekan.

Garagumuň içinde 300 çemesi ululy-kiçili obalar bar.

Garagumuň aşagy, alymlaryň aýtmagyna görä, çaýkanyp ýatan süýji suwly linza-gatlaklardan doly. Aýdylyşyna görä, Garagumda 20 müň çemesi guýy bolup, olaryň onlarçasy «ýyldyz guýy» diýilýänden. Çölleri öwreniji, belli akademik W.N.Kunin tutuş Ýer ýüzüniň çöllerinde iň çuň guýularyň Garagumdadygyny anyk deliller bilen aýdýar. «Bu täsin çölüň içinde çuňlugy 270 metre ýetýän guýy bar, ol nädip gazylypdyr, bu haýran galdyryjy inženerçilik çözgüdi diňe çarwalaryň özüne mälim bolan syrdyr» diýip, alym ýazýar.

Atakama çölüne ýylda ýeke damja ygalyň ýagmaýandygyny, Saharanyň guraklykdan ýaňa ýalaňaç ýatandygyny ýada salyp göräýmeli.

Garagumuň taryhda «Baky güneş ýurdy» diýlen ady bar. 1 inedördül santimetr ýere ýylda 160 müň içki kaloriýa ýylylyk düşýär. Bu san öňki Soýuzyň Ýewropa böleginde 95 müňden geçmeýär.

Ylymda «Çöl — bu ýylda ygalyň 100 millimetrden az düşýän, ota-çöpe çüpre künjegidir» diýlen düşündiriş bar. Ýöne Hydyr gezen Garagumumyza ýylda 130 — 200 millimetr möçberräkde ygal düşýär. Bu san Garagumuň dünýädäki şeýle çölleriň arasynda iň bol örüli, gujagy kakly-kölli sähradygyny aňladýar.

Garagumuň ýaýylyp ýatan meýdany 35 million gektardan gowrak. Bu sähranyň ýylylyk möçberi tropiklerden pes däl, ýöne suw gytrak. Bu ýetmezçiligi bolsa indi Garagumuň gujagynda gurlan Türkmen köli belli bir derejede aradan aýrar.

Gumda 3 million gektara golaý takyr bar. Dünýäniň özüne meňzeş beýleki çöllerine seredeniňde, Garagum ösümlik dünýäsine juda baýdyr. Onuň sähra-düzlerinde, depedir gollarynda ösümlikleriň 1 müňden gowrak görnüşiniň bardygy ylmy taýdan subut edilen. Olar 3 gatlaga (ýarusa) bölünýärler:

Birinjisine sazak, çerkez ýaly uly-gabaraly ösümlikler girýär;

Ikinjisine gandym, ýylgyn, ýowşan, çogan boýalyç, selin ýaly ösümlikler degişli;

Üçünjisine bolsa biraýlyk we köpýyllyk otlar girýär.

Garagumuň iň owadan, iň syrdam ösümligi, görene «çölüň akderegi» diýdirýän sözeniň boýy 5 — 8 metre ýetip, köki çägäniň asty bilen 16 — 18 metre çenli uzap gidýär.

Garagumuň ümmülmez giňişliginde guşlaryň 220-den gowrak görnüşi duşýar. Şolaryň 60 görnüşi bu owadan hem iýmite bol sähranyň hemişelik eýeleri hökmünde höwürtgeläp, galanlary bolsa pasla laýyk uçup geçýärler.

Ylmy dilde «çöller zonasy» diýlip atlandyrylýan giňişlikde Ýer ýüzüniň esasy suwarymly ekerançylyk meýdanlary ýerleşýär.

Çöl we ýarym çöllük hasaplanýan ýerlerde bolsa dünýä ýüzündäki mallaryň ýarysyndan gowragy sonarlaýar. Takyk aýdylanda, goýunlaryň 30 göterim, geçileriň 70 göterim çemesisi şol ýerlerden agyz otuny alýar.

Garagum sähramyz ýurdumyzyň esasy maldarçylyk örüsi bolmak bilen çäklenmän, bu sahawatly sähranyň gujagynda ekerançylyk üçin ýaramly meýdanlaryň hem ýüz müňlerçe gektary bar. Şonuň üçinem oňa «Garagum — hazynaly hum» diýilýär. Özleşdirmek üçinem, ilki bilen, şaglap ýatan giň ýol çekmeli.

