Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-biregi hormatlamaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirjekdigini aýdyp: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýip belläpdi. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler hem öz mynasyp netijelerini berýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bolsa bu ugurda kesgitlenen anyk wezipeleri özünde jemleýär.
Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleriniň açylmagy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Moskwa we Kazan şäherlerinde, Minskde, Stambulda hereket edýän bilelikdäki söwda öýleri dürli harytlaryň lomaý hem-de bölek söwdasy bilen meşgullanmak arkaly ykdysady ugurly özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkidilmegini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini üpjün etmekde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda «işjeň synçy» derejesine eýe bolmagy hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ykdysady nukdaýnazardan, munuň özi geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde-de örän ähmiýetlidir.
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bütindünýä Söwda Guramasynda «işjeň synçy» derejesi berlen ýurdumyz erkin söwda boýunça halkara şertnamalara gatnaşýan döwlet hökmünde netijeli syýasaty alyp barýar. Biz ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama agza bolmagyny hem-de daşary söwda ulgamyny we logistik düzümlerini has-da ösdürmegi göz öňünde tutýarys» diýmek bilen, bu ugurda öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, milli bähbitlerimizi nazarda tutup, BSG-de agza bolmak üçin talap edilýän köptaraply ylalaşyklary baglaşmak üçin zerur işleri alyp barmak, ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş bazaryny, ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de halkara standartlara laýyk getirmek arkaly bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalar, dellallar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, iri haryt-çig mal biržalary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatda teklipleri taýýarlamak, öz önümlerimiziň dünýä bazaryna eksportyny artdyrmak üçin lomaý söwda-logistika merkezlerini döretmek barada barýar. Şu möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara söwda we ykdysady giňişligine netijeli goşulyşmagyna ýardam berer. Ýurdumyzyň BSG-niň işine gönüden-göni gatnaşmagy bolsa ykdysady, maliýe, söwda, maýa goýum ugurly esasy halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyp şertine öwrüler.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmagy, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmagy nazarlaýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Nobat HAÝTJANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy