Maksatnamalaýyn özgertmeleriň oňyn netijeleri

10-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Onuň barşynda hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy bellenildi. Bu görkeziji ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň saklanýandygyny aňlatmak bilen, gazanylýan oňyn netijeleriň ykdysadyýetiň pudaklarynyň maksatnamalaýyn ösdürilmeginiň esasynda mümkin bolandygyndan habar berýär.

Ýurduň içinde bar bolan mümkinçilikleri ösüşiň bähbidine ulanmak ykdysady nukdaýnazardan netijeli hasaplanýar. Häzirki döwürde kabul edilen konsepsiýalardyr maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler bu mümkinçilikleri ösüşiň çeşmesine öwürmegiň çelgisi bolup durýar. Munuň şeýledigine hasabat döwründe durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan anyk netijeler şaýatlyk edýär.

Döwlet býujeti häzirki ykdysady ösüşimiziň maliýe ýagdaýyna baha bermegiň guraly bolup, ol döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlary häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Döwlet býujetiniň girdejiler böleginiň 110,7 göterim ýerine ýetirilmegi ykdysady ulgamyň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artýandygyndan habar berýän bolsa, çykdajy böleginiň 97,8 göterim ýerine ýetirilmegi häzirki döwürde döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmegiň wajyp mesele bolup durýandygyny görkezýär. Býujetiň serişdeleriniň rejeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň maliýe-ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Maliýe serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylmagy, oňa döwrebap gözegçiligiň amala aşyrylmagy bolsa ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmagyň maliýe-ykdysady esaslaryny düzýär. Bu, esasan, býujetiň ykdysady ösüşi üpjün etmek we ony höweslendirmek, şeýle-de ilatyň durmuş üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksatlaryndan ugur alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli bu serişdelerden netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meseleler döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup, ahyrky netijede, ol ýurdumyzda durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Geljek, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda durmuş ulgamyny ösdürmäge zerur bolan möçberdäki serişdeleri gönükdirmek göz öňünde tutulan. Şunda düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek baradaky çözgüt adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna we onuň şeýle bolmagynda galýandygyna şaýatlyk edýär.

Ykdysady nukdaýnazardan teswirlenende, ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, ýurtda işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar. Mundan başga-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyny ýurtda amala aşyrylýan işjeň häsiýetli maýa goýum syýasatynyň oňyn netijeleriniň ýene-de biri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Işjeň maýa goýum syýasatynyň alnyp barylmagy ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy döretmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýändigi bilen ähmiýetlidir. Şol bir wagtda maýa goýum serişdeleriniň ykdysadyýetiň pudaklaryna köp möçberde çekilmegi ýurdumyzda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, ýagny ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Bu, öz gezeginde, durmuş ýaýrawyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hökmünde ilatyň we Döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagyny şertlendirýär.

2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim ýokarlandy. Mejlisde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, 379,9 inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlandygy aýratyn bellenildi. Bu maglumatlar oba we şäher ilatynyň durmuş şertleriniň deňeçerleşýändiginiň, merkezden daşda ýerleşýän ilatly nokatlaryň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Mejlisde häzirki döwürde Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçilmegi ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen ykdysady strategiýanyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Ykdysadyýetiň tizleşdirilen ösüşini üpjün etmekde esasy orun eýeleýän täzeçil çemeleşme, ýagny maýa goýumlary maksatnamalaýyn esasda ösdürmek strategiýasy özüniň gurşap alýan möhüm durmuş wezipeleriniň gerimi we möçberi boýunça tapawutlanýar: eksport kuwwatymyzy artdyrjak, import garaşlylygymyzy azaltjak önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi ykdysady ýagdaýymyzyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirýän bolsa, onda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy her birimiziň bagtyýar, eşretli durmuşymyzy üpjün edýän möhüm şertlerdir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda sebitleri ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün etmekde bu meseleleriň näderejede wajypdygyny görkezýär. Hususan-da, dünýä ülňülerine laýyklykda ilatyň ýaşaýyş hili kesgitlenende, ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçilik möhüm görkezijileriň biri hasaplanýar. Türkmenistanda alnyp barylýan durmuş syýasatynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmak işlerine aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlary üçin ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak boýunça täze, giň gerimli, durmuş maksatly taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan oňyn netijeler hormatly Prezidentimiziň ilatyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan syýasatynyň netijeliliginden nyşandyr.

Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginden durmuş ugurly iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberleriniň ýylsaýyn artmagy milli ykdysady ulgamyň ösüşe ukyplydygyndan, onuň maddy binýadynyň berkdiginden nyşan. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakynda» Karary munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklap, ol «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzyň ýene-de bir künjünde ýaşaýyş üçin amatly şertleri döretmek ugrunda kabul edilen çözgütleriň biridir. Bu resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny we daşarky eltiji, içerki agyz suw, lagym geçiriji ulgamlary gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi täze gurluşyklaryň ak mermerli Aşgabat şäheriniň binagärlik görküne görk goşmak bilen, ýakyn geljekde bagtyýar maşgalalaryň ýene müňlerçesiniň jaý toýlaryny tutjakdygyny alamatlandyrýar.

Geçen on aýyň jemlerinden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinde raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da ýokary derejesini gazanmak maksady bilen, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji berk ykdysady binýadyň döredilendigini ýene-de bir gezek tassyklamak bilen, şeýle girdeji çeşmeleriniň «Döwlet býujetiniň I derejesindäki goralýan maddalar» diýlip kesgitlenmegi hem ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek meselesiniň näderejede wajypdygyna we bu ugurda anyk işleriň amala aşyrylýandygyna güwä geçýär.

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.