Ine, Türkmenistan şeýle geň hem gözel Garagumuň gujagynda öz serişdeleriniň hasabyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň güýji, öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri esasynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän awtoban gurýar.

Muny gör-le! Daň säher çagy Aşgabatdan çykyp ugradyk. Bulutlar depäňe degäýjek bolup, ýagyş çisňeýärdi. Ulaga münenimizden, sürüjimiz Gurbanmyrat şuny aýtdy:

— Saglyk bolup dursa, Aşgabatdan Mara aňyrsy üç sagatdan baryljak günlerem indi uzakda däl.

Bihal aýdylan jümle däl. Sürüjimiz «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň işgäri. Ýüwrük ulagyň ýanynda ýoluň salymy barmy?! Tä Babadaýhan — Tejen çatrygyny bölýän köpriniň üstüne münýänçäk, ulagyň ýagyş süpürijisi durman işledi. Ine, şu aralyk awtobanyň 1-nji tapgyry, has anygy, 203 kilometr uzynlykdaky Aşgabat — Tejen bölegi. Ondan aňryk täze gurulýan Tejen — Mary bölegine mündügem weli, bärik ýeke damja düşmedik ýaly. Gaýtam, sörtük şemal öwsüp, irimçik çägeler ýüz-gözüňe degýär. Ynha-da, iki gyrasy ekerançylykly, ýaply-çilli Howuzhan düzlügi. Bärde bolsa «Tebigatyň gudratyna haýran galaýmaly» diýdirip, Gün ýagyrnyňy gyzdyryp dur.

Şatlyk — Jojukly awtomobil ýoluna ýetmän, täze gurlan trombet köprüsiniň üstüne çykýarys. Bize ýolbeletlik edýän uzynakdan hortap, işini bäş barmagy ýaly bilýäni her sözünden aňdyryp duran Serdar Ýowşanow elini gözüne kölegeledip, alyslara nazar salýar. Ol «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň ýol gurluşyk boýunça inženeri. Hanha, sag gapdalyňda Mary şäheriniň eteginde gurlan «Ak öý» salgym atyp görünýär. Dik maňlaýyňda bolsa Aşgabat — Mary, ýolçularyň dilinde aýdanyňda, «M-37» awtomobil ýoly şaglap geçýär.

Men bolsa içimi gepledýärin: «Muňa är gaýraty hem zamanabap tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip bilmegiň gudraty diýerler. Aňňat-aňňat gum depelerini eliň aýasy ýaly edip, oýtak ýerlerini beýgeldip, ýüzlerçe ýolasty ötükleri, seretseň, telpegiňi gaçyrýan köprüleri, başga-da ýol düzümine degişli onlarça infrastrukturany gurmak, onda-da ýoluň her metri-hä däl, her garyş ýerine dünýä derejeli asfalt düşäp, 312 kilometre ýetäýmek agyzda aňsat». Şol pursat ençeme gezek duşulyp, «Arma!» aýdylan Şadurdy Gurbanýazow, Muhammetberdi Pürdekow ýaly ýigitler ýada düşüp gidýär. Hä-ä, häzir ýene sataşarys-la! Şonda Germaniýanyň iň kämil tehnologiýasyna esaslanan «FOGELE» asfalt ýazyjy enjamyna operatorlyk ediberişlerini synlaýsaň! «Günde 2 kilometr aralyga asfalt düşäbilýäs» diýerler özlerem.

Geçen gezekki iş saparymyzda Serdar Ýowşanowyň aýdan bir jümlesem gulakda berk galypdy ahyry: «Aşgabat — Tejen aralygyndaky 109 kilometre 10 million tonna çagyl, 1,5 million tonna hem asfalt düşeldi». Ine, «awtoban» diýlen ýoluň nähili üýtgeşikdiginiň gysgajyk kesgitlemesi. Umuman, awtoban — dünýä derejeli ýol gurmak üçin 20 çemesi iş görnüşleriniň bardygy ýatda dursa ýagşy. Şeýlelikde, ýol düşeginiň giňligi 34,5 metr, 6 sany ikitaraplaýyn hereket zolagy (her tarapda 3 ulag päsgelsiz ýöräp bilýär), her tarapyň hereket giňligi 11 metr 25 santimetr, her tarapyň arasyndaky howpsuzlyk üçin giňlik 3 metr 75 santimetr bolan awtoban sary çägeleriň arasy bilen uzaýar.

S.Ýowşanowyň nygtaýşy ýaly, awtobanyň Tejen — Mary böleginde esasy işler ýerine ýetirildi. Diňe az bölekde 3-nji gata asfalt düşemek, bölüji zolaklara howpsuzlyk hem-de gijeki yşyklandyryş germewlerini dikmek, ýapgytlara çagyl ýazmak işleri gije-gündiz alnyp barylýar.

...Hanhowuz düzlügine ýetäýmänkäň, ýoluň iki gyrasy aklaň, düşnükli aýdanyňda, akyp ýatan urpak çägeli tekizleç meýdana sapýar. Ynha-da, demirgazyk tarapynda guş-gumry, dürli jandarlar geçmez ýaly endigan edilen demir gözenekden aňyrrakda «mehaniki gorag» uzalyp gidýär. Ol guran gamyşlardan küşt gözenegi şekilinde 35 — 40 santimetr beýiklikde çägäniň üstüniň «dokalmagydyr». Arid zonasynda — çöl-çägeli ýerlerden geçýän awtotrassalara, awtobanlara, demir ýollara şeýle gorag arkaly çäge süýşmeginiň öňüni almak dünýäde giňden ýaýran tejribe. Bu ekologik taýdan hem, uzak ýyllara durnuklylyk taýdan hem amatly.

— Ýoluň Tejen — Mary böleginde aklaň çägeler kän bolany üçin, şu usuly ulanmak maksady bilen, ýörite topar döretdik. Has güýçli syraýan çägeleriň üstüne toprak düşän ýerlerimizem boldy. Hernä Mary töwereklerinden bu işe ussatlaram, gereklenýän gamyşlar hem tapyldy. Häzir ýoluň Mary — Türkmenabat böleginiň käbir ýerlerinde hem «mehaniki gorag» usuly ulanylýar. Sebäbi awtoban howpsuz, ýokary tizlikli, ähli tehniki kada-ölçegleri doly berjaý edilen ýol bolmaly. Tebigat bilen «dil tapyşmak» hem hökmany şertleriň biri. Aňyrsy 4-5 ýyldan ýüzüniň gaýmagy bozulan çägeler berkär, ösümlik gatlagy bilen örtüler, tebigy durkuna geler. Häzirlikçe weli şeýle gorag zerur — diýip, Serdar düşündirýär.

Mara ýetibereniňde, howalanyp görünýän kaşaň binalarda gözüň eglenýär. Olar taslama laýyk gurlan kafe, çaýhana, düşleghana, ýangyç guýujy beket, ulaglara tehniki hyzmat edýän nokat.

Ýollar, aýdylyşy ýaly, ýurduň gan damarlary. Ýol baran ýere täzeleniş, durmuş-ýaşaýyş barýar. Ýola ýanaşyk elektrik togy, suw geçirijiler, tebigy gaz, aragatnaşyk barýar. Hanha, her 20 kilometrden hellewläp görünýän maçta-diňler «Altyn asyr» öýjükli telefon-aragatnaşyk beketleriniň binýady. Binadyr desgalaryň töweregi bolsa ekilen, ekilýän agaçlardyr bezeg gülleri bilen göz baglaýar.

Abadan ilde, bagtyýar ýurtda, binýady sarsmaz döwletde — Türkmenistanda Garagumuň gujagynda gurulýan awtoban, ine, şeýledir. Ýoly abadan hem uzyn iliň rysgy artyk, kerwen barýan ýurduň bolsa döwleti-berekedi egsilmezdir. Diýmek, bu ýoluň waspy, uzynlygy ýaly, dowamly bolar, enşalla!

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